Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.
Onda wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi we şu ýylyň birinji çärýeginde
ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň
ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň üç aýynda ýerine
ýetiren işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň
Kanunlarynyň 9-sy, Mejlisiň kararlarynyň 8-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda
“Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny
döretmek hakynda”, şeýle hem energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli
peýdalanmak, gidrometeorologiýa işi, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk
Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda
Ylalaşygy tassyklamak bilen baglanyşykly Kanunlar bar. Şunuň bilen birlikde,
hukuk namalarynyň birnäçesi kämilleşdirildi. Häzirki wagtda iş toparlarynda
dürli ulgamlarda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge gönükdirilen
kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar.
Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek
maksady bilen, ýylyň başyndan bäri 11 duşuşyk geçirildi, şol sanda daşary
ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç
hatlarynyň 4-si kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, milli parlamentiň
deputatlarynyň we hünärmenleriniň kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek,
döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara
guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 25-sine gatnaşandyklary barada
habar berildi. Mejlisiň wekilleri daşary ýurtlara iş saparlarynyň 7-sini amala
aşyrdylar. Şu döwürde Mejlisde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň
parlament ýolbaşçylarynyň “Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament
hyzmatdaşlygynyň orny” atly birinji duşuşygy geçirildi. Deputatlar döwlet
syýasatynyň esasy ugurlaryny, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän
başlangyçlarynyň ähmiýetini, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine
düşündirmek, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek boýunça geçirilen
dürli çärelere gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
döwletimiziň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp
barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Hasabat döwründe käbir kanunçylyk
namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we kanunçylygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda
yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow 2024-nji ýylyň birinji çärýeginiň makroykdysady görkezijileri
barada hasabat berdi.
Şu döwürde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň
durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň görülmegi
jemi içerki önümiň durnukly ösüşini saklamaga ýardam etdi. 2023-nji ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 8,8 göterim artdy. Şu
ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, 11 göterim ýokarlandy. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň
birinji çärýeginde Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,9 göterim, çykdajy
bölegi bolsa 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta
kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä,
10 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary,
pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň
ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa
goýumlaryň möçberi, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 25,3
göterim artdy.
Wise-premýer
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hem
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe gurluşyk we durkuny täzelemek
işleri göz öňünde tutulan jemi 370 desganyň 20-sinde gurluşyk işleri
tamamlandy, 207-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar we galan
desgalarda taýýarlyk işleri dowam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçen üç aýda gazanylan üstünliklere esaslanyp,
geljekde-de jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagyň, önümçilik
pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli çäreleri görmegiň
wajypdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, Döwlet býujetiniň girdejiler
meýilnamasyny doly ýerine ýetirmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, býujet
serişdeleriniň tygşytly we maksatlaýyn harçlanmagyna berk gözegçilik etmegiň
zerurdygy bellenildi. Ykdysadyýet, maliýe we bank ulgamynyň işini yzygiderli
kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet bermek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy
we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlarynda
2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Şu
ýylyň birinji çärýeginde “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti
çykarmagyň meýilnamasy 102,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,1
göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, polipropilen
öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy hem
100 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 109,4
göterime deň boldy. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan
işlemegiň meýilnamasy 102,1 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem nebit we gaz
kondensatyny, tebigy we ugurdaş gazy çykarmakda, mawy ýangyjy daşary ýurtlara
ibermekde gazanylan tehniki ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň, tebigy gazyň çykarylyşyny,
eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça degişli işleri dowam etdirmegiň
wajypdygyna ünsi çekdi. Önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli ulanyp, nebiti
gaýtadan işlemegiň, nebit önümlerini öndürmegiň meýilnamalaryny doly ýerine
ýetirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere birnäçe
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda
şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de
welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, oba hojalyk toplumynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
önümçiligiň ösüş depgini 121,4 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk
ministrligi boýunça 145,4 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça
117,5 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 137,1 göterime,
“Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 102,1 göterime, “Türkmengallaönümleri”
döwlet birleşigi boýunça 196,5 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi
boýunça 110,7 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 112,7 göterime,
Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 132 göterime,
“Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,5 göterime barabar boldy. Maýa
goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 270,9 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki
wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri, gowaça ekişi agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Owlak-guzy, köşek almak boýunça
möwsümleýin işler guramaçylykly dowam etdirilýär. Oba hojalyk tehnikalaryny
netijeli ulanmak boýunça degişli çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatlarda
ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler
bilen ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça degişli işleriň
geçirilýändigi aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý ekilen meýdanlarda
ideg işlerini netijeli alyp barmagyň, gowaça ekişini hem agrotehniki möhletlerde,
ýokary hilli tamamlamak üçin ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Şunda
maldarçylykda owlak-guzy almak boýunça möwsümleýin işlere-de jogapkärli
çemeleşmegiň wajypdygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz ýeralmanyň, gök-bakja
ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça işleri netijeli dowam
etdirmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary
ornaşdyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda işleri
netijeli alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlary
hem-de Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan 2024-nji ýylyň ýanwar — mart
aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Şu
ýylyň birinji çärýeginde gurluşyk-senagat toplumynda öndürilen önümleriň we
işleriň meýilnamasy 121,8 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Gurluşyk
we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 107,3
göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 102,7 göterim,
Energetika ministrligi boýunça 114,4 göterim berjaý edildi. Elektrik
energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 100,8 göterime barabar boldy. Ýylyň
başyndan bäri “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň we
ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 152,8 göterim, Awtomobil ýollarynyň
gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça meýilnama 115,1
göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça meýilnama 113 göterim ýerine
ýetirildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda senagat we gurluşyk toplumyna degişli
birnäçe iri desgalaryň, ýaňy-ýakynda bolsa Köýtendag etrabynda ýylda 1 million
tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň işe girizilendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Bäherden sement zawodynyň gurluşygynyň hem
tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny, bu desgalaryň gurulmagynyň Diýarymyzy
ykdysady taýdan ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Hormatly
Prezidentimiz gurluşyk we senagat toplumy boýunça öndürilýän önümleriň
möçberini has-da artdyrmak üçin degişli işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny
belläp, wise-premýere täze kärhanalary işe girizmek, önümçilik kuwwatlyklaryny
netijeli peýdalanmak, meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur
çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda we dokma toplumynyň
ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň telekeçilik ulgamynyň
2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri
barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça, geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüş depgini
103,8 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 101,4 göterime, Dokma senagaty
ministrligi boýunça nah matalaryň önümçiligi 106,5 göterime, tikin we trikotaž
önümleriniňki 103,3 göterime, gön önümleriňki hem 109,5 göterime deň boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy
104,6 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýylyň
başyndan bäri birža söwdalarynyň 74-si geçirilip, 6 müň 867 şertnama hasaba
alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň
ösüş depgini 108,3 göterim ýerine ýetirilip, sergileriň 3-si, maslahatlaryň
30-sy geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň üç
aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,6 göterime,
senagat önümleriniňki 107,2 göterime barabar boldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda we
söwda nokatlarynda azyk önümleriniň hem-de ilat üçin ilkinji nobatda zerur
bolan beýleki harytlaryň üpjünçiligini hemişe üns merkezinde saklamagyň
möhümdigini belledi we dokma kärhanalaryny netijeli dolandyrmak, öndürilýän
dokma önümleriniň görnüşlerini, möçberini artdyrmak boýunça zerur işleri
geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bu
ugurda degişli tabşyryklar berildi. Döwlet Baştutanymyz birža söwdalaryna
halkara tejribede ulanylýan söwda usullaryny giňden ornaşdyryp, Döwlet
haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işlerini döwrebap guramagyň
möhümdigini aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu
ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Milli bahar baýramy —
Halkara Nowruz güni, milli senenamamyzyň şanly seneleri mynasybetli
maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler, wagyz-nesihat çäreleri,
aýdym-sazly dabaralar, çeper we dokumental filmleriň görkezilişi boldy. Şunuň
bilen bir hatarda, ozal yglan edilen bäsleşikleriň jemleri jemlenildi,
ýeňijileri sylaglamak dabaralary guraldy. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde
türkmen hünärmenleri daşary ýurtlaryň birnäçesinde, şol sanda Ermenistanda we
Fransiýada iş saparynda boldular.
Änew
şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan
edilmegi mynasybetli TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda
konsert, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergileri,
fotosergiler, döwlet we milli muzeýleriň ýolbaşçylarynyň forumy guraldy. Şu
ýylyň birinji çärýeginiň esasy çäreleriniň hatarynda “Türkmenistanda
syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara
maslahaty hem-de “Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi” atly
metbugat maslahatyny görkezmek bolar.
Şeýle
hem hasabat döwründe teatrlaryň, kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň,
kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han
adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar
agentliginiň ýerine ýetiren işleri barada aýdyldy. Ýurdumyzda hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler we amala aşyrylýan
özgertmeler köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda
“Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere
badalga bermek dabarasynyň guramaçylykly geçirilendigini belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz geljekde-de meýilleşdirilen çäreleri ýokary
derejede guramak üçin degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz wise-premýere beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy
taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ulgamlarynda
şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli ýaş nesilleri terbiýelemäge, okatmagyň
usulyýetini kämilleşdirmäge, okuw kitaplarydyr gollanmalaryň mazmunyny
baýlaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Halkara ders we
internet bäsleşiklerinde ýokary netijeler gazanyldy. Dürli bilim, döredijilik
bäsleşikleri, olimpiadalar, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV
Açyk halkara matematika olimpiadasy guramaçylykly geçirildi. Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününe gabatlanyp, Arkadag şäherinde guralan
mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy hem möhüm ähmiýetli waka
boldy.
Şu
ýylyň birinji çärýeginde ylym ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Hormatly
Prezidentimiziň Karary bilen, “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi döredildi.
Doktorlyk, kandidatlyk dissertasiýalary goralyp, ylmyň ugurlaryna aspirantlary,
doktorantlary kabul etmek, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak
boýunça işler ýerine ýetirildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygyna bagyşlanan çäreler, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň
medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Gadymy Änew medeniýeti”
atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli operasiýalar edildi. Bu gaznanyň
döredilen güni mynasybetli “Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige
esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň
nusgalyk tejribesi” atly maslahat geçirildi.
Hasabat
döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça işler hem dowam etdirildi.
Iýul aýynda geçiriljek Olimpiýa hem-de awgust-sentýabr aýlarynda geçiriljek
Paralimpiýa oýunlaryna milli ýygyndy toparlarymyzy taýýarlamak işleri alnyp
baryldy. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, hokkeý boýunça halkara
ýaryşy geçirmek üçin degişli işler amala aşyryldy. Türkmen türgenleri halkara
sport ýaryşlarynda jemi 97, şol sanda 34 altyn, 29 kümüş, 34 sany bürünç medala
mynasyp boldular.
Özara
tejribe alyşmak, hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, bilim, ylym,
saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň wekilleri daşary ýurtlara ugradyldy.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim, ylym,
saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda netijeli işleriň alnyp
barlandygyny belledi. Ýokary bilim ojaklarynda, orta mekdeplerde halkara
olimpiadalar guramaçylykly geçirildi. Hormatly Prezidentimiz mekdep
okuwçylarynyň we talyplaryň halkara bäsleşiklerde, olimpiadalarda gazanan
üstünlikleriniň ýurdumyzda bilim özgertmeleriniň rowaçlanýandygyny aýdyň
görkezýändigini aýdyp, ýaşlaryň arasynda geçirilýän bu halkara çäreleri
geljekde-de dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz mekdep
okuwçylaryny, talyplary we beýleki ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine endik
etdirmek üçin degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, bu
babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap
Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet
Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini çözmek we ozal beren tabşyryklaryny
ýerine ýetirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi tarapyndan şu ýylyň
birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan netijeli halkara hyzmatdaşlyk ugruna
berk eýermek bilen, ýurdumyz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde,
halkara guramalaryň çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk
gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 4-5-nji
ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine, 1-nji martda
bolsa üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe
Respublikasyna saparlary amala aşyrandygy bellenildi. Mundan başga-da, 4-5-nji
aprelde Gahryman Arkadagymyz Täjigistan Respublikasynda resmi saparda bolup,
Prezident Emomali Rahmon bilen gepleşikleri hem-de birnäçe ikitaraplaýyn
duşuşyklary geçirdi.
Hasabat
döwründe hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz
Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri bilen telefon arkaly
gepleşikleri geçirdi.
Daşary
ýurt wekiliýetleriniň ýanwar — mart aýlarynda ýurdumyza bolan saparlary,
Türkmenistanyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary
hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Şu
ýylyň birinji çärýeginde dürli derejedäki, şol sanda sanly ulgam arkaly
duşuşyklardyr gepleşikleriň birnäçesi geçirildi. Türkmenistanyň halkara
hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üsti 61 sany resminama bilen ýetirildi.
Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak Watanymyzyň daşary
syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu ugurda degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň özüniň oňyn
Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, ählumumy abadançylyga gönükdirilen
daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Ýurdumyzyň Bitaraplyk, parahatçylyk
söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty dünýäniň ähli döwletleri,
halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy
hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň dünýä we sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary
işjeňleşdirmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini nygtap,
wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew
şu ýylyň geçen üç aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe şu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini
118,1 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary
arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 105,4 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş
depgini 101,7 göterime barabar boldy. Ýanwar — mart aýlarynda
«Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş
depgini 104,2 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 110,2 göterime,
«Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 164,7 göterime,
«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 121,4 göterime,
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 111 göterime deň boldy.
Hasabatyň
dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti
ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça
geçirilýän işler barada hem aýdyldy. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde
ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň
gurluşygynyň dowam edýändigi barada habar berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we ýük
dolanyşygyny ösdürmek, ýurdumyzyň halkara üstaşyr ulag mümkinçiligini doly
ulanmak boýunça netijeli işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň wajypdygyny
nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu
ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen
maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi.
Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly
saklanyp gelýär. Bu görkeziji senagat pudagynda 4,7, ulag we aragatnaşykda 6,6,
hyzmatlar ulgamynda 7,6, söwda ulgamynda 8,2 göterim, oba hojalyk pudagynda
bolsa 4,1 göterim boldy. Zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyryldy.
Ýurdumyzda
iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş
jaýlarynyň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň,
beýleki desgalaryň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Ylym we bilim ulgamlarynda
özgertmeler kabul eden meýilnamalarymyza laýyklykda alnyp barylýar diýip,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny amala
aşyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylyň
aprel aýynda ýurdumyzda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralarynyň, birnäçe
halkara çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz öňümizdäki çärelere talabalaýyk taýýarlyk görmegiň we olaryň
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz 7-nji aprelde
ýurdumyzda Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilip geçilýändigini aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge
aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda uly özgertmeler üstünlikli durmuşa
geçirilýär. Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň belent
ýörelgelerini dabaralandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn
orun tutýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Ministrler Kabinetiniň
agzalaryny hem-de ähli halkymyzy bu baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ministrler Kabinetiniň agzalary hormatly
Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyza Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden
gutlaglaryny beýan etdiler hem-de döwlet Baştutanymyza we Milli Liderimize berk
jan saglyk, uzak ömür, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.