Şu
gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň
Prezidenti Wladimir Putiniň 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda
gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere
hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga iberen çakylygy boýunça iş sapary bilen
Russiýa Federasiýasyna ugrady.
Ozal
habar berlişi ýaly, bu çakylyk iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň arasynda
7-nji maýda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde beýan edildi.
Ikitaraplaýyn
we köptaraplaýyn görnüşde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de
ösdürmegiň geljekki ugurlary söhbetdeşligiň esasy meseleleriniň biri boldy.
Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýunynda
Russiýa Federasiýasyna amala aşyran ilkinji resmi saparynyň çäklerinde
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy
çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekilmeginiň ähli ugurdaky gatnaşyklaryň
has-da ösdürilmegine kuwwatly itergi berýändigi bellenildi.
Iki
ýurduň arasynda däp bolan dostluk we birek-birege ynanyşmak esasynda ýola
goýlan gatnaşyklaryň taryhy ýüzýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýär. Şonuň
esasynda iki ýurduň hyzmatdaşlygy häzirki döwürde üstünlikli ösdürilýär. Ikinji
jahan urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş umumy taryhyň möhüm sahypalarynyň biri
bolup durýar. Ol söweş meýdanlarynda egin-egne berip, mertlerçe söweşen we
geljek nesilleriň parahatçylykly, bagtyýar durmuşyny goran köp sanly halklaryň
umumy mirasydyr we buýsanjydyr. Hormatly Prezidentimiziň Beýik Ýeňşiň hormatyna
guralýan bu gezekki dabaralara gatnaşmagynyň häzirki nesliň hakydasynda baky
saklanan azat edijileriň edermenligine çuňňur hormatyň nyşany hökmünde kabul
edilýändigini bellemek gerek.
Aşgabadyň
Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary
ugratdylar.
...Birnäçe
wagtdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Russiýa Federasiýasynyň
paýtagtynyň “Wnukowo-2” howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli türkmen
myhmanyny resmi adamlar garşyladylar.
Soňra
hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Kremliň ýanyna geldi. Kremliň
“Tugraly” zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa
Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.
Hormatly
Prezidentimiz baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen
wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde Gyzyl meýdanyň merkezi münberine
tarap ugrady. Belent mertebeli myhmanlar bu ýerden dabaraly harby ýörişi
synladylar.
Onlarça
ýylyň geçendigine garamazdan, Watan goragyna giden gahrymanlaryň edermenligi
nesilleriň hakydalarynda we ýüreklerinde hemişelik orun aldy. Olar Watan
goragçylarynyň batyrlygynyň, gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýärler. Bu nurana
bahar günleri weteranlaryň orden-medallarynyň şyňňyrdysyna beslenip, gussaly
hem-de buýsançly baýramyň ähmiýetini artdyrýar. Onýyllyklar geçse-de, şol
gazaply uruş ýyllarynda çekilen agyr ýitgileriň yzasy duýulýar. Dünýä halklary,
şol sanda türkmen halky hem agyr ýatlamalary kalplarynda göterýär.
Ýeňşe
bolan beýik ynam müňlerçe türkmenistanlyny faşizme garşy beýleki doganlyk
halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, bilelikde söweşmäge jebisleşdirdi.
Onda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň beýik nusgasy görkezildi. Şolaryň hatarynda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasynyň we türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň bolandygyny ýatlamak gerek. Onuň
durmuş ýoly täze taryhy eýýamda ýaşlar üçin watansöýüjiligiň, harby we raýatlyk
borja wepalylygyň beýik nusgasyna öwrüldi.
2020-nji
ýylda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli
dabaralaryň guralýan pursatlarynda 2-nji ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk
diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy Russiýadan
Türkmenistana getirildi. Şol baýdagyň astynda edermen we gaýduwsyz esger
Berdimuhamet Annaýew söweşipdir. Sowet esgerleriniň gaýduwsyzlygynyň we
deňsiz-taýsyz edermenliginiň aýdyň nyşanyna öwrülen bu gymmatlyk hem-de Watan
ugrundaky söweşde görkezen şahsy edermenligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy, Beýik
Watançylyk urşy ýyllarynda harby borjuny birkemsiz ýerine ýetiren Berdimuhamet
Annaýewiň mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — “Edermenligi
üçin” medaly “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda hemişelik saklamak üçin
berildi. Munuň özi türkmen halkynyň umumy Ýeňşiň hormatyna çeken
kynçylyklarynyň taryhy hakydasyna öwrüldi.
