Şu
gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze
2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň dürli
künjeklerinde, asylly däbe görä, täze bilim edaralaryny açyp ulanmaga bermek
hem-de olaryň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi.
Şanly
waka mynasybetli guralýan dabaralaryň birnäçesine hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda bilim syýasaty
üstünlikli amala aşyrylýar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
başy başlanan beýik özgertmeleri geljekde mynasyp dowam etdirjek, ösüp gelýän
nesil baradaky hemmetaraplaýyn alada bu syýasatyň esasyny düzýär.
Watanymyzyň
golaýlaşyp gelýän mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna ajaýyp sowgat hökmünde
Arkadag şäherinde häzirki zaman bilim edaralary — Aba Annaýew adyndaky Halkara
atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär
okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi,
Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar
sungat mekdebi bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde ýaşlar üçin gapylaryny
giňden açdylar. Milli senenamamyzyň şanly senesiniň öň ýanynda ýurdumyzyň
hususy kärhanalary tarapyndan bina edilen iri desgalaryň hatarynda paýtagtymyzda
gurlan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň
binalar toplumy hem bar.
Milli
bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de onuň maddy-enjamlaýyn
binýadynyň berkidilmegi, bu ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän
döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, ýokary
bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, munuň özi milli
ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň kemala
gelmegine gönükdirilendir.
Şu
gün paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda birbada ýokary okuw
mekdepleriniň üçüsiniň — Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde goşmaça okuw binasynyň
hem-de beýleki desgalaryň düýbüni tutmak dabaralarynyň geçirilmegi munuň
güwäsidir.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň
mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna hem-de bilim ulgamynyň
ähli işgärlerine Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli iberen Gutlagynda:
“Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji,
zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr” diýip
belleýär.
Şeýlelikde,
häzirki wagtda orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli,
sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw
merkezleri bolmak bilen çäklenmän, olar milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly
açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de
durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýady bolup durýar. Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda: “Iň gymmatly
miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir, ol ynsany belentliklere
göterýär” diýip belleýär.
Soňky
ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň şäherlerinde hem-de obalarynda döwrebap mekdepler
we mekdebe çenli çagalar edaralary bina edilýär, olar kompýuterler, zerur bolan
beýleki enjamlar, okuw gollanmalary bilen üpjün edilýär, okuw işine ylmyň täze
gazananlary, interaktiw-multimediýa hem-de sanly tehnologiýalar işjeň
ornaşdyrylýar. Her ýyl 1-nji synp okuwçylarynyň ählisine “Bilimli” atly
kompýuterler sowgat berilýär, munuň özi döwletimizde körpe nesliň mynasyp
terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladanyň ýene bir aýdyň
mysalydyr.
Ýokary
hünärli işgärleri taýýarlamak wezipesi ýurdumyzda himiýa, biologiýa we beýleki dersleriň
çuňlaşdyrylyp öwrenilmegine niýetlenilen ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň
döredilmegini şertlendirdi. Halkara hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşini hasaba almak
bilen, mekdep okuwçylaryna daşary ýurt dillerini öwretmek işi kämilleşdirilýär,
iňlis, fransuz, nemes, ýapon dillerini çuňlaşdyryp öwredýän bilim edaralary
üstünlikli hereket edýär.
Mugallymlaryň
hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna hem aýratyn üns berilýär. Mugallymlaryň
döredijilik mümkinçiliklerini doly açmak, olaryň hünäriniň abraýyny ýokarlandyrmak
maksady bilen, ýurdumyzda “Ýylyň mugallymy” hem-de “Ýylyň terbiýeçisi” atly
döwlet derejesindäki bäsleşikler yzygiderli esasda geçirilýär.
Bir
söz bilen aýdylanda, döwletimizde ýaş nesliň aň-paýhas hem-de beden taýdan
sazlaşykly ösmegi, olaryň häzirki zaman bilimlerini düýpli özleşdirmekleri üçin
ähli şertler döredilýär, munuň özi geljekde olara eziz Watanymyzyň mundan
beýläk-de rowaçlanmagyna hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşine mynasyp goşant
goşmaga mümkinçilik berer.
...Ir
bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasynyň
geçirilýän ýerine geldi.
Ýurdumyzyň
döwrebap bilim we ylym merkezleri bolan ýokary okuw mekdepleriniň
maddy-enjamlaýyn binýadynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy ylym-bilim
ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugrudyr. Häzirki wagtda bu ulgamy
ösdürmek üçin ýurdumyzda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň
dürli pudaklary üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamagyň netijeli
ulgamynyň döredilmegi bu özgertmeleriň baş maksadydyr. Ýurdumyzda ýokary
derejeli hünärmenleri taýýarlaýan okuw mekdepleri hereket edip, olaryň
uçurymlary giň gerimli maksatnamalary, hususan-da, «Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyny” amala aşyrmaga saldamly goşant goşýarlar.
Türkmen
döwlet binagärlik-gurluşyk instituty (TDBGI) 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredildi. Ýokary derejeli
hünärmenleri taýýarlamak we binagärlik-gurluşyk, jemagat hojalygy, himiýa,
energetika, senagat we ýol-ulag pudaklaryny inžener işgärleri bilen üpjün etmek
ýokary okuw mekdebiniň esasy wezipesidir. Häzirki wagtda institutda 7 fakultet,
26 kafedra hereket edýär, olarda 3 müňden gowrak talyp bilim alýar. Bu ýokary
okuw mekdebinde her ýyl 600-den gowrak hünärmen taýýarlanylýar.
“Türkmenistanda
sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk institutynda 9 ugur we 29 hünär ugry boýunça hünärmenler
taýýarlanylýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň düzümine okuw-gurluşyk, Türkmen-hindi
okuw-önümçilik merkezleri girýär. Ýokarda agzalan konsepsiýany durmuşa
geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, institutda içki tor döredildi, onuň
binýadynda sanly bilim portaly hereket edýär hem-de onuň mazmuny yzygiderli
täzelenilýär. Ýokary okuw mekdebiniň okuw işine elektron resminama dolanyşyk
ulgamy ornaşdyryldy.
Ýurdumyzyň
gurluşyk we senagat toplumynda işleýän işgärleriň hünär-bilim derejesini
ýokarlandyrmak maksady bilen, institutda hünär derejesini ýokarlandyryş
fakultetiniň hereket edýändigini bellemek gerek. Bilelikde ylmy-barlag,
taslama, tejribe-konstruktorçylyk işlerini geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň
Ylymlar akademiýasynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň ylmy-barlag edaralarynda institutyň binýatlyk kafedralary hereket
edýär.
Häzirki
wagtda bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, milli sanly bilim
ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi, onuň ähli tapgyrlarynda
maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, okuw işiniň dowamynda
innowasion çemeleşmeleriň ulanylmagy ugrunda uly işler alnyp barylýar. Şu
maksat bilen, TDBGI-de degişli ylalaşyklaryň hem-de ähtnamalaryň esasynda
Russiýa Federasiýasynyň, Rumyniýanyň, Belarusuň, Germaniýanyň, Italiýanyň,
Hindistanyň we beýleki ýurtlaryň esasy ýokary okuw mekdepleri bilen netijeli
gatnaşyklar ýola goýuldy hem-de işjeň ösdürilýär.
Türkmen
döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurlup
ulanylmaga berilmegi ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, ýurdumyzyň hem-de dünýä
ylmynyň, maglumat tehnologiýalarynyň ýokary gazananlaryny işjeň peýdalanmaga,
ylmy-barlag işlerini has-da giňeltmäge mümkinçilik berer.
...Dabaranyň
geçirilýän ýerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Asylly däbe görä, dabara
gatnaşyjylaryň öňünde ýurdumyzyň sungat ussatlary çykyş etdiler.
Döwlet
Baştutanymyz ýörite taýýarlanan münbere geçýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlara hem-de ähli ildeşlerimize
ýüzlenip, şu günüň taryhy ähmiýetini belledi. Bilimler we talyp ýaşlar güni
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň durmuşynda uly orun tutýan ajaýyp
baýramlaryň biridir. Eziz Watanymyzda bu baýramçylyk mynasybetli täze binalaryň
düýbüni tutýarys we açylyş dabaralaryna gatnaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy.
Bina
galdyrmak, ýol, köpri gurmak halkymyzda ata-baba sogaply iş hasaplanýar. Bu gün
ir säher bilen şeýle asylly işlere başlaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow nygtady we şu gün ýurdumyzda birbada üç sany ýokary okuw
mekdebiniň düýbüniň tutulýandygyny, olaryň biriniň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň 5 müň talyba niýetlenen täze binalar toplumydygyny belledi.
Bellenilişi
ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri
taýýarlamak wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. On iki ýyllyk umumy orta
bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, okatmagy kämilleşdirmegiň
konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim işi has-da döwrebaplaşdyrylýar.
Mugallymlar
we bilim işgärleri yhlasly, döredijilikli zähmet çekmek bilen, mukaddes käriň
abraýyny, ýurdumyzyň bilim kuwwatyny artdyrýarlar. Ylymly-bilimli, giň
dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da
belende galdyrýarlar. Täze binalar toplumy hem mugallymlaryň we bilim
işgärleriniň täze neslini kemala getirmäge hyzmat eder.
Düýbi
tutulýan binalaryň ýene biri Mary welaýatynyň Mary şäherindäki Türkmenistanyň
Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça binalar toplumydyr. Bu toplum 2 müň
talyp üçin niýetlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sözüni dowam etdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň energiýa
ulgamynyň kuwwatyny artdyrmakda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň
energetika diplomatiýasy sebitiň ösüşine, energiýanyň ähli halklar üçin
elýeterli bolmagyna, ylmyň iň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna giň
mümkinçilikleri açýar. Energiýa serişdelerimizi diwersifikasiýa ýoly bilen
dünýä çykarmakda amala aşyrýan beýik işlerimiz parahatçylygyň berkemegine,
halklaryň arasynda dost-doganlygyň ösmegine giň şertleri döredýär.
Döwür
ösýär, täze innowasiýalar, tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Diňe bir ýurdumyzda
däl, umuman, dünýäde elektroenergetikanyň ösmegi bilen, täze hünärlere, kärlere
zerurlyk artýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Döwlet energetika
institutynyň täze binalar toplumynyň gurulmagynyň uly ähmiýete eýedigini
belledi.
Şu
gün bu ýerde bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar
toplumynyň düýbüni tutýarys. Bu ýerde 5 müň talybyň bilim almagy üçin ähli
şertler dörediler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Gurluşykçy,
binagär ýaşlarymyz berkarar Watanymyzyň çar künjeginde beýik binalary,
köprüleri, ýollary gurýarlar. Olar ak arzuwlar bilen ýurdumyzy has gözel
görnüşe getirýärler. Şoňa görä-de, binagärlik-gurluşyk boýunça hünärleri kämilleşdirmek
möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Garaşsyzlyk
ýyllarynda ençeme etraplar, şäherçeler, şäherler guruldy. Gurluşyk önümçiligi
boýunça täze, döwrebap kärhanalar döredildi. Bu işler häzir hem üstünlikli
dowam etdirilýär. Bularyň ählisi biziň ykdysady kuwwatymyzy, depginli ösüşimizi
aýdyň görkezýär.
Bellenilişi
ýaly, öňdebaryjy dünýä tejribelerini nazara alyp bina ediljek bu ýokary okuw
mekdeplerinde ýene-de sanlyja ýyldan talyplara häzirki zamanyň ösen talaplaryna
laýyk gelýän bilim berler. Ýokary derejeli hünärmenleriň, mugallymlaryň nesli
kemala geler.
Şu
gün Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň dabaraly açylyp, ilkinji talyplaryny kabul etmegi ählimizi
guwandyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Ahalteke bedewleriniň gadymy
mekanynda gurlan bu bilim ojagy atçylygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Bu
gün Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw
mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw
mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň öz
işine başlaýandygy hem aýratyn buýsandyryjydyr.
Şeýle
hem şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
akademiýasynyň täze binalary açylýar. Akademiýada bilim almak üçin ähli şertler
döredilendir. Munuň özi ýaşlar baradaky alyp barýan döwlet syýasatymyzyň
rowaçlanýandygynyň nusgasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen
belledi hem-de täze binalar toplumynda bilim aljak ýaşlaryň, hünär derejelerini
ýokarlandyrjak diňleýjileriň alan bilimlerini eziz Watanymyzyň hem-de mähriban
halkymyzyň bähbitlerine gönükdirjekdiklerine berk ynam bildirdi.
Şu
gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem
ençemesi açylyp ulanylmaga berilýär. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam
basýan körpelerimize bolsa ýadygärlik sowgady — «Bilimli» atly noutbuk
kompýuterleri gowşurylýar. Nygtalyşy ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda döwrebap bilim
ojaklarynyň açylyp, ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalaryna täze hünärleriň
girizilmegi ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri
taýýarlamakda, milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmekde möhüm işlerdir.
Ýaşlarymyzyň
eşretli durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, gowy okamagy, ökde hünärmenler bolup
ýetişmegi üçin döwletimiz ähli zerur şertleri döredýär. Şonuň netijesinde
Watana, halka wepaly, merdana pederlerimiziň mukaddes däplerine eýerýän,
ruhubelent, zähmetsöýer ýaşlar kemala gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow belledi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri
boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna kabul
edilmegi şu günki baýramçylyga uly sowgat boldy. Munuň özi täze taryhy eýýamda
geljegimiz bolan ýaşlara bildirilýän uly ynamymyzyň netijesidir.
Döwlet
Baştutanymyz ýygnananlary Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw
ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, bagtyýar
durmuş, işlerinde, okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
ýaş nesliň wekilleri hormatly Prezidentimize Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumynyň binýadyna şu günki şanly
waka mynasybetli ýadygärlik ýazgy ýazylan gutyny goýup, onuň düýbüni tutmaga ak
pata bermegini haýyş etdiler.
Mälim
bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň telekeçileriniň hünär ussatlygyna
hem-de mümkinçiliklerine esaslanyp, olara möhüm ähmiýetli desgalary gurmagy
ynanýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji awgustynda gol çeken degişli
Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda bina ediljek
bu desganyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak,
ozal bar bolan inženerçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de täzelerini
gurmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ajaýyp
gurluşyk” hususy kärhanasyna tabşyryldy.
Türkmen
döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumyny gurmak dünýä
şähergurluşyk meýillerini hasaba almak bilen amala aşyrylar, şunda gurluşyk
işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri giňden peýdalanylar, onuň ulanylmaga
berilmegi pudaklaýyn bilim ulgamyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikler açýar.
Gujur-gaýratly hem-de ukyp-başarnykly ýaşlar bu ýerde döwrebap bilim alarlar,
ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişerler, ele alan çuňňur bilimleri,
döredijilikli hem-de tutanýerli zähmeti bilen geljekde, Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň abraýyny we şöhratyny has-da
belende götererler.
Hormatly
Prezidentimiz binalar toplumynyň binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutyny goýup, pil
bilen beton garyndysyny oklady, munuň özi halkymyzyň asylly işlere we beýik
başlangyçlara ak pata bermek ýaly gadymdan gelýän ajaýyp ýörelgeleriniň
dowamatlylygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Soňra
baýramçylyk dabaralary Arkadag şäherinde dowam etdi. Mälim bolşy ýaly, türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen täze, täsin şähere kanunçylyk
esasynda döwlet ähmiýetli şäheriň aýratyn hukuk derejesi berildi. Bu ägirt uly
taslamany durmuşa geçirmegiň esasynda “akylly” şäher konsepsiýasy goýuldy. Onda
ýaşaýyş-durmuşyň ähli ulgamlaryna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we
“ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Şu
ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan Arkadag şäheriniň çäginde gurluşygyň
birinji tapgyrynyň çäklerinde durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň
336-sy guruldy. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm meselä aýratyn üns berildi.
Şäheriň taslamalary işlenip düzülende we onuň desgalary gurlanda, bu mesele
ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Desgalaryň gurluşygynda
ekologiýa taýdan arassa serişdeler ulanyldy. Şäheriň ýaşaýjylary üçin
jemgyýetçilik ulagynyň ekologiýa taýdan arassa görnüşleri — elektrobuslar we
elektrotaksiler niýetlenildi.
Arkadag
şäherine “Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň sebitinde durnukly,
“ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek”
taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan
wezipeleriň üstünlikli çözülýändigini aýdyň tassyklaýar. Ýeri gelende aýtsak,
täze “akylly” şäher güwänamalaryň, diplomlaryň ençemesine mynasyp boldy we oňa
BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, daşary ýurtlaryň ylmy edaralarynyň,
meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesinden gutlag hatlary gelip gowuşdy.
Şolaryň hatarynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň “539 adamyň
gatnaşmagynda iň uly bagbançylyk sapagy” atly şahadatnamasy hem bar.
Arkadag
şäheriniň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri hem-de binagärlik we
bezeg ulgamyndaky döwrebap ýörelgeler sazlaşykly utgaşdyryldy. Bu ýerde
döredilen, halkara ülňülere, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky
standartlara laýyk gelýän toplumlaýyn düzüm şäheriň ýaşaýjylary üçin has oňaýly
şertleri üpjün edýär. Türkmenistanyň durmuş ugurly syýasy strategiýasynyň
esasynda goýlan “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäniň durmuşa geçirilmegi hut
şunda öz aýdyň beýanyny tapýar. Şeýlelikde, Köpetdagyň etegindäki ajaýyp
künjekleriň birinde döredilen şäher häzirki zamanyň şähergurluşyk,
inžener-tehniki, intellektual pikirinde jemlenen ähli täze we oňyn ýörelgeleri
özünde jemleýär. Arkadag şäherinde gurlan bilim ulgamynyň ajaýyp desgalary hem
munuň aýdyň güwäsidir.
Şolaryň
hatarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Aba Annaýew
adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem bar. Bu ýokary okuw mekdebi özüne
esasy dokuz gatly hem-de onuň her tarapynda dört gatly binalary, beýleki
ugurdaş binalary we desgalary birleşdirýän ajaýyp toplumda ýerleşýär. Bu gün
täze ýokary okuw mekdebi özüniň ilkinji talyplaryny kabul edýär.
Irden
bu ýerde hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Täze ýokary okuw mekdebine
barýan ýoluň iki tarapynda talyp ýaşlar ellerinde Türkmenistanyň Döwlet
baýdagyny we gülleri galdyryp durlar.
Ýygnananlar
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen
garşylaýarlar.
Akademiýanyň
baş binasynyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň taýýarlan
edebi-sazly kompozisiýasy ýaýbaňlandyrylýar.
Hormatly
Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda açylyş toý
bagyny kesýär we binanyň içine girýär. Döwlet Baştutanymyz atçylyk pudagy üçin
ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlajak täze ýokary okuw mekdebi bilen tanşyp
başlaýar. Ýurdumyzda bu pudagy ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Häzirki
wagtda mähriban halkymyzyň baý medeni mirasyny, şol sanda onuň behişdi
bedewleri köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek, terbiýelemek we seýislemek baradaky
köpasyrlyk däplerini aýawly saklamak, öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli işleri hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Milli we
dünýä medeniýetiniň taryhy gymmatlygy bolmak bilen, ýelden ýyndam ahalteke
bedewleri häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gazanýan ajaýyp
üstünlikleriniň, döwürleriň arabaglanyşygynyň hem-de nesilleriň
dowamatlylygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Mähriban
halkymyz özleriniň gözelligi we syratlylygy bilen tapawutlanýan behişdi
bedewleri tutuş dünýä sowgat bermek bilen çäklenmän, eýsem, bu täsin tohumy
yzygiderli kämilleşdirip, onuň arassalygyny saklap galmagy hem başardy. Meşhur
seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň
ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň hormatly
Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda döredilen halkara akademiýa
dakylmagy ýurdumyzda zehinli seýislere we halypalara ägirt uly hormat-sarpa
goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Täze
ýokary okuw mekdebiniň binagärlik keşbi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň
bezeginde milli bezegiň usullary ulanyldy, esasy binanyň girelgesi bolsa nal
görnüşinde ýerine ýetirildi.
Akademiýanyň
düzümi özüne atçylyk, atçylygyň weterinariýasy, atly sport, syýahatçylyk we
milli at üstündäki oýunlar, oba hojalygynyň ykdysadyýeti fakultetlerini, şeýle
hem ugurdaş kafedralaryň 8-sini birleşdirýär. Döwrebap kompýuter, multimediýa
we beýleki zerur bolan enjamlar, ýörite okuw serişdeleri bilen üpjün edilen
ýokary okuw mekdebinde umumy, tejribe we amaly otaglar, diplom we ylmy-barlag
işlerini alyp barmaga niýetlenen otaglar, 600 orunlyk uly we 200 orunlyk kiçi
mejlisler zallary bar. Molekulýar genetika, mikrobiologiýa, immunologiýa,
anatomiýa, fiziologiýa we gistologiýa hem-de beýleki barlaghana otaglary
talyplaryň we mugallymlaryň ygtyýaryndadyr. Bularyň ählisi ýaşlara diňe bir
saýlan hünäri boýunça ýokary bilim almaga däl, eýsem, ylym bilen meşgullanmaga
hem mümkinçilik berýär.
Döwlet
Baştutanymyz türgenleşik otagyna baryp, ol ýerde bedew atlara erk etmegiň
düzgünleri, atly sportuň we atly ýörişiň ýokary mekdebinde dürli tilsimleri
ýerine ýetirmegiň, sanly ulgamyň üsti bilen talyplara tejribede bilim bermegiň
mümkinçilikleri bilen tanyşýar.
