Şu
gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni
giňden hem-de dabaraly bellenilýär. Bu şanly sene mynasybetli paýtagtymyzdaky
Konstitusiýa binasynyň ýanynda we Baş baýdagyň öňündäki meýdançada geçirilen
dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Esasy
Kanunymyz we ýaşyl tugumyz ýurdumyzyň baş döwlet nyşanlary bolmak bilen,
halkymyzyň mizemez jebisligini, parahatçylyk, ynsanperwerlik, döredijilik
taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Bularyň hemmesi döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän, halkara
jemgyýetçiligiň ählumumy goldawyna eýe bolan içeri we daşary syýasatynyň
esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiz bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň
halkyna iberen Gutlagynda: “Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy
hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň,
agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet
baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini,
şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir. Aşgabat şäherindäki
Konstitusiýa binasy bilen Baýdak meýdançasy, döwlet ähmiýetli Arkadag
şäherindäki, welaýatlaryň merkezlerindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagyndaky belent sütünli baýdak meýdançalary bu gün Konstitusiýamyzyň we
Döwlet baýdagymyzyň mukaddesligini has-da dabaralandyrýar” diýip belleýär.
Gutlagda
nygtalyşy ýaly, döwleti dolandyrmakda, demokratik we adalatly jemgyýeti
gurmakda, toý-baýramlarymyzy, şanly senelerimizi ýokary derejede geçirmekde
toplan tejribämize daýanyp, Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gününi
mähriban halkymyzda belent watansöýüjilik döredýän, täze üstünliklere
ruhlandyrýan milli baýram hökmünde belleýäris. Şanly wakalar bilen şöhratlanýan
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwleti dolandyrmakda, demokratik we
adalatly jemgyýeti gurmakda toplanan köpasyrlyk milli tejribämize eýerilip, halkymyzyň
bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň,
welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň
saýlawlarynyň geçirilmegi demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň binýatlaryny
has-da berkitmegiň ýolunda täze ädim boldy.
...Ir
säher bilen Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän
Konstitusiýa binasynyň ýanynda Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk
goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalaryň, diplomatik wekilhanalaryň
ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin
habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar, medeniýet işgärleri,
paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandylar.
Parlaýan
ýaşyl baýdaklar, al-elwan güller, adamlaryň ýüzündäki şatlyk duýgulary
baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýýar. Bu baýramçylyk Watanymyza bolan söýgimizi
artdyrýar, halkymyzy has belent sepgitlere ruhlandyryp, onuň jebisligini
pugtalandyrýar.
Konstitusiýa
binasynyň ýanynda Watan goragçylary nyzama düzülipdir. Ýaş nesliň wekilleriniň
ellerinde baýdaklar bar. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Gahryman
Arkadagymyz özygtyýarly Watanymyzyň döwlet binýatlarynyň, demokratik
esaslarynyň we häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýän köpasyrlyk halk
häkimiýetliligi däpleriniň mizemezligini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna
gül dessesini goýýar. Soňra dabara beýleki gatnaşyjylar hem bu bina gül
desselerini goýdular.
Türkmenistanyň
Esasy Kanuny adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip yglan
edip, raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň ygtybarly kepili, ýurdumyzda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan
hem-de Watanymyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny
üpjün etmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady özgertmeleriň berk hukuk binýady
bolup çykyş edýär. Pederlerimiziň Watany söýmek, oňa wepaly bolmak barada bize
galdyran wesýetleri Esasy Kanunymyzda baş pikir hökmünde öz beýanyny tapdy.
Şoňa görä-de, bu gün halkymyz özüniň gadymy taryhynyň beýikdigine düşünmek
bilen, pederlerimiziň parasatly wesýetlerine sarpa goýýar.
Konstitusiýa
binasynyň öňi al-elwan güller bilen bezeldi. Munuň özi halkymyzyň Garaşsyz,
Bitarap Watanymyza bolan buýsanjynyň, berkarar we asuda döwletimizde erkin
ýaşaýan, zähmet çekýän ildeşlerimiziň bagtyýarlygynyň özboluşly nyşany boldy.
Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dabaralar
paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşýän 133 metrlik baýdak sütüniniň ýanyndaky
meýdançada dowam etdirildi. Bu ýerde Türkmenistanyň Baş baýdagy belentde
parlaýar.
Aşgabadyň iň gözel künjekleriniň birinde
dikilen Döwlet tugumyz şäheriň islendik ýerinden diýen ýaly görünýär. Ol
belentde parlamak bilen, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, döwürleriň we
nesilleriň dowamatlylygyny, halkymyzyň baý taryhyny, medeniýetini, parasatly
durmuş filosofiýasyny, şöhratly geçmişini, häzirki gününi we röwşen geljegini alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda baýdak
sütüniniň öňünde ajaýyp gül dessesini goýýar. Soňra asylly däbe eýerip, beýleki
dabara gatnaşyjylar hem bagtyýar durmuşyň nyşany bolan Baş baýdaga gül
desselerini goýýarlar.
Milli taryhymyzda çuň kökleri bolan mukaddes
tugumyz halkymyzyň özbaşdak ösüşe, syýasata, durmuş-ykdysady nusga bolan
özygtyýarlylygyny we hukugyny alamatlandyrýar. Halkymyz hemişe öz baýdagyna
aýawly garapdyr. Pederlerimiziň aýdyşy ýaly, adam terbiýesi, ýurt baýdagy bilen
tanalýar. Bu jümlede aýratyn many bar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan
parahatçylyk söýüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ýaşyl tugy Bitaraplyk,
hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, dostlukly gatnaşyklara, sebit hem-de dünýä
derejesinde hyzmatdaşlyga ygrarly döwletiň nyşany bolup durýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk çäresiniň dowam
edýän pursatlarynda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa bilen söhbetdeş
boldy. Gahryman Arkadagymyz çeper döredijilikde köpleriň halypasy saýylýan
şahyr zenany şanly baýram bilen gutlap, oňa ýurdumyzyň durmuşynda möhüm
ähmiýeti bolan dabaralara işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Gözel Şagulyýewa hormatly Arkadagymyza tüýs
ýürekden çykýan gutlag sözlerini aýdyp, döwlet derejesinde geçirilýän
dabaralara gatnaşmagyň özi üçin beýik mertebedigini nygtady.
Türkmenistanyň
Döwlet baýdagy tutuş dünýäde giňden bellidir. Onda milli äheňler umumadamzat
ruhy gymmatlyklar bilen sazlaşykly utgaşyp, çuňňur mana eýe bolýar we
halkymyzyň geljege bolan garaýşyny beýan edýär. Ýaşyl ýüpek parçada dünýäde
ykrar edilen ajaýyp sungatymyzyň nyşanlary bolan haly gölleri, rowaçlygyň we parahatçylygyň
nyşanlary bolan zeýtun baldajyklary, doganlygy, agzybirligi, durmuşy
alamatlandyrýan ýarymaýyň hem-de bäş ýyldyzyň şekilleri ýerleşdirilipdir.
*
* *
Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Gökderede ýerleşýän “Gala”
medeni-dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet
baýdagynyň güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik boldy. Bu çärä daşary
ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň
ýolbaşçylary hem çagyryldy.
Gahryman
Arkadagymyz diplomatik wekilhanalaryň wekillerini mübärekläp hem-de ýurdumyzyň
durmuşyndaky ähmiýetli baýramçylyk çärelerine gatnaşýandyklary üçin
minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegini maksat edinýändigini belledi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy şu gezekki baýramçylygyň halkymyzyň agzybirligini we
jebisligini, özygtyýarly döwlet ösüşiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýän ýörelgeleriniň dabaralanmagyny
alamatlandyrýandygyny nygtady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu
ýere ýygnananlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni
bilen gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işlerinde
üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Onuň dowamynda ösüşiň täze
belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň üstünliklerine
bagyşlanan aýdym-sazlar ýaňlandy.
*
* *
Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri şu
gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da ýaýbaňlandyryldy. Bu çäreler halkymyzyň
mizemez jebisliginiň we agzybirliginiň, merdana pederlerimiziň parasatly
wesýetlerine ygrarlydygynyň aýdyň nyşany boldy. Dabaralara gatnaşyjylaryň
ruhubelentligi bolsa ildeşlerimiziň hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň we abadançylygyň täze sepgitlerine
tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyza bolan çäksiz buýsanjyny
açyp görkezdi.