Hukuklary bellige aldyrmaklyk üçin gerekli resminamalar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

  04.09.2023ý.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işlere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatyň oba hojalyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalaryny, pagta ýygyjy kombaýnlary we pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglary möwsüme taýýarlamak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň welaýatda 9-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata bermegi mynasybetli çäräni ýokary derejede geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekişinde ulanyljak ekiji gurallary we oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek, gallaçy daýhanlarymyzy ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Bugdaý ekişine başlamak mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär. Welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar.

Mundan başga-da, häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, beýleki maksatly binalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri, bu baýram mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek, pagta ýygymy möwsümine doly taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, häkime Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary S.Çopanowy etrabyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatdy hem-de Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesine R.Jumaýewi belläp, degişli resminamalara gol çekdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bugdaý ekişinde ulanyljak ekiji gurallary we beýleki oba hojalyk tehnikalary ekişe taýýar edilip, gallaçy daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmekde degişli çäreler alnyp barylýar. Güýzlük bugdaý ekişine dabaraly ýagdaýda başlamak üçin taýýarlyk işleri geçirildi. Bu işler bilen birlikde, pagta ýygymy möwsümine hem taýýarlyk görülýär. Welaýatyň pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalary, kombaýnlar ýygym möwsümine taýýarlanylýar. Hormatly Prezidentimiziň pagta ýygymyna ak pata bermegi bilen, ýygyma girişmek boýunça dabaraly çäräni geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Şunuň bilen bir hatarda, güýzlük ýeralma, beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerine ideg işleri agrotehniki möhletlerde alnyp barylýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly binalardaky we desgalardaky işleriň barşy, bu baýram mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreler barada hem hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmelidigini belledi hem-de bugdaý ekiljek ýerleriň ekiş möwsümine doly taýýarlanylmagyny, gallaçy daýhanlaryň ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilmegini, pagta ýygymynyň talabalaýyk geçirilmegini gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň barşynda, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, A.Esenowy welaýatyň Esenguly etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä S.Hojaýewi belledi hem-de ony welaýatyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, R.Nuryýewi welaýatyň Etrek etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä D.Meredowy belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda tekizleýiş hem-de ýerleri suwa taýýarlamak, tagt suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýetip gelýän jogapkärli möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary ekişe taýýar edilip, ekerançylary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek boýunça anyk çäreler görülýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak hem-de bökdençsiz kabul etmek üçin sebitiň pagta arassalaýjy kärhanalary, harmanhanalary we kombaýnlary ýygym möwsümine taýýar edildi.

Hormatly Prezidentimiziň 6-njy sentýabrda bugdaý ekişine, 15-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata bermegi bilen, bu jogapkärli möwsümlere dabaraly hem-de guramaçylykly girişmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça-da degişli işler dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek, suw tutmak işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga beriljek dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy we bu şanly baýrama taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda möhüm möwsümiň dowam edýändigini belledi we geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleriniň talabalaýyk geçirilmegini, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň taýýar edilmegini, ekerançylaryň ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilmegini, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin degişli düzümleriň ýygyma taýýarlygyny gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belläp, bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň barşynda, pensiýa gitmegi sebäpli, B.Gylyjowy welaýatyň Akdepe etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä Ş.Annaýewi belledi hem-de ony welaýatyň Görogly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiz, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, W.Meretamanowy Akdepe etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä B.Babajykowy belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Köneürgenç etrabynyň häkiminiň orunbasary M.Atakeýewi etrabyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyp, Köneürgenç etrabynyň häkimi wezipesine G.Muhammedowy belledi we degişli resminamalara gol çekdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitiň oba hojalyk meýdanlarynda dowam edýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, tohumlary taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Mundan başga-da, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalaryny, pagta ýygyjy kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny ýygyma doly taýýar etmek ugrunda degişli işler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, bugdaý ekişine we pagta ýygymyna girişmek dabaralaryny guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda, şol sanda şaly meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy, bu baýram mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de meýdanlary bugdaý ekişine taýýarlamak, ekerançylary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek, pagta ýygymyny ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri berk gözegçilikde saklamak babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatdaky oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekişinde ulanyljak ekiş gurallaryny we oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalaryny we oba hojalyk tehnikalary pagta ýygymy möwsümine taýýarlamak işleri dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, bugdaý ekişine we pagta ýygymyna girişmek dabaralaryny guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerine talabalaýyk ideg edilýär. Gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Şeýle-de häkim Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy hem-de bu baýram mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişine taýýarlyk işleriniň, pagta ýygymy möwsüminiň ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, häkime welaýatda açylyp ulanmaga beriljek dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow H.Hojageldiýewi Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine belledi hem-de degişli resminama gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýylyň 6-njy sentýabrynda bugdaý ekişine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Taýýarlygyň çäklerinde bugdaý ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş, çil çekmek hem-de ýuwuş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Möwsümde ulanyljak bugdaý ekiji gurallary we bejergi traktorlaryny, ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Pagta arassalaýjy kärhanalar, kabul ediş harmanhanalary, tereziler, pagta ýygýan kombaýnlar we pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglar, beýleki oba hojalyk tehnikalary pagta ýygymy möwsümine taýýar edildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, azyk üpjünçiligini has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatlaryň bu ekinler ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň ýetip gelendigine ünsi çekdi we bu möwsümiň ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi hem-de bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmegini, pagta ýygymy möwsüminde ähli düzümleriň sazlaşykly işledilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada tabşyryk berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň dowamynda B.Ataýewi hem-de G.Ataýewi oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipelerine, N.Jumaşowy we B.Miminowy daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary wezipelerine belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, D.Baýlyýewi «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktorynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä E.Babalyýewi belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzda bugdaý ekişine we pagta ýygymyna ak pata berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň ýokary hilli geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu möwsümlere girişmek dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Habaryň resmi çeşmesi:(“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) - Türkmenistan Bu gün” web-saýty).