Akademiýanyň
mugallymy hormatly Prezidentimizi mähirli mübärekläp, “Racewood” britan
kompaniýasynyň önümi bolan türgenleşdiriji sport atynyň innowasion enjamy
barada gürrüň berdi. Bu enjam kompýuteriň kömegi bilen, ýörite programma
esasynda işläp, atly sportuň nusgawy — Olimpiýa görnüşleriniň biri bolan “At
münmegiň ýokary mekdebi” oýnuna türgenleşmek, atlaryň tebigy we öwredilen
hereketlerinde ýerine ýetirilýän emelleridir tilsimler babatda tejribe geçmek üçin
niýetlenendir. Munuň özi çapyksuwar türgenlere piaffe, ýagny aty duran ýerinde
ýöretmek, gapdal ýöretmek we başga-da birnäçe emeller bilen bir hatarda aty
duruzmak, yza ýöretmek ýaly tilsimleri üstünlikli özleşdirmäge mümkinçilik
berýär.
Türgenleşdiriji
sport atynyň kellesinde, boýnunda, arkasynda hem-de iki tarap depgisinde
ýerleşdirilen ýerine ýetiriji sensorlaryň kömegi bilen atyň üstünde dogry
oturmagy, jylawyny dogry tutmagy, takyk buýruklary bermegi özüniň hereketlerini
görmek arkaly öwrenýär. Bu bolsa talyba nazary bilimlerini tejribede
özleşdirip, özüni kämilleşdirmäge uly ýardam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa talyplaryň adyndan seçip alan hünärlerini
üstünlikli özleşdirmekleri babatda döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin tüýs
ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Akademiýanyň innowasion tehnologiýalar bilen
üpjün edilmegi hünärleri üstünlikli ele almaga mümkinçilik berýär.
Döwlet
Baştutanymyz ýokary okuw mekdebiniň barlaghanalarynyň birine — molekulýar
genetika barlaghana otagyna baryp, onuň enjamlaşdyrylyşy hem-de barlaglary
geçirmek üçin döredilen mümkinçilikler bilen gyzyklandy. Häzirki wagtda
molekulýar genetika häzirki biologiýanyň köp bölümleriniň usulyýet esasy bolup
hyzmat edýär we ylmyň dürli ugurlarynda möhüm wezipeleri çözmäge
gönükdirilendir. Häzirki döwürde bu ulgamda nazaryýet bilimleriniň hem-de amaly
tilsimleriň özleşdirilmegi atçylyk pudagy üçin, ilkinji nobatda bolsa,
seçgi-tohumçylyk işi babatda uly ähmiýete eýedir.
Bu
ýerde akademiýanyň mugallymy hormatly Prezidentimizi döwrebap enjamlar arkaly
ahalteke bedewlerinde genetiki barlaglary gysga wagtyň içinde hem-de takyk
geçirmegiň usullary bilen tanyşdyrdy. Munuň üçin barlaghanada ýöriteleşdirilen
döwrebap enjamlar bar. Mysal üçin, ýokary tehnologiýaly Qubit-4 enjamy DNK-nyň
mukdaryny anyk ölçemäge mümkinçilik berýär. Alnan degişli nusgany barlamak işi
üç tapgyrda amala aşyrylýar. Barlaglaryň netijesi sanly ulgam arkaly kompýuter
toplumyna geçirilýär.
Arkadag
şäherinde Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hem gurlandygy bellärliklidir. Bu
ýerde akademiýanyň talyplary geljekde öz bilimlerini kämilleşdirip hem-de ylmy
barlaglara gatnaşyp bilerler.
Döwlet
Baştutanymyza ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň
adyndan düýpli we amaly ylym bilen meşgullanmak üçin döredilen ajaýyp şertler
üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Nygtalyşy ýaly, bu aladalara jogap
edip, akademiýanyň talyplary döwrebap ylmy we hünär bilimlerini özleşdirmek
üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmazlar.
Soňra
hormatly Prezidentimiz mejlisler zalyna baryp, halkara derejeli
şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasyna gatnaşdy.
Abraýly
halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň
daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen
baglylykda, BMG we onuň esasy düzümleri bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet
berilýär. Şolaryň hatarynda Milletler Bileleşiginiň Bilim, ylym we medeniýet
meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy hem bar. Türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde,
ÝUNESKO bilen däp bolan gatnaşyklar yzygiderli täze many-mazmun bilen
baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň
Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Birleşen
Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý
Şlapaçenko Aşgabat şäherindäki Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar
uniwersitetiniň ýanyndaky daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri
çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiň, Ahal welaýatynyň
Kaka etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň, Balkan welaýatynyň Balkanabat
şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň,
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa
dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň, Lebap
welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 30-njy
orta mekdebiň, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar
mekdebiniň müdirlerine degişli şahadatnamalary gowşurdy.
Mälim
bolşy ýaly, “ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleri” atly taslama 1953-nji ýylda
badalga aldy. Ol tutuş dünýäniň bilim edaralaryny umumy maksadyň — parahatçylyk
döredijilik we ynsanperwerlik gymmatlyklary ilerletmek, medeniýetleriň
arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksadynyň töwereginde jemleýär.
Aba
Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem halkara şahadatnamalaryň
birnäçesine mynasyp boldy.
Ýygnananlaryň
el çarpyşmalary astynda Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti Marina
Seçina ýokary okuw mekdebiniň rektoryna sebitde atçylyk we atly sport boýunça
ýokary hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji halkara akademiýa bolan Aba Annaýew
adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Türkmenistanda döredilendigi üçin
Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasyny gowşurýar.
Täze
ýokary okuw mekdebi, şeýle hem Aziýa atly sport federasiýasynyň “Sebitde atly
sport boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri we
amatlyklary bolan halkara akademiýa” atly şahadatnamasyna mynasyp boldy. Bu
şahadatnamany ýokary okuw mekdebiniň rektoryna Kataryň Atçylyk federasiýasynyň
we Döwrebap oýunlar federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani
dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Şanly
waka mynasybetli hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs
ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy we iň gowy arzuwlar beýan edildi.
Dabara
tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz mejlisler zalyndan çykdy.
Aba
Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň düzümine, okuw binalary bilen
bir hatarda, beýleki desgalaryň hem girýändigini bellemek gerek. Şolaryň
hatarynda kitaphana bar. Onda 240 orunlyk okalga zaly, 40 orunlyk elektron
okalga zaly ýerleşýär. Bu ýerde ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar
düzüminiň hem-de talyplarynyň ýokary tizlikli Internet torundan peýdalanmaklary
üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.
Kitaphanada
türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewleri
barada döreden ajaýyp kitaplary aýratyn orun eýeleýär. Giň taryhy çeşmeleri
hem-de häzirki döwrüň maglumatlaryny ylmy taýdan seljermegiň we
umumylaşdyrmagyň esasynda ýazylan bu eserler daşary ýurt dillerine terjime edildi.
Munuň özi bu eserleriň daşary ýurtly hünärmenler we alymlar, umuman, ady
rowaýata öwrülen behişdi bedewlere uly gyzyklanma bildirýän okyjylar üçin
elýeterli bolmagyny üpjün etdi. Ýokary okuw mekdebinde muzeý hem bar. Onda
ahalteke atçylygynyň baý taryhy barada gürrüň berýän dürli gymmatlyklar hem
mowzuklaýyn serişdeler ýerleşdirilipdir.
Akademiýanyň
hem-de BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen
düzüminiň (ÝUNESKO) arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly mümkinçilikleriň
bardygyny bellemek gerek. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli
toparynyň 26-njy awgustda geçirilen mejlisiniň gün tertibine laýyklykda, ýokary
okuw mekdebiniň ýanynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly
ÝUNESKO klubunyň döredilmegi muňa ýardam etdi. Bu klub hem şu gün açyldy. Munuň
özi ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň
maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda ýurdumyzyň BMG-niň iri
düzümi bilen özara gatnaşyklarynyň dowamy bolup hyzmat eder.
Akademiýanyň
çäginde 315 tomaşaça niýetlenen ýapyk görnüşli sirk sahnasy (manež) hem
ýerleşýär. Bu ýerde milli at üstündäki oýunlary görkezmek, şeýle hem atly
sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri geçmek üçin ähli mümkinçilikler
döredildi, talyplar üçin trenažýorlar, okuw otaglary bar.
Degişli
derejede enjamlaşdyrylan we 20 bedewe niýetlenen athana atlary saklamak hem-de
olara talabalaýyk ideg etmek maksady bilen döredildi. Şeýle hem bedewleri
türgenleşdirmek üçin açyk meýdança göz öňünde tutuldy. Munuň özi talyplaryň
atçylyk we seýisçilik, atly sport, at üstündäki milli oýunlar we sirk sungaty,
atly syýahatçylyk ugurlary boýunça nazaryýetde aljak bilimlerini amalyýetde
has-da kämilleşdirmeklerine ýardam eder.
Arkadag
şäherinde Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň gurlandygy hem
bellärliklidir. Bu ýerde akademiýanyň uçurymlary geljekde ukyp-başarnyklaryny
hem-de alan bilimlerini ulanyp bilerler.
Bilim
bermek işinde ýaş nesliň saglygyny berkitmegiň, sagdyn durmuş ýörelgelerini
berkarar etmegiň möhüm şerti hökmünde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga
hem uly ähmiýet berilýär. Şu maksatlar bilen, akademiýanyň sport toplumynda
basketbol, woleýbol, kiçi futbol oýnamak üçin meýdançalar, trenažýor zaly
hem-de suwda ýüzmek üçin howuz göz öňünde tutuldy.
Ýokary
okuw mekdebinde talyplar we mugallymlar üçin ähli amatly şertler döredildi. Bu
ýerde 150 we 70 orunlyk naharhanalar bar.
Akademiýanyň
çäginde her biri 250 orunlyk iki sany umumy ýaşaýyş jaýy ýerleşýär. Bu ýerde
talyplar hem-de maşgalaly mugallymlar üçin ähli oňaýly şertler göz öňünde
tutuldy. Amatly ýaşaýyş otaglary bilen birlikde, degişli otaglar, zerur bolan
hojalyk enjamlary bilen üpjün edilen aşhanalar ýerleşýär. Şeýle hem bu ýerde
sport we trenažýor zallary bar.
Soňra
döwlet Baştutanymyz Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw
mekdebiniň binasyna tarap ugrady. Ol ýerde hormatly Prezidentimizi dabara
gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.
Sungat
ussatlary — belli türkmen aýdymçylary hem-de tans toparlary Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne bagyşlanan edebi-sazly kompozisiýa bilen çykyş
etdiler.
...Jemgyýetiň
ruhy, durmuş-ykdysady we medeni binýady bolup durýan bilim ulgamynyň
döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň
biridir. Bilim şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň ýaş nesli döwrebap
terbiýelemäge hem-de olary okatmaga bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga
gönükdirilen yzygiderli we toplumlaýyn guraldyr. Şunda ýaşlara hemmetaraplaýyn
goldaw bermek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek we doly açmak, bu ulgamyň
kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär.
Garaşsyzlyk
ýyllary içinde Bitarap Türkmenistanda milli bilim ulgamynyň ygtybarly binýady
kemala getirildi, iň öňdebaryjy usullar giňden ornaşdyrylýar, okuw
maksatnamalary yzygiderli kämilleşdirilýär, okuw kitaplarynyň we
gollanmalarynyň mazmuny baýlaşdyrylýar.
Her
ýylda diňe bir şäherlerde däl, Watanymyzyň iň alys künjeklerinde hem dünýä
derejesine laýyk gelýän bilim edaralary gurlup ulanmaga berilýär. Şu gün hem
täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlanyp, mugallymçylyk orta hünär okuw
mekdebi gapylaryny giňden açdy, oňa, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna
laýyklykda, zehinli mugallym, il içinde uly hormata eýe bolan Berdimuhamet
Annaýewiň ady dakyldy.
Mugallymçylyk
mekdebinde 5-nji we 6-njy synplarda matematika, informatika, geografiýa, rus we
iňlis dilleri derslerini okatmaga hukuklary bolan başlangyç synp mugallymlary taýýarlanylar,
şeýle hem çagalar baglarynda iňlis dilini okatmaga ygtyýar berlen terbiýeçiler
bilim alarlar.
3
gatly okuw binasynda giň we ýagty ders otaglary, kitaphana, arhiw, sport zaly,
naharhana, şeýle hem dürli dersleri okadýan mugallymlaryň usulyýet otaglary
ýerleşýär. Bu ýerde daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin lingafon otaglary,
kompýuter we internet otaglary hem göz öňünde tutulandyr.
Mugallymçylyk
orta hünär okuw mekdebinde üç gatly iki umumy ýaşaýyş jaýy bar, olar 112 talyp
üçin niýetlenendir. Onda talyplaryň boş wagtyny peýdaly geçirmekleri, okuw
sapaklaryna taýýarlanmaklary, zerur bolan maglumatlar bilen tanyşmaklary,
Internet torundan peýdalanmaklary üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr.
Şeýle hem futbol, woleýbol, basketbol oýnamak hem-de sportuň beýleki görnüşleri
bilen meşgullanmak üçin sport meýdançalary döredilendir.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär hem-de
mekdebiň binasyna girýär.
Döwlet
Baştutanymyz we dabara gatnaşyjylar Berdimuhamet Annaýewiň binanyň eýwanynda
ornaşdyrylan ýadygärlik heýkeline tagzym edip, halk arasynda belent abraýa eýe
bolan, ynsanperwerlik hem-de adalatlylyk ugrunda aýgytly göreş alyp baran beýik
ynsany, nusgalyk watançyny hormat-sarpa bilen hatyraladylar.
Hormatly
Prezidentimiz mugallymçylyk mekdebi bilen tanyşlygy binanyň birinji gatynda
ýerleşýän muzeýden başlady.
Mugallym
hormatly Prezidentimizi mähirli garşylap, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewe
bagyşlanyp döredilen bu muzeýiň 4 bölümden ybaratdygyny aýtdy. Olarda
Berdimuhamet Annaýewiň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň şöhratly
durmuş ýollaryny açyp görkezýän gymmatly maglumatlar — arhiw materiallary dürli
resminamalaryň, wideoşekilleriň, fotosuratlaryň nusgalary ýerleşdirilipdir.
