Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we ýurdumyzyň welaýatlarynda
alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim şu günler
welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg
işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda dowam edýär, gowaça ekiljek
ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň
sogan hem-de ýeralma ekişi geçirilen ýerlerinde ideg işleri talabalaýyk ýerine
ýetirilýär, pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça zerur işler
alnyp barylýar.
Milli
bahar baýramy mynasybetli welaýatda meýilleşdirilen çäreleri we ählihalk bag
ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça zerur tagallalar edilýär. Şeýle
hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky
şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek
boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan
wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli
geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Hormatly
Prezidentimiz şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerini
taýýarlamak, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň agrotehniki
möhletlerde geçirilmegi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň berk gözegçilikde
saklanylmagy babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly
Prezidentimiz welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasynyň, Milli bahar baýramy
mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda
häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň Türkmenistanyň döwlet
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi we welaýatda Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilen desgalarda we binalarda gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişini
gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda
alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizlemek we geriş çekmek işleri
dowam edýär, bugdaýa, ýeralma we sogana ideg etmek işleri geçirilýär. Welaýatda
pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp
barylýar.
Milli
bahar baýramy mynasybetli welaýatda guraljak çäreleri, ählihalk bag ekmek
dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça zerur işler geçirilýär. Mundan
başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulmagy
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky, inženerçilik
ulgamlaryndaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine
ýetirilişine jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy we häkime welaýatyň
bugdaý ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki
möhletlerde geçirilmeginiň depginini güýçlendirmek babatda birnäçe anyk
tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýylyň pagta hasyly üçin
gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralma we sogana ideg
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegi,
ählihalk bag ekmek dabarasynyň, Milli bahar baýramy mynasybetli çäreleriň
ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda häkime birnäçe
görkezmeleri berdi.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga
gönükdirilen maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň
zerurdygyny belläp, welaýatda şu ýyl gurlup ulanylmaga berilmegi
meýilleşdirilen dürli maksatly binalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli we
bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegine gözegçiligi üpjün etmegi häkime tabşyrdy.
Sanly
ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
N.Nazarmyradowyň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy baradaky
hasabaty bilen dowam etdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, oba hojalyk işleri
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär, hususan-da, bugdaý ekilen
meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaça
ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak üçin çil çekmek hem-de ýuwuş suwuny tutmak
işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ýeralmanyň we soganyň ekişi
dowam edýär. Welaýatda pile öndürmek möwsümine, ählihalk bag ekmek dabarasyna
taýýarlyk görülýär.
Milli
bahar baýramy mynasybetli welaýatda guraljak çäreleri dabaraly geçirmek boýunça
degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda welaýatda şu ýylda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilen
işler barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki
möhüm ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu günler
welaýatyň ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerini,
hususan-da, gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak, bugdaý ekilen
meýdanlardaky ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek,
ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişiniň depginlerini
ýokarlandyrmak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet
Baştutanymyz welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasynyň, Milli bahar baýramy
mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda
häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky we binalardaky işleriň ýokary
hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda alnyp barylýan
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, ösüş
suwuny tutmak, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şu ýylyň pagta hasylynyň
düýbüni tutmak maksady bilen, welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynda
tekizlemek, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär.
Häzirki
wagtda welaýatda ýazlyk ýeralma we sogan ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen
bir hatarda, welaýatda pile öndürmek möwsümine, Milli bahar baýramy mynasybetli
geçiriljek dürli çärelere, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görülýär.
Şeýle-de
häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen
işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň berk talap bolup
durýandygyna ünsi çekdi we welaýatda gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine
taýýarlamak boýunça işleriň depginlerini ýokarlandyrmak babatda häkime anyk
tabşyryklary berdi.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz bugdaý, ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda ideg
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny
belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Mundan başga-da,
hormatly Prezidentimiz welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasynyň, Milli bahar
baýramy mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini
häkime tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda
şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki wagtda welaýatda alnyp barylýan
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şu ýylyň hasyly
üçin welaýatda gowaça ekiljek ýerleri taýýarlamak işleri, hususan-da,
tekizleýiş hem-de geriş çekmek işleri alnyp barylýar, bugdaý, ýazlyk ýeralma,
sogan ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde,
welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek, pile öndürmek
möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmek, Milli bahar baýramy mynasybetli çäreleri
ýokary derejede geçirmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär.
Şeýle
hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we Oba
milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek
ugrunda welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň möhümdigini belledi we
welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak, ýazlyk ýeralma
we sogan ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň gözegçilikde saklanylmagy babatda
häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz häkime welaýatyň
bugdaý ekilen meýdanlarynda geçirilýän ideg işleriniň depginlerini güýçlendirmek
babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly
Prezidentimiz welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasynyň, Milli bahar baýramy
mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi
babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda
meýilleşdirilen işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli
çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, bu işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň
welaýatlarynda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, sebitlerde ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan
we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri öz wagtynda
geçirmek arkaly şu ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek maksady bilen,
gowaça ekilmegi meýilleşdirilýän meýdanlary ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak
boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Şunuň
bilen bir hatarda, bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, haşal otlaryň we zyýan berijileriň ýüze
çykmagynyň öňüni almak boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle hem ýazlyk
ýeralmanyň we soganyň ekişi geçirilýär, häzirki wagtda bu ekinleriň ekişini
bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Mundan
başga-da, wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda pile öndürijileri ýüpek
gurçugynyň ýokary hilli tohumy bilen üpjün etmek üçin tohumlary taýýarlamak
işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de şu
günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý
ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli
geçirilmeginiň wajyp talap bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş
möwsümine taýýarlamak, bugdaýa ideg etmek, gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň
agrotehniki möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak we bu işleriň
depginlerini güýçlendirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de
welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak,
bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň berk gözegçilikde
saklanylmalydygyny aýtdy we pile öndürmek möwsümine taýýarlyk işleriniň,
ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi
babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan
durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.