Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň
taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň alyp barýan kanun çykaryjylyk işi barada
maglumat berdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygy
kämilleşdirilýär. “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip
çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary milli kanunçylyga girizmek boýunça kanun
taslamasy taýýarlanylýar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde 20-nji aprelde geçirilen Halk Maslahatynyň
mejlisiniň, şeýle hem Halk Maslahatynyň döredilmeginiň, onuň işiniň
taryhy-syýasy ähmiýetini ilat arasynda giňden wagyz etmek hem-de düşündirmek
maksady bilen, welaýatlarda, paýtagtymyzda deputatlaryň gatnaşmagynda
maslahatlar guraldy.
Şeýle-de
Tailand Patyşalygynyň we Gruziýanyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçileri bilen geçirilen duşuşyklaryň netijeleri barada maglumat
berildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde BMG-niň Ösüş
maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili bilen duşuşyk geçirildi.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen
bilelikde şu ýylyň 16-njy maýynda Aşgabatda geçiriljek “ÝHHG-niň çäginde
howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly
Merkezi Aziýa sebitleýin maslahatyna we şu ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilmegi
meýilleşdirilen ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyk barada hem habar
berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamynyň
mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, öňde boljak
çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň
“Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda” Kararynyň
taslamasyny taýýarlamak boýunça tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen
geçirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu resminamada
ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, häkimlikleriň döwletimiziň
baş maliýe meýilnamasyny düzmek üçin hasabatlary taýýarlamagynyň anyk
möhletleri we tertibi kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy
hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, pudaklaryň okgunly ösüşini üpjün etmek hem-de
ähli ulgamlarda meýilnamalaýyn tabşyryklary ýerine ýetirmek üçin netijeli
çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen
Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu
resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew gözegçilik edýän toplumynda alnyp
barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika
toplumynyň önümçilik kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak
boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, pudaklaýyn düzümleri yzygiderli
döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de hödürlenen resminama gol
çekip, ony sanly ulgam arkaly iberdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary A.Begliýewi, başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän
wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz bu wezipä B.Amanowy belläp, ony
döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatdy.
Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bu
konserniň başlygynyň orunbasary M.Babaýew bellenildi.
Döwlet
Baştutanymyzyň Permany bilen, A.Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz
meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenildi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň
welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň gowaça ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär.
Hususan-da, birinji hatarara bejergi we ýekelemek, otag etmek, ekinleri mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem bugdaýyň bol
hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu
işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar.
Galla
oragynyň başlanmagyna çenli kabul ediş nokatlarynyň 152-sini doly taýýarlamak
üçin degişli çäreler geçirilýär. Şu ýyl galla oragynda galla orujy kombaýnlaryň
2 müň 62-sini peýdalanmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda göçme ussahanalar,
beýleki zerur enjamlar hem-de awtoulaglar bilen üpjün edilen sazlaýyş-abatlaýyş
toparlarynyň 417-si döredildi. Kabul ediş nokatlaryna, elewatorlara we
ammarlara bugdaý hasylyny bökdençsiz daşamak üçin awtoulaglaryň 10 müň 310-syny
herekete girizmek göz öňünde tutulýar. Olar gije-gündizleýin tertipde
işlediler. Meýdan düşelgelerinde gallaçylaryň dynç almagy üçin ähli şertler göz
öňünde tutulandyr. Şeýle hem pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine
ýetirmek ugrunda zerur çäreleriň görülýändigi barada habar berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň alnyp barlyşyna we depginlerine ünsi çekdi hem-de bu işleriň
agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmelidigi, galla oragy möwsümine
talabalaýyk taýýarlyk görülmelidigi babatda wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Şeýle
hem wise-premýer mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
«Türkmenistanda 2023-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça
çäreler hakynda» Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizde oba hojalyk pudagynyň
ähmiýetini belledi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk
derejede, gysga möhletde geçirmegi, şol sanda ýetişdirilen galla hasylyny
ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli tagallalary etmegi, wise-premýere bu meseleleri
berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol
çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu resminamanyň
talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada görkezmeleri berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow paýtagtymyzyň
şähergurluşyk-binagärlik keşbini mundan beýläk-de özgertmek, şäher ýaşaýjylary
üçin has amatly durmuş we dynç alyş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly
şähergurluşyk syýasaty netijesinde ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat ýaşamak,
işlemek hem-de medeniýetli dynç almak üçin iň amatly şäherleriň birine, halkara
derejeli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülýär. Muňa türkmen paýtagtyny
ösdürmegiň dürli tapgyrynda gurlup ulanmaga berlen binalardyr desgalaryň
ýüzlerçesi aýdyň şaýatlyk edýär.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ilatymyzyň ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary
bilen üpjün edilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň
biri bolup durýandygyny belledi.
Soňra
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň şäherlerini, şol sanda özboluşly
binagärlik çözgütlerini peýdalanmagyň mysaly hökmünde paýtagtymyz Aşgabady
toplumlaýyn gurmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada
hasabat berdi. Hususan-da, täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň bellenilen
tertipde ylalaşylan taslamasynyň meýilnamasy we çyzgysy taýýarlanyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň hemmetaraplaýyn
ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini belledi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmen halysynyň
baýramy mynasybetli geçiriljek çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde 28-nji maýda Türkmen halysynyň milli
muzeýinde önümçiligiň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy geçiriler. Milli
halyçylyk sungatyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde bitiren hyzmatlary üçin
hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp,
olara “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly atlar dakylar.
Paýtagtymyzda “Türkmeniň halysy — türkmeniň kalby” atly türkmen
halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýetiniň XXIII mejlisini, şeýle hem ýurdumyzyň
medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertini geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu täsin sungatyň
halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip gelinýän milli
buýsanjydygyny belledi hem-de meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk
derejesiniň üpjün edilmegi babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa her ýylyň 18-nji maýynda giňden
bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni
mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Şanly
sene mynasybetli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň welaýatlarynda maslahatlary,
sergileri, duşuşyklary we beýleki baýramçylyk çärelerini geçirmek göz öňünde
tutulýar. Aşgabatda Konstitusiýa binasyna we Türkmenistanyň Baş baýdagyna gül
goýmak dabarasy, sungat ussatlarynyň konserti geçiriler.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, täze taryhy eýýamda Esasy Kanunymyzyň we ýaşyl
tugumyzyň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň,
jebisliginiň, onuň parahatçylyk we ynsanperwerlik taglymlaryna üýtgewsiz
ygrarlydygynyň nyşany bolup durýandygyny nygtady. Bu mizemez ýörelgeler
döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň içeri we daşary
syýasatynda öz beýanyny tapýar.
Döwlet
Baştutanymyz bu baýramyň jemgyýetimizi jebisleşdirmekde, ýaşlary watansöýüjilik
ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýetini belläp, wise-premýere ähli
meýilleşdirilen dabaralara taýýarlygyň we olary geçirmegiň ýokary guramaçylyk
derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 2022-2023-nji okuw ýylynyň
tamamlanmagy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli çäreleri hem-de
umumybilim berýän mekdepleriň uçurymlary üçin «Soňky jaň» dabaralaryny
geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Däp
bolşy ýaly, baýramçylyk dabaralary paýtagtymyzdaky Garaşsyzlyk binasyna hem-de
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde
oturdylan Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak çäresi bilen
başlanar. Şol gün ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde “Ýurdumyz berkarar,
gadamymyz batly — Arkadag Serdarly ýaşlarymyz bagtly!” atly şygar astynda
baýramçylyk dabaralary guralar. Has tapawutlanan uçurymlara Türkmenistanyň
Prezidentiniň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar
gowşurylar.
25-nji
maýda agşam Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada medeniýet we
sungat ussatlarynyň konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem dabaralar
ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
meýilleşdirilen ähli dabaralaryň aýratyn ruhubelentlik hem-de şadyýanlyk
ýagdaýynda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň möhümdigine ünsi
çekdi we wise-premýere, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň 3-4-nji maýynda
Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we
ösüş — 2023” atly II halkara maslahatyň we serginiň jemleri barada hasabat
berdi.
Foruma dünýäniň 45 ýurdundan 800-den gowrak
wekiliň gatnaşandygy, 100-e golaý duşuşygyň geçirilendigi hem-de ikitaraplaýyn
we köptaraplaýyn resminamalaryň 26-syna gol çekilendigi barada habar berildi.
Iri halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň döwlet düzümleriniň, ugurdaş ulgamyň
iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen geçirilen duşuşyklaryň
barşynda biziň ýurdumyzyň halkara ylalaşyklara goşulmagy, üstaşyr ulag
geçelgelerini ösdürmek, milli ulag ulgamyny netijeli peýdalanmak meselelerine
aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
halkara maslahatyň we serginiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, onuň jemleriniň
netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, köpugurly üstaşyr ulag hem-de
logistika düzümlerini döretmek boýunça möhüm ulag taslamalaryny durmuşa
geçirmegiň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga ýardam berjekdigini belledi
hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurdaky toplumlaýyn işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemlerini jemläp,
şu gün birnäçe möhüm meselelere garalandygyny, milli ykdysadyýetimiziň
pudaklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň kabul edilendigini
belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini tamamlap, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we Garaşsyz Watanymyzyň
mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.