Bellenilişi
ýaly, türkmen halkynyň gadymy taryhy Watanymyzyň şöhratly ogullarynyň gaýduwsyz
edermenliginiň we gahrymançylygynyň mysallaryna baýdyr. Olaryň hatarynda
Gahryman Arkadagymyzyň atasy, hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet
Annaýew aýratyn orun eýeleýär. Mugallym hem-de merdana esger hökmünde ol
ilkinjileriň hatarynda Watan goragyna gitdi. Ol Beýik Watançylyk urşunda
batyrgaý söweşip, agyr ýaralanandan soňra Watanymyza gaýdyp geldi, muňa
garamazdan, asylly kärini — ýaş nesle bilim we terbiýe bermegini dowam edip,
özi barada iň gowy ýagty ýatlamalary galdyrdy.
Berdimuhamet
Annaýew üçin mugallymçylyk işi diňe bir hünär bolman, onuň arzuwydy, halkyň
öňündäki borjudy. Ussat mugallym, halkymyzyň baý edebi we folklor mirasyny
wagyz ediji, köpasyrlyk medeniýetimize belent sarpa goýýan mugallym halk
arasynda magaryfçy hökmünde hem giňden tanalypdyr.
Muzeýde
milli bilim ulgamynyň ösüş tapgyrlaryny beýan edýän gymmatly arhiw
resminamalary we fotoresminamalar hem görkezilýär.
Muzeý
gymmatlyklary bilen tanyşlykdan soň, mugallym durmuş we zähmet ýoly
watançylygyň hem-de borja wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýän beýik halypa
Berdimuhamet Annaýewiň ýoluny mynasyp dowam etdirjekdiklerine we ýaş nesle
döwrebap bilim bermek, öňde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmek üçin özleriniň
ähli bilimlerini hem-de güýç-gaýratlaryny aýamajakdyklaryna döwlet
Baştutanymyzy ynandyrdylar.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kompýuter otagyna geçýär.
Talyplara
kompýuterde işlemegiň tälimlerini öwretmegiň kämilleşdirilmegi bilen bagly
döredilen ajaýyp şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk
bildirip, mugallym häzirki wagtda ýaş hünärmenlerden dürli ulgamlarda düýpli
bilim almagyň, şol sanda innowasiýa tehnologiýalaryndan kämil baş çykarmagyň
talap edilýändigini belledi. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda bilim ulgamynyň
maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Şu maksat bilen ähli ýerlerde
iň täze kompýuter tehnologiýalary ornaşdyrylan, okuw enjamlary, multimediýa
usullary bilen üpjün edilen mekdepler gurulýar.
Mugallym
talyplaryň Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň röwşen geljeginiň
bähbidine giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn bilimli şahsyýetler bolup
ýetişmek üçin tutanýerli bilim aljakdyklaryna ynandyryp, döwlet Baştutanymyza
berk jan saglyk, tutumly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tebigy we takyk ylymlar boýunça
dersleri utgaşykly öwretmäge niýetlenen okuw otagyna barýar.
Mugallymçylyk
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy döwlet Baştutanymyzy bu ýerde gurnalan
häzirki zaman enjamlary bilen tanyşdyrýar.
Okuw
işinde ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň, interaktiw-multimediýa hem-de sanly
tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygy nygtaldy. Talyplaryň robot
tehnologiýalaryny çuňňur özleşdirmekleri hem-de olary dersleriň özara
baglanyşygynda okatmaga niýetlenilen ýörite STEM (Sсienсe,
Teсhnology,
Engineering, Mathematiсs — Ylym,
Tehnologiýa, Inženeriýa, Matematika) barlaghanasy göz öňünde tutulandyr.
Dabara
gatnaşyjylar ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna hem-de mugallymlaryň
hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden
hoşallyklaryny beýan edip, bu mekdepde döredilen şertleriň we mümkinçilikleriň
ýaşlary saýlap alan hünäri boýunça döwrebap bilim almaga, mugallymlary bolsa
netijeli zähmet çekmäge höweslendirýändigini bellediler.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saçly Dursunowa adyndaky
lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň binasyna tarap ugraýar. Bu ýerde döwlet
Baştutanymyzy köp sanly dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen
mübärekleýärler.
Ähli
ýerde bolşy ýaly, bu ýerde hem ir säherden uly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi.
Bu şanly waka mynasybetli talyp ýaşlaryň döredijilik toparlarynyň taýýarlan
aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Mälim
bolşy ýaly, halkyň saglygy we rowaçlygy baradaky alada ýurdumyzda «Döwlet adam
üçindir!» ýörelgesi esasynda durmuşa geçirilýän durmuş ugurly syýasatyň özenini
düzýär. Hut şonuň üçin hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň mundan beýläk-de
ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň esasy
wezipeleriniň hataryndadyr. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bu ugurda
alnyp barylýan işleriň möhüm bölegi bolup durýar. Saçly Dursunowa adyndaky
lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň açylmagy bolsa munuň aýdyň güwäsidir.
Dabara
gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz toý bagyny
kesýär we binanyň içine girýär.
Arkadag
şäherinde gurulýan saglygy goraýyş edaralaryny orta hünär bilimli işgärler
bilen doly üpjün etmek maksady bilen, ýöriteleşdirilen bilim edarasyny döretmek
baradaky başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýan edendigini bellemek gerek.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň
fewral aýynda lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi döredildi we şu ýylyň mart
aýynda Mejlisiň karary bilen oňa zenan lukman Saçly Dursunowanyň ady dakyldy.
Täze
bilim edarasynyň binalar toplumynyň umumy meýdany 52 müň inedördül metrden
gowrakdyr. Onuň düzümine esasy bina, sport meýdançalary, dynç alyş zolaklary
hem-de ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýy girýär.
Okuw
otaglarynda ornaşdyrylan döwrebap sanly tehnologiýalardyr bilim bermek
serişdeleri saýlanyp alnan hünäriň we binýatlaýyn lukmançylyk ylymlarynyň —
biologiýanyň, anatomiýanyň hem-de fiziologiýanyň esaslaryny çuňlaşdyryp
öwrenmäge ýardam berer. Giň umumy sapak otaglary hem-de tejribe sapaklaryny
geçmek üçin iň täze multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalar
sapaklary innowasion usulda gurnamaga mümkinçilik berer.
Toplumyň
baş binasynda kompýuter hem-de lingafon otaglary, sport we köpçülikleýin
çäreleri geçirmek üçin uly zallar ýerleşdirilipdir. Lukmançylyk orta hünär okuw
mekdebiniň elektron kitaphanasynyň gaznasynda köp sanly ýörite okuw we
okuw-usulyýet kitaplary, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ylmy-barlag işleri we monografiýalary bar.
Döwlet
Baştutanymyz, ilki bilen, muzeýe barýar. Onda meşhur alym-lukman, birnäçe
döwlet baýraklarynyň eýesi, frontçy, harby lukman Saçly Dursunowanyň ýeňil
bolmadyk durmuş we zähmet ýoly, ylmy işi baradaky dokumental materiallar
jemlenipdir.
Mugallym
muzeýiň gymmatlyklary bilen tanyşdyryp, ömrüni mähriban halkyna hem-de Watanyna
gulluk etmäge bagyş eden gahryman türkmen zenany baradaky hatyranyň hiç haçan
öçmejekdigini, ony häzirki we geljekki nesilleriň ýatlajakdygyny belledi.
