Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň paýtagtynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady
bilen geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara serginiň öz
işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
ýylynda Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp geçirilýän giň gerimli çäreler
aýratyn many-mazmuna eýe bolup, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin
guwandyryjy wakalara öwrülýär. «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara
sergi hem ak mermerli şäherimiziň güni mynasybetli geçirilýär. Onda Aşgabadyň
senagat, medeni we aň-bilim kuwwaty, durmuş-ykdysady taýdan örän uly möçberli
serişdeleri, mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylar. Ýurdumyzyň halk hojalygyna
degişli dürli pudaklaryň täze teklipleri we gazananlary görkeziler.
Ak mermerli Aşgabadyň üstünliklerini dünýä
jemgyýetçiligine ýaýmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe
alyşmak maksady bilen geçirilýän bu halkara serginiň türkmen paýtagtyny has-da
gözelleşdirmek, dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň
birine öwürmek boýunça işleriň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň uly
boljakdygyna ynanýaryn. Indi köp ýyllar bäri guralýan «Ak şäherim Aşgabat» atly
köpugurly halkara sergi Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapýan özgertmeleriň
gerimini aýdyň görkezýär. Dürli ulgamlarda ýetilen belent sepgitleri beýan
etmäge mümkinçilik berýär we halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar.
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän bu sergi aşgabatlylarda hem-de
paýtagtymyzyň myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.
Häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň durnukly
ösýän şäherleriniň birine öwrüldi. Her ýyl geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly
halkara sergide hödürlenilýän taslamalaryň aglabasy boýunça bu günki gün
şäherimizi bezeýän ajaýyp binalaryň ençemesi guruldy. Täze önümçilik,
medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlary
diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ilatymyzyň
ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş
hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagynda hem möhüm orna eýe bolýar. «Aziýanyň
merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe bolan paýtagtymyzda amala aşyrylýan ägirt
uly gurluşyklar türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge
gönükdirilen döredijilikli, durmuş ugurly döwlet syýasatymyzyň aýdyň
netijesidir. Ak mermerli Aşgabat ýurdumyzyň kuwwatynyň artýandygynyň, dowam
edýän özgertmeleriň üstünliklere eýe bolýandygynyň nyşanydyr. Aşgabat dünýäniň
iň gözel we has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde öz derejesini barha
berkidýär. Baş şäherimiziň ösdürilmegi uzak möhletli geljegi nazara almak
bilen, täzeçil şähergurluşyk syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly adamlar!
Gadyrly dostlar!
Biz paýtagtymyzyň häzirki döwürde gazanan
üstünliklerine, ajaýyp binagärlik keşbine buýsanýarys. Ýurdumyzyň ýüregi bolan
şäherimiz syýasy-dolandyryş, ylmy, medeni, senagat, söwda, ulag merkezi bolmak
bilen, uly ykdysady we ylmy mümkinçiliklere hem eýedir. Şoňa görä-de, Arkadag
Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Aşgabat şäherinde döwrebap edara binalarynyň,
ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, çagalar
baglarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, söwda merkezleriniň, ilata hyzmat
ediş desgalarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we ýollaryň, ýaşaýjylaryň dynç
almagy üçin niýetlenen seýilgähleriň gurulmagy işjeň alnyp barlar.
Aşgabat şäheri halkara derejedäki syýasy we
işewürlik merkezine hem öwrülýär. Döwrebap desgalary bilen haýrana goýýan
paýtagtymyz bütin dünýäde parahatçylygyň, ylalaşygyň, halklaryň arasynda
dostlugyň hakyky merkezi hökmünde ykrar edildi. Dünýäniň şäherleriniň arasynda
halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň
Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygyň
çäklerinde «Dizaýn» ugry boýunça Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik
şäherleriniň toruna girizmek babatda hem zerur çäreler amala aşyrylar.
Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň paýtagtynyň ýurduň dolandyryş, senagat,
bilim, medeniýet merkezi hökmünde ösmegini dowam etdirip, ýetilýän belent
sepgitleriň gerimini has-da giňeltjekdigine berk ynanýaryn.
Hormatly sergä
gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly
XXII köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we
bagtyýar durmuş, berkarar döwletimiziň paýtagtyny has-da ösdürmek ugrunda alyp
barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.