Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Gahryman Arkadagymyz ol ýerde Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary
mejlisine gatnaşdy.
Ankara
ugramagynyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň Halkara howa
menzilinde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçisi
bilen söhbetdeş bolup, köp ugurlar boýunça okgunly ösýän ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigini hem-de ýylsaýyn täze many-mazmun
bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Düýn Aşgabatda
ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş desgalarynyň birbada üçüsiniň düýbüniň
tutulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol desgalaryň gurluşygy ýurdumyzyň öňden
gelýän işewür hyzmatdaşy bolan “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk
kompaniýasyna ynanyldy.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistan we Türkiýe ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde
netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, diplomat türkmen
halkynyň Milli Liderine, Halk Maslahatynyň Başlygyna saparyň we TDG-niň
sammitine gatnaşmagynyň üstünlikli bolmagyny arzuw etdi. Munuň özi döwletara
gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka bolup durýar.
Ýurdumyz
oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijelilik ýörelgelerine esaslanýan
daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, abraýly sebit we halkara guramalaryň
çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine
esaslanýan hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Türki Döwletleriň Guramasy bilen
netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Türkmen halkyny TDG-ä
agza ýurtlaryň halklary bilen asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy kökleriň,
medeni we ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde şol däpler
täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de
işjeňleşdirmek üçin oňaýly şertleri döretdi.
Türkmenistanyň
türki döwletleriň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşýandygyny
bellemek gerek. Şol duşuşyklarda uzak möhletleýin esasda guralýan we umumy
abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlyga degişli
ylalaşykly çemeleşmeler işlenip taýýarlanylýar. Hut şu maksat bilen, 2009-njy
ýylda Türki geňeş döredildi. Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň
2021-nji ýylyň noýabrynda Stambulda geçirilen VIII sammitinde ol Türki
Döwletleriň Guramasy diýlip atlandyryldy. Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan
Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Türkiýe Respublikasy we Özbegistan
Respublikasy onuň agzalary bolup durýar. Ýurtlaryň birnäçesi TDG-de synçy
derejesine eýedir. 2021-nji ýylda bu dereje Türkmenistana hem berildi. Munuň
özi däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň täze tapgyrynyň başlanandygyny
alamatlandyrdy.
Şu
sammitiň gün tertibine adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik
kömegini bermek, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we olaryň netijelerini
aradan aýyrmakda tagallalary utgaşdyrmak, täze wehimlere garşy durmagyň
çärelerini işläp taýýarlamak ulgamlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge
degişli meseleler, şeýle-de sebit we halkara meseleleriň möhüm ugurlary
girizildi.
Ankaranyň
“Esenboga” Halkara howa menziline gelende, Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar
garşyladylar. Bu ýerde duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary
galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi.
Günüň
birinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitiniň
geçirilýän ýeri bolan Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumyna
ugrady. Toplumyň eýwanynda TDG-ä agza döwletleriň hem-de synçy ýurtlaryň
wekiliýetleriniň Baştutanlaryny Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp
Ärdogan mähirli garşylady.
Ýokary
derejedäki duşuşygyň öňüsyrasynda bilelikde ýadygärlik surata düşmek dabarasy
boldy.
Prezident
Rejep Taýyp Ärdogan mejlisi açyp, özüniň giriş sözünde belent mertebeli
myhmanlar bilen ýene-de bir gezek mähirli salamlaşyp we şu sammite
gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirip, ähli doganlyk ýurtlara şu çylşyrymly
döwürde türk halkyna beren toplumlaýyn kömekleri, goldawlary üçin hoşallyk
sözlerini aýtdy.
Soňra
häzirki wagtda TDG-ä başlyklyk edýän ýurduň Lideri — Özbegistan Respublikasynyň
Prezidenti Şawkat Mirziýoýew çykyş etdi. Ol ýygnananlar bilen salamlaşyp, türki
döwletleriň Türkiýäniň ýertitremeden ejir çeken durmuş-ykdysady düzümini
dikeltmäge goşantlaryny goşmaga taýýardygyny tassyklady we mejlisiň gün
tertibine girizilen meseleleriň örän wajypdygyna ünsi çekdi.
Sammitiň
barşynda ýertitreme zerarly Türkiýe Respublikasyna berlen ynsanperwerlik
kömegine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, şu
çylşyrymly döwürde TDG-ä agza we synçy ýurtlaryň doganlyk raýdaşlygyny
görkezip, türk halkyna hemmetaraplaýyn ýardam berendigini bellemek gerek.
Türkmenistan
özara kömek bermegiň, ynsanperwerligiň gadymdan gelýän däplerine ygrarly bolmak
bilen, Türkiýedäki tebigy betbagtçylyk baradaky habara çaltlyk bilen seslendi
we dostlukly ýurda ynsanperwerlik ýüklerini iberdi. Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyjy boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna türkmen
zenanlarynyň adyndan Türkiýe Respublikasyna tebigy betbagtçylykdan ejir çeken
çagalar üçin niýetlenen ynsanperwerlik kömegi iberildi. Şunuň bilen bir
hatarda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan doganlyk
döwlete lukmanlary we saglygy goraýyş işgärlerini ugratmak, tebigy
betbagtçylygyň netijesinde ýykylan binalary söküp aýyrmakda, adamlary halas
etmekde kömek bermek baradaky çözgüt kabul edildi.
Türki
Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary
mejlisi Türkiýedäki ýertitremede wepat bolanlaryň hatyrasyna bir minutlyk
dymyşlykdan başlandy.
Soňra
sammite gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýetleriniň Baştutanlaryna söz berildi.
Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip, hut öz adyndan we
türkmen halkynyň adyndan Prezident Rejep Taýyp Ärdogana sammite gatnaşmaga
çakylygy hem-de uly hormaty üçin minnetdarlyk bildirdi. Halk Maslahatynyň
Başlygy şu günki mejlise diňe bir synçy ýurduň wekili däl-de, şol bir wagtda,
Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy hökmünde
gatnaşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň indiki
gezek gelmegi bilen, Türkmenistanyň TDG-ä agza döwlet hökmünde kabul
ediljekdigine ynam bildirildi.
Mälim
bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda, 6-njy fewralda Türkiýede tebigy betbagtçylyk bolup
geçdi. Ýertitremede müňlerçe adam pida boldy. Bu betbagtçylykda şehit
bolanlaryň yzy ýarasyn, ýatan ýerleri ýagty bolsun diýip, türkmen halkynyň
Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şikes
ýetenleriň hem şypa tapyp, tizden sagalmagyny arzuw etdi we ýene-de bir gezek
gynanjyny bildirdi, goldaw sözlerini beýan etdi.
Sammitiň
mowzugynyň «Tebigy betbagtçylyklar: adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we
ynsanperwerlik ýardamy» diýlip atlandyrylmagy hem möhüm ähmiýete eýedir. Bizde:
«Söýenişen ýykylmaz» diýilýär. Şoňa görä-de, biri-birimize her tarapdan
dost-doganlyk goldawyny bermeli. Başyňa düşmesin, ýöne şunuň ýaly agyr günde
hemmämiz jebis bolmaly diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Biziň
Garaşsyzlygymyzy ilkinji bolup goldan türk doganlarymyz boldy diýip, türkmen
halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. Şondan bäri bilelikde ençeme işleri
bitirdik. Syýasatda, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda uly
sepgitlere ýetdik. Ýurdumyzyň iki gezek ykrar edilen Bitaraplygyny hem türk
doganlarymyz ilkinji bolup goldady.
Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 2000-nji ýyldan bäri
ýurdumyzda türkiýeli işewürleriň gatnaşmagynda bahasy 110 milliard 382 million
53 müň amerikan dollaryna deň bolan taslamalar we işler ýerine ýetirildi. Dek
düýnüň özünde-de Aşgabatda bahasy 1,5 milliard amerikan dollaryna golaý üç sany
durmuş ähmiýetli binanyň düýbi tutuldy. Bu gurluşyklary amala aşyrmagy hem türk
işewürlerine tabşyrdyk. Şunuň bilen baglylykda, mundan beýläk-de şunuň ýaly
işleriň türk işewürlerine ynanyljakdygy nygtaldy. Muny maddy kömek diýip kabul
etseňizem, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň binýady diýip kabul etseňizem bolar
diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
Gahryman
Arkadagymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdogana ýüzlenip we iri taslamalar barada
aýdyp, eger-de biz, ýagny türki döwletler bolup kada-kanunlarymyzy berkitsek,
onda diwersifikasiýa syýasaty bilen türkmen ýylylygyny türk doganlarymyzyň her
biriniň ojagyna ýetirip bileris diýip belledi. Türkmenistan, ilkinji nobatda,
türkmen gazyny Türkiýä ibermek baradaky meselä şu gün seretmäge taýýardyr.
Bu
diňe uglewodorod serişdeleri barada. Indi energetika meselesi hakynda
aýdanymda, gerek bolsa, gaz turbasynyň gapdaly bilen elektrik toguny hem
geçireris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň bilelikdäki giň gerimli
taslamalaryň köpüsini durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.
Gahryman Arkadagymyz sammite gatnaşyjylara
ýüzlenip, Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň seýsmiki zolaklarda
ýerleşýändigini, munuň bolsa wagtal-wagtal ýer yranma hadysasynyň ýüze
çykmagyna getirýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, seýsmiki howpsuzlygy
üpjün etmek boýunça hereketleri utgaşdyrmak örän möhümdir. Şu maksat bilen,
türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň çäklerinde seýsmologiýanyň, häzirki zaman
geodinamikanyň we geofizikanyň binýatlyk meseleleri babatda hyzmatdaşlygy ýola
goýmagy teklip etdi.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow
medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdyp, indiki ýyl akyldar şahyrymyz
Magtymguly Pyragynyň uly toýunyň — 300 ýyllygynyň belleniljekdigine ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde 2024-nji ýylyň “Türki dünýäniň
beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” hem-de Türkmenistanyň gadymy
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip ykrar
edilendigini nygtamak bolar. Pursatdan peýdalanyp, Halk Maslahatynyň Başlygy
sammite gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylaryna bu ugurda beren goldawlary üçin
minnetdarlyk bildirdi.
Nesip bolsa, Türkmenistan indi synçy hökmünde
däl-de, TDG-ä hakyky agza hökmünde gatnaşjakdygyna ynam bildirýär diýip,
Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident
Rejep Taýyp Ärdogan bilen indi 22 ýyl bäri ýakyndan tanyşdygyny belledi.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň adyndan türk
Liderine şu ýyllaryň içinde Türkmenistana beren goldawy üçin tüýs ýürekden
minnetdarlyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Türkiýe Respublikasynyň
Baştutany Rejep Taýyp Ärdogan görnükli şahsyýet we dünýä derejeli syýasy işgär
bolup durýar. Ol diňe bir öz halkynyň däl, ähli musulman halklarynyň parahat
durmuşda ýaşamagy ugrunda hem uly işleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda,
dostlukly ýurduň Lideriniň tutuş sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy,
durnukly ösüşi üpjün etmek, halkara gatnaşyklarda özara düşünişmegi, raýdaşlygy
berkitmek barada uly tagallalary edýändigi bellenildi.
Şuny göz öňünde tutup, Türkiýe Respublikasynyň
Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlemek
teklip edilýär. Biz bu ugurdaky teklipleriň ählisini doly goldaýarys. Ol bu
halkara baýraga mynasyp ýolbaşçydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Rejep
Taýyp Ärdogan ХХI asyrda yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň döwlet we hökümet
Baştutanlarynyň arasynda ilkinji bolup bu ýokary baýraga mynasyp şahsyýet
hökmünde taryhyň altyn sahypalaryna ýazylsa, maksadalaýyk bolardy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny dowam edip, Türkiýede bolan tebigy
betbagtçylyk zerarly ýene-de bir gezek gynanjyny bildirdi. “Gudraty Güýçli
Allatagala hemmämizi öz penasynda aman saklap, hemişe gorasyn!” diýip, Gahryman
Arkadagymyz aýtdy.
Milli Liderimiz geljek hepdede belleniljek
Nowruz baýramy hem-de mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen bagly meselä degip
geçip, düýn Aşgabatdaky metjitleriň birinde türk doganlarymyz bilen bilelikde
dünýäde abadançylygyň we parahatçylygyň bolmagy üçin doga-dilegleriň
edilendigini belledi. “Goý, şeýle bela-beter, tebigy betbagtçylyk adamzadyň
başyna hiç wagt gelmesin!” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Çykyşynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogana ýene-de bir gezek alyp
barýan döwlet işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri, ähli doganlyk türk
halkyna bolsa abadançylyk we bagtyýar durmuş arzuw etdi.
Soňra sammite gatnaşyjy ýurtlaryň
ýolbaşçylarynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygynyň
hem-de guramanyň Baş sekretarynyň çykyşlary diňlenildi.
TDG-niň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali
Ýyldyrym öz çykyşynda şu günki mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşýandygyny belläp,
ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň pugtalandyrylmagyna, sebit we halkara
hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edýän oňyn syýasaty üçin Türkmenistanyň
adyna hoşallyk sözlerini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň
— Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasynyň bu döredijilikli
strategiýany durmuşa geçirmäge saldamly goşandy nygtaldy.
Sammitiň çäklerinde türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Türkiýe
Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyklary boldy.
Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň
maksatnamasy tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Ankaranyň Halkara howa
menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.