2010-njy
ýylda bolsa Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygynyň baýram
edilýän günlerinde Moskwanyň Gyzyl meýdanynda guralan dabaraly harby ýörişe
diňe bir Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly Güýçleriniň däl, eýsem, 1941 —
1945-nji ýyllaryň gazaply söweşlerine gatnaşan beýleki halklaryň hem harby
gullukçylary gatnaşdylar. Söweş meýdanlarynda bolşy ýaly, tylda hem edermenlik
görkezen Türkmenistan Ýeňşe mynasyp goşandyny goşdy. Dabaraly harby ýörişe
ýurdumyzyň Hormat garawuly rotalarynyň harby gullukçylary gatnaşdylar. Şonda
Gyrat atly ahalteke bedewine atlanan türkmen ýigidi esgerleriň dabaraly
ýörişiniň öňüni çekdi. Bu bedewiň türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň
aty bilen atdaş bolmagynda çuňňur many bar. Taryhdan belli bolşy ýaly, Sowet
Soýuzynyň marşaly Georgiý Žukow 1945-nji ýylda Arap atly ahalteke bedewinde
ilkinji Ýeňiş ýörişini kabul etdi.
Türkmen
halkynyň milli gymmatlygy we buýsanjy bolan ahalteke bedewleri köp asyrlaryň
dowamynda gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň wepaly dostlaryna, ýakyn hemralaryna
öwrüldiler. Ikinji jahan urşy ýyllarynda 97-nji we 98-nji türkmen atly
diwiziýalary döredildi. Olaryň esgerleri iň bir gazaply söweşlere gatnaşyp,
gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezdiler. Gaýduwsyz atly ýigitler
Stalingraddan Berline çenli bolan söweş ýoluny geçdiler. Olaryň köpüsi söweşjeň
ordenler we medallar bilen sylaglandylar. 78 ýylyň geçendigine garamazdan, şol
ýyllaryň gahrymançylykly taryhy, watandaşlarymyza bolan buýsançly ýatlamalar
ýüreklerimizde hemişelik orun aldy.
Bu
gün şol gazaply uruşda Beýik Ýeňşi gazanan weteranlary hormatlaýarys, olaryň
edermenliginiň öňünde baş egýäris. Weteranlar mähriban topragymyzy faşizmden
azat etmek ugrunda janlaryny gaýgyrman söweşdiler. Beýik Ýeňşiň hormatyna baş
goýan edermen esgerler, olaryň hatarynda mertlerçe söweşen türkmen topragynyň
edermen ogullary hakyndaky hakydanyň hormatyna bir minutlyk dymyşlyk yglan
edilýär.
Soňra
şanly sene mynasybetli Moskwanyň Gyzyl meýdanynda şöhratly pederlerimiziň
asylly ýörelgesini dowam etdirýän harby gullukçylaryň dabaraly ýörişi boldy.
Olar özlerine bildirilen hormata buýsanyp, dabara gatnaşyjylaryň öňünden belent
ruh bilen geçdiler.
Köpýyllyk
taryhyň dowamynda Ýeňiş baýramy birnäçe dessurlary we nyşanlary özünde jemledi.
Olar şu günler hem dürli nesilleri we halklary baglanyşdyrýan nurana, şol bir
wagtyň özünde-de, gussaly baýramyň esasy nyşanlarynyň birine öwrüldi.
Dabaraly
harby ýöriş tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary Kreml diwarynyň ýanyndaky
Aleksandrow bagyna tarap pyýadalap ugradylar. Bu ýerde Näbelli esgeriň guburyna
gül goýmak çäresi boldy.
Gussaly
saz astynda dostlukly ýurtlaryň Liderleri 2009-njy ýylyň noýabr aýynda
“Söweşjeň şöhratyň umumymilli toplumy” derejesi berlen kaşaň binagärlik
toplumyna gül goýdular. Esgerler hem olaryň göreldesine eýerdiler.
Tutuş
adamzadyň parahat durmuşynyň we azatlygynyň goragyna giden hem-de 1941 —
1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolan
gahrymanlara hormatyň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyz Baky oda gül goýdy.
Gyzyl gülleriň reňki Ýeňiş baýdagynyň, söweş meýdanlarynda dökülen ganyň reňki
bilen sazlaşygy emele getirýär. Şeýlelikde, gyzyl güller geçen asyryň iň
gazaply urşunda wepat bolanlar hakyndaky nurana hakydanyň nyşanyna öwrülýär.
Toplumyň
öňünden Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly harby ýöriş bilen geçip
gidýärler.
Türkmenistanda
hem Russiýada bolşy ýaly, söweş meýdanlarynda janlaryny gaýgyrman, gaýduwsyzlyk
bilen söweşen esgerleriň hatyrasy belentde tutulýar. Tylda zähmet çekenler,
urşuň yzynda galan zenanlar-da aýratyn hormata mynasypdyrlar. Olar hernäçe agyr
hem bolsa, uzak garaşylan Ýeňşiň gazanylmagy ugrunda yhlasly zähmetlerini
gaýgyrmadylar. “Hemme zat front üçin, hemme zat Ýeňiş üçin!” diýen şygar
adamlaryň hakydasynda hemişelik galdy. Eneler, gelin-gyzlar we çagalar tylda
janlaryny aýaman zähmet çekdiler. Türkmenistanyň çäklerinde senagat edaralary
gije-gündiz işledi, harby hassahanalar ýaýbaňlandyryldy. Köp sanly okuw
edaralary biziň ýurdumyza göçürildi we oba hojalyk önümçiligi ep-esli
artdyryldy.
Gahryman
Arkadagymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow 12 ýaşynda — 1944-nji ýylda “Köp
ekeliň dänäni!” atly goşgusyny döredýär. Metbugat sahypasynda çap edilen goşgy
setirlerinde ýetginjek oglanyň Ýeňşiň hormatyna yhlasly zähmet çekmäge bolan
çagyryşy duýulýar.
Uruş
ýyllarynda türkmen zenanlarynyň Goranmak gaznasyna 7 müň 400 kilograma golaý
altyn we kümüş şaý-seplerini tabşyrmagy ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň baky
nusgasyna öwrüldi. Adamzadyň taryhynda iň bir gazaply uruşlaryň biriniň söweş
meýdanlarynda görkezen edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin watandaşlarymyzyň
müňlerçesi orden-medallar bilen sylaglandylar. Türkmenistanly esgerleriň ýüzden
gowragy bolsa “Gahryman” diýen belent derejä mynasyp boldular.
Watanymyzyň
azatlygyny we garaşsyzlygyny goramak ugrunda edermenlik görkezen pederlerimiziň
şöhraty baradaky ýatlamalar taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Olaryň
atlary watandaşlarymyzyň Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenligi baradaky
maglumatlary özünde jemleýän “Hatyra” hem-de “Şöhrat” atly neşirlerde
ebedileşdirildi.
Ýurdumyzda
1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň weteranlary döwlet tarapyndan aýratyn
üns-alada bilen gurşaldy. Mähriban topragyň edermen goragçylary bolan
gahrymanlary sarpalamak türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän gadymy däpleriniň
biri bolup durýar. Uruş weteranlaryny we şol ýyllarda yhlasly zähmet çekenleri
mynasyp durmuş derejesi bilen üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Weteranlar, tylda zähmet çekenler we urşuň
yzynda galan zenanlar üçin durmuş ýeňillikleri döredildi we olar üçin ähli
zerur şertler üpjün edildi. Her ýylda Beýik Ýeňşiň hormatyna uruş
weteranlaryna, urşuň yzynda galanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul
sylaglary we sowgatlar gowşurylýar.
1945-nji
ýylda gaýduwsyz söweşenleriň hormatyna Ýeňiş feýerwerki atylan we Ikinji jahan
urşunda biziň bagtyýar we abadan durmuşymyz ugrunda söweşen harby gullukçylaryň
hatary barha azalýar. Şeýle-de bolsa, ak sakgally gojalar ýurdumyzyň durmuşynda
möhüm ähmiýeti bolan çärelere işjeň gatnaşýarlar hem-de ýaş nesilleriň
watansöýüjilik, Watana wepaly gulluk etmek ruhunda terbiýelenmegine mynasyp
goşant goşýarlar. Olaryň söweşjeň, zähmet edermenligi Garaşsyz ýurdumyzda
halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepili boldy.
Urşuň
öňüniň alynmagy we parahatçylykly durmuşyň ähmiýeti hakynda dünýä halklaryna
gönükdirilýän çagyryş Türkmenistanyň amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilikli
syýasaty bilen bir bitewi sazlaşygy ýüze çykarýar. Munuň özi dünýä bileleşigi
tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň binýadyny
emele getirýär.
Şeýlelikde,
giňden dabaralandyrylan Ýeňiş güni nesilleriň aýrylmaz baglanyşygyny, türkmen
halkynyň parahatçylyga, ynsanperwerlige we döredijilige üýtgewsiz ygrarlydygyny
alamatlandyrýar.
Dabaraly
çäreler tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Moskwanyň “Wnukowo-2” howa menziline geldi we bu ýerden Aşgabada ugrady.
Birnäçe wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň
uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Howa menzilinde
hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar.