Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýalar toparynyň
ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi.
Işewür
duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, özüniň
ýolbaşçylyk edýän holdingine Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de
amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary, ozaly bilen, ak mermerli Aşgabadyň
binagärlik keşbiniň özgerdilmegine gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmäge
gatnaşmagyň uly hormatdygyny nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Marten Buig bilen mähirli salamlaşyp, iri
daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýurdumyzyň
döwlet syýasatynyň, daşary ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri
bolup durýandygyny belledi. “Buig” kompaniýasynyň biziň döwletimiziň öňden
gelýän hem-de ygtybarly işewür hyzmatdaşydygyna aýratyn üns çekildi. Umumy sany
70-e golaý bilelikde amala aşyrylan taslamalar bolsa türkmen ykdysadyýetiniň
ösüşinde, onuň gurluşyk we senagat kuwwatynyň pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete
eýedir.
Köpýyllyk
hyzmatdaşlygyň dowamynda bu kompaniýa binagärlik taslamalarynyň hem-de şäher
bezeginiň nusgalarynyň tutuş toplumyny işläp taýýarlamaga, olary durmuşa
geçirmäge ukyplylygyny görkezdi we ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklara,
tutuşlygyna türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berdi
diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň geljekki
mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. “Buig” kompaniýasynyň ýurdumyzyň baş
şäherini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan milli
meýilnamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliklerine garaldy. Marten
Buigiň belleýşi ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynda türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň
başlangyjy bilen amala aşyrylan dünýä ähmiýetli taslamalarda hormatly Arkadagyň
gymmatly maslahatlaryndan we tekliplerinden hemişe ugur alynýar. Bu
kompaniýanyň geljegi uly türkmen bazarynda mundan beýläk-de öz ornuny
pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy hem-de holdingiň
ýurdumyzda 30 ýyldan gowrak iş alyp barýandygy aýratyn bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
fransuz kompaniýasynyň ýurdumyzda durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berip,
bilelikdäki işiň oňyn tejribesini nazara almak bilen, Türkmenistanyň
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygyny beýan etdi.
Durmuş-medeni, dolandyryş we beýleki maksatly täze desgalaryň hasabyna
ýyl-ýyldan paýtagtymyzyň binagärlik toplumlarynyň üsti ýetirilýär. Bellenilişi
ýaly, Aşgabat okgunly ösmek hem-de häzirki zaman megapolisine öwrülmek bilen,
sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde derejesini ynamly berkidýär.
Munuň özi halkara derejeli iri çäreleri guramak, daşary ýurtly myhmanlary we
wekiliýetleri mynasyp garşylamak üçin ähli şertleriň döredilmegini talap edýär.
Döwlet Baştutanymyz dürli derejedäki
gepleşikleri hem-de iri taslamalaryň tanyşdyrylyş çärelerini geçirmek üçin ähli
mümkinçilikleri göz öňünde tutulan, fransuz kompaniýasy tarapyndan bina edilýän
işewürlik merkeziniň ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen utgaşykly
sazlaşyp, onuň ýene bir ajaýyp künjegi emele getirjekdigini belledi.
Duşuşygyň barşynda işewür hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa kompaniýa ynanylan desgalardaky işleriň
ýagdaýy barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle-de durmuş-ykdysady ösüşiň ileri
tutulýan ugurlary, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler
hasaba alnyp işlenip taýýarlanan täze teklipleri beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy binagärlik,
inženerçilik-tehniki pikiriň we milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleriniň
utgaşykly sazlaşdyrylmagynyň, bu işlere döredijilikli çemeleşilmeginiň,
innowasion tehnologiýalaryň işjeň herekete girizilmeginiň, ekologik howpsuzlyk
kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň adamlaryň ýokary durmuş derejesiniň üpjün
edilmegini ugur edinýän hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli
şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugurlary bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Şunda bina edilýän desgalaryň ýokary hil derejesi, olaryň bellenilen
möhletlerinde ulanmaga tabşyrylmagy üýtgewsiz talap bolup durýar. Şunuň bilen
baglylykda döwlet Baştutanymyz fransuz kompaniýasynyň anyk tekliplerine
garamaga taýýardygyny beýan etdi.
Işewür hoşlaşanda, kompaniýa bildirilen uly
ynam üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk
bildirip, öz tarapyndan bu kompaniýalar geljekde-de öz üstüne alan hyzmatdaşlyk
borçnamalaryna üýtgewsiz hem-de hemmetaraplaýyn jogapkärli çemeleşjekdigine,
kompaniýa ynanylan taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli
tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy
ynandyrdy.