Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine
harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda alyp baran işleriniň
netijeleri, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby
we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de
olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, Milli goşunymyzyň harby
bölümlerinde Watanymyzyň goranmak ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň hünär
derejesini ýokarlandyrmak, serkerdeleriň we olaryň maşgala agzalarynyň netijeli
gulluk etmegi, göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy üçin ähli şertleri döretmek boýunça
ýylyň başyndan bäri alnyp barlan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.
Hasabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32
ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görmek bilen
baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň harby
we hukuk goraýjy edaralarynyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary
üstünlikli geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, üstünlikli
durmuşa geçirilýän, ýurdumyzda parahatçylygyň hem-de asuda durmuşyň ygtybarly
kepili hökmünde çykyş edýän Harby doktrinanyň ileri tutulýan wezipelerine ünsi
çekdi. Şunuň bilen baglylykda, sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmagyň hasabyna
Goranmak ministrliginiň we onuň garamagyndaky düzümleriň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, ýaş serkerdeleriň we
çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleriň arasynda
watançylyk-terbiýeçilik çärelerini yzygiderli guramagyň möhümdigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň
nobatdaky senesi mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe ýokary derejede
taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Baş prokuror S.Mälikgulyýew şu ýylyň
ýanwar — awgust aýlarynda prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmek boýunça
degişli maksatnamany durmuşa geçirmek maksady bilen ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunylygy üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny
we azatlyklaryny, jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerini goramak üçin anyk çäreleriň
görülmeginiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz kanunlaryň hem-de kadalaşdyryjy
hukuk namalarynyň takyk ýerine ýetirilmegine ygtybarly prokuror gözegçiliginiň
amala aşyrylmagy boýunça öňde durýan wezipeleriň anyk berjaý edilmeginiň
wajypdygyna ünsi çekip, Baş prokuraturanyň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri
berdi.
Hormatly Prezidentimiz prokurorlary wezipä
bellemek we wezipeden boşatmak hakynda degişli resminamalara gol çekip, Baş
prokurora bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow
garamagyndaky düzümleriň jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün
bozulmalaryň öňüni almak, jenaýatçylyga garşy göreşmek we ýurdumyzyň ähli
künjeklerinde ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça hasabat
döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem
ministrligiň işgärleriniň netijeli gullugy, olaryň maşgala agzalarynyň
ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, düzümleriň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler, hasabat döwründe
ulanmaga berlen durmuş maksatly desgalar barada habar berildi.
Şeýle hem IIM-niň ýolbaşçysy, däp bolşy ýaly,
sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy»
atly biraýlygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, öňde goýlan wezipeleri takyk ýerine ýetirmek
üçin döwrebap usullary, sanly ulgamy işjeň ulanmagyň wajypdygyny belledi. Ilat
arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem gaýragoýulmasyz wezipeler
bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu
babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde, döwrüň häzirki
ýagdaýyny nazara alyp, düzümleýin bölümleriň işini döwrebaplaşdyrmak we durmuş
maksatly meseleleri yzygiderli çözmek babatda ministre birnäçe görkezmeler
berildi.
Döwlet Baştutanymyz «Ýol hereketiniň
howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy ýokary derejede geçirmek
bilen baglanyşykly mesele barada durup geçip, ministre bellenen ähli çäreleriň,
aýratyn-da, paýtagtymyzda we welaýatlarda ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak,
ýolagçylaryň, sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary barada habarlylygyny
ýokarlandyrmak babatdaky çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini berk
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu
ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, öňdebaryjy
tehnologiýalary giňden ulanmagyň hasabyna milli kazyýet ulgamynyň işini mundan
beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen amala aşyrylan çäreler barada hasabat
berdi. Hormatly Prezidentimiziň ozal beren
tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada-da aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu ulgamy ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen
wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň wajypdygyny belledi. Bu ugurdaky ähli işler
kanunçylygyň berk berjaý edilmegine, adalatlylyga we hukuk tertibiniň berk
ýerine ýetirilmegine, düzgün bozulmalaryň ýüze çykmagynyň sebäplerini,
şertlerini aradan aýyrmaga gönükdirilmelidir. Kazyýet ulgamynyň netijeli
işlemegi üçin işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça çäreler yzygiderli
geçirilmelidir, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylmalydyr diýip, Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy nygtady we Ýokary kazyýetiň
ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň
kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda resminama gol çekdi.
Soňra
milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe milli howpsuzlyk
edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzda durnuklylygy we asudalygy üpjün etmek
boýunça görlen anyk çäreler, edara üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň
meseleleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny goramagyň,
Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny üpjün etmegiň, onuň ykdysady
kuwwatyny artdyrmagyň ministrligiň işiniň möhüm ugurlarydygyny nygtap, ministre
birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň
sekiz aýynda Watanymyzyň serhetlerini goramak boýunça ýerine ýetiren işleriniň
netijeleri, edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby
gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada
hasabat berdi. Şeýle hem şu ýylyň awgust aýynda Hazaryň kenarynda Döwlet serhet
gullugynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigi
barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, serhet goşunlarynyň
işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, serhet birikmelerini öňdebaryjy harby
tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmegiň, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň, has
möhüm wezipeleri üstünlikli çözmäge ukyply, ýokary söweşjeň tälimli
serkerdeleri taýýarlamagyň ýerine ýetirilmeli işleriň ileri tutulýan
ugurlarydygyna ünsi çekdi. Biziň serhetlerimiz goňşy ýurtlaryň ählisi bilen
dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň serhetleri bolup durýar diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Serhetçileriň ygtybarly gullugy üçin amatly
şertleriň döredilmeginiň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş derejesiniň
yzygiderli gowulandyrylmagynyň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän harby
özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, döwlet
Baştutanymyz bu ugra degişli meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Adalat ministri M.Taganow ýolbaşçylyk edýän
ministrliginiň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň
netijeleri, milli kanunçylygy halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna
laýyk getirmegiň hasabyna ony hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek boýunça görülýän
çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem degişli maksatnamanyň durmuşa
geçirilişi, bitewi sanly ulgamy döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada
aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hukuk
ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini yzygiderli öwrenmegiň we
ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, kanunlary mundan
beýläk-de kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak maksady bilen, hereket
edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli seljermek zerurdyr diýip,
hormatly Prezidentimiz ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy
M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe bu gullugyň işini kämilleşdirmek, döwrebap iş
usullaryny we sanly ulgamy ulanmak boýunça yzygiderli amala aşyrylýan çäreler,
döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada
hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
hasabaty diňläp, üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde Ýewraziýa
yklymynda Watanymyzyň eýeleýän geostrategik ornunyň barha artýandygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna bu edaranyň işini döwrüň
talaplaryna laýyklykda guramak bilen baglanyşykly tabşyryklar berildi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy
A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren
işleriniň netijeleri, bu edarany ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi,
sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gullugyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, onuň işinde
innowasion usullary we döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny
belledi. Bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge hem-de ýokary derejeli
hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy mejlisi jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan
möhüm wezipelere ünsi çekdi. Garaşsyz Watanymyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna
ygrarlydyr hem-de dünýäniň döwletleridir halklary bilen dostluk we hoşniýetli
goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýar. Şu ýörelgelerden ugur alyp, Harby
doktrinamyz diňe goranyş häsiýetine eýedir. Bellenilişi ýaly, bu doktrinada
kesgitlenen wezipelere laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümleri
mundan beýläk-de kämilleşdiriler, Watanymyzyň goranyş ukyby berkidiler, harby
gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň gulluk hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleri
yzygiderli gowulandyrylar.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde
başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow
mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda
we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly
üstünlikleri arzuw etdi.