Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Sukuba
uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatany kabul etdi.
Myhman
wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatorynyň we
Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de ýapon tarapynyň döredijilik
ýolundan ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge
uly gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Günüň dogýan ýurdunyň» öňdebaryjy ýokary
okuw mekdepleriniň biriniň ýolbaşçysyny gadymy we myhmansöýer türkmen
topragynda mähirli mübärekläp hem-de dostlukly ýurduň ýokary derejeli
ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, şu saparyň dowamynda bilim
ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklary has-da berkitmek boýunça gepleşikleri
geçirmäge, özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlar barada pikir alyşmaga
mümkinçiligiň boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu saparyň
netijeleriniň medeni-ynsanperwer ulgamdaky türkmen-ýapon gatnaşyklaryny täze many-mazmun
bilen baýlaşdyrmaga itergi berjekdigine berk ynam bildirildi.
Nygtalyşy
ýaly, däp bolan döwletara gatnaşyklar köpýyllyk dostluga, ynanyşmaga we özara
düşünişmäge esaslanýar. Ýaponiýa bilen köpugurly, uzak möhletli strategik
hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli
ugurlarda, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer we beýleki ugurlarda
ýokary derejede alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Ylym
we bilim ulgamynda däp bolan türkmen-ýapon gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin
açylýan giň mümkinçilikler ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri
boldy. Ýurtlaryň ikisi hem bu ulgamy kämilleşdirmäge hemmetaraplaýyn ösüşiň
möhüm şerti hökmünde garaýarlar. Taraplaryň pikirine görä, bilim ulgamynda
hyzmatdaşlyk etmek babatda eýýäm bilelikde uly işler durmuşa geçirildi, şol bir
wagtyň özünde, bu gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Döwlet
Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, milli bilim ulgamyny ösdürmek, maddy-enjamlaýyn
binýadyny berkitmek arkaly ony hil taýdan täze derejä çykarmak ýurdumyzyň
döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Golaýda Bilimler we talyp
ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze bilim edaralaryny
açyp ulanmaga bermek hem-de düýbüni tutmak dabaralary geçirildi.
Biz
bilim ulgamyny kämilleşdirmekde halkara tejribäniň we gazanylanlaryň
ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow aýtdy hem-de Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym-bilim
babatda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini aýratyn belledi. Türkmen
ýaşlarynyň Ýaponiýada bilim almaklary, ýurdumyzyň birnäçe orta we ýokary okuw
mekdeplerinde ýapon diliniň öwredilmegi, ylym-bilim wekilleriniň gatnaşyklary
muňa mysal bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Sukuba uniwersiteti bilen
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Oguz
han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda alnyp barylýan
hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, döwrebap bilimli,
sazlaşykly ösen we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesli kemala
getirmekde wajyp bolan bu hyzmatdaşlygyň geljekde-de ösdüriljekdigine ynam
bildirdi.
Sukuba uniwersitetiniň prezidenti döwlet
Baştutanymyza iki ýurduň köpugurly gatnaşyklaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn
goldaw berýändigi üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, köpýyllyk netijeli
hyzmatdaşlygyň esasynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýlandygyny belledi.
Şeýle hem myhman Gahryman Arkadagymyzyň Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory
bolup durýandygyny we giň gerimli döwlet işi bilen bir hatarda, hemişe
ylmy-barlag işlerine uly üns berendigini we berýändigini hem-de türkmen-ýapon
gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly şahsy goşandyny goşýandygyny buýsanç bilen
belledi.
Bellenilişi ýaly, ozal ýokary derejede gazanylan
ylalaşyklar işgärleri taýýarlamak, şol sanda ýapon hünärmenlerini ýurdumyzyň
ýokary okuw mekdeplerinde okatmak, dürli pudaklaryň hünärmenleri üçin okuwlary
we tejribe alyşmagy guramagyň hasabyna işgärleri taýýarlamak ulgamynda
ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin amatly şertler döredilýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow we Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata
birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdiler.