Garaşsyz,
Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysynda öz ähmiýeti boýunça taryhy sahypany açan
şanly wakadan — ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine Serdar Berdimuhamedowyň
saýlanylmagyndan bäri laýyk bir ýyl geçdi. Halkymyz hormatly Prezidentimize öz
ykbalyny we mähriban Watanymyzyň geljegini ynandy. 2022-nji ýylyň 12-nji
martynda ildeşlerimiziň millionlarçasy özleriniň konstitusion hukugyny
peýdalanmak bilen, açyklyk we aýdyňlyk, giň bäsdeşlik esasynda, hereket edýän
milli kanunçylyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda
geçirilen bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä gatnaşyp, raýatlyk borçlaryny
berjaý etdiler.
Saýlawlaryň
ähli tapgyrynyň açyklyk we demokratik esasda geçirilendigine Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam
Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan we birnäçe ýurtlardan
synçylar, köp sanly daşary ýurtly žurnalistler şaýat boldular. Saýlawçylaryň
işjeň gatnaşmagynda geçen Prezident saýlawlary türkmen jemgyýetiniň jebisligini
we agzybirligini raýatlyk duýgularynyň ýokary derejesini, merdana
pederlerimiziň mukaddes däplerine wepalydygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.
Türkmenistanda
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň netijelerine
görä, Serdar Berdimuhamedow saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini gazandy.
Munuň özi täze döwlet Baştutanymyzyň uly syýasy abraýyny tassyklady hem-de
Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, onuň dünýädäki abraýynyň has-da
belende galmagyna, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine
gönükdirilen giň möçberli maksatnamalaryny we başlangyçlaryny halkymyzyň
dolulygyna goldaýandygyny görkezdi.
19-njy
martda geçirilen wezipä girişmek dabarasynda Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti
bildirilen ýokary ynam üçin minnetdarlygyny beýan edip, Garaşsyz Watanymyzy
okgunly ösdürmek boýunça öňde goýlan maksatlaryň hem-de wezipeleriň alyp barjak
işinde esasy ugur boljakdygyny belledi. Başga sözler bilen aýdylanda, ösüşiň
täze tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ählihalk
tarapyndan saýlanan döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň düýbüni tutan esaslaryna daýanyp, oýlanyşykly içeri we daşary
syýasaty üstünlikli amala aşyrýar. Häzirki Türkmenistanyň ähli ýeňişleridir
üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydyr.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasyndaky sözlän
sözünde belleýşi ýaly, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan
esasy ýörelgeler — parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, hoşniýetli
erke esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegi, dünýäde durnukly
ösüşiň üpjün edilmegi mundan beýläk-de Garaşsyz Türkmenistanyň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar. Özygtyýarly Türkmenistan
parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk
ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasyny dowam etdirýär.
Birleşen
Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk
derejesi iki gezek ykrar edilen Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň orny
eýeleýär hem-de köp ýyllaryň dowamynda BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri
bilen ugurlaryň giň gerimi boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýär. Ýurdumyz
häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça
tagallalary birleşdirmekde işjeň we başlangyçly çykyş edip, Durnukly ösüş
maksatlarynyň gazanylmagyna saldamly goşant goşýar. Şol ýyllaryň dowamynda
amala aşyrylan we häzirki wagtda-da üstünlikli durmuşa geçirilýän bilelikdäki
maksatnamalar, taslamalar, BMG-niň Baş Assambleýasynyň türkmen tarapynyň
başlangyjy boýunça kabul eden Kararnamalary munuň subutnamasydyr. Şolaryň
soňkusy “2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly”
atly Kararnamadyr. Onuň awtordaşy bolup, BMG-ä agza döwletleriň 68-si çykyş
etdi.
Geçen
ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň
başlyklygyna hem-de BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň 2022 —
2028-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanylmagy, döwlet Baştutanymyzyň ýokary
derejedäki möhüm duşuşyklara çagyrylmagy ýurdumyzyň barha artýan halkara
abraýynyň subutnamasydyr hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm wezipeleriniň
çözülmegine goşýan uly goşandynyň ykrar edilmegidir. Şunuň bilen bir hatarda,
Türkmenistan köp sanly iri halkara guramalar, abraýly sebit düzümleri, daşary
ýurt döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Şeýlelikde,
ýola goýlan deňhukukly we hoşniýetli dialog Watanymyzyň halkara gatnaşyklarda
öňe sürýän täze filosofiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasydyr.
Bu filosofiýa örän oýlanyşykly syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn pragmatizme we
umumy ykrar edilen adamzat gymmatlyklaryna esaslanýar.
Döwlet
esaslarynyň pugtalandyrylmagy, döwletiň özygtyýarlylygy, halkyň bagtyýar we
abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda alnyp barylýan içeri syýasatymyzyň ileri tutulýan strategik
ugurlarydyr. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 —
2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” öňde
goýlan wezipeleri amala aşyrmagyň ýollary kesgitlenildi we ýurdumyzyň ähli
sebitlerinde toplumlaýyn özgertmeler ýaýbaňlandyryldy.
Haçan-da,
maksatlar we meýilnamalar anyk hem-de düşnükli bolup, döwletiň, her bir raýatyň
bähbitlerine laýyk gelende, olary durmuşa geçirmek boýunça işler-de sazlaşykly
häsiýete eýe bolýar. Şonuň netijesinde, ýurdumyz halkara we milli derejedäki
iri taslamalary amala aşyrmak, täze senagat, energetika, ulag-kommunikasiýa
düzümlerini döretmek, senagat we durmuş maksatly möhüm desgalary, döwrebap
şäherleri, obalary gurmak ýoly bilen ynamly öňe barýar.
