Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir
meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna
garaldy.
Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa täze kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak we
hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada
maglumat berdi.
Parlamentara
gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary
ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri, şeýle hem ABŞ-nyň
Kongresiniň Wekiller palatasynyň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi. Mundan
başga-da, Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda Halkara
konwensiýanyň kadalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça geçirilen çärä gatnaşmak
üçin Mejlisiň deputaty ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde Ženewa şäherinde iş
saparynda boldy.
Ministrlikler,
pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler we iri jemgyýetçilik guramalary
bilen bilelikde, Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hem maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, halkyň saýlanlary
içeri we daşary döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny, Türkmenistanyň mukaddes
Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda dürli ulgamlarda gazanylýan
üstünlikleri, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny, ähmiýetini düşündirmek
hem-de wagyz etmek, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen
köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň
Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmäge gönükdirilen düýpli
özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmekdäki ähmiýetini belledi. Şeýle hem
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň
zerurdygyna üns çekildi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän düzümlerinde
ýerine ýetirilýän işler hem-de maliýe-ykdysady toplumyň edaralarynyň öňünde
goýlan wezipeleri çözmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat
berdi.
Şeýle
hem standartlaşdyrmak we ygtyýarlandyrmak ulgamynyň işini kämilleşdirmek hem-de
bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan
işler barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, düzümleýin edaralary, şol sanda
«Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň barlaghanalaryny döwrebap enjamlar
bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, önümçilige iň täze
tehnologiýalary ornaşdyrmak, öndürilýän önümleriň hiliniň bellenen talaplara
laýyklygyny berjaý etmek boýunça wezipeleri çözmekde standartlaşdyrmaga möhüm
ornuň degişlidigini belledi. Bu ulgamda geçirilýän işler bäsdeşligiň,
söwda-ykdysady gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmegine mümkinçilik berýär,
çykarylýan önümleriň hem-de hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga
ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda wise-premýere
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän
pudaklarynda, hususan-da, «Türkmengaz» döwlet konserninde ýerine ýetirilýän
işler barada hasabat berdi.
Şunuň
bilen baglylykda, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşigi
tarapyndan içerki sarp edijileri tebigy we suwuklandyrylan gaz bilen bökdençsiz
hem-de ygtybarly üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işleriň
wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini maksadalaýyk
ulanmak, pudaklaýyn düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we önümçilige
öňdebaryjy energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna
energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz
belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň
dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow M.Rozyýewi, başga işe
geçmegi sebäpli, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy
wezipesinden boşatdy. Bu wezipä G.Garlyýew bellenildi. Döwlet Baştutanymyz
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň täze ýolbaşçysyna wezipesinde
üstünlikleri arzuw edip, degişli resminamalara gol çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp
barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde geljek ýylyň bugdaý
hasylynyň düýbüni tutmak boýunça bugdaý ekişi möwsümine hem-de pagta ýygymyna
taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Häzirki
wagtda bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş we çil çekmek hem-de
ýuwuş suwuny tutmak işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar.
Şeýle hem bugdaý ekiş möwsüminde işlediljek bugdaý ekijileri we ýokary hilli
bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri dowam etdirilýär.
Wise-premýer
hormatly Prezidentimize ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň
we mehanizatorlaryň gatnaşmaklarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de
il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmaklarynda bugdaý ekişine başlamagyň
senesini belläp, oňa ak pata bermek haýyşy bilen ýüzlendi.
Welaýatlarda
pagta ýygym möwsümine başlamak boýunça görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde
pagta arassalaýjy kärhanalary we pagta kabul ediş harmanhanalaryny, pagta
ýygýan kombaýnlary, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglary hem-de beýleki oba
hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň
welaýatlarynyň toprak-howa şertlerine laýyklykda, ösdürilip ýetişdirilen gowaça
hasylyny öz wagtynda ýygnap almak hem-de pagta ýygym möwsümini guramaçylykly
geçirmek maksady bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyza ussat daýhanlaryň,
tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmaklarynda tejribe
maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň
gatnaşmaklarynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek
baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip,
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly
zähmet çekip, ýerden bol hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan zerur
şertleriň döredilýändigini belledi.
