Şu
gün Beýik Britaniýada iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen
Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä we Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna
gatnaşdy.
Günüň
birinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz «The Biltmore Mayfair» myhmanhanasyndan
çäräniň geçirilýän ýerine — Westminster ybadathanasynyň ýanynda ýerleşýän we
diňe bir Londonyň iň iri buthanasy bolman, eýsem, ýurduň döwlet durmuşynyň hem
merkezi bolan «Church House» maslahatlar merkezine ugrady. Bu ýerde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Beýik Britaniýanyň daşary syýasat
edarasynyň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.
Bellenilen
wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we şu gezekki dabara
çagyrylan beýleki belent mertebeli myhmanlar däp boýunça täç geýdirmek
dabarasynyň geçirilýän ýeri bolan Westminster ybadathanasyna ugradylar. Şunuň
bilen birlikde, tutuş dünýä boýunça millionlarça adama britan Patyşasy Karl
III-ä täç geýdirmek dabarasyna onlaýn tertipde tomaşa etmek mümkinçiligi
döredildi.
Beýik
Britaniýa Ýewropada öz Patyşalaryna täç geýdirýän ýeke-täk ýurtdur. Täç
geýdirmek dabarasynda patyşa häkimiýetiniň nyşanlary bolan täje we skipetre
(hasa) aýratyn orun degişlidir.
Mälim
bolşy ýaly, britan Patyşalaryna täç geýdirmek däbi müň ýyldan gowrak wagt bäri
dowam edýär. Ilkinji täç geýdirmek dabarasy 1066-njy ýylda geçirildi. Täç
geýdirmek buthana dabarasy bolup, onda Beýik Britaniýanyň Patyşasyna ýa-da Şa
zenana resmi taýdan täç geýdirilýär. Täç geýdirmek dabarasyndan öňürti,
Londonyň Sent-Jeýms köşgünde tagty miras almak boýunça Geňeş ady bilen belli
bolan dabara edarasynyň öňünde Patyşa hukuk taýdan yglan edilýär. Bu çäräniň
esasy bölekleri müň ýylyň dowamynda üýtgemedi diýen ýalydyr.
Şu
gezekki resmi çäre bellenen wagtda Bukingem köşgünden Westminster
ybadathanasyna çenli dabaraly ýöriş bilen başlady. Dabaranyň dowamynda
Kenterberi arhiýepiskopy Karl III-ni Patyşa diýip yglan etdi.
Patyşa
kasamy ýerine ýetirilenden soňra, arhiýepiskop iňlis buthanasynyň ýolbaşçysy
hökmünde Patyşanyň derejesini alamatlandyrýan däbi ýerine ýetirýär. Dabaranyň
bu bölegi mukaddes hasaplanýar.
Täç
geýdirmek pursady ýetip gelýär. Britan Patyşasyna patyşa häkimiýetiniň
nyşanlary gowşurylýar. Soňra arhiýepiskop Patyşa Karl III-ä Mukaddes Eduardyň
täjini geýdirýär.
Patyşa
Karl III-ä wepalylyk baradaky kasam aýdylandan soňra, Şa aýaly Kamillany tagta
oturtmak dabarasy boldy.
Soňra
Patyşa we onuň Şa aýaly Bukingem köşgüne tarap ugradylar.
Dabara
tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Birmingem şäheriniň Halkara howa
menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady.
Döwlet
Baştutanymyzyň uçary Aşgabada çenli uçuşy amala aşyryp, paýtagtymyzyň Halkara
howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar
garşyladylar.
Beýik
Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň ýurdumyzdaky
ilçihanasynyň wekiliniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň şeýle möhüm
çärä gatnaşmagy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ösdürilýän döwletara
gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açýar.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen
netijeli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändigini belläp, şu gezekki saparyň
türkmen-britan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ýolundaky möhüm ädime
öwrülendigini aýtdy.