Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň
taslamalaryna garaldy we beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet
Baştutanymyz gün tertibindäki meselelere geçip, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa
söz berdi. Ol milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi.
Parlamentiň
ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowa Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda döwrebap
ýaşaýyş jaýynyň gurlup ulanmaga berlendigi üçin Mejlisiň deputatlarynyň adyndan
hoşallygyny beýan edip, bildirilen ynamy ödemek we Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek
üçin ähli tagallalaryny, bilimlerini, tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna
ynandyrdy.
Habar
berlişi ýaly, ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça
öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda hereket edýän birnäçe
kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça kanun
taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Halkara we parlamentara gatnaşyklary
ösdürmek maksady bilen, Mejlisde Serbiýa Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, ÝHHG-niň Parlament
Assambleýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyklar geçirildi.
Şeýle
hem “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde howpsuzlygy,
durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara
maslahatyň hem-de “Berkarar döwlet we ösüşiň täze eýýamy: döwletliligiň,
demokratiýanyň, adam gymmatlyklaryny hormatlamagyň nusgawy ýoly” atly
ylmy-amaly maslahatyň netijeleri barada habar berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli parlamentiň alyp barýan işlerine ünsi
çekdi we kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň
pudaklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegindäki möhüm ähmiýetini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ätiýaçlandyryş ulgamyny
ösdürmek, bu ugurda fiziki we ýuridik şahslara ýokary hilli hyzmatlary
hödürlemek bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda bu ugruň ösdürilmegine we
ätiýaçlandyryş bazaryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek boýunça hereket edýän
namalaryň döwrüň talaplaryna laýyk getirilmegine uly üns berilýändigini aýtdy
hem-de wise-premýere bu ugurdaky işleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, birnäçe ugurdaş desgalaryň
durkuny täzelemek we inženerçilik-tehniki düzümleri mundan beýläk-de
döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, pudagy, şol sanda gaýtadan işleýän pudagy
diwersifikasiýalaşdyrmak we innowasion esasda ösdürmek meselelerine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýangyç-energetika toplumynyň öňünde bu
pudagyň kärhanalarynyň ýokary netijeli işini üpjün etmek, içerki we daşarky
bazarlarda isleg bildirilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň
öndürilýän görnüşlerini artdyrmak ýaly täze möhüm wezipeleriň goýlandygyny
belledi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp
barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ýekelemek we otag işleri dowam edýär.
Şeýle
hem welaýatlarda bugdaýa ideg etmek işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp
barylýandygy habar berildi. Galla oragyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen,
orakda ulanyljak kombaýnlary, galla kabul ediş nokatlaryny we awtoulaglary
möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Soňra
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda 2023-nji ýylda
gant şugundyryny öndürmek hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ýokary hilli we agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň
zerurdygyny belledi we bugdaýa, gowaça ideg işleriniň depginleriniň
güýçlendirilmegi babatda tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet
Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere
iberdi we bu resminamada bellenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň
güni mynasybetli meýilleşdirilen medeni çärelere we bu şanly senä gabatlanyp
geçirilmegi göz öňünde tutulýan “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly
halkara sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu köpugurly sergä ýerli
we daşary ýurt kompaniýalarynyň jemi 140-sy, edara-kärhanalar, hususy
telekeçiler gatnaşmaga isleg bildirdiler.
Ak
mermerli Aşgabadyň ajaýyp keşbi, gaýtalanmajak gözelligi, ykdysadyýetde,
ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki
ugurlarda ýeten belent sepgitleri bilen tanyşdyrmak ýurdumyzyň Söwda-senagat
edarasynyň Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde guraýan her ýylky sergisiniň
esasy maksadydyr.
Şeýle
hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli dürli baýramçylyk konsertlerini,
dabaraly maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, keşbinde milli binagärlik däpleriniň dünýäniň
öňdebaryjy tejribesi bilen sazlaşykly utgaşýan Aşgabat şäheriniň güni
mynasybetli geçiriljek dabaralaryň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.
Döwlet
Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, paýtagtymyzy dünýäniň
iň owadan we ýaşamak üçin oňaýly şäherleriniň birine öwürmek boýunça alnyp
barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyrýan bu halkara serginiň we beýleki
dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi
hem-de bu babatda wise-premýerlere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen
söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara
türkmen-gruzin toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek, Türkmenistanyň
wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny guramak, Italiýa
Respublikasynyň Milan şäherinde geçirilýän dokma enjamlarynyň halkara sergisine
gatnaşmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen daşary
ýurtlaryň arasynda alnyp barylýan netijeli gatnaşyklaryň ähli ugurlarda bolşy
ýaly, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda-da üstünlikli
ösdürilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
geçiriljek çäreleriň ýurdumyzyň bu ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň
işjeňleşdirilmegine ýardam berjekdigini aýtdy hem-de agzalan çärelere ýokary
derejede taýýarlyk görülmegi babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň
32 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek
boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň
Kararynyň taslamasy barada hasabat berdi.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli baýramlary we şanly seneleri
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy
hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli geçiriljek
çäreleriň ähmiýetini belledi hem-de hödürlenen resminama gol çekip, ony sanly
ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň ýerine ýetirilişine
gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Ylymlar güni mynasybetli şu
ýylyň 12-13-nji iýunynda geçiriljek “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy
maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Ylymlar
akademiýasynyň dünýäniň dürli ýurtlaryndan görnükli alymlaryň we professorlaryň
gatnaşmagynda geçirjek halkara maslahatynyň çäklerinde häzirki zaman ylmynyň
ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem sanly ykdysadyýeti, ekologiýany, saglygy
goraýşy we derman senagatyny, logistikany, suw diplomatiýasyny, oba hojalygyny,
nebitgaz pudagyny, nanotehnologiýalary, energetikany, ynsanperwer ylymlary
ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýäde bolup geçýän ösüşleriň esasy bolan ylym
ulgamynyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz halkara maslahatlaryň tejribe alyşmaga ýardam bermek bilen bir
hatarda, ýurdumyzyň ylmyny giňden tanatmaga, onuň jemgyýetimizde eýeleýän
ornuny ýokarlandyrmaga hem mümkinçilik berýändigini belläp, ylmyň we tehnikanyň
dürli ugurlarynda düýpli we amaly barlaglary işjeňleşdirmäge ýardam berjek bu
iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.
Soňra
wise-premýer şu ýylyň 5 — 9-njy iýuny aralygynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa
şäherçesiniň Tennis toplumynda 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda geçiriljek
tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşyna taýýarlyk görlüşi
barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Halkara we Aziýa
tennis federasiýalary bilen bilelikde geçirjek bu ýaryşyna Owganystanyň,
Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem Halkara we Aziýa
tennis federasiýalarynyň wekilleri gatnaşarlar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň sport abraýyny mundan
beýläk-de belende galdyrmak, daşary ýurtlar we olaryň halklary bilen däp bolan
dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähmiýetli bolan bu abraýly ýaryşyň
paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň wajypdygyny belledi
we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew
türkmen wekiliýetiniň «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2023» atly XIV
halkara ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň
Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine amala aşyran iş saparynyň netijeleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasynda söwda,
ykdysady, ylmy, tehniki, durmuş, maýa goýum we medeni gatnaşyklary
pugtalandyrmaga gönükdirilen hem-de iri senagat önümlerini öndürijileriň, ulag
boýunça dürli döwlet edaralarynyň we kompaniýalaryň, ulag-logistika
assosiasiýalarynyň resmi wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu halkara çärede
türkmen wekiliýeti birnäçe duşuşyklara we çärelere gatnaşdy, şeýle hem bu
çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň milli sergi pawilýony gurnaldy.
Türkmenistan
bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy we
ýurdumyzyň ykdysady gazananlaryny görkezýän milli sergi pawilýony çärä
gatnaşyjylaryň aýratyn gyzyklanmasyna eýe boldy. Onda, esasan, milli haly we
dokma önümlerine, konditer we şöhlat önümlerine ýokary gyzyklanma bildirilip,
sergä gatnaşan hususyýetçilerimiz tarapyndan bu önümleriň täze bazarlaryny
giňeltmek boýunça birnäçe netijeli gepleşikler geçirildi.
Maslahatyň
gün tertibine ulag-logistika we senagat ulgamlarynda ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň meselelerine bagyşlanan «Russiýanyň we Türkmenistanyň arasynda
senagat, ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin
infrastruktura şertleri» atly aýratyn sessiýa girizilip, onda Türkmenistandan
geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň, ösen ulag infrastrukturalarynyň ähmiýeti,
bu ugurlary netijeli ulanmakda geljekki meýiller ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Russiýa
Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm ähmiýetine ünsi
çekdi hem-de türkmen wekiliýetiniň Kazan şäherine amala aşyran iş saparynyň iki
dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda alnyp barylýan gatnaşyklara täze
itergi berjekdigini aýtdy.
Soňra
agentligiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş Assambleýasynyň her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni»
diýip yglan etmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi
ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag we
kommunikasiýalar ulgamyna degişli Kararnamanyň kabul edilmegi türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän döwlet
Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ulag syýasatynyň hem-de ulag
ulgamyndaky öňe sürülýän ählumumy ähmiýetli teklipleriň dünýä jemgyýetçiliginiň
giň goldawyna eýe bolýandygynyň subutnamasydyr.
Agentligiň
ýolbaşçysy milli ulag düzümlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmäge
berýän aýratyn üns-aladasy, ulag babatda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň
goldaw tapýan sebit we dünýä ähmiýetli başlangyçlary üçin döwlet Baştutanymyza
ulag-kommunikasiýalar toplumynyň işgärleriniň adyndan hoşallygyny beýan etdi.
Soňra
sanly ulgam arkaly geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet
Baştutanymyz daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji
W.Hajiýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol Türkmenistanyň BMG we onuň düzüm
birlikleri bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Daşary işler
ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şunuň
bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde
ýurdumyzyň halkara parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek, halkara
gatnaşyklarda ynanyşmagy, dialogy ilerletmek, netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda
ulag diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ugrunda gatnaşyklary
ösdürmek boýunça başlangyçlar bilen çykyş edýändigi bellenildi.
Soňky
ýyllarda Türkmenistan ulag we kommunikasiýalar ugry boýunça halkara ähmiýetli
möhüm çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji,
2021-nji, 2022-nji we 2023-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň 6-synyň biragyzdan kabul edilmegi
Bitarap Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä
jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýaňy-ýakynda,
şu ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde
Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Kararnama kabul edildi. Kararnama
laýyklykda, 26-njy noýabr “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edildi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň bu möhüm daşary
syýasy üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaglar beýan edildi. Munuň özi ekologik
ugry nazara almak bilen, ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
ösdürilmegine, üstaşyr ulag geçelgeleriniň durnukly ulgamynyň
pugtalandyrylmagyna, inklýuziw jemgyýetçilik infrastrukturasynyň döredilmegine
ýardam edilmegine halkara bileleşik tarapyndan uly ähmiýet berilýändiginiň
nobatdaky beýanydyr.
Şeýle
hem hasabatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň dünýäde syýasy we ykdysady
durnuklylygy saklamak, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmek, dialog
filosofiýasyny ilerletmek, halkara gatnaşyklarda emele gelýän derwaýys
meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmak boýunça öňe sürýän halkara
başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji
ýylyň 28-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji
plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň adyndan
hödürlenen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy»
atly Kararnamanyň kabul edilendigi bellenildi.
Ýokarda
agzalan Kararnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, ilkinji ädimleriň biri
hökmünde şu ýylyň 16-njy maýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork
şäherinde Baş Assambleýanyň «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we
hyzmatdaşlyk zolagy» atly ýokary derejeli mejlisi geçirildi. Bu mejlisiň
barşynda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň sebitiň ýurtlary bilen
bu ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa
üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň we beýleki halkara,
sebit guramalarynyň bu hyzmatdaşlykdaky orny nygtaldy. Şunuň bilen birlikde,
Owganystanyň goňşulary hökmünde bu ýurdy durnuklylaşdyrmak boýunça halkara
tagallalary birleşdirmek we owgan halkyna ykdysady, ynsanperwerlik kömegini
bermek işinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň eýeleýän möhüm orny bellenildi.
Şeýle
hem hasabatyň dowamynda BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň daşky gurşawy gorap
saklamak we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini peseltmek ýaly wajyp ugurdaky
hyzmatdaşlyga saldamly goşant goşýandygy nygtaldy. Ýurdumyz bu baradaky meselä
dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek bilen, Aral deňzi bilen baglanyşykly
meseleleriň çözülmegine uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 15
— 19-njy maýy aralygynda Bangkok şäherinde geçirilen Birleşen Milletler
Guramasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş
komissiýasynyň 79-njy sessiýasynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy
bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite
maksatnamasyny döretmek bilen baglanyşykly Kararnamasynyň biragyzdan kabul
edilendigi bellenildi. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara
abraýynyň has-da belende galýandygynyň subutnamasydyr.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip,
ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän
ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny belledi. 16-njy maýda bu
guramanyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň
dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza
döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Kararnama
laýyklykda, her ýylyň 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip
yglan edildi. Bu halkara resminama dünýä ýurtlarynyň 67-siniň awtordaş bolup çykyş
etmegi onuň tutuş adamzat üçin örän möhümdiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 26-njy
noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy
boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen
şol maslahatyň geçirilen senesiniň, ýagny 26-njy noýabryň “Bütindünýä durnukly
ulag güni” diýlip yglan edilmeginiň çuňňur manysy bardyr. Munuň özi türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Milletler
Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr diýip, döwlet
Baştutanymyz nygtady.
Bu Kararnamada Türkmenistanyň Hökümetiniň
Birleşen Milletler Guramasynyň 2016-njy ýylda Aşgabatda geçiren Durnukly ulag
ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň, şeýle hem geçen ýylda deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň Awazada geçirilen
halkara maslahatyny guramak bilen bagly tagallalarynyň we Awaza Jemleýji
Beýannamasynyň ähmiýetine kanagatlanma bildirildi.
Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag-kommunikasiýa ugruna degişli täze
Kararnamanyň kabul edilmeginiň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň
barha ýokarlanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrülendigini kanagatlanma bilen
belläp, ýurdumyzyň bu möhüm halkara üstünligi bilen Hökümet agzalaryny we ähli
türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, şu
gün birnäçe meselelere seredilendigini, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny
ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalaryň kabul edilendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.