Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda käbir resminamalaryň
taslamalaryna seredildi hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Döwlet
Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
G.Mämmedowa söz berdi. Ol milli parlamentiň häzirki wagtda alyp barýan kanun
çykaryjylyk işi, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk
esaslaryny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada maglumat berdi.
Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň
agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.
Häzirki
döwürde “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”,
“Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Konstitusion kanunlardan gelip çykýan,
hereket edýän kanunçylyga degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek,
başga-da birnäçe ulgamlarda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanun
taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň
tabşyryklaryna laýyklykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk
çäreleri, şol sanda Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna mynasyp
bolan zenanlara nyşanlary hem-de döwrebap öýleriň açarlaryny gowşurmak
dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Merkezi
saýlaw topary bilen bilelikde meýilnama esasynda Mejlisiň deputatlarynyň,
welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna
taýýarlyk görmek işleri dowam edýär. Dalaşgärlere saýlawçylar bilen duşuşyklary
geçirmek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň
hukuklar we mümkinçilikler döredilýär. Saýlaw uçastoklarynyň belgileri,
merkezleri, ýerleşjek binalary, saýlaw okruglarynyň serhetleşýän araçäkleri
kesgitlenildi. Olar baradaky maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri
arkaly ilatyň dykgatyna ýetirildi. Syýasy partiýalardan, jemgyýetçilik
guramalaryndan, raýatlar toparlaryndan milli synçylar bellige alyndy. Şeýle-de
köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde saýlaw kanunçylygyny düşündirmek
boýunça makalalar çap edilýär, saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw
maslahatlary geçirilýär.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwrüň talaplaryna laýyklykda,
“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da,
Döwlet etalon merkeziniň düzümlerine sanly ulgamyň we öňdebaryjy
tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Döwlet etalon merkeziniň işiniň ykdysadyýetiň
ähli pudaklarynda ulanylýan ölçegleriň bitewi ulgamyny üpjün etmäge, öndürilýän
önümleriň we harytlaryň, ýerine ýetirilýän işleriň, hyzmatlaryň hiliniň,
howpsuzlygynyň barlaglaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etmäge
gönükdirilendigini belledi. Şundan ugur alyp, bu düzümiň maddy-enjamlaýyn
binýadyny döwrebaplaşdyrmak talap edilýär diýip, döwlet Baştutanymyz
wise-premýere öňde durýan wezipeleri çözmek üçin zerur çäreleri görmegi
tabşyrdy.
Soňra
şu ýylyň 5 — 8-nji marty aralygynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde BMG
tarapyndan geçirilen maslahata türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynyň jemleri
barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, plenar mejlisleriň barşynda Türkmenistanyň
içeri ykdysady syýasaty we döredijilikli daşary syýasy strategiýasy, halkara
söwdasy, sebitleýin hyzmatdaşlygy barada çykyş edildi. Foruma gatnaşyjylara
ýurdumyz tarapyndan sebitde az derejede ösen ýurtlary goldamak boýunça durmuş
ähmiýetli desgalaryň gurlandygy, ulag ulgamyny ösdürmekde hyzmatdaşlygyň alnyp
barylýandygy, sebitde ygtybarly energiýa serişdeleri bilen üpjün etmek maksady
bilen, üstaşyr gaz we elektrik geçirijileriň çekilýändigi, halkara guramalar
bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýlandygy barada gürrüň berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen BMG-niň
arasynda dünýäniň durmuş we ykdysady taýdan goraglylygyny has-da pugtalandyrmak
babatda giň gerimli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny belledi. Ýurdumyz Durnukly
ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam edýär, ählumumy gün tertibiniň meselelerini
çözmäge saldamly goşant goşýar. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda amala aşyrylýan
işleriň ähmiýetini nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew şu ýylyň 26-27-nji aprelinde
Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça
halkara göçme foruma görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bu çäräniň esasy maksady ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna göni
daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr.
Maslahatyň gün tertibine baý tebigy serişdeleri netijeli ulanmak, energetika
bazarlaryny ösdürmek, Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýataklaryny özleşdirmek
boýunça taslamalara maýa goýumlary çekmek, “Galkynyş” gaz käninde önümçiligi
ýokarlandyrmak ulgamynda özara gatnaşyklaryň täze gurallary, ekologik taýdan
zyýansyz önümçilikleri ornaşdyrmak, pudaga innowasion tehnologiýalary we
nou-haulary çekmek ýaly meseleler giriziler.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, BAE-niň Dubaý şäherinde geçiriljek
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça
halkara göçme forumyň ýurdumyzyň energetika diplomatiýasyny işjeň ilerletmek
hem-de maýa goýumlary çekmek, öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp
taýýarlamalary ornaşdyrmak ulgamynda netijeli tejribe alyşmak babatda möhüm
ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýere halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini
üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda ekologik
abadançylygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň çäklerinde
geçirilýän giň gerimli işler, hususan-da, ýazky ählihalk bag ekmek dabarasyna
görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek
hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel
tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý
maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýyl ýurdumyz
boýunça dürli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny ekmegiň
meýilleşdirilýändigini belledi. Şol nahallaryň 1,5 million düýbi ýazky bag
ekmek möwsüminde oturdylar.
Döwlet
Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam
arkaly iberdi we ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini
üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň
artmagy, elektrik energiýasynyň sarp edilýän möçberiniň ýokarlanmagy hem-de
daşary ýurt bazarlarynda türkmen elektrik energiýasyna islegleriň yzygiderli
artmagy bilen baglylykda, goşmaça energiýa kuwwatlyklaryny döretmek boýunça
görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Balkan
welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda
işleýän elektrik stansiýasyny gurmak baradaky teklip beýan edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen
bökdençsiz üpjün etmek boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň hem-de türkmen
elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň we eksport
ugurlaryny giňeltmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýyl
üçin maýa goýum Maksatnamasynda gurulmagy göz öňünde tutulýan utgaşykly
dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy baradaky teklibi makullap,
wise-premýere bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, önümçilik
kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna gabatlanylan çärelere
taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Şunuň
bilen baglylykda, şu ýylyň 17 — 23-nji marty aralygynda serginiň geçirilmeginiň
meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy. Onda birleşmäniň dürli ugurda iş alyp
barýan 200-den gowrak agzasy öz önümlerini hem-de şu geçen döwürde gazanan
üstünliklerini görkezer. Şeýle hem bu senä gabatlanan maslahatda ýurdumyzyň
telekeçileriniň öňünde durýan täze wezipeler, hususan-da, «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasynda” hususy ulgamy ösdürmek boýunça kesgitlenen çäreleri
amala aşyrmak bilen baglanyşykly wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, 2023-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen
sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň sanawynda göz öňünde
tutulan bu serginiň hem-de maslahatyň möhüm ähmiýetini belledi we wise-premýere
bu çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary
berdi.
Soňra
wise-premýer 15-nji martda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmen-tatar
işewürlik maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu maslahata
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki
türkmen-tatar toparynyň agzalary bolan döwlet we pudaklaýyn edaralaryň
wekilleriniň, ýurdumyzyň hem-de Tatarystanyň dürli pudaklarda işleýän
kompaniýalarynyň birnäçesiniň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy, onuň
sebitleri, hususan-da, Tatarystan Respublikasy bilen dürli ugurlardaky däp
bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň
pugtalandyrylmagynyň, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň we düzümleýin
taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň
aýdyň görkezijisi bolup durýandygyny belläp, wise-premýere ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň göz öňünde tutulan meýilnamalaryny durmuşa geçirmek babatda anyk
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň 20 — 22-nji marty
aralygynda ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanda
syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara
maslahatyň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, foruma Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasynyň, Bütindünýä
mirasynyň sanawyna girizilen şäherleriň guramasynyň, şeýle hem Özbegistanyň,
Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Belarusuň, Horwatiýanyň, Bolgariýanyň, ABŞ-nyň,
Türkiýäniň, Russiýanyň, Eýranyň syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleriniň
gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Milli taryhy-medeni
mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara
syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” göz
öňünde tutulan wezipeleriň ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde, milli
taryhy-medeni mirasy wagyz etmekde, syýahatçylyk kuwwatyny artdyrmakda möhüm
orun eýeleýändigini belledi, wise-premýere we degişli ýolbaşçylara forumyň
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň orta we ýokary hünär
bilimli işgärler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de bilim ulgamyny
dolandyrmak bilen baglanyşykly kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de halkara ugurdaş
düzümler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça görülýän çäreler
barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli bilim ulgamyny yzygiderli
kämilleşdirmegiň, ony hereket edýän halkara kadalara laýyk getirmegiň
möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz zerur bolan hünärler boýunça ýokary
hünärli işgärleri taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda maksadalaýyk
işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