Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň
halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň
mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.
Döwlet
Baştutanymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar ugratdylar.
Howa
menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan
Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo
Niýatbekzoda bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly,
ynanyşmak häsiýeti nygtaldy. Şol gatnaşyklar ähli ugurlar boýunça okgunly
ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň şu saparynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň
konsultatiw duşuşygyna hem-de AHHG-niň sammitine gatnaşmagynyň netijeli
türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigine,
sebitde netijeli we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşjakdygyna
ynam bildirildi.
Duşenbe
şäheriniň Halkara howa menziline gelende, hormatly Prezidentimizi Täjigistan
Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzada we beýleki resmi adamlar
garşyladylar. Howa menzilinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem Azerbaýjan
Respublikasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi.
Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri
gowşuryldy.
Bu
ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Premýer-ministr Kohir
Rasulzada bilen bolan duşuşygynyň barşynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýokary
derejesi kanagatlanma bilen bellenildi. Şol gatnaşyklar okgunly ösdürilip,
ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Döwlet
Baştutanymyz we Täjigistanyň Hökümetiniň Başlygy ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belläp, Duşenbe
şäherinde geçiriljek şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyklaryň döwletara
hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga kuwwatly itergi berjekdigine
ynam bildirdiler. Şol duşuşyklaryň gün tertibine özara gatnaşyklaryň giň
meseleleri giriziler.
Şunuň
bilen baglylykda, sebit boýunça goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary
pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek gerek.
Türkmen halkyny şol ýurtlaryň halklary bilen berk dostluk, medeni umumylyk,
taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän bu döredijilikli,
parahatçylyk söýüjilikli strategiýa halkara bileleşigiň ählumumy goldawyna we
ykrarnamasyna eýe boldy.
Türkmenistan
sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerine ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak
arkaly, özara hormat goýmak we hoşmeýilli erk-isleg esasynda yzygiderli,
sazlaşykly çemeleşmek ugrunda çykyş etmek bilen, bu babatda anyk teklipleri öňe
sürýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ençeme gezek ýokary derejedäki sebit
duşuşyklarynyň geçirilýän ýerine öwrülendigini bellemek gerek.
2018-nji
ýylyň 24-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda AHHG-niň sammiti
geçirildi. 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy üstünlikli guraldy. Bäştaraplaýyn
forumyň sebitiň ýurtlarynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda
geçirilendigi bellärliklidir. Munuň özi forumyň gün tertibine ençeme
meseleleriň girizilendigi we gazanylan möhüm ylalaşyklar bilen birlikde, onuň
taryhy ähmiýetini şertlendirdi. Şonda konsultatiw duşuşyklaryň bitewi nyşanyny
ulanmak weMerkezi Aziýa döwletleriniň BaştutanlarynyňHormat nyşanyny döretmek
barada çözgüt kabul edildi. Forumyň çäklerinde iri halkara çäreleriň birnäçesi,
şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, ykdysady forum we
beýlekiler guraldy. Olar forumyň resmi maksatnamasynyň üstüni ýetirip,
dostlukly halklaryň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna goşant boldy.
Sebitiň
diňe bir yklym däl, eýsem, ählumumy işlerde-de ornunyň barha artýandygyny
nazara almak bilen, Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, onuň uzak
möhletli meýilnamalaryny utgaşykly işläp taýýarlamak boýunça wezipeleri çözmäge
toplumlaýyn çemeleşmesi aýratyn derwaýyslyga we ähmiýete eýe bolýar. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Duşenbe şäherine şu gezekki iş sapary
ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda döwletara gatnaşyklary
işjeňleşdirmäge, umumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksadynda
tagallalary birleşdirmäge mundan beýläk-de ýardam bermäge meýillidigini
tassyklaýar.
Döwlet
Baştutanymyz Halkara howa menzilinden Hökümet kabulhanasyna tarap ugrady. Bu
ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň
Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.
Prezident
Emomali Rahmon belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Täjigistanda ýene-de kabul edýändigine
örän şatdygyny aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň bu saparynyň däp bolan
döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam
bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz täjik kärdeşine ýokary derejeli halkara çärelere gatnaşmak
maksady bilen, Duşenbe şäherine gelmäge çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik
hem-de bilelikde işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.
Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji
konsultatiw duşuşygynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny
esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň
netijeleriniň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge ýardam
etjekdigine ynam bildirildi.
Şunda
Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň
deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp,
gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýandygy
bellenildi. Biziň ýurtlarymyz halkara giňişlikde, abraýly halkara guramalaryň
çäklerinde, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde öz hereketlerini üstünlikli
utgaşdyrýarlar.
Duşuşygyň
ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon birek-birege berk
jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa
parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.
Soňra
hormatly Prezidentimiz «Kasri Millat» köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde Merkezi
Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Şol
ýerde belent mertebeli myhmany Prezident Emomali Rahmon mähirli garşylady.
Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Baştutanlary sammite gatnaşyjy
ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşýärler.
Foruma
gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti
Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle-de hormatly
myhman hökmünde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem
geldiler.
Gatnaşyjy
ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi bilelikdäki surata düşmek
dabarasyndan soňra, giňişleýin görnüşde ýokary derejedäki duşuşyk geçirildi.
Prezident
Emomali Rahmon belent mertebeli myhmanlary we wekiliýetleriň agzalaryny täjik
topragynda tüýs ýürekden mübärekläp, häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň
syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara
gatnaşyklaryň durnukly ösüşini görkezýändiklerini aýtdy. Ýurtlarymyz
köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde ýakyn ýa-da meňzeş garaýyşlar bilen çykyş
edýärler, halkara we sebit guramalarynda birek-biregi goldaýarlar.
Täjik
Lideri taryhyň dowamynda kemala gelen gatnaşyklaryň esasynda Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegi umumy
wajyp wezipeleriň hatarynda görkezip hem-de duşuşygyň gün tertibini yglan edip,
şu günki sammite türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrylandygyny, oňa sebitde
parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge
ägirt uly şahsy goşandy üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat
nyşanynyň gowşuryljakdygyny belledi.
Soňra
Täjigistanyň Prezidenti dostlukly döwletleriň Baştutanlaryna söz berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda konsultatiw duşuşyga
gatnaşyjylara ýüzlenip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona
myhmansöýerlik we bilelikde netijeli işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin
minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz sammite hormatly myhman
hökmünde gatnaşýan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi
mübärekledi.
Türkmenistan
halklarymyzyň bähbitlerine dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny saklamagyň
we netijeli sebit hyzmatdaşlygynyň kepili boljak döwletara gural hökmünde
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň formatyna
örän möhüm ähmiýet berýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şu günki
duşuşygyň barşynda syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak, durnukly ykdysady ösüşi
üpjün etmek, ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, sebit howpsuzlygynyň
wehimlerine we howplaryna garşy bilelikde garşy durmak maksady bilen,
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Gürrüňsiz,
biz öz öňümizde anyk maksatlary goýup, olara ýetmegiň esasy şertiniň
sebitimizde özara hormat goýmaga, bähbitleri nazara almaga, halkara hukugyň
ykrar edilen kadalaryna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna
eýermäge esaslanýan pugta we uzak möhletli parahatçylykdan, howpsuzlykdan,
durnuklylykdan ybaratdygyndan ugur alýarys.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şular barada aýtmak bilen, bu babatda
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 28-nji iýulyndaky Kararnamasynyň
aýratyn ähmiýetini belledi. Bu Kararnama Merkezi Aziýany parahatçylyk,
ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde yglan edýär. Biz bu resminamanyň
kabul edilmegine sebitimizde özara düşünişmek ýagdaýyny we hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmagyň, Merkezi Aziýanyň ykdysady, ekologik, ynsanperwer wezipelerini
çözmek, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin ony pugta
parahatçylygyň, howpsuzlygyň giňişligine öwürmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde
garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Biziň
ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki 78-nji sessiýasynyň barşynda-da
bu ugurdaky işleri işjeň dowam etdirer. Biz dünýä bileleşiginiň garamagyna
birnäçe başlangyçlary, şol sanda sebitimizi ösdürmek bilen gönüden-göni bagly
başlangyçlary teklip etmegi göz öňünde tutýarys. Hususan-da, birinjiden,
BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça
dialog maslahatyny döretmek teklip edilýär. Onuň maksady sebitimizde durnukly,
gapma-garşylyksyz ösüşi üpjün etmek işinde sebitiň ýurtlarynyň tagallalarynyň
ýakynlaşmagyna we utgaşdyrylmagyna gönükdirilen çemeleşmeleridir çözgütleri
işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Türkmen tarapy şeýle dialogyň ilkinji mejlisini
2024-nji ýylda geçirmäge taýýardyr.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň beýleki başlangyçlarynyň hatarynda BMG-niň degişli
edaralary bilen BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň oňaýly
formatyny we düzümini kesgitlemek boýunça maslahatlaşmalary geçirip başlamak,
ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly
tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklipleri görkezdi.
Türkmenistan bu merkezi Aşgabatda ýerleşdirmek üçin ähli zerur bolan düzümi
hödürlemäge taýýardyr.
Ýurtlarymyzyň
arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we özara haryt dolanyşygynyň
möçberini artdyrmak örän möhüm wezipe bolup durýar. Bu babatda örän anyklyk we
täsirli çäreler zerur diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa Söwda edarasyny
döretmek meselesine garamagy teklip edýär. Onuň işiniň many-mazmuny we maksady
söwdany ösdürmekde bilelikdäki ädimleri utgaşdyrmakdan, Merkezi Aziýa bazarynyň
geljekki ykdysady subýektleriniň ählisiniň täjirçilik bähbitlerini üpjün
etmekden, iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary
çekmekden ybaratdyr.
Merkezi
Aziýada döwletleriň bähbitleriniňdir maksatlarynyň ygtybarly üpjün edilmegi we
durmuşa geçirilmegi zerur bolup durýan ýene bir ulgam innowasiýalar hem-de täze
tehnologiýalar bilen baglanyşyklydyr. Biz bu ulgamda yzagalaklyga ýol berip
bilmeris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Biziň ýurtlarymyzda innowasion
ösüşiň uly kuwwaty, oňat ylmy mekdepler we tehnologik tejribeler bar. Bu
artykmaçlyklary birleşdirmek, tejribe, bilimleri alyşmagy ýola goýmak,
bilelikde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak,
innowasion bilimleri ösdürmek üçin has oňaýly şertleri üpjün etmek, ýaşlaryň
döredijilik başlangyjyny höweslendirmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda sebitiň döwletleriniň
ykdysadyýetlerine aýdyň innowasion häsiýet bermegiň hem-de sanly ulgamy
ösdürmegiň örän möhüm wezipedigini belledi. Bu işleri bilelikde ýerine ýetirmek
zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar
boýunça Geňeşini döretmek teklip edilýär. Şol geňeş bu ugurdaky bilelikdäki
tagallalary utgaşdyrar. Şeýle geňeş biziň döwletlerimiziň täze tehnologiýalar
boýunça birleşen strategiýasyny döretmek babatda esasy merkeziň wezipelerini öz
üstüne alyp bilerdi, degişli maslahatlar bilen çykyş edip, anyk teklipleri
taýýarlap bilerdi.
Energetika
Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň beýleki bir esasy ugry bolup
durýar. Häzirki wagtda sebitiň içindäki islegleri kanagatlandyrmaga, halkara
üstaşyr geçelgeler arkaly dünýä bazarlaryna çykmaga gönükdirilen durnukly
energetika hyzmatdaşlygy üçin syýasy-hukuk we ykdysady şertleri döretmek
prosesiniň bolup geçýändigi äşgärdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow aýtdy. Türkmenistan özüniň tebigy gazyny we elektrik
energiýasyny Merkezi Aziýa ýurtlaryna, olaryň çäginiň üsti bilen daşarky
bazarlara özara bähbitli şertlerde ibermäge taýýardyr. Bu teklibe biziň
döwletlerimiziň arasynda uzak möhletli gatnaşyklary ýola goýmak
nukdaýnazaryndan garamak mümkin diýip hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda,
bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşini — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika
dialogyny döretmek maksadalaýyk hasaplanýar diýip, hormatly Prezidentimiz
belledi.
Ulag
ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz umumy tagallalar arkaly Merkezi
Aziýa döwletleriniň arasynda, şeýle-de Ýewraziýa kontinentiniň beýleki
sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleriň
döredilýändigini nygtady. Şoňa görä-de, Merkezi Aziýa ulag-logistika
platformasyny işe girizmek mümkinçiligine garamak teklip edilýär. Onuň esasy
wezipesi sebitde ulag merkezlerini döretmek, täze üstaşyr geçelgeleri kemala
getirmek we häzir bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, biziň
döwletlerimiziň çäginden geçýän halkara ulag ýollarynyň ugrunda gümrük,
migrasiýa we beýleki işleri kadalaşdyrmak, sazlaşdyrmak meselelerine garamak
bilen bagly bolup bilerdi.
Ýokarda
agzalan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ykdysady ösüşe kuwwatly itergi
berjekdigine, giň sebitiçi we halkara derejede ýakynlaşmak üçin Merkezi Aziýada
şertleri kemala getirmäge oňaýly mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýaryn
diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.
Medeni-ynsanperwer
meselelerde netijeli gatnaşyklar sebitiň sazlaşykly ösmeginiň we onuň mundan
beýläk-de rowaçlanmagynyň girewi bolup durýar. Bu gün döredijilik
intelligensiýasynyň wekilleriniň bilelikdäki duşuşyklaryny, ylmy maslahatlary,
sergileri we beýleki çäreleri üstünlikli geçirmegiň okgunly ösüşi, oňyn
tejribesi barada kanagatlanma bilen aýtmak bolar. Bu ugurda mundan beýläk-de
öňe gitmek, gatnaşyklaryň täze usullarynydyr görnüşlerini gözlemek gerek. Hut
şu maksatlar bilen, bäşinji sammitiň çäklerinde zenanlar, ýaşlar, medeni we
ylym-bilim forumlary geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de olaryň
netijeleriniň döwletlerimiziň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda
hyzmatdaşlygyň kuwwatyny artdyrmak üçin ygtybarly esasa öwrüljekdigine ynam
bildirdi.
Şu
gün gyzyklanma bildirilýän, netijeli we düýpli pikir alyşmalar geçirilýär,
peýdaly, çuň manyly tekliplerdir başlangyçlar öňe sürülýär. Munuň özi biziň
döwletlerimiziň bilelikde guwandyryjy netijeleri gazanmak babatdaky syýasy
erk-islegini, meýillerini, aýgytlylygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Bu bolsa
biziň halklarymyzyň jana-jan bähbitlerine doly laýyk gelýär diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet
Baştutanymyz sözüniň ahyrynda ýurdumyzyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara
bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny ýene-de bir
gezek tassyklap, daşary ýurtly kärdeşlerine we wekiliýetleriň agzalaryna
netijeli işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň
barşynda dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň çykyşlarynda konsultatiw
duşuşyklaryň görnüşiniň özüniň netijeliligini tassyklandygy bellenildi. Munuň
özi ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan
ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa sebitiň okgunly ösüşiniň
möhüm şerti bolup durýar. Bellenilişi ýaly, sebit hyzmatdaşlygynyň uly
tejribesi toplandy. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen
baýlaşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe oňyn teklipler beýan edildi.
Şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda dostlugyň, hoşniýetli
goňşuçylygyň çuňňur taryhy däpleriniň bardygyna aýratyn üns çekildi. Munuň özi
gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de giňeltmek üçin oňat esas bolup hyzmat edýär.
Merkezi
Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň jemleri
boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Onda taraplaryň giň gerimli
hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanylýar. Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde
Merkezi Aziýada ýerüsti ulaglaryň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak hakynda
Ylalaşyga, Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň birinji duşuşygynyň Duşenbe
Beýannamasyna, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýaşlar syýasatynyň umumy
ugurlary hakynda Ylalaşyga gol çekildi, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň işleri boýunça milli utgaşdyryjy geňeşi
hakynda Düzgünnama kabul edildi.
Konsultatiw
duşuşyk tamamlanandan soňra, täjik Lideriniň çakylygy boýunça Duşenbe şäherinde
iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Gahryman
Arkadagymyz bu ýokary sylaga Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostlugy,
hoşniýetliligi, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde
parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde, ýurtlarymyzyň bilelikdäki
bähbitlerinidir başlangyçlaryny halkara giňişlikde ösdürmekde bitiren ajaýyp
hyzmatlary üçin mynasyp boldy.
Sylaglamak
dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary «Kohi Borbad» döwlet
toplumyna tarap ugradylar. Bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat
ussatlarynyň «Dostluk agşamy» atly konserti boldy. Ählumumy parahatçylygyň we
abadançylygyň bähbidine dost-doganlyk, ylalaşyklylyk mowzugy uly aýdym-saz
baýramçylygynyň esasyny düzdi. Konsertiň maksatnamasynda Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň wekilleriniň halk we häzirki zaman sungatynyň baýlygy,
özboluşlylygy hem-de köpöwüşginliligi, täze döwrüň ýörelgeleri bilen sazlaşykda
däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy.
Sazandalar,
aýdymçylar, tansçylar, döredijilik toparlary öz çykyşlarynda ussatlyklaryny
hem-de zehinini görkezdiler. Konsertiň köpöwüşginliligi sungatyň birleşdiriji,
döredijilikli güýjüniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Çünki hut medeni gatnaşyklar
halklara birek-biregi ýakyndan tanamaga, düşünişmäge, dostluk, hoşniýetli
goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Tomaşaçylar
türkmen artistleriniň ussatlygyna we zehinine mynasyp baha berip, olaryň
çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Konsertde Gahryman
Arkadagymyzyň döreden ajaýyp aýdymlarynyň biri hem ýaňlandy. Bu aýdym ýakymly
owazy we çuň manyly sözleri bilen ýatdan çykmajak täsir galdyryp, hemmeler
tarapyndan ruhubelentlik bilen garşylanyldy. «Küştdepdi» tansy ildeşlerimiziň
çykyşynyň özboluşly bezegine öwrüldi. Türkmenistanda bu tans her bir
baýramçylykda ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda milletiň
medeni baýlygy bolup durýan hem-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni
mirasynyň sanawyna girizilen bu gadymy aýdym we tans dessury häzirki döwrüň
ruhuna laýyklykda täze many-mazmuna eýe bolýar.
Konsert
tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary Halkara sergi merkezine tarap
ugradylar. Bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň önüm öndürijileriniň sergisi
ýaýbaňlandyryldy.
Giň
gerimli sergi esasy pudaklaryň ykdysady ösüşini we kuwwatyny, işewür toparlaryň
netijeli işini, sebitdäki giň gerimli özgertmeleri aýdyňlyk bilen görkezýär.
Şunuň bilen birlikde, sergi döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny
kesgitlemek we geljegi nazara almak arkaly, onuň netijeli gurallaryny döretmek,
dürli ulgamlarda özara tejribe alyşmak, işewürleriň duşuşyklarynydyr
gepleşiklerini geçirmek üçin açyk meýdança öwrülmelidir.
Türkmenistanyň
hödürlän sergisi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda, şol sanda
hususy ulgamda gazanylan üstünlikler, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli
gatnaşyklary işjeňleşdirmek, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin bar
bolan mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşmaga şert döredýär. Bularyň ählisi
sergide ornaşdyrylan monitorlaryň ekranlarynda görkezilýän wideoşekillerde
aýdyň beýanyny tapýar.
Gahryman
Arkadagymyzyň başyny başlan we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa
geçirilýän ykdysady strategiýa, amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler
ýurdumyzyň innowasion ösüşine, senagatlaşdyrmaga, pudaklaýyn düzümi düýpli
döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Şunda hususy ulgamy höweslendirmäge hem-de goldamaga uly ähmiýet berilýär.
Döwrebap bazar gatnaşykly ýokary netijeli ykdysadyýeti tapgyrlaýyn döretmek,
daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek,
ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, durnukly ösüş depginlerini üpjün
etmegiň möhüm şerti hökmünde sanly ulgamy ornaşdyrmak wezipeleri ileri
tutulýar.
Türkmenistanyň
sergi bölüminde halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň, şol sanda
ýangyç-energetika pudagynyň, ýokary hilli nebit önümlerini, polietilen,
polipropilen we beýleki önümleri öndürýän nebitgazhimiýa senagatynyň önümleri
görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde dokma we ýeňil senagatyň dürli önümleri, aýna
önümleri, gurluşyk serişdeleriniň köp görnüşleri bar. Milli ykdysadyýetiň
sanlylaşdyrylmagy ýurdumyzyň elektron senagatynyň ösmegine ýardam edýär. Onuň
önümleriniň nusgalary — kompýuter tehnikasy, Wi-Fi routerleri, LED lampalar we
beýleki önümler hem Türkmenistanyň pawilýonynda görkezilýär.
Ýurdumyzyň
sergi bölüminde meşhur türkmen halylary aýratyn orun eýeleýär. Halkymyzyň ruhy
özboluşlylygynyň çeper beýany, onuň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolmak
bilen, zehinli türkmen halyçylary tarapyndan döredilen önümler gözelligi we
ýokary hilliligi bilen tutuş dünýäde uly baha mynasyp bolýar hem-de şan-şöhrat
gazanýar. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan halyçylygyň täsin milli däpleri
aýawly saklanylýar we nesilden-nesle geçirilýär. Sergide görkezilýän el
halylarynyň hatarynda ajaýyp ýüpek halylar hem bar.