Häzir
gallaçy we pagtaçy daýhanlarymyz üçin örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan
bugdaý ekişi hem-de pagta ýygymy ýetip geldi diýip, döwlet Baştutanymyz bu
möwsümleri agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmegiň uly ähmiýetiniň
bardygyny nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzda 6-njy sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge, şeýle hem
Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 9-njy sentýabrda, Daşoguz
welaýatynda bolsa 15-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hormatly ýaşulularymyza bugdaý ekişini we
pagta ýygymyny «Bismilla!» bilen başlap bermekleri baradaky haýyş bilen
ýüzlendi.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylaryna we pagtaçylaryna, ähli oba
hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, ene toprakdan bol hasyl
almagy tüýs ýürekden arzuw etdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet
konserni tarapyndan pudaklaýyn kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak we
ondan has netijeli peýdalanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, himiýa senagatyny
ösdürmek, hususan-da, himiýa önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini
artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýerli
çig mal esasynda tehniki ýod, brom we bromly önümleri öndürýän kärhanalary
gurmak göz öňünde tutulýar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, içerki sarp edijileriň isleglerini doly
kanagatlandyrmak, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak
maksady bilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň işini kämilleşdirmegiň hem-de
onuň garamagyndaky kärhanalary taslama kuwwatlyklaryna çykarmagyň, ýurdumyzda
ýokary hilli himiýa önümleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň
möhümdigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Soňra
wise-premýer «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň zawodlarynyň hünärmenleriniň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň
tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň depginli ösdürilmegi
bilen bir hatarda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga
gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, konserniň garamagyndaky zawodlaryň
hünärmenleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak
şäherçesinde 4 gatly 472 hojalyga niýetlenen Gyýanly ýaşaýyş jaý toplumynyň,
320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň, 120 orunlyk çagalar bagynyň hem-de
söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygy bilen bagly taslamany amala aşyrmak
meýilleşdirilýär.
Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy
hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň
depginli ösmeginde gurluşyk we senagat toplumyna möhüm ornuň degişlidigini
aýtdy hem-de ýurdumyzyň önümçilik kärhanalarynda zähmet çekýän hünärmenleriň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça döwletimiz tarapyndan
mundan beýläk-de uly goldaw beriljekdigini nygtady.
Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam
arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň ýerine ýetirilişine berk
gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň «EKSPO —
2023» halkara sergisine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bu sergi Kataryň paýtagty Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry —
2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda «Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl
tebigat» diýen şygar bilen geçiriler.
Şunuň
bilen baglylykda, milli pawilýonyň daşky we içki bezegi boýunça hödürlenýän
taslamalar hem-de onuň şygary barada habar berildi. Mundan başga-da, myhmanlara
we bütindünýä sergisine gelýänlere görkeziljek ekspozisiýalar, geçiriljek
tanyşdyryş çäreleri barada aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň
howandarlygynda geçirilýän EKSPO sergi meýdançalarynda öz mümkinçiliklerini
üstünlikli görkezýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň sergi bölümi
Watanymyzyň täsin tebigatyny, baý haýwanat we ösümlik dünýäsini, ekologiýa
meselelerini çözmekde gazanýan üstünliklerini aýdyňlyk bilen görkezmelidir.
Türkmen pawilýonynyň bezeginde milli äheňleri we öňdebaryjy tehnologiýalary
sazlaşykly utgaşdyrmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow aýtdy hem-de wise-premýere öňümizdäki bütindünýä sergisine
göwnejaý taýýarlyk görmek üçin zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32
ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda dürli maslahatlar, sergiler, «tegelek
stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, döredijilik duşuşyklary, wagyz-nesihat
çäreleri, aýdym-sazly çykyşlar, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn
asyry» atly bäsleşiginiň jemini jemlemek çäresi, halkara mediaforumlar,
baýramçylyk konserti bar. Şanly sene mynasybetli sahna oýunlarynyň,
kinofilmleriň ilkinji görkezilişini guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen
bir hatarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Garaşsyzlyk ýyllarynda
gazanylan üstünlikler beýan edilýär, metbugatda eziz Watanymyzyň berkararlygyny
wasp edýän makalalar çap edilýär.
Wise-premýer
şeýle hem 27-nji sentýabrda geçiriljek çäreler, şol sanda dabaraly ýörişe
görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 14-15-nji oktýabrda Merkezi Aziýa
döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde halkara
kinofestiwaly geçirmegiň meýilleşdirilýändigi hem aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk
gününiň ähmiýetini belledi we baýramçylyk dabaralarynyň ählisiniň häzirki
döwrüň ruhuna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Wise-premýere meýilleşdirilen
çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni
bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza ösüp gelýän
nesil baradaky aladalary, bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek babatda
döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we bu ulgamyň ähli işgärleriniň
adyndan Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan
giň gerimli döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli
pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan
maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berildi.
Bellenilişi
ýaly, soňky ýyllarda ýokary bilimli, giň gözýetimli ýaşlary terbiýelemek
boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde halkara ylmy maslahatlary, sergileri,
bäsleşikleri, olimpiadalary geçirmegiň oňyn tejribesi toplanyldy. Olar
ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam
edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň noýabr aýynyň 14 — 17-si aralygynda
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sanly ulgam arkaly Himiýa
dersi boýunça II halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu
olimpiada Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň halkara ähmiýetli
çäreleriniň birine öwrüler. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary,
şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Hytaý Halk Respublikasynyň,
Italiýanyň, Rumyniýanyň, Täjigistanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystanyň
hem-de beýleki döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar gatnaşarlar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň başyndan bäri
ýurdumyzyň talyplarynyň halkara olimpiadalaryň birnäçesine üstünlikli
gatnaşandyklaryny kanagatlanma bilen belledi we sanly ulgam arkaly himiýa dersi
boýunça geçiriljek olimpiadanyň ýokary derejede guralmagy üçin ähli çäreleri
görmegi wise-premýere tabşyrdy.
Soňra
wise-premýer şu ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň
howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň biraýlygynyň
geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Degişli
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri göz öňünde
tutulyp, geçiriljek çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda ýol
hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, pyýadalaryň we sürüjileriň ýol
hereketiniň kadalary baradaky düşünjelerini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn
çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça
her ýyl geçirilýän çäräniň oňat netije berýändigini belledi. Ýurdumyzda
ýol-ulag hadysalarynyň sanynyň azalýandygy hem munuň aýdyň güwäsidir.
Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýere içeri işler ministri bilen bilelikde,
welaýatlaryň häkimleri we ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, orta mekdepleriň
müdirleri bilen sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň
rahatlygy» atly nobatdaky biraýlygy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek
hem-de bu ugurda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada soňra hasabat
bermek tabşyryldy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
howanyň üýtgemegi ulgamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek
boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Howanyň
üýtgemegine, daşky gurşawy goramaga, tebigatdan rejeli peýdalanmaga, ekologiýa
howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli meseleler boýunça dünýä döwletleri we
halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek ýurdumyzyň daşary
syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Döwlet
Baştutanymyzyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin
milli, sebit we halkara derejede degişli işler amala aşyrylýar. Hususan-da,
Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly
konwensiýasyny, Howanyň üýtgemegi baradaky Pariž şertnamasyny we ekologiýa
meseleleri boýunça kabul edilen beýleki köptaraplaýyn resminamalary durmuşa
geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
garamagyna birnäçe degişli teklipleri hödürledi.
Türkmenistanyň
başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň goldaw bermeginde Aşgabatda
Merkezi Aziýa sebitinde klimat tehnologiýalary boýunça merkezi açmak göz öňünde
tutulýar. Bu ugurda ilkinji ädim hökmünde Türkmenistan bilen BMG-niň Daşky
gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) arasynda ýurdumyza we Merkezi Aziýa döwletlerine
klimat tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen sebit maksatnamalaryny
ösdürmek baradaky Ähtnamany baglaşmak teklip edilýär. Mundan başga-da,
Türkmenistanyň Pariž şertnamasyny ýerine ýetirmeginiň çäklerinde degişli Ýol
kartasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär.
Şeýle
hem ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça bilime we ekologik terbiýä uly üns
berilýär. Şundan ugur alnyp, şu ýylyň 21-nji noýabrynda howanyň üýtgemegi
boýunça Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek ýaşlaryň 18-nji
maslahatynyň (СOY-18) we BMG-niň
maslahatynyň (СOP-28) öňüsyrasynda
Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatyny geçirmek teklip edilýär.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp we hödürlenen teklipleri makullap, ekologiýa,
tebigaty goramak hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň Durnukly ösüş
maksatlaryna ýetmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny belledi.
Türkmenistan bu möhüm ulgamda öňde goýlan wezipeleriň çözgütlerini işläp
taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk
gelýän netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ilerletmek ugrunda çykyş edýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ekologiýa
taýdan arassa tehnologiýalary, «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini ornaşdyrmaga
aýratyn üns berilýär. Munuň özi hem dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky
tagallalaryna saldamly goşant bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan
ekologiýa we howa meselelerine degişli anyk halkara başlangyçlaryň birnäçesini
öňe sürdi. Şolaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň goldaw bermeginde Merkezi Aziýa
sebitinde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça merkezi açmak
baradaky teklip bar.
Ýurdumyz mundan beýläk-de şu mesele boýunça
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde işjeň dialogy ösdürmegi hem-de şu
maksatlar bilen Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary,
beýleki abraýly düzümler bilen yzygiderli gatnaşyk etmegi göz öňünde tutýar. Hormatly
Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere, daşary işler ministrine
degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň
çäklerinde milli flotuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça
amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli Karara gol çekdi
we ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberip, ulag ulgamynyň öňünde
durýan wezipeleriň öz wagtynda hem-de talabalaýyk ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş
direktory gözegçilik edýän ulgamynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da,
«Kosmos işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan
Türkmenistanyň çäginde hem-de kosmos giňişliginde kosmos ulgamlaryny
peýdalanmagyň Kadalarynyň taslamasy barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň özüniň
ilkinji «TürkmenÄlem52oE» emeli hemrasyny älem giňişligine çykarmak
bilen, kosmosy özleşdirýän ýurtlaryň hataryna girendigini belledi. Şunuň bilen
baglylykda, älem giňişligini öwrenmek, bu ulgamdaky işiň hukuk-guramaçylyk we
ykdysady esaslaryny kemala getirmek boýunça degişli işleri amala aşyrmak
gaýragoýulmasyz wezipeleriň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady
hem-de bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ertir — 1-nji sentýabrda
ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini
nygtady. Şu mynasybetli döwrebap bilim edaralarynyň, okuw mekdepleriniň,
çagalar baglarynyň birnäçesi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berler, şeýle hem
birnäçe okuw mekdepleriniň täze binalarynyň düýbi tutular.
Baýramçylyk
dabaralary ähli bilim işgärleriniň, geljegimiz bolan ýaşlarymyzyň durmuşynda
ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlardyr. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýdyp,
ylmyň we bilimiň adamyň durmuş ýolunda üstünlik hem-de abraý getirýän
gymmatlyklardygyny belledi. Şoňa görä-de, ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä
ülňülerine we öňdebaryjy tejribelere laýyk ösdürmek möhüm wezipedir. Ýaş
nesilleri milli hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, olara
döwrebap bilim bermek döwletimiziň alyp barýan bilim syýasatynyň baş
maksadydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu
ulgam geljekde hem yzygiderli ösdüriler we kämilleşdiriler.
Döwlet
Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary, şeýle hem bilim işgärlerini, bagtyýar
ýaşlarymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy
bilen tüýs ýürekden gutlap, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň
mejlisini jemledi we hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, zähmetde, okuwda
uly üstünlikleri arzuw etdi.