Geçen
hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda amala aşyrylýan, giň möçberli maksatnamalaryň we taslamalaryň
durmuşa geçirilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere
beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Watanymyzyň okgunly durmuş-ykdysady
ösüşini üpjün etmek, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny hemmetaraplaýyn
demokratiýalaşdyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak
bu maksatnamalaryňdyr taslamalaryň baş maksadydyr.
6-njy
martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin
oba hojalyk işleri, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine
ýetirilişi bilen bagly meselelere seredildi. Gowaça ekiljek ýerleri ekiş
möwsümine taýýarlamak, bugdaýa ideg etmek hem-de gök-bakja ekinlerini ekmek
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi babatda welaýat
häkimlerine birnäçe anyk görkezmeler berildi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet
Baştutanymyz ýazky bag ekmek möwsüminde oturdyljak saýaly, pürli, miweli
baglaryň we üzümiň nahallaryny hem-de olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamagy
tabşyrdy.
Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda, açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen
dürli maksatly desgalaryň we binalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk
işleriniň ýokary hilli, bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk
gözegçilikde saklamak babatda tabşyryklar berildi.
7-nji
martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň
şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy. Mejlisiň gün
tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, bu
düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan
beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan meseleler hem girizildi.
Geçen
hepde Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna beslendi.
Mähriban zenanlarymyza parahatçylyk, şatlyk, abadançylyk baradaky arzuwlar
hemme ýerde belentden ýaňlandy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
zenanlarymyzy gutlap, milli we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde
olaryň eýeleýän işjeň ornuny belledi. Döwlet Baştutanymyz: “Biz mähriban
enelerimiziň ösüp gelýän nesillerimizde milli buýsanjy, ynsanperwerligiň belent
nusgalaryny terbiýelemekde bitirýän hyzmatyna ýokary baha berýäris. Maddy we
ruhy gymmatlyklarymyzy, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwer
däplerimizi dowam etdirmek bilen, zenanlarymyzyň döwlet, häkimiýet we
dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym, bilim,
medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrýan
özgertmelerimiziň durmuşa geçirilmegi ugrunda çekýän yhlasly we netijeli
zähmetlerine çäksiz buýsanýarys” diýip nygtady.
Baýramçylygyň
öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli zenanlaryna — edara-kärhanalaryň işgärlerine,
hormatly dynç alyşdaky enelere, mekdep okuwçylaryna, çagalar baglarynda
terbiýelenilýän gyzjagazlara döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň
adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Paýtagtymyzda Türkmenistanyň
Prezidentiniň Permanyna laýyklykda «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp
bolan, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren
eneleri sylaglamak dabarasy boldy. Köp çagaly maşgalalaryň uly toparyna täze,
ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.
Olaryň
hemmesi Mukamlar köşgündäki baýramçylyk konsertiniň hormatly myhmanlary
boldular. Bu ýere Watanymyzyň dürli künjeklerinden zenanlar ýygnandylar.
Şolaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, zähmet weteranlary,
jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet
çekýän öňdebaryjylar, «Ýylyň zenany — 2023» we beýleki döredijilik, hünär
bäsleşikleriniň ýeňijileri bar. Şeýle hem baýramçylyk konsertine
Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň zenan
işgärleri çagyryldy. Çykyşlarda zenanlaryň gözelligi, wepalylygy, asyllylygy
wasp edildi.
8-nji
martda Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda “Arkadag Serdarly bagtyýar
zenanlar” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň dürli
ministrlikleriniň we edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda köp
çagaly eneler, zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary we jemgyýetçilik
guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri, dürli pudaklaryň
zähmetkeşleri bar. Şeýle hem dabara Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň
we halkara düzümleriň zenan işgärleri gatnaşdylar.
Dabarada
Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlary belent maksatlara ruhlandyrýan “Ýaşlara gutlag”
atly täze aýdymy ýaňlandy. Ol ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryna bagyşlanan
döredijilik sowgadydyr.
Halkara
zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri Diýarymyzyň ähli künjeklerinde
geçirildi. Paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň konsert meýdançalarynda milli
nusgawy saz eserleri, meşhur estrada we halk aýdymlary ýaňlanyp, olarda ene
söýgüsi, mähriban topragymyz, ýaz pasly wasp edildi.
10-njy
martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly
geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm
meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Mejlisiň deputatlarynyň,
welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna
görülýän taýýarlyk, bilim ulgamyny dolandyrmak bilen baglanyşykly kanunçylygy
mundan beýläk-de kämilleşdirmek, howpsuzlyk we hukuk goraýyş ulgamynda daşary
ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp
barylýan işler barada habar berildi.
Döwlet
etalon merkeziniň düzümlerine sanly ulgamyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň
ornaşdyrylyşy, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, içerki sarp
edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de türkmen
elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini we ugurlaryny
artdyrmak maksady bilen, Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1 müň 574
megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny gurmak
mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.
Mejlisiň
dowamynda şu ýylyň 5 — 8-nji marty aralygynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde
BMG tarapyndan geçirilen maslahata türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynyň jemleri
barada hasabat berildi. Habar berlişi ýaly, plenar mejlisleriň dowamynda
Türkmenistanyň içeri ykdysady syýasaty we döredijilikli daşary syýasy
strategiýasy barada, şeýle-de halkara söwdasynyň we sebit hyzmatdaşlygynyň
meseleleri boýunça çykyşlar edildi. Foruma gatnaşyjylara ýurdumyz tarapyndan
sebitde az derejede ösen ýurtlary goldamak boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da,
durmuş ähmiýetli desgalaryň gurlandygy, ulag ulgamyny ösdürmekde hyzmatdaşlygyň
alnyp barylýandygy, sebitde ygtybarly energiýa serişdeleri bilen üpjün etmek
maksady bilen, üstaşyr gaz we elektrik geçirijileriň çekilýändigi, halkara
guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýlandygy barada gürrüň
berildi.
Şeýle
hem mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň
wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada
hasabat berildi. Ýurdumyzyň wekiliýeti Duşenbede bolmagynyň çäklerinde
Prezident Emomali Rahmon tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda köp
ugurlary öz içine alýan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de
ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylda
Täjigistana meýilleşdirilen döwlet saparyna hem-de onuň çäklerinde göz öňünde
tutulan çärelere aýratyn üns berildi. Şeýle-de şu ýylyň sentýabrynda Duşenbede
geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy
hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň
Baştutanlarynyň sammiti bilen bagly meselelere deglip geçildi.
Mundan
başga-da, Täjigistanyň paýtagtynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda
geçirilen ikitaraplaýyn geňeşmeleriň barşynda strategik häsiýete eýe bolan
döwletara hyzmatdaşlygyň giň meselelerine garaldy. Şeýle hem ýakyn wagtda
geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada habar berildi.
15-nji
martda Aşgabatda Türkmen-tatar işewürlik maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna
bagyşlanyp, şu ýylyň 17 — 23-nji marty aralygynda serginiň geçirilmegi
meýilleşdirilýär. Onda birleşmäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan 200-den
gowrak agzasy öz önümlerini hem-de şu geçen döwürde gazanan üstünliklerini
görkezerler.
20
— 22-nji mart aralygynda ýurdumyzda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň
esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçiriler. 26-27-nji
aprelde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz
pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy
geçirmek meýilleşdirilýär. Aşgabatda şu ýylyň maý aýynda Demir ýollaryň
hyzmatdaşlygy guramasynyň komiteti tarapyndan Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary
baradaky Ylalaşygyň taraplarynyň wekilleriniň duşuşygy geçiriler.
Mejlisiň
dowamynda hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň 18-nji martynda ählihalk bag
ekmek dabarasyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi. Mundan başga-da, geçen
hepdede hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet
konserniniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygy bilen bagly
Kararlara gol çekdi. Degişli Kararlara laýyklykda, buýrujylar bolan degişli
edaralara, kärhanalara we guramalara Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş
merkezinde binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek, olaryň ýanaşyk
ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada baglaşylan şertnamalar esasynda gurulýan
binalary we desgalary ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak barada goşmaça
ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Şeýle
hem Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny 2023 —
2026-njy ýyllarda amala aşyrmak bellenildi. Ahal welaýatynyň häkimligine,
Gurluşyk we binagärlik ministrligine Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň baş
meýilnamasyny bir aý möhletde işläp düzmek tabşyryldy. Ahal welaýatynyň
merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti we Ahal welaýatynyň Arkadag
şäheriniň häkimligi bilelikde degişli binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleri
boýunça bäsleşigi geçirmäge borçly edildi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän
Sport-ulag merkezine geldi. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz merkeze täze gelip
gowşan sport ulagyny synagdan geçirdi. Täzeçil tehnologiýalar we häzirki
zamanyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen sport ulagynyň tizlik we oňaýlylyk
babatda birnäçe artykmaçlyklary bar.
Türkmen
türgenleriniň 2023-nji ýylyň 6 — 15-nji iýuly aralygynda “Ýüpek ýoly — 2023”
atly Kazan — Moskwa ugry boýunça halkara awtorallisine gatnaşmagy
meýilleşdirýändiklerini bellemek gerek. Hormatly Arkadagymyz merkeziň
ygtyýaryna gelip gowşan täze sport ulagynyň ähli görkezijilerine ýokary baha
berdi we türkmen türgenlerine öňde boljak jogapkärli hem-de abraýly halkara
ýaryşlarda täze üstünlikleri arzuw etdi.