1941-nji
ýylda Türkmen döwlet lukmançylyk institutyny ýaňy tamamlan ýaş hirurg
meýletinçileriň hatarynda fronta gidýär. Uruşdan soňky ýyllarda alym-lukman bu
ugurda köp sanly hünärmenleri taýýarlap, saglygy goraýyş ulgamynyň
ösdürilmegine saldamly goşant goşdy. Saçly Dursunowa «lukmançylyk ylymlarynyň
kandidaty» we «lukmançylyk ylymlarynyň doktory» diýen alymlyk derejelerine eýe
bolýar. Türkmen döwlet lukmançylyk institutynda dürli wezipelerde işlän Saçly
Dursunowanyň zähmet ýoly häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin nusgalyk bolup
durýar.
Mugallym
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bilim almak we işlemek üçin
döredilen giň mümkinçilikler hem-de şertler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny
beýan edip, bildirilýän alada jogap hökmünde özüniň we kärdeşleriniň tutanýerli
hem-de halal zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz biologiýa otagyna baryp, bu ýerde ornaşdyrylan häzirki
zaman interaktiw tagtasynyň kömegi arkaly sapaklary innowasion usul arkaly
geçmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Bu otag ähli zerur enjamlar, mikroskoplar
we beýleki okuw gollanmalary bilen üpjün edilipdir. Döwrebap interaktiw tagta
umumy we amaly sapaklary öwretmäge mümkinçilik berýär.
Wideosapaklaryň
kömegi bilen Türkmenistanyň baý tebigatyna gaýybana syýahat etmek, dermanlyk
ösümlikleri, olaryň gurluşyny, ösüş aýratynlyklaryny öwrenmek bolýar.
Bellenilişi
ýaly, şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň
akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly
Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik
eseri iň gowy gollanma bolup durýar. Bu kitapda ýerli dermanlyk ösümlikleriň,
şol sanda endemikleriň bejerijilik häsiýetleri, ylmy we halk lukmançylygynda
ulanylyşy giňişleýin beýan edilýär.
Mugallym
bilim we saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça edýän uly
tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan
saglyk, türkmen halkynyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna alyp barýan köpugurly
işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz halkara ülňülere laýyk gelýän innowasion enjamlar bilen
üpjün edilen simulýasiýa otagyna barýar.
Nazaryýet
bilimleriniň tejribede berkidilmegi orta hünär bilimli lukmançylyk işgärlerini
taýýarlamagyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Mugallym bu ýerde bar bolan
döwrebap serişdeleriň — manekenleriň we görkezme esbaplarynyň talyplara saýlan
hünärleri boýunça alan bilimlerini gowy özleşdirmäge mümkinçilik berýändigini
aýtdy.
Bu
ýerde şepagatçylyk işi, reanimasiýa we çaga dogrulýan otaglar ýerleşdirilipdir.
Talyplar sanjymlaryň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmegi, arterial gan basyşyny
ölçemegi, ýürek we dem alyş ulgamlarynyň reanimasiýa çärelerini geçirmek arkaly
ilkinji lukmançylyk kömegini bermegi öwrenýärler. Geljekki lukmanlary okatmakda
ulanylýan bu usul olara işlerinde ýardam berer.
Mugallym
täze bilim edarasynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň adyndan döwlet
Baştutanymyza ýaşlar baradaky edýän aladasy hem-de bu ýerde döredilen ajaýyp
şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Saçly Dursunowa adyndaky
lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň milli saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary
derejeli hünärmenlerini taýýarlamaga mynasyp goşant goşjakdygyna ynandyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz paýtagtymyza, baýramçylyk dabaralarynyň dowam edýän ýerine
ugrady.
Ak
mermerli Aşgabat ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň öň hatarynda bolmak
bilen, onuň ajaýyp binagärlik toplumy haýran galdyrýar. Bu toplumyň üsti her
ýyl täsin binalar hem-de dürli maksatly desgalar bilen ýetirilýär.
Gahryman
Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän täzeçil
şähergurluşyk konsepsiýasy netijesinde, türkmen paýtagty geljege ynamly barýan,
okgunly ösýän şäheriň köpugurly nusgasyny özünde jemleýär.
Bu
gün bu ýerde ýene-de bir baýramçylyk dabarasy — Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyşy boldy.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda döredilen bu akademiýa şu ýyl özüniň
15 ýyllygyny belleýär. Döwlet edaralarynyň hem-de ýerli ýerine ýetiriji
häkimiýetiň we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň netijeli işlemegi
ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, onuň dünýä hojalyk
gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Şu maksatlar
bilen, akademiýanyň öňünde ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine mynasyp
goşant goşjak hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini
ýokarlandyrmak boýunça örän jogapkärli wezipeler goýuldy.
Döwlet
Baştutanymyzyň awtoulagy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
akademiýasynyň täze binalar toplumynyň öňündäki meýdança gelýär. Hemme ýerde
bolşy ýaly, bu ýerde hem hakyky baýramçylyk we ruhubelentlik ýagdaýy emele
geldi.
Ak
mermerli binalar toplumy täsin binagärlik keşbi we içki bezegi bilen haýran
galdyrýar. Bu ýerde milli binagärligiň we bezegiň däpleri häzirki döwrüň
özboluşly usullary bilen utgaşýar.
Dabara
gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen
garşylaýarlar. Bu ýerde aýdym-saz we tans toparlarynyň şowhunly çykyşlary
ýaýbaňlandyryldy.
Garaşylýan
pursat gelip ýetýär, hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň el çarpyşmalary
astynda toý bagyny kesýär we şeýlelikde, täze binalar toplumy açylýar.
Döwlet
Baştutanymyz binanyň içine girýär hem-de akademiýanyň toplumy bilen tanşyp
başlaýar. Bu ýerde, döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýolbaşçy işgärleri we döwlet
gullukçylaryny taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli
şertler döredildi.
Akademiýanyň
düzüminde iki fakultet — döwlet dolandyryş hem-de hünär ýokarlandyryş
fakultetleri hereket edýär. Bu ýerde 7 kafedra — döwlet we halkara hukugy,
raýat hukugy, ykdysadyýet we maliýe, menejment, sanly ykdysadyýet we maglumat
tehnologiýalary, jemgyýeti öwreniş ylymlary, daşary ýurt dilleri kafedralary
işleýär. Birnäçe ugurlar boýunça okuwlar magistraturada amala aşyrylýar.
