Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek,
Türkmenistanyň adalat edaralarynda berilýän hukuk kömekleriniň hilini
ýokarlandyrmak babatynda berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen,
Türkmenistanyň adalat edaralary
tarapyndan birnäçe işler durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylyk-da,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan
hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy
baradaky gullugyň resmi internet web-saýtynyň açylmagy hem-de onda Gulluk
tarapyndan berilýän birnäçe hukuk hyzmatlaryny almak üçin internediň üsti bilen
online görnüşde sargytlary etmek mümkinçiligiň döredilmegi bellenilmäge mynasyp
täzelikdir.
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet
tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň resmi internet web-saýtynda
döredilen bu sanly mümkinçilikden peýdalanmak arkaly şahslar özleriniň
gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryny döwlet sanawynda döwlet tarapyndan bellige
aldyrmaklyk üçin Gullugyň Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda ýerleşýän ýerli
edaralaryna online görnüşde nobata durup bilerler. Şeýle-de gozgalmaýan emläge
bolan hukuklaryň döwlet sanawyndan bellige alyş işleri bilen bagly maglumatlary
göçürme hem-de kepilnama görnüşde almak üçin online sargytlary edip bilerler.
Mundan başgda, Gulluk tarapyndan
Gulluk bilen Gullugyň ýerli edaralary hem-de beýleki döwlet dolandyryş edaralarynyň
arasynda maglumat-telekommunikasiýa tor aragatnaşygy emele getirildi.
Türkmenistanyň döwlet dolandyryş edaralary bilen Gullugyň arasynda sanly tor
aragatnaşygynyň döredilmegi bilen, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we
hukuklaryň borçlanmalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin zerur bolan
maglumatlary beýleki döwlet dolandyryş edaralaryndan elektron görnüşde sorap
almak işi üstünlikli ýola goýuldy.
Şeýle-de, durmuşa geçirilýän bu
işleriň çäginde, Gullugyň Aşgabat şäher müdirligine we onuň ýerli edaralaryna
gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryny döwlet tarapyndan bellige aldyrmak üçin
gelýän şahslaryň ýokary rahatlygyny üpjün etmek maksady bilen, elektron petekli
intellektual turniket nobat ulgamy ulanyşa girizildi.
Bu sanly mümkinçilikleriň
döredilmegi ilki bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet
tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň ýerli edaralaryna hukuk kömegini
almak üçin gelýän şahslara berilýän hukuk hyzmatlarynyň ýokary hilini üpjün
etmeklige ýardam eder.
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluk