Şu
gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary
bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde
döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Howa
menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan
Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekili bilen bolan söhbetdeşliginde
ozaldan gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak
ýörelgelerine esaslanýandygy nygtaldy. Ýokary we hökümet derejelerinde guralýan
yzygiderli saparlar döwletara dialogy ähli ugurlar boýunça pugtalandyrmaga,
anyk netijeleri gazanmaga ýardam berýär. Ýokary derejede geçiriljek nobatdaky
duşuşyk umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyga täze itergi
bermäge gönükdirilendir. Diplomat döwlet Baştutanymyza saparynyň üstünlikli
geçmegini arzuw edip, bu gezekki gepleşikleriň täjik-türkmen gatnaşyklarynyň
taryhynda möhüm waka boljakdygyna ynam bildirdi.
Saparyň
öňüsyrasynda Duşenbede geçirilen Türkmen-täjik işewürlik maslahatynyň,
bilelikdäki işewürlik geňeşiniň birinji mejlisiniň we iki ýurduň eksport ugurly
harytlarynyň sergisiniň hem özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan
beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendigini bellemek gerek. Işewürlik forumynyň
netijeleri boýunça 20-den gowrak resminama gol çekildi. Şeýle hem şol gün bu
ýerde Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň ylmy intelligensiýasynyň
wekilleriniň gatnaşmagynda “tegelek stoluň” başyndaky halkara maslahat boldy.
Onda ikitaraplaýyn ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp
maslahatlaşylan esasy mesele boldy.
Hormatly
Prezidentimiziň uçary Duşenbe şäherine çenli uçuşy amala aşyryp, Täjigistanyň
paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde
gondy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda
Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler.
Howa
menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň
Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül dessesi
gowşuryldy. Belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli bu ýerde iki ýurduň
halklarynyň milli lybaslaryndaky artistleriň ýerine ýetirmeginde köpöwüşginli
aýdym-sazly we tansly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy, türkmen hem-de täjik sazlary
ýaňlandy.
Hormatly
Prezidentimiziň awtoulag kerweniniň howa menzilinden barýan ugrundaky ähli
ýerde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary parlady.
Täjik topragynda bildirilen myhmansöýerlik hormatly Prezidentimizi Duşenbede
garşylamaga ruhubelentlik bilen taýýarlyk görlendiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet
Baştutanymyzyň awtoulag kerweni “Kasri Millat” köşgüne gelýär. Köşgüň öňündäki
meýdançada belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti
Emomali Rahmon mähirli mübärekleýär.
Iki
ýurduň Liderleri dostlukly salamlaşyp, münbere barýarlar. Hormat garawulynyň
serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Toplaryň atylmagynda Türkmenistanyň we
Täjigistan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Prezidentler Serdar
Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Täjigistanyň Döwlet baýdagyna sarpa goýup,
Hormat garawulynyň nyzamynyň öňünden geçýärler. Döwlet Baştutanymyz
Täjigistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrylýar. Soňra täjik
Lideri ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrylýar. Belent
mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy Hormat garawulynyň esgerleriniň
dabaraly ýörişi bilen tamamlanýar.
Prezident
Emomali Rahmon hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy “Kasri Millat”
köşgüne geçmäge çagyrýar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi
surata düşmek dabarasyndan soňra, ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki
türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi.
Prezident
Emomali Rahmon belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Duşenbe şäherinde kabul edýändigine tüýs
ýürekden şatdygyny nygtady. Täjik Lideri döwlet Baştutanymyzyň saparynyň
dostluk we doganlyk däpleri esasynda ýola goýlan türkmen-täjik gatnaşyklaryny
pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň ýolunda täze, möhüm ädimi
alamatlandyrjakdygyna ynam bildirdi. Şu ýyl biziň ýurtlarymyzyň arasynda
diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýandygy bellärliklidir.
Nygtalyşy ýaly, Täjigistan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine,
onuň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ygrarlydyr.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistana gelmäge çakylyk we bildirilen
myhmansöýerlik üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlygyny beýan etdi hem-de
dörän mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň täjik Liderine mähirli
salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Döwlet
Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Täjigistan Respublikasyna şu gezekki döwlet
saparynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30
ýyllyk ýubileý ýylyna gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Şol geçen
ýyllaryň dowamynda döwletlerimiz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda depginli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň
binýadyny yzygiderli pugtalandyryp gelýärler. Taraplaryň bilelikdäki tagallasy
netijesinde uly üstünlikler gazanyldy. Munuň özi halkara giňişlikdäki
hyzmatdaşlykda hem öz beýanyny tapýar. Türkmenistan we Täjigistan halkara gün
tertibiniň meselelerinde birek-birege goldaw berýärler.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu günki gepleşikleriň strategik häsiýete
eýe bolan türkmen-täjik hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigine, döwletara
gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip,
Prezident Emomali Rahmony özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar
bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň
möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Ynanyşykly
we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, häzirki döwrüň ýagdaýlary
bilen baglylykda, onuň esasy ugurlary kesgitlenildi. Şunda Türkmenistanyň we
Täjigistanyň bar bolan uly kuwwaty, iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri
tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de çuňlaşdyrmagy we diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýändikleri
tassyklanyldy. Şeýle hem taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara
gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.
Soňra
gepleşikler Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň
agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.
Prezident
Emomali Rahmon hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we ýurdumyzyň
wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Türkmenistan
bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasatynda
möhüm orny eýeleýändigini belledi. Täjik tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary
mundan beýläk-de baýlaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Munuň özi doganlyk
halklarymyzyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär. Prezident Emomali Rahmon döwlet
Baştutanymyzyň şu saparynyň strategik hyzmatdaşlyk formatynda döwletara
gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirip, belent mertebeli myhmana
söz berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik we döredilen
ajaýyp şertler üçin täjik Liderine minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapynyň bu
döwlet saparyna hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly
hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan pugta we dostlukly döwletara
gatnaşyklaryň aýdyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz şu günki gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki
ýagdaýyna baha bermäge, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara
alyp maslahatlaşmaga, bar bolan kuwwata laýyklykda, türkmen-täjik
hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak üçin ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik
berjekdigine ynam bildirdi.
Nygtalyşy
ýaly, şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda
diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda
geçýändigi aýratyn many-mazmuna eýedir. Munuň özi iki ýurduň we olaryň
halklarynyň täze taryhynyň soňky 30 ýylynda döwletara gatnaşyklaryň ösüşini
seljermäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow syýasy-diplomatik ulgamda türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň
netijeli ösdürilýändigini belledi. Munuň özi, ilkinji nobatda, taraplaryň sebit
we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy
ýa-da gabat gelýändigi bilen şertlendirilendir. Ählumumy parahatçylygy,
durnuklylygy berkitmek, häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak, Durnukly ösüş
maksatlaryna ýetmek ýaly esasy meseleler boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlary
meňzeşdir. Şunda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we
Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara we sebit düzümleriniň
çäklerindäki ýakyn hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan we
Täjigistan Respublikasy halkara giňişlikde birek-biregi goldaýarlar. Munuň özi
anyk netijeleriň gazanylmagyna, sebitde hem-de dünýäde ýagdaýlaryň barşyna
özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, täjik tarapynyň
Türkmenistanyň bitarap daşary syýasatyny we onuň halkara guramalaryň çäklerinde
öňe sürýän başlangyçlaryny üýtgewsiz goldaýandygy aýratyn nygtaldy.
Täjigistan türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň
kabul eden Kararnamalarynyň 20-siniň awtordaşy bolup çykyş etdi. Şeýle hem
täjik tarapy Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde, hususan-da, Bitaraplygyň
dostlary toparynyň işinde teklip edýän başlangyçlaryny ilerletmäge işjeň
gatnaşýar.
Öz
gezeginde, Türkmenistan hem Täjigistanyň başlangyjy boýunça dünýä
jemgyýetçiligi tarapyndan durmuşa geçirilýän we ählumumy meseleleriň, şol sanda
howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň çözülmegine saldamly goşant goşýan
giň gerimli, uzak möhletleýin maksatnamalary, strategiýalary goldaýar. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki günde Merkezi Aziýadaky ýagdaýlaryň
durnuklylygyny we netijeliligini gorap saklamak bilen baglylykda, türkmen-täjik
hyzmatdaşlygyna aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Gürrüň, ilkinji nobatda,
sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün edýän mehanizmleri döretmek,
gapma-garşylyklara ýol bermezlik, ähli meseleleri syýasy-diplomatik ýollar
arkaly çözmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, halkara hukugyň
umumy ykrar edilen kadalaryna, BMG-niň Tertipnamasyna esaslanyp, özara
bähbitleri nazara almak we berjaý etmek ugrunda çykyş edýän ýurtlarymyzyň
garaýyşlarynyň üýtgewsizdigi barada barýar.
Şunuň
bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw
duşuşyklarynyň netijeliligi aýratyn bellenildi. Syýasy dialogyň bu görnüşi bäş
ýurduň köpugurly hyzmatdaşlygynda täze tapgyrdyr. Ol durnukly ösüş üçin zerur
şertleri üpjün etmäge, Merkezi Aziýanyň syýasy, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy üçin özüne çekiji sebit
hökmünde dünýä gatnaşyklaryna goşulyşmagynyň durnukly gurallaryny döretmäge
gönükdirilendir. Şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek bäşinji — ýubileý konsultatiw
duşuşyk hemmetaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ilerledilmegine
täze itergi berer.
Türkmenistanyň
we Täjigistanyň ekologiýa, tebigaty goramak ulgamyndaky ikitaraplaýyn, halkara
derejelerdäki hyzmatdaşlygy aýratyn möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine
garşy durmagyň, Merkezi Aziýa sebitiniň suw serişdelerini aýawly we rejeli
peýdalanmagyň, Aral meselesini çözmek boýunça bilelikdäki işi işjeňleşdirmegiň
zerurdygyny aýtdy. Bu babatda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny
esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine uly ynam bildirilýär.
Sammit şu ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda Täjigistanyň paýtagtynda geçiriler.
Şunda Türkmenistanyň ýokarda ady agzalan iki halkara forumy taýýarlamaga we
geçirmäge işjeň gatnaşjakdygy bellenildi.
Söwda-ykdysady
gatnaşyklar barada aýdylanda, biziň ýurdumyz Täjigistany ähmiýetli we geljegi
uly hyzmatdaş hökmünde görýär hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine
aýratyn ähmiýet berýär. Şunda türkmen-täjik hökümetara toparynyň işine möhüm
orun berilýär. Bu toparyň işi ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady
gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, anyk netijeleriň gazanylmagyna
gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, işewürlik düzümleriniň ugry boýunça
hyzmatdaşlygy giňeltmek, telekeçileriň arasynda yzygiderli gatnaşyklary
guramak, bilelikdäki ugurdaş çäreleri geçirmek zerurdyr. Şunda iki ýurduň
çäginde amala aşyrylýan bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna türkmen we täjik
kompaniýalarynyň gatnaşmagyna döwlet tarapyndan goldaw bermek teklip edilýär.
Hususan-da, döwlet Baştutanymyz dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmegiň
mümkinçiliklerini içgin öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Ýurdumyz
ýangyç-energetika toplumynyň, gurluşyk we himiýa senagatynyň, azyk senagatynyň,
oba hojalygynyň, derman senagaty pudagynyň önümlerini we beýleki harytlary
ibermek ulgamynda Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr.
Obasenagat toplumynda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny
nazara almak bilen, geljekde oba hojalyk önümlerini ibermegiň gurallaryny işläp
taýýarlamak mümkinçiligine hem seretmek bolar.
Ulag
ulgamy türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda
bilelikdäki tagallalar baş maksady gazanmaga — Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn
Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirýän döwrebap we kuwwatly infrastrukturany
döretmäge gönükdirilmelidir. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we iki
ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmegi bilen baglylykda, Türkmenistan Hazar
deňzine çykmak bilen, döwletlerimizi birleşdirýän ulag geçelgesi boýunça
bilelikdäki işe taýýardyr.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň sebitimiziň dünýä
ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletlerine halkara bazarlara çykmak üçin
Gündogaryň, ýagny Hazaryň port düzüminiň mümkinçiliklerini doly derejede
ulanmak zerurdyr. Türkmenistan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň
kuwwatlyklaryny amatly şertlerde Täjigistan üçin hem bähbitli bolar ýaly
ulanmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şeýle-de döwletlerimiziň
arasyndaky göni we üstaşyr howa gatnawlaryny dikeltmek mümkinçiligine garamak
teklip edilýär.
Ynsanperwer
ulgam hem türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Halklarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklar taryhyň jümmüşinden gözbaş alýar.
Türkmenistanyň we Täjigistanyň sungatyna hem-de edebiýatyna ägirt uly özara
gyzyklanma bildirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2023-2024-nji ýyllarda iki
ýurduň özara Medeniýet günlerini guramak teklip edilýär. Döredijilik we ylmy
intelligensiýanyň wekilleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek
zerur bolup durýar.
Şeýle
hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek.
Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta
mekdebiň gurulmagy-da bu ugurda doganlyk gatnaşyklarynyň mysaly bolup durýar.
Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň esasy ylmy
merkezleriniň arasynda göni gatnaşyklary işjeňleşdirmek arkaly tebigy bilimler,
saglygy goraýyş, tehniki hem-de ynsanperwer ylymlar ugurlarynda hyzmatdaşlygyň
bilelikdäki maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge girişmegi teklip etdi.
Döwlet
Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Täjigistanyň halkyna iň gowy arzuwlaryny
beýan etdi we däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna
goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirdi.
Soňra
söz nobaty Prezident Emomali Rahmona geçirildi. Ol döwletara gatnaşyklaryň
netijeli we strategik häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Şunda
ikitaraplaýyn dostluk, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saldamly goşandy aýratyn nygtaldy.
Täjigistanyň
Baştutany söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk meselesine degip geçip, onuň
okgunly ösüşiniň özara haryt dolanyşygynyň durnukly ýokarlanýandygyna şaýatlyk
edýändigini belledi. Şunda biziň ýurtlarymyzyň bu ugurda özara bähbitli
gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedigi nygtaldy. Şunuň
bilen baglylykda, Türkmenistanyň Täjigistanyň esasy daşary ykdysady
hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Ýeňil, nebitgaz, himiýa,
metallurgiýa senagaty, obasenagat toplumy, ulag we kommunikasiýalar
türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi. Şunuň
bilen baglylykda, ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň gurallarynyň
netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygy barada aýdyldy. Bu babatda
bilelikdäki hökümetara topara ähmiýetli orun degişlidir.