Geçen
hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Çili Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rodrigo Enrike Arkos Kastrodan ynanç hatyny
kabul etdi.
Dostlukly
ýurduň doly ygtyýarly wekili Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we
daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan we milli ykdysadyýetimiziň innowasion
kuwwatynyň artdyrylmagyna, onuň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, häzirki zaman
düzümleriniň döredilmegine, halkyň maddy hal-ýagdaýynyň, durmuş derejesiniň
mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady
maksatnamalaryna aýratyn üns çekildi. Şeýle hem diplomat amala aşyrylýan giň
möçberli özgertmeler bilen baglylykda, türkmen parlamentiniň gurluşy we
köptaraplaýyn işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara
gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk
etmäge özara gyzyklanma bildirildi.
Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda
“Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly
halkara maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň oba hojalyk
ministrleriniň duşuşygy boldy. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga FAO-nyň
Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu, FAO-nyň Baş
direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili
Wladimir Rahmanin, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm
ugurda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alnyp maslahatlaşmagyň
dowamynda howanyň üýtgemeginiň, azyk ulgamynyň we durmuş-ykdysady şertleriň
berk özara baglanyşygy bellenildi. Howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk
howpsuzlygyny üpjün etmegiň Durnukly ösüş maksatlarynda bellenen köp wezipeleri
çözmek bilen baglanyşyklydygy nygtaldy. Bu işler köptaraply bolup, halkara
hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edýär. Şunda sebit we
ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak, anyk
netijeleri gazanmak üçin her bir ýurduň tagallasy uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy
goramak ministrliginiň hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň
degişli sebit düzüminiň arasynda sanly ýer kadastrynyň döredilmegine ýardam
bermek hem-de guraklaşan we şorlaşan oba hojalyk meýdanlarynda tebigy
serişdeleri dolandyrmak boýunça taslamalara degişli birnäçe resminamalara gol
çekildi.
Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek
Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň,
Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek işjeň dowam edýär. Onuň
barşynda milli parlamentiň deputatlygyna, wekilçilikli ýerli häkimiýet we ýerli
öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärler, olaryň ynanylan
wekilleri saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler.
Türkmenistanyň çakylygy boýunça gelen Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary şu günler saýlaw möwsümine syn etmäge
girişdi. Toparyň düzüminde Arkalaşyga agza ýurtlarynyň wekilleri —
parlamentariler, görnükli jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, GDA agza
döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Belarusuň we Russiýanyň parlament
ýygnaklarynyň wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleri bar.
Toparyň ýaýradan maglumatynda saýlaw
möwsüminiň ähli tapgyrlarynyň saýlaw kanunçylygyna doly laýyklykda geçýändigi
tassyklanylýar.
11-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal
welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda bu ýerde
alnyp barylýan işleriň depgini, hususan-da, täze binalaryň açylyş dabarasyna,
köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsümine görülýän taýýarlyk işleri
bilen tanyşdy.
Saparyň dowamynda ekologiýa we daşky gurşawy
goramak ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işlere, täze şäheriň ekologik
abadançylygyny gorap saklamak we ony bagy-bossanlyga öwürmek meselesine aýratyn
üns berildi. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz söwda we hyzmatlar
edaralarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek, işe innowasion usullary
ornaşdyrmak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak boýunça
wezipelere Arkadag şäheriniň alyjylar jemgyýetiniň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektoryna täze ýokary okuw
mekdebiniň ähli düzümleriniň dolandyryş ulgamynyň — dekanatyň, kafedranyň, okuw
bölüminiň guramaçylyk meselelerine toplumlaýyn çemeleşmek tabşyryldy.
Şeýle hem şol gün türkmen halkynyň Milli
Lideri Arkadag şäheriniň seýilgäh zolagyny we beýleki ugurdaş desgalaryny
synlady hem-de Ahal welaýatynyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärlikleriň şekil
görnüşleri bilen tanyşdy, Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz şäheriň
gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde bina edilmegi meýilleşdirilýän
desgalaryň, hususan-da, awtomobil ýollarynyň, şäheriň awtomenziliniň hem-de
demir ýol menziliniň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygynyň bu ýerde geçiren iş maslahatynyň dowamynda täze
şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyryndaky dürli maksatly binalaryň açylyş
dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji
tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna hemmetaraplaýyn esasda taýýarlyk
görülmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň birinji
tapgyrynda işläp, şähergurluşyk maksatnamasyny ýerine ýetirmekde tapawutlanan
ýerli gurluşyk kompaniýalaryna Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň binalarynyň
gurluşyklaryny ynanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Arkadag
Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleri amala aşyrmak
we halk häkimiýeti ýörelgelerini berkarar etmek ýoly bilen ynamly öňe
barýandygynyň, adamlar baradaky aladanyň bolsa döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygynyň
nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.