Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp
barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki wagtda
welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Şu günler welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, hatarara
bejergi, ýekelemek, otag işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem bugdaýa ideg etmek
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, hormatly
Prezidentimiziň ilatymyzy gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça
beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatda ýeralma, sogana we beýleki ýazlyk
ekinlere ideg edilýär, pile öndürmek möwsümini üstünlikli geçirmek ugrunda
degişli işler alnyp barylýar.
Mundan
başga-da, häkim ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni
mynasybetli welaýatda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk görlüşi,
Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi
göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalarda, inženerçilik ulgamlarynda ýerine
ýetirilýän gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň geljekki bol
hasylyň esasy bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz häkime şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatyň gowaça ekilen
meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň ýokary hilli we bellenen
möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem
hormatly Prezidentimiz bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi, pile öndürmek boýunça bellenen
meýilnamanyň berjaý edilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda
alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada
hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň gowaça ekişi geçirilen
meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, ilkinji hatarara bejergi we otag etmek
işleri alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary, gurallary doly
güýjünde işledilýär. Şunuň bilen bir hatarda, bugdaýa ideg etmek işleri ýerine
ýetirilýär. Ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny
ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bu ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň
talaplaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär, pile öndürmek boýunça
meýilnamany berjaý etmek boýunça zerur tagallalar görülýär.
Hasabatyň
dowamynda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli
welaýatda guraljak dabaralara taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Şeýle-de häkim
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän
gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen
agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy
hem-de welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda geçirilýän ideg işleriniň
depginlerini güýçlendirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de
hormatly Prezidentimiz bugdaý, ýeralma, sogan we beýleki ýazlyk ekinleri ekilen
meýdanlarda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň ýokary hilli, bellenen möhletlerde
alnyp barylmagyna, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň berjaý edilmegine
toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe
anyk görkezmeleri berdi.
Sanly
ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
N.Nazarmyradowyň welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri baradaky hasabaty
bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehniki
möhletlerde geçirilýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, otag
we ýekelemek işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary, gurallary
doly güýjünde işledilýär. Şaly ekişi guramaçylykly dowam edýär. Şunuň bilen bir
hatarda, welaýatyň bugdaý, ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen
meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär,
pile öndürmek möwsümini üstünlikli geçirmek boýunça ähli zerur çäreler
görülýär.
Mundan
başga-da, häkim ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni
mynasybetli welaýatda guralmagy göz öňünde tutulýan çärelere taýýarlyk görlüşi,
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň ekin meýdanlarynda möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna ünsi çekdi hem-de bugdaýa, ýazlyk ýeralma,
sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek işleriniň, şaly ekişiniň
bellenen möhletlerde geçirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle
hem häkime şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň
agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde
saklamak tabşyryldy.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda ýerine ýetirilýän möwsümleýin
oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, hatarara
bejergi, ýekelemek, otag işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan
we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny
tutmak işleri hem alnyp barylýar. Ilatymyzy ýeralma, sogan, beýleki gök-bakja
önümleri bilen üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek
maksady bilen, bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilýär.
Pile öndürmek möwsümini üstünlikli geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Hasabatyň
dowamynda welaýatda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni
mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk barada hem aýdyldy. Mundan
başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada
hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny
belledi hem-de welaýatyň ak ekin meýdanlarynda, ýeralma, sogan we beýleki
gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň
üstünlikli berjaý edilmegi babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz welaýatyň pagta ekilen
meýdanlarynda geçirilýän ideg işlerine guramaçylykly we toplumlaýyn
çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, häkime bu ugurdaky işleri gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu günler dowam edýän oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň
gowaça meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek we
otag işleri alnyp barylýar. Gowaça ideg etmekde oba hojalyk tehnikalaryndan,
gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Şunuň bilen bir hatarda, sebitiň bugdaý
meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak boýunça degişli işler dowam edýär. Ýazlyk
ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda degişli işler ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek boýunça
bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur tagallalar edilýär.
Hasabatyň
dowamynda welaýatda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni
mynasybetli dabaraly çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça
görülýän taýýarlyk barada hem habar berildi. Şeýle-de häkim ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça, bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana we
beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk
berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň
doly berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň
welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynyň gögeriş alnan ýerlerinde
hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri geçirilýär. Gowaça ideg etmekde
ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny netijeli işletmek, ideg
işlerini bellenen agrotehniki möhletlerde ýokary hilli geçirmek boýunça zerur
tagallalar edilýär.
Hormatly
Prezidentimiziň degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, şu günler
gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine
taýýarlyk görmek, galla oragynda işledilmegi göz öňünde tutulýan kombaýnlary,
awtoulaglary we galla kabul ediş nokatlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur
işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda
ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we
bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda
welaýatlaryň ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
işleri dowam etdirilýär. Pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek,
bellenen meýilnamany doly berjaý etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Şeýle
hem wise-premýer ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek
hem-de suw serişdelerini netijeli ulanmak maksady bilen, Suw hojalygy baradaky
döwlet komitetiniň “Türkmensuwylmytaslama” instituty tarapyndan ekerançylyk
meýdanlarynda suwaryş ýaplaryny bellenen kadalara laýyklykda ulanmak üçin
taslama işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň bellenen möhletlerde we talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhüm
wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de gowaça, bugdaý, ýazlyk ýeralma,
sogan, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegini, pile öndürmek
boýunça meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak
babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet
Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik
edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzyň oba
hojalyk pudagynyň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi we häzirki
wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli,
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň berk gözegçilikde
saklanylmagy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatlarda meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň
ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda degişli görkezmeleri berdi.
Iş
maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi Beýik
Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden
gutladylar.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň,
mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.