Şunuň
bilen baglylykda, Prezident Emomali Rahmon bu toparyň başlyklaryny kesgitlemek
hem-de onuň nobatdaky mejlisini şu ýylyň awgustynda Duşenbede geçirmek baradaky
teklibi beýan etdi. Şeýle hem haryt dolanyşygyny artdyrmak boýunça degişli “Ýol
kartasyny” doly durmuşa geçirmek, ýylyň ahyryna çenli indiki döwür üçin täze
resminamany kabul etmek boýunça çäreleri görmegiň zerurdygy bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak,
senagat kooperasiýasyny ösdürmek hem-de bilelikdäki önümçilikleri döretmek,
işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Oba
hojalyk ulgamynda hem hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin giň mümkinçilikler bar.
Täjik
Lideri ulag ulgamyny özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde
görkezip, hususan-da, Täjigistanyň öz ýüklerini daşamak üçin Türkmenbaşy
Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmaga gyzyklanma
bildirýändigini belledi.
Iki
doganlyk halkyň ruhy we medeni umumylygyny nazara almak bilen,
medeni-ynsanperwer ulgam, şol sanda bilim ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry
hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Emomali Rahmon türkmen
tarapyna Täjigistanda wajyp durmuş ähmiýetli desgany — Magtymguly adyndaky orta
mekdebi gurmak baradaky çözgüdi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şu gün bu
mekdebiň gurluşygyna dabaraly ýagdaýda badalga berler.
Mälim
bolşy ýaly, geçen ýylyň güýzünde Türkmenistanda Täjigistan Respublikasynyň
Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ikinji
ýarymynda Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek hem-de bu
wakanyň çäklerinde täjik we türkmen halklarynyň dostluk festiwalyny bilelikde guramak
teklip edildi.
Döwletara
gatnaşyklaryň parlament ugruna hem täze itergi berildi. 2022-nji ýylyň maýynda
Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Türkmenistana ilkinji
saparyny amala aşyrdy. Şunda dostlukly ýurtda hem türkmen halkynyň Milli
Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi sapar bilen
gelmegine garaşylýandygy nygtaldy. Prezident Emomali Rahmon şular barada aýtmak
bilen, ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde parlamentara
gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.
Pursatdan
peýdalanyp, täjik Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we ähli
türkmen halkyny Mejlisiň täze çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň
üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.
Şeýle
hem Täjigistanyň we Türkmenistanyň halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde
ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Prezident Emomali Rahmonyň
nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Baştutanynyň bu sapary döwletara gatnaşyklaryň
taryhynda täze sahypany açýar. Täjigistanyň Baştutany öz ýurdunyň ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny baýlaşdyrmak boýunça mundan beýläk-de bilelikdäki
ädimlere taýýardygyny tassyklap, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň
gowy arzuwlaryny beýan etdi, şeýle-de doganlyk Türkmenistana sapar bilen
gelmäge çakylyk üçin hoşallyk bildirdi.
Giňeldilen
düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary göni
aragatnaşyk arkaly Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti
etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim
berýän orta mekdebiň binasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar.
2022-nji
ýylyň 9-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 540 orunlyk
okuw edarasynyň binalar toplumyny gurmak hakynda Karara gol çekdi. Mälim bolşy
ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali
Rahmonyň arasynda bu barada degişli ylalaşyk gazanyldy. Şeýle çözgüt ikitaraplaýyn
ynsanperwer gatnaşyklary geljekde-de pugtalandyrmak we giňeltmek,
medeniýetleriniň, däp-dessurlarynyň, ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bilen
baglanyşan halklarymyzyň arasynda dostluga, özara düşünişmäge ýardam bermek
maksady bilen kabul edildi.
Umuman,
bilim ulgamy strategik häsiýetli türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz
böleginiň biridir. Ýurtlaryň ikisinde-de bilim ulgamynyň ösdürilmegine,
innowasion usulyýetleriň hem-de tehnologiýalaryň esasynda olaryň
kämilleşdirilmegine möhüm üns berilýär. Bu gün bolsa täjik topragynda beýik
türkmen şahyry, akyldary we filosofy, tutuş ömrüni, döredijiligini
ynsanperwerlik, watançylyk taglymlarynyň berkarar bolmagyna, halklaryň
dost-doganlygynyň berkidilmegine bagyş eden Magtymguly Pyragynyň adyny göterjek
umumybilim berýän mekdebiň gurluşygyna girişilýär.
Dabaranyň
geçirilýän ýerinde ajaýyp baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýere hormatly
ýaşulular we kümüş saçly eneler, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň resmi
wekiliýetleriniň agzalary, giň jemgyýetçilik wekilleri ýygnandylar. Hemmeler
Prezidentler Serdar Berdimuhamedowy we Emomali Rahmony uly ruhubelentlik bilen
garşylaýarlar. Täjik we türkmen dillerinde dabaranyň başlanýandygy yglan
edilýär.
Milli
lybasdaky hormatly ýaşululara söz berilýär. Olar täjik hem türkmen dillerinde
çykyş edip, bu günüň döwletara gatnaşyklaryň taryhyna altyn harplar bilen
ýazyljakdygyny, hakyky taryhy waka öwrüljekdigini bellediler. Çykyş edenleriň
nygtaýyşlary ýaly, täze mekdep biziň doganlyk halklarymyzyňdyr ýurtlarymyzyň
arasyndaky mizemez dostlugyň aýdyň nyşany bolar. Bellenilişi ýaly,
täjigistanlylar mekdebiň beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň adyny
göterjekdigine buýsanýarlar. Geljek ýylda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy
giňden dabaralandyrylar.
Hormatly
ýaşulular dabara gatnaşýandyklary üçin döwlet Baştutanlaryna hoşallyk bildirip
hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, ähli asylly başlangyçlarynda uly
üstünlikleri arzuw etmek bilen, mekdebiň düýbüni tutmaga ak pata bermeklerini
haýyş etdiler. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary ýaňlanýar.
Täjigistanyň
we Türkmenistanyň Prezidentleri umumybilim berýän orta mekdebiň düýbüni tutmaga
ak pata berýärler. Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary ýaňlanýar.
Ýaşuly nesliň wekilleri täze mekdebiň binýadyna beton garyndylaryny oklaýarlar.
Milli aýdym-sazlar şanly wakanyň dabarasyny has-da artdyrýar. Döwlet
Baştutanlarynyň adyna ýene-de tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdylýar.
Dabara
tamamlanandan soňra, “Kasri Millat” köşgünde ikitaraplaýyn resminamalara gol
çekmek dabarasy boldy.
Saglygy
goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen
Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; halkara
kiberhowpsuzlygy üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň
Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga;
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda
maglumatlary tehniki taýdan goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda
Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan
Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda halkara guramalaryň
çäklerinde özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama; ösümlikleriň karantini
boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň
arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen
Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda weterinariýa ulgamynda
hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky
gurşawy goramak ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Oba hojalyk
ministrliginiň arasynda oba hojalyk babatda hyzmatdaşlygy berkitmegiň 2023 —
2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasyna»; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet
ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Täjigistanyň Milli
bankynyň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi departamentiniň arasynda jenaýatçylykly
ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň
maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň
maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlaryny alyşmak babatda
hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Merkezi banky bilen Täjigistanyň Milli bankynyň arasynda özara düşünişmek
hakynda Ähtnama; gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri
babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda Türkmenistanyň Döwlet
gümrük gullugy bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Gümrük
gullugynyň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Mary welaýat häkimligi bilen
Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň döwlet häkimiýetiniň ýerine
ýetiriji edarasynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş, medeni we
ynsanperwer ugurlarda halkara we daşary ykdysady aragatnaşygy amala aşyrmak
hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Täjigistan
Respublikasynyň Sugd welaýatynyň döwlet ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda
söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek
hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň
arasynda multimodal gatnawlary işjeňleşdirmek we ýük dolanyşygyny
ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça 2023 —
2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (Ýol kartasy);
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen Täjigistan
Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministrliginiň arasynda özara
düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ykdysady ösüş we
söwda ministrliginiň arasynda söwda hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek
hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Zähmet, migrasiýa we ilatyň iş
üpjünçiligi ministrliginiň arasynda zähmet we ilatyň iş üpjünçiligi babatda
hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň
«Türkmenawtoulaglary» agentligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ulag
ministrliginiň arasynda halkara awtomobil gatnawlaryny ösdürmek boýunça özara
düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti
bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika boýunça
agentligiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenstandartlary» baş
döwlet gullugy bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Senagatda
işleriň howpsuz alnyp barylmagyna gözegçilik we dag gözegçiligi boýunça döwlet
gullugynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary
işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar
boýunça ylmy merkezi bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky
Strategik barlaglar merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Täjigistan
Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda
Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Täjigistan
Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Täjigistanyň «Howar» milli habarlar
agentliginiň arasynda Ähtnama; Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli
merkezi bilen Täjigistanyň Garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň Federasiýasynyň arasynda
özara hereket we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilýär.
Ýygnananlaryň
el çarpyşmalary astynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon
Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy
çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekýärler. Bu möhüm resminamada iki döwletiň
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede köpugurly hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de işjeň ösdürmäge, halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary
pugtalandyrmaga ygrarlydyklary tassyklanylýar. Nygtalyşy ýaly, türkmen-täjik
gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi hem-de çuňlaşdyrylmagy iki ýurduň
düýpli bähbitlerine laýyk gelmek bilen, olaryň gülläp ösmegine, sebitde
parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Şeýlelikde,
Jarnamada Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň döwletara gatnaşyklary
hil taýdan täze derejä çykarmaga, iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine
ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga berk ygrarlydygy bellenilýär.
Resminamalara
gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary köpçülikleýin
habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Prezident
Emomali Rahmon gepleşikleriň netijelerini beýan edip, Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana ilkinji döwlet saparynyň iki ýurduň
arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynda ajaýyp waka
bolup durýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, edil häzir ýurtlarymyzyň
arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk derejesine
çykarýan Jarnama kabul edildi. Bu taryhy çözgüt iki halkyň düýpli bähbitlerine
laýyk gelýär we sebitde ösüşiň, durnuklylygyň möhüm şertleriniň biri bolup
durýar.
Saparyň
öň ýanynda we onuň çäklerinde biziň ýurdumyzyň paýtagtynda — Duşenbe şäherinde
dürli ugurlara degişli çäreleriň geçirilendigi guwançlydyr diýip, täjik Lideri
aýtdy. Şolaryň hatarynda işewürlik maslahaty, önümleriň sergisi we iki ýurduň
ylmy intelligensiýasynyň wekilleriniň duşuşygy bar. Şol çäreler şu günki
gepleşiklere aýratyn oňyn öwüşginleri çaýdy. Gepleşikleriň netijeleri boýunça
ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Prezident
Emomali Rahmonyň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
bilen gepleşikler netijeli hem-de ynanyşmak ýagdaýynda geçdi. Taraplar ähli
derejede yzygiderli syýasy gepleşikleri alyp barmagyň wajypdygyny bellediler,
şeýle hem soňky ýyllarda parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşýändigine
kanagatlanma bildirdiler. Ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady
gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy. Iki
ýurduň Hökümetleri olary hil taýdan ýokary derejä çykarmak boýunça degişli
teklipleriň üstünde işlärler hem-de hödürlärler.
Şu
gün gol çekilen resminamalar bu wezipäniň çözülmegine ýardam eder. Täjigistanyň
Baştutany Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki
hökümetara toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak barada ylalaşygyň
gazanylandygyny hem belledi. Gepleşikleriň dowamynda senagat ulgamynda
bilelikde iş alyp barmak babatda hyzmatdaşlyk edilmegine aýratyn üns berildi.
Şu gün 2025-nji ýyla çenli döwür üçin oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak boýunça “Ýol kartasy” kabul edildi. Ol özara gatnaşyklaryň bu
ugruny ösdürmek üçin oňat binýat bolup hyzmat eder.
Şunuň
bilen birlikde, taraplar ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini
bellediler. Biziň ýurtlarymyzyň çäklerinden awtomobil we demir ýol ulaglary
arkaly ýük daşalyşynyň möçberi artdyrylar. Bu ulgamda şu gün ýük akymlaryny
has-da artdyrmak we daşamalary işjeňleşdirmek boýunça çäreleriň bilelikdäki
Meýilnamasy kabul edildi diýip, Prezident Emomali Rahmon aýtdy. Gepleşikleriň
barşynda sebitara hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini hemmetaraplaýyn peýdalanmagyň
zerurdygyna üns çekildi. Täjik Lideri bu ulgamda şu gün kabul edilen
resminamalaryň özara saparlaryň amala aşyrylmagyna, işewürlik gatnaşyklarynyň
ýola goýulmagyna hem-de ýurtlarymyzyň sebitleriniň arasynda dürli häsiýetli
çäreleriň geçirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Taraplar
medeni-ynsanperwer ulgama, hususan-da, ylma we bilime aýratyn üns berdiler.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Emomali Rahmon şu gün dabaraly ýagdaýda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Hatlon
welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky orta mekdebiň gurluşygyna
badalga berlendigini belledi. Bu desgany türkmen tarapy bina eder hem-de ol
doganlyk halklarymyzyň dostlugynyň ajaýyp nyşanyna öwrüler.
Gepleşikleriň
gün tertibine sebit howpsuzlygyna degişli meseleler hem girizildi. Täze
çagyryşlara, howpsuzlyga wehim salynmagyna garşy hereket etmekde hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga gyzyklanmalar tassyklanyldy, degişli gulluklaryň ugry boýunça
gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Owganystandaky ýagdaýlar
barada-da pikir alşyldy. Ýakyn goňşular hökmünde Täjigistanyň we Türkmenistanyň
bu ýurtda uzak möhletleýin parahatçylygyň, durnuklylygyň ýola goýulmagyna uly
gyzyklanma bildirýändikleri nygtaldy.
Halkara
we sebit guramalarynyň çäklerinde täjik-türkmen hyzmatdaşlygy yzygiderli
ösdürilýär. Taraplar şu ýylyň sentýabrynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň
döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň hem-de Araly halas etmegiň
halkara gaznasynyň sammitiniň ýokary derejede geçirilmegine ýurtlaryň
taýýardygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, bu çärelere gatnaşmak üçin
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa şu ýylyň güýzünde Täjigistanda
garaşýandyklary bellenildi.
Sözüniň
ahyrynda Prezident Emomali Rahmon täjik tarapynyň geçirilen gepleşikleriň
netijelerine ýokary baha berýändigini nygtady. Şol gepleşikler täjik-türkmen
strategik hyzmatdaşlygynyň täze sahypasyny açýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
wekilleriniň öňünde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan
Prezident Emomali Rahmona döwlet sapary bilen Täjigistan Respublikasyna gelip
görmäge çakylygy, bilelikde işlemäge hem-de Duşenbe şäherinde bolmaga döredilen
ajaýyp şertler üçin ýene bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Şu
gün geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň ýakyn hyzmatdaşlyga üýtgewsiz
ygrarlydygy tassyklanyldy, dürli ulgamlarda türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan
beýläk-de işjeňleşdirmek üçin zerur bolan kuwwatlyklaryň bardygy bellenildi,
geljekki hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz döwletara gatnaşyklar üçin däp bolan özara ynanyşmak,
açyklyk ýagdaýynda geçen ýokary derejedäki duşuşygyň oňyn we anyk häsiýetini
aýratyn belledi.
Gepleşikleriň
dowamynda ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak
meselelerine üns berildi. Biziň ýurtlarymyz ähli halkara meseleleriň diňe
halkara hukuk kadalaryna hem-de BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda,
parahatçylykly ýollar bilen, gepleşikleri geçirmek arkaly çözülmelidigi
baradaky bir garaýşa eýerýärler. Taraplar häzirki wagtda ählumumy we sebit gün
tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde ikitaraplaýyn görnüşde, halkara
guramalaryň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirmek barada
ylalaşdylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda
Merkezi Aziýadaky ýagdaýlara aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň we
Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk bu ýagdaýlaryň oňyn ösüşiniň möhüm şerti
hökmünde çykyş edýär. Şunda biziň ýurtlarymyzyň garaýyşlary aýdyňdyr,
üýtgewsizdir hem-de yzygiderli häsiýete eýedir. Biz Merkezi Aziýada
parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge, sebitiň döwletleriniň arasynda hoşniýetli
goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, sebitiň
dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen ygtybarly we
netijeli gurallaryň döredilmegi ugrunda çykyş edýäris. Şunuň bilen baglylykda,
sebit hyzmatdaşlygynyň täze görnüşiniň — Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň ähmiýeti nygtaldy. Onuň bäşinji mejlisi
şu ýylyň sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçiriler.
Şeýle
hem durnukly ösüş, onuň düzüm bölekleri bolan halkara üstaşyr ulag gatnawlaryny
ösdürmek, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak ýaly ählumumy gün tertibiniň
möhüm ugurlary boýunça taraplaryň tagallalaryny utgaşdyrmagy dowam etdirmek
barada ylalaşyk gazanyldy. Döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzyň bu ulgamlarda
Täjigistan bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlara
hem-de tekliplere garamaga taýýardygyny belledi.
Hususan-da,
biziň döwletlerimiz Gündogar — Günbatar ugry boýunça üstaşyr ulag, logistika
hyzmatdaşlygynyň strategik halkasyny kemala getirmek boýunça tagallalary
utgaşdyrarlar, sebit we dünýä derejeli meýdançalarda, ýöriteleşdirilen halkara
guramalarda, maliýe edaralarynda geljekki hyzmatdaşlar bilen işjeň gepleşikleri
alyp bararlar.
Gepleşiklerde
ekologik meselelere, hususan-da, möhüm sebit düzümi bolan Araly halas etmegiň
halkara gaznasynyň işiniň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we
kämilleşdirilmegine aýratyn orun berildi. Bu gaznanyň işi Merkezi Aziýada
ekologik hem-de durmuş-ykdysady ýagdaýyň gowulandyrylmagy ugrunda
hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Mundan
başga-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady
hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Biziň
ýurtlarymyzyň haryt dolanyşygynyň möçberini has-da artdyrmak, hyzmatdaşlygyň täze
geljegi uly ugurlaryna çykmak üçin ähli mümkinçiliklere eýedigi bellenildi.
Taraplar iki ýurtda-da bar bolan uly kuwwatlyklara laýyklykda, bu ulgamda
hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy baradaky umumy pikire geldiler.
Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik
hökümetara topary bu ugurda bilelikdäki tagallalaryň möhüm düzümi hökmünde
çykyş eder.
Taraplar
özara söwdany giňeltmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak, senagat
kooperasiýasynda, hyzmatlar ulgamynda, oba hojalygy pudagynda bilelikdäki
taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek boýunça
çäreleri düýpli ara alyp maslahatlaşmak barada ylalaşdylar. Şunuň bilen
baglylykda, iki ýurduň işewürlik bileleşikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlyk
gatnaşyklarynyň giňeldilmegine uly üns berilýär. Bu ugurda bilelikdäki
işewürlik geňeşiniň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylar. Şeýle hem yzygiderli
bilelikdäki işewürler maslahatlaryny, önüm öndürijileriň sergi-ýarmarkalaryny
guramak meselelerine anyk garamak barada ylalaşyk gazanyldy.
Duşuşygyň
dowamynda geljekde-de medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň
ýokary derejesini saklamagyň möhümdigi tassyklanyldy. Bu ugurda hyzmatdaşlygy
giňeltmek, iki döwletde-de edebiýat, kinematografiýa işgärleriniň, aýdym-saz
toparlarynyň gatnaşmagynda çäreleri, sport ýaryşlaryny guramak üçin zerur
şertleri üpjün etmek barada ylalaşyldy. Bu çäreleriň baş maksady
ata-babalarymyzyň taryhy, ruhy we medeni mirasyny gorap saklamakdan hem-de
baýlaşdyrmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Iki ýurduň juda baý
medeni mirasyna iki tarapyň hem örän uly gyzyklanma bildirýändigini nazarda
tutup, 2023-2024-nji ýyllarda özara Medeniýet günlerini geçirmek teklip edildi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Täjigistanyň ylym-bilim ulgamlarynda uly
mümkinçiliklere eýedigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda Täjigistan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet
berilýär. Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklary, taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär.
Türkmenistan üçin Täjigistan Respublikasy örän möhüm we ygtybarly hyzmatdaşdyr.
Bu ýurt bilen gatnaşyklar uzak möhletleýin esasda guralýar. Iki döwletde-de
köpugurly hyzmatdaşlygyň biziň halklarymyzyň bähbidine, umumy abadançylygyň
maksatlaryna laýyk gelýändigine berk ynanylýar. Munuň özi sebitleýin we halkara
işleriň durnuklylygyna, ösüşine ýardam edýär. Türkmenistan bilen Täjigistanyň
arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça ösdüriler. Munuň özi iki ýurduň we
olaryň halklarynyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär.
Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp,
gepleşikleriň netijelerine uly kanagatlanma bildirdi. Olaryň jemleri boýunça
ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Prezident Emomali Rahmona, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalaryna netijeli
iş üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, doganlyk ýurduň halkyna
parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz “Kasri Millat” köşgünden
Duşenbe şäheriniň merkezine — “Dusti” («Dostluk») meýdanyna tarap ugrady. Bu
ýerde Täjigistan Respublikasynyň döwlet özygtyýarlylygynyň hem-de milli
jebisliginiň nyşany bolan ýadygärlikler toplumy ýerleşýär. Döwlet Baştutanymyz
Serdar Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymany we täjik döwletini
esaslandyryjy Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül desselerini goýdy.
Şu gün — 10-njy maýda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Täjigistan
Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň we Milli Majlisiniň
Başlyklary bilen hem duşuşdy. Mälim bolşy ýaly, Oli Majlis (Ýokary Ýygnak) iki
palatadan: aşaky — Namoýandagon Majlisinden (Wekiller palatasyndan) hem-de
ýokarky — Milli Majlisden (Milli Geňeşden) ybaratdyr.
Agşam hormatly Prezidentimiz täjik paýtagtynyň
merkezi böleginde ýerleşen «Nowruz» köşgüne tarap ugrady. Bu iri binagärlik
toplumy häzirki Duşenbäniň ajaýyp ýerleriniň biri bolup durýar.
Bu
ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Prezident Emomali Rahmon
garşylady. Täjik Lideri döwlet Baştutanymyzy «Nowruz» köşgüniň zallaryny
synlamaga çagyrýar. Bu köşk belent mertebeli myhmanlaryň duşuşýan hem-de
halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.
«Nowruz»
köşgi milli äheňde bezelen 12 zaldan ybaratdyr. Olaryň her biri däp bolan täjik
binagärliginiň we bezeginiň özboluşly häsiýetlerini şöhlelendirýär. Zallaryň
reňkler babatdaky köpöwüşginliligi we olaryň bezegleri täjik halkynyň gadymy
taryhyny, baý medeniýetini alamatlandyrýar. Şunuň bilen birlikde, bu ýerde
bezeg babatda öňdebaryjy usullar ulanyldy.
Soňra
belent mertebeli myhmanyň hormatyna Täjigistanyň Baştutany resmi agşamlyk
naharyny berdi.
Hormatly
Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.