Türkmen
döwleti käbir ýurtlaryň onlarça ýylda geçen ösüş ýoluny örän gysga wagtda
geçip, bu çylşyrymly wezipäniň hötdesinden üstünlikli geldi we has belent
sepgitlere ýetmegi maksat edinýär. Hut şonuň üçin-de milli ykdysadyýetiň dürli
pudaklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň
pugtalandyrylmagyna uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär.
Bazar
gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek esasynda milli, pudak we sebit
maksatnamalary, tebigy önümçilik we zähmet serişdelerini rejeli peýdalanmak,
innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglylykda, ykdysady
dolandyryşyň netijeli ulgamy kemala getirildi. Ýurdumyzda iri, orta we kiçi
tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar. Bu bolsa
häzirki çylşyrymly döwürde durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginini saklap
gelýän döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna gönüden-göni ýardam
berýär.
Şunuň
bilen bir hatarda, ekologik abadançylygy üpjün etmäge, daşky gurşawa zyýanly
zyňyndylary azaltmaga, geljek nesiller üçin ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap
saklamaga, olaryň biologik köpdürlüligini baýlaşdyrmaga, tebigy serişdeleri
netijeli ulanmaga, bereketli topragymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen
giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Aşgabat şäherine Birleşen Milletler
Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerdäki baglar” atly
başlangyjyna bag ekmek çärelerini geçirmek arkaly goşan goşandy üçin halkara
güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň bu ulgamda ýeten sepgitleriniň nobatdaky
ykrarnamasy boldy.
Azyk
bolçulygynyň üpjün edilmegi döwlet ähmiýetli wezipeleriň biri hökmünde
kesgitlenildi. Şu maksat bilen, ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän,
bäsdeşlige ukyply oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça döwrebap önümçilikler
döredilýär, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, ekologik
taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň görnüşleri giňeldilýär, olaryň eksporta
ugradylýan möçberi artdyrylýar.
Pudaklary we döwlet durmuşynyň düzümlerini
kämilleşdirmek, bereketli türkmen topragynyň keşbini özgertmek bilen bir
hatarda, geçen ýylyň iň wajyp üstünlikleri durmuş ulgamynda gazanyldy.
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hil taýdan ýokarlanmagy, hukuk
kepillikleriniň pugtalandyrylmagy, adamlaryň ruhy we döredijilik taýdan
işjeňleşmegi, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent
maksatlaryny durmuşa geçirmäge ruhlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow
öňdebaryjy halkara tejribäni nazara almak bilen, Türkmenistanyň dünýäniň syýasy
we ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen täze ösüş ugurlarynyň
başyny başlap, özgertmeleri, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin amala aşyrýar. Munuň özi maddy
rowaçlyk, jemgyýetiň ruhy sagdynlygy, her bir raýatyň döredijilik we intellektual
işi üçin mümkinçilikler ýaly ugurlary öz içine alýar.
Häzirki wagtda medeniýet we sungat ulgamyny
kämilleşdirmek, türkmen halkynyň milli medeni mirasyny düýpli öwrenmek, gorap
saklamak we dünýäde wagyz etmek boýunça işler dowam etdirilýär, hususan-da, taryhy-medeni
gymmatlyklary we ýadygärlikleri aýawly saklamak, öwrenmek boýunça çäreler
durmuşa geçirilýär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna
täze obýektleri girizmek babatda yzygiderli işler alnyp barylýar.
Öňde goýlan wezipeleri nazara almak bilen,
saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Munuň özi
halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Bilim we ylym ulgamlary jemgyýetiň hem-de döwletiň sazlaşykly ösüşiniň möhüm
şerti bolmak bilen, ýurduň geljegi, onuň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagy,
iri taslamalaryň, milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynda
kesgitleýji ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, milli bilim ulgamyny
kämilleşdirmek, maksada okgunly, giň gözýetimli, ylymly-bilimli ýaşlary
terbiýelemek, olary dürli hünärler boýunça okatmak üçin edilýän ähli tagallalar
Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň kepilidir.
Ilatyň durmuş we hukuk taýdan goraglylygynyň
pugtalandyrylmagyna hem möhüm ähmiýet berilýär. 2023-nji ýylyň 1-nji
ýanwaryndan aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, talyp haklary we döwlet kömek
pullary 10 göterim ýokarlandyryldy. Şunuň bilen birlikde, ilata başga-da durmuş
kömegini bermek, köp çagaly maşgalalary döwlet tarapyndan goldamak boýunça
çäreler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyrýan iş saparlarynyň barşynda ýerlerdäki
işleriň ýagdaýy, durmuş we önümçilik maksatly taslamalaryň amala aşyrylyşy
bilen tanyşýar, adamlaryň adaty durmuş aladalary bilen gyzyklanýar. Bu bolsa
türkmen döwletinde adama, zähmetkeşe, raýata aýratyn üns berilýändiginiň
subutnamasydyr.
Täze
döwlet taglymatynyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen
döwletdir!” diýen esasy ýörelgesi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan
beýläk-de okgunly ösüşiniň, saýlap alan döredijilik ýoly bilen ynamly
ilerlemeginiň ygtybarly binýadyny emele getirýär.
Saýlawlaryň
öň ýanyndaky maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan giň
möçberli işler, toplanan oňyn tejribäniň goralyp saklanmagy we artdyrylmagy,
geçen ýylyň dowamynda gazanylan we her birimiziň durmuşynda öz beýanyny tapan
üstünliklerdir ýeňişler türkmenistanlylaryň öz saýlan döwlet Baştutanyna —
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýokary we çäksiz ynamyny
şertlendirýär.