Akademiýanyň
600 diňleýjä niýetlenen binalar toplumynyň umumy meýdany ýedi gektara
barabardyr. Baş bina ýokary amatlyklary bolan dürli okuw otaglaryny,
maslahatlary geçirmek üçin zallary, onlaýn duşuşyklary we maslahatlary geçirmek
üçin niýetlenen otaglary, kompýuter we lingafon, internet otaglaryny,
kitaphanany, muzeýi, şeýle hem professor-mugallymlar düzümi üçin niýetlenen iş
otaglaryny, beýleki degişli otaglary öz içine alýar. Olaryň ählisi döwrebap
enjamlar, şol sanda interaktiw displeýler bilen üpjün edildi. Munuň özi
okuwlary sanly tehnologiýalar we öňdebaryjy usullar, dünýäniň iň gowy tejribesi
esasynda geçirmäge ýardam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdebi bilen tanyşlyga başlap,
kompýuter okuw otagyna bardy we onuň enjamlaşdyrylyşy hem-de programma
üpjünçiligi bilen gyzyklandy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy akademiýanyň
mugallymy we diňleýjileri mähirli garşyladylar. Nygtalyşy ýaly, şu günki taryhy
waka — Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylmagy onuň
diňleýjileri we professor-mugallymlar düzümi üçin buýsançly wakadyr. Akademiýa
döwrebap kompýuter enjamlary hem-de ýokary tizlikli internet bilen üpjün
edildi, bu ýerde sanly bilim portaly hereket edýär. Munuň özi okuw işiniň
guralyşyny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Akademiýanyň
mugallymy we diňleýjileri döwlet gullugy ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine
uly üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly
Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, eziz
Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan giň
gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow okuw otaglarynyň birine baryp, bu
ýerde sapaklary geçmek üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Bu ýerde
sapak geçýän mugallym döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, hormatly
Prezidentimizi Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu
senä gabatlanyp, tutuş ýurdumyzda uly baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.
Bellenilişi
ýaly, milletiň baý taryhy mirasynda döwlet we döwlet gurluşy baradaky
taglymatlar aýratyn orun eýeleýär. Bu babatda türkmen halkynyň beýik
akyldarlarynyň we nusgawy şahyrlarynyň, şol sanda Döwletmämmet Azadynyň hem-de
Magtymguly Pyragynyň eserleri bilimleriň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň manyly, ylmy taýdan esaslandyrylan,
halkymyzyň şöhratly taryhy we onuň belent ruhy-ahlak ýörelgeleri hem-de
asyrlaryň dowamynda kemala gelen parasatly däpleri, şol sanda döwlet gurluşy we
dolandyryşy bilen bagly däpleri barada gürrüň berýän ajaýyp eserleri
mugallymlar üçin gymmatly usuly gollanma bolup durýar.
Akademiýanyň
mugallymlarynyň we diňleýjileriniň adyndan hormatly Prezidentimiziň hem-de
türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyna täze binalar
toplumynda netijeli işlemek, üstünlikli okamak babatda ähli şertleriň
döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi. Akademiýanyň täze
binalar toplumynyň açylmagy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly
wakalarynyň birine öwrüldi.
Häzirki
wagtda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmagyň
esasy wezipeleriniň biri milli ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň ähli
ugurlaryny sanlylaşdyrmakdan, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny önümçilige
ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Akademiýanyň okuw sapaklarynda innowasion
tehnologiýalaryň we interaktiw usullaryň ulanylmagy sapagy çuňňur özleşdirmäge
ýardam edýär.
Döwlet
gullugy akademiýasynyň düzümine 50 müň kitaby saklamaga niýetlenen kitap gaznasy
bolan kitaphana girýär. Bu ýerde 60 orunlyk okalga zaly, internet zallary,
döwürleýin neşirler hem-de täze neşir edilen kitaplar üçin niýetlenen zallar
ýerleşýär. Şeýle hem içki elektron kitaphana ulgamy göz öňünde tutulypdyr.
Kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň eserleri we ylmy işleri aýratyn orun
eýeleýär. Bularyň ählisi professor-mugallymlara, diňleýjilere ylmy işleri
ýazmakda, okuw sapaklaryna taýýarlanmakda kitaphananyň hyzmatyndan giňden
peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.
Akademiýanyň
muzeý otagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň döwlet dolandyryşyň kämil nusgasyny özünde jemleýän ömür
ýoluna bagyşlanan maglumatlar hem-de ýokary okuw mekdebiniň esaslandyrylmagynyň
taryhy bilen baglanyşykly resminamalar ýerleşdirilendir.
Akademiýanyň
täze binalar toplumy bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyz diňleýjiler
üçin 450 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyna hem-de 50 orunlyk ýaş mugallymlara we
hünärmenlere niýetlenen gulluk maksatly ýaşaýyş jaýyna baryp gördi. Hormatly
Prezidentimiz otaglaryň üpjünçiligine we ýaşaýjylar üçin döredilen
amatlyklaryna aýratyn üns berdi.
Akademiýanyň
diňleýjileriniň we mugallymlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa ýaşamak, dynç almak, wagtyňy peýdaly geçirmek, şol sanda
çagalar üçin oňaýly şertleriň üpjün edilendigi üçin hoşallyk sözleri aýdyldy.
Sport
bilen meşgullanmak we dürli ýaryşlary geçirmek üçin hem oňyn şertler döredildi.
Sport toplumy hem diňleýjileriň we mugallymlaryň ygtyýaryndadyr. Bu ýerde
köpugurly sport zaly, dürli türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilen fitnes
zaly, bilýard we stoluň üstünde oýnalýan tennis üçin niýetlenen zallar bar.
Şeýle hem kiçi futbol, woleýbol we basketbol üçin açyk sport meýdançalary göz
öňünde tutuldy.
Mundan
başga-da, çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançalary, şeýle hem bassyrmaly we
ýapyk görnüşli awtoduralgalar göz öňünde tutulypdyr.
Bir
söz bilen aýdylanda, akademiýanyň täze binalar toplumynda diňleýjileriň
netijeli okamagy, mugallymlaryň talabalaýyk işlemegi, şeýle hem olaryň göwnejaý
ýaşaýyş-durmuşy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin oňaýly
şertler döredildi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow okuw binasyna barýar. Binanyň eýwanynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna
şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy.
Germaniýa
Federatiw Respublikasynyň “DUISBURG ESSEN” uniwersitetiniň “Iň gowy binagärlik”
şahadatnamasyny akademiýanyň rektoryna şu uniwersitetiň uly mugallymy Bernd
Reinhold Rosin dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Soňra
GFR-iň Fraungofer Energetika ykdysadyýeti we energetika ulgamy tehnologiýasy
institutynyň geňeşçisi professor Harald Apel ýygnananlaryň el çarpyşmasy
astynda akademiýanyň rektoryna şu institutyň durnuklylyk we öňdebaryjy
tehnologiýa baradaky şahadatnamasyny gowşurýar.
Şanly
waka hem-de şu gün bellenilýän baýramçylyk mynasybetli hormatly Prezidentimiziň
we türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň
adyna ýürekden gutlaglar, iň gowy arzuwlar beýan edildi.
Şu
günki wakanyň hormatyna döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy
galdyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
akademiýasynyň täze binalar toplumy bilen tanyşlygy tamamlap, akademiýanyň
rektoryna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp,
hemmelere abadançylyk we üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde,
Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanyp geçirilen dabaralar Garaşsyz, baky
Bitarap Watanymyzyň şanly ýyl ýazgysyna ýene-de bir ajaýyp sahypany ýazdy. Bu
günki wakalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrýan öňdengörüjilikli döwlet
syýasatynyň aýdyň netijesidir. Ýaş nesliň abadançylygy baradaky alada şol
syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Türkmenistanyň ýaşlary döwlet
Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň hemmetaraplaýyn aladasyna okuwda,
zähmetde gazanýan üstünlikleri bilen jogap berip, eziz Watanymyzyň mundan
beýläk-de okgunly ösmegine hem-de rowaçlanmagyna, onuň parahatçylygyň, döredijiligiň,
ösüşiň ýoly bilen täze sepgitlere tarap ynamly öňe gitmegine mynasyp goşant
goşmaga çalyşýarlar.