Türkmenistanyň
pawilýonynyň aýratyn bölümi ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatyna bagyşlanýar. Bu
ýerde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň şekili görkezilýär. Portuň öňdebaryjy
düzümi sebit we yklym derejesinde deňiz, multimodal ýük daşamalary üçin giň
mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de
durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasaty netijesinde, Türkmenistan sebitiň möhüm
üstaşyr ulag, iri logistika merkezine öwrülýär.
Döwlet
Baştutanlary sergi bilen tanşyp, onuň guralyşyna ýokary baha berdiler we
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de
ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň, mümkinçilikleriň
bardygyny bellediler.
Dostlukly
döwletleriň Baştutanlary Halkara sergi merkezinden çykyp, açyk meýdançada
goýlan, sebitiň ýurtlarynda çykarylýan oba hojalyk, awtoulag we beýleki
ýöriteleşdirilen tehnikalaryň nusgalaryny synladylar.
Belent
mertebeli myhmanlaryň hormatyna Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali
Rahmonyň adyndan «Kohi Istiklol» köşgünde resmi kabul edişlik guraldy.
Hormatly
Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.
***
Şu
günler Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň
çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda birnäçe ugurdaş
çäreler geçirilýär.
13-nji
sentýabrda — sammitleriň öňüsyrasynda täjik paýtagtynda Merkezi Aziýa
döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirilip,
Duşenbedäki ýokary derejeli duşuşyklaryň gün tertibiniň esasy meselelerine
aýratyn üns berildi. Sebitiň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň
ýolbaşçylary sammitleriň jemleýji resminamalarynyň taslamalaryna garadylar,
şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, şol sanda möhüm halkara
we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Mejlisiň barşynda Merkezi Aziýada
parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge
gönükdirilen hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagynyň bilelikdäki
tagallalaryň netijesi bolandygy nygtaldy.
Şol
gün Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň
birinji duşuşygyna hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda ulag-logistika ulgamynda
sebitiň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmagyň we ondan netijeli peýdalanmagyň
zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu strategik ugurda
döwletara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýändigi nygtaldy. Foruma
gatnaşyjylar sebitiň döwletleriniň ulag-kommunikasiýa ulgamyndaky
hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhümdigini aýtdylar. Munuň üçin uly
mümkinçilikler bar. Bäştaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça Duşenbe
Beýannamasy kabul edildi, şeýle hem Merkezi Aziýada ýerüsti ulaglaryň özara
baglanyşygyny pugtalandyrmak hakynda Ylalaşygyň taslamasy makullanyldy.
Ugurdaş
çäreleriň maksatnamasy ýokary bilim, ylym, ýaşlar syýasaty, meýletinçiler
hereketi, sport ugurlary boýunça birnäçe çäreleri hem öz içine aldy.
Türkmenistan bu ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda çykyş
edip, anyk teklipleri öňe sürýär.
Sebitiň
ýurtlarynyň türgenleriniň arasynda suwda ýüzmek boýunça Duşenbe şäherinde
geçirilýän halkara ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalarynyň
üstünlikli çykyş edendigini bellemek gerek. Olar ýaryşlarda baýrakly orunlara
mynasyp boldular. Türgenlerimiz ýaryşlaryň iki gününiň dowamynda dürli aralyga
suwda ýüzmekde 1 altyn, 4 kümüş we 3 bürünç medal gazanmagy başardylar.
Ýurdumyzyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde
geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň duşuşygyna hem
gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, sebitiň taryhynda ilkinji şeýle düzüm 2020-nji
ýylyň dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan
Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň wekilleri
tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň goldaw bermeginde döredildi.
Duşuşygyň esasy meselesi döwletara
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer
gatnaşyklary ösdürmekde zenanlaryň orny bilen baglanyşykly boldy. Gün tertibine
zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işine gatnaşmaklary, özgertmeleriň amala
aşyrylmagy, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň hukuklaryny we
bähbitlerini goramak boýunça özgertmeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly
meseleler hem girizildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň gender
syýasaty ulgamynda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleri çözmäge
jogapkärçilikli çemeleşip, bu ulgamda BMG we beýleki halkara guramalar bilen
netijeli gatnaşyk edýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzda zenanlara
hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmek
boýunça netijeli çäreler görüldi. Türkmen zenanlary döwlet häkimiýetiniň
düzümlerinde, milli parlamentde giňden wekilçilik edýärler, daşary syýasy işe işjeň
gatnaşýarlar, dürli ulgamlarda we pudaklarda üstünlikli işleýärler, telekeçilik
bilen meşgullanýarlar. Duşuşyga gatnaşýan zenanlar sebitiň ýurtlarynyň
zenanlarynyň döredijilik we parahatçylyk döredijilik kuwwatyndan has doly
peýdalanmak üçin tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini belläp, olaryň umumy
abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga mundan beýläk-de ýardam bermäge çalyşýandyklaryny nygtadylar.
Täjik paýtagtynda «Sanly ykdysadyýet, elektron
söwda we innowasiýalar» mowzugy boýunça guralan ykdysady forumda Merkezi Aziýa
döwletleriniň dürli pudaklarda özara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleri
ara alnyp maslahatlaşyldy. Foruma Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Geçirilen pikir
alyşmalar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giň meselelerini öz içine
aldy. Dürli derejede ugurdaş gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary anyklaşdyryldy,
täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri gatnaşyklaryň uly we köpugurly
kuwwatyna eýedir, onuň şertnama-hukuk binýady yzygiderli berkidilýär hem-de
üsti ýetirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde we
geljek üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň wajyp wezipelerini beýan edýän şu forumyň
ähmiýeti nygtaldy. Maýa goýum işini höweslendirmek, sebitiň ýurtlarynyň
dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna goşulyşmagy möhüm
meseleleriň hatarynda görkezildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda haryt
dolanyşygyny artdyrmaga, munuň üçin amatly şertleri döretmäge, şol sanda
ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berildi. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň
agzalary tejribe alyşmak we sanly ykdysadyýet ulgamynda, sebit hyzmatdaşlygyny
ösdürmek, elektron hökümet ulgamyny, innowasiýalary ornaşdyrmak meseleleri
boýunça pikir alyşmalara gatnaşdylar.
Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge
saldamly goşant goşup, biziň döwletlerimiziň bäsdeşlik artykmaçlyklaryndan —
çäk taýdan amatly ýerleşmeginden, baý serişde, çig mal, önümçilik we
intellektual kuwwatyndan, toplumlaýyn düzümden has netijeli peýdalanmak ugrunda
çykyş edýär. Bularyň ählisi uzak möhletli daşarky maýa goýumlar üçin Merkezi
Aziýanyň özüne çekijiligini artdyrýar, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin
mümkinçilikleri açýar. Ykdysady forumyň çäklerinde Arkadag şäheriniň
tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Sammitlere gabatlanan çäreleriň
maksatnamasynda Duşenbäniň Halkara sergi merkezinde geçirilen Merkezi Aziýa
döwletleriniň önüm öndürijileriniň giň gerimli sergisi, Täjigistanyň Milli
muzeýinde guralan sebitiň ýurtlarynyň suratkeşleriniň sergisi hem bar.
Täjigistanyň paýtagty Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň milli tagamlarynyň festiwalynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Gündogaryň halklary hemişe myhmansöýerligi bilen meşhur bolupdyr. Islendik
halkyň medeniýeti bilen tanyşlyk milli özboluşlylygyň aýdyň ýüze çykmasy hökmünde
onuň aşhanasy bilen tanyşlyk arkaly amala aşyrylýar. Şoňa görä-de, festiwal
sebitiň halklarynyň tagamlary taýýarlamak sungatyny görkezmek bilen çäklenmän,
eýsem, döwletara medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etmäge-de hem
gönükdirilendir.
Türkmen halky tagamlary taýýarlamagyň
nesilden-nesle geçirilip gelinýän baý däplerine eýedir. Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen
saçagy» atly kitap köp asyrlaryň dowamynda kemala gelen bu ajaýyp sungata
bagyşlanýar. Tagamlary taýýarlamagyň ýüzlerçe usulyny öz içine alýan bu milli
sungat türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň möhüm bölegi bolup durýar. Onda
halkymyzyň däpleri we baýramçylyk dessurlary, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde
tagamlary taýýarlamagyň aýratynlyklary öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary täjik
kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirdiler. Olarda dürli
ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.