Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow britan tarapynyň çagyrmagy
boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň
Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin
iş sapary bilen Beýik Britaniýa ugrady.
Paýtagtymyzyň
Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Hormatly
Prezidentimiziň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň
Patyşasyna täç geýdirilmegi mynasybetli öňde boljak dabaraly çärelere
gatnaşmagy dostluk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändiginiň ýene bir aýdyň
subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Britaniýa
ilkinji sapary iki ýurduň hem netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly
ähmiýet berýändigini tassyklaýar.
Hormatly
Prezidentimiziň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen
Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýusia
Uaýld bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde bolan söhbetdeşliginde dürli
ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň
mümkinçilikleri özünde jemleýän hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti kanagatlanma
bilen bellenildi. Şunda taraplaryň köpýyllyk hyzmatdaşlyga hil taýdan täze
many-mazmun bermäge ygrarlydyklaryna aýratyn üns çekildi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa saparyň üstünlikli geçmegini arzuw edip,
diplomat Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk
Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä täç geýdirilmegi
mynasybetli öňde boljak dabaralara gatnaşmagynyň döwletara gatnaşyklaryň
taryhynda möhüm waka bolmak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
pugtalandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirjekdigini belledi.
Ýurdumyzyň
möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolan Beýik Britaniýa bilen diplomatik
gatnaşyklaryň 1992-nji ýylyň ýanwarynda ýola goýlandygyny nygtamak gerek. Şol
bir wagtyň özünde, Beýik Britaniýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň
dekabrynda geçirilen 50-nji sessiýasynda kabul edilen Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygy hakynda Kararnamany we ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli
syýasatyny, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen
döredijilikli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.
Beýik
Britaniýanyň Patyşasynyň maşgala agzalarynyň Aşgabada guran saparlary bu ýurduň
Türkmenistana uly üns berýändigini alamatlandyrýar. 1996-njy ýylda Uelsiň
Şazadasy Çarlz resmi sapar bilen ýurdumyza geldi. 2013-nji ýylyň noýabrynda
bolsa Ýork Gersogy Şazada Endrýu “Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda halkara
hyzmatdaşlyk: mümkinçilikler, ýetilen sepgitler, ileri tutulýan ugurlar” ady
bilen ýurdumyzda geçirilen halkara sergä we maslahata gatnaşdy. Şeýle hem
ýokary wezipeli wekilleriň, hususan-da, Beýik Britaniýanyň DIM-niň döwlet
ministri Tobias Elwudyň, Premýer-ministriň söwda boýunça wekili, parlamentiň
deputaty Çarlz Hendriniň, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan
boýunça söwda wekili baronessa Emma Nikolsonyň, Türkmen-britan söwda-senagat
geňeşiniň başlygy Ronald Neşanyň we beýlekileriň ýurdumyza amala aşyran
saparlary britan tarapynyň Türkmenistana bolan uly gyzyklanmalarynyň aýdyň
beýanydyr.
Häzirki
döwürde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak,
ynanyşmak we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça umumy garaýyş
ýörelgelerine esaslanýar. Döwletlerimiziň syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer
ugurda umumy bähbidi bar. Ýangyç-energetika, söwda ugurlary, bank ulgamy,
gurluşyk, ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, täzeçil tehnologiýalary
ornaşdyrmak, syýahatçylyk, sport, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş ýaly
ugurlar Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň
hatarynda durýar.
Beýik
Britaniýa Ýewropanyň söwda ulgamynyň öňdebaryjylarynyň hem-de iri maliýe
merkezleriniň biridir. Bu bolsa türkmen-britan gatnaşyklaryny netijeli ösdürmek
üçin oňyn mümkinçilikleri üpjün edýär. Beýik Britaniýa ägirt uly serişde we
ykdysady mümkinçilikleri bolan, durnukly ösýän ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň
berkidilmegine uly gyzyklanma bildirýär.
Türkmen-britan
söwda-senagat geňeşiniň alyp barýan işi döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde
aýratyn ähmiýetlidir. Onuň çäklerinde bilelikdäki işleriň esasy ugurlary
kesgitlenilýär. Ýokarda bellenilişi ýaly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek
üçin zerur şertler bar. Şunda türkmen bazarynda amatly maýa goýum ýagdaýy
döredildi. Ýurdumyzda maliýe we durmuş taýdan durnuklylyk üpjün edildi. Soňky
ýyllarda Türkmenistan ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi we
bazar gatnaşyklaryna geçmegi esasy ugur edinýär. Amala aşyrylýan toplumlaýyn
çäreleriň netijesinde jemi içerki önümiň ösüş depgininde uglewodorod däl
serişdeleriň we ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk pudagynyň paýy artýar.
Dürli pudaklarda giň möçberli özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Maýa
goýum işjeňligini saklamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny
tutýan önümçiligi, eksporty artdyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideriniň ýurdumyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak boýunça
başyny başlan işleriniň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda netijeli dowam etdirilmegi daşary ýurtlar
bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegini şertlendirdi. Şunda
öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary tehnologiýaly enjamlaryň ornaşdyrylmagyna,
innowasion önümçiligiň döredilmegine we sanlylaşdyrmaga möhüm üns berilýär.
Ýokary tehnologiýalary, harytlarydyr beýleki serişdeleri eksport edýän iri
döwlet bolan Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň bu ugurda toplan
ägirt uly tejribeleri Türkmenistanda iş ýüzünde amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň
Hökümetiniň alyp barýan maýa goýum syýasaty daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol
sanda Beýik Britaniýanyň işewürler toparlary bilen köpugurly işewürlik
gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegi üçin zerur bolan ykdysady, durmuş we
hukuk şertlerini üpjün edýär. Ýangyç-energetika pudagy türkmen-britan
hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ägirt uly uglewodorod serişdelerine
eýe bolan ýurdumyz ýangyç-energetika toplumyndaky halkara hyzmatdaşlygyň
işjeňleşdirilmegini esasy ugur edinip, sebitleýin hem-de ählumumy energetika
howpsuzlygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar. Himiýa senagaty, dokma
we ýeňil senagat ýaly pudaklardaky gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň
biridir. Bu pudaklaryň kärhanalarynda öndürilýän dürli görnüşli önümlere Beýik
Britaniýada uly gyzyklanma bildirilýär.
Şeýle
hem ählumumy durnukly ösüşiň esasy ugry hökmünde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň
durnuklylygyna oňyn täsirini ýetirýän ulag-kommunikasiýa ulgamy türkmen-britan
hyzmatdaşlygynyň esasy ugrudyr. Şunda ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen
bilelikde giň möçberli taslamalary amala aşyrmak arkaly sebitleýin we yklymüsti
möçberde garyşyk üstaşyr ulag düzümleriniň döredilmegine mynasyp goşant goşýar.
Bu ugurda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň logistik mümkinçilikleri nazara
alnanda, Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ägirt
uly geljegi açylýar. Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mejlislerinde Beýik
Britaniýanyň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň
we işewürlik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine bolan üýtgewsiz
gyzyklanmalary birnäçe gezek tassyklanyldy.
Ynsanperwer
ulgamdaky özara gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini bellemek gerek. Ýewropa
Bileleşiginiň “TEMPUS” maksatnamasynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň
Stratklaýd, Bornmut, Kowentri, Herriota we Uatta adyndaky uniwersitetleri
daşary ýurt dillerini öwrenmek we okatmak, terjime işini kämilleşdirmek boýunça
okuw maksatnamalaryny, usuly gollanmalary taýýarlamak ugrunda birnäçe
taslamalary durmuşa geçirmäge türkmen hünärmenlerine goldaw berýärler.
Syýahatçylyk, sport, oba hojalygy we bank ulgamy üçin işgärleri taýýarlamak
ugrunda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Bilelikdäki
tagallalar esasynda maksatnamalaryň onlarçasy durmuşa geçirildi.
ÝUNESKO-nyň
Aşgabatdaky edarasy we “Köýtendag” hem-de “Bathyz” döwlet goraghanalaryny
Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Beýik Britaniýanyň
guşlary goramak baradaky Patyşalyk jemgyýeti bilen türkmen hünärmenleriniň
bilelikdäki işleri ylmy ugur boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň üstünlikli
alnyp barylýandygyny görkezýär.
Türkmenistanyň
taryhy ýadygärlikleri, halkymyzyň özboluşly medeni mirasy Beýik Britaniýanyň
syýahatçylarynyň ýüzlerçesini ýylsaýyn özüne çekýär. Türkmenistanyň bu
dostlukly ýurtdaky ilçihanasy halkymyzyň däp-dessurlaryny, ýurdumyzyň taryhyny,
häzirki döwürde ýeten derejesini görkezýän dürli çäreleri guraýar. Bu bolsa britaniýalylaryň
biziň ýurdumyza bolan gyzyklanmalaryny artdyrýar.
Iki ýurduň arasynda sport ulgamy boýunça
hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Ýeri gelende aýtsak, Beýik
Britaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalary 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda
we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda
taýýarlyk işlerine işjeň gatnaşdylar.
Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek iki ýurduň
arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň wajyp şertini emele
getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisi bilen Beýik
Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Parlamentiniň
arasynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol
çekilendigini bellemek gerek.
Garaşsyz Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň
gatnaşyklarynyň 30 ýyldan gowrak taryhynyň dowamynda iki ýurduň halklary üçin
taryha, medeniýete we däp-dessurlara degişli köp sanly gyzykly sahypalar açyldy.
Dürli ugurlar boýunça ýola goýlan köpýyllyk hyzmatdaşlyk ýurtlarymyzyň
birek-biregi ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde ykrar edýändiginiň
aýdyň beýanyna öwrüldi. Bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagy, iki ýurduň
maýa goýum mümkinçilikleri ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan
beýläk-de ösdürilmegine ýardam edýär.
...Birnäçe
sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary London şäheriniň “Stansted”
Halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Beýik
Britaniýanyň Patyşasynyň ýörite wekili Çarlz Anderson, ýurduň
Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili baronessa Emma Nikolson
we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Howa
menzilinden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni
sapar mahalynda özi üçin niýetlenen kaşaň “The Biltmore Mayfair”
myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhana tarap ugrady.
Günüň
ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Bukingem köşgüne tarap
ugrady.
Beýik
Britaniýa Patyşalygynyň Bukingem köşgüniň merkezi girelgesiniň ýanynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylanyldy.
Beýik
Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl
III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasy mynasybetli resmi kabul edişligiň
dowamynda hormatly Prezidentimiz Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III-ni
Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan täç
geýdirmek dabarasy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň arasyndaky
hyzmatdaşlygyň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi we iň
gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Öz
gezeginde, Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III Türkmenistana bolan saparyny
ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de Beýik Britaniýa bilen
Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljekde-de
ilerlediljekdigini belläp, döwlet Baştutanymyza, ähli türkmen halkyna iň gowy
arzuwlaryny aýtdy.
Bu
çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sapar
mahaly özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.
Hormatly
Prezidentimiziň Beýik Britaniýa iş sapary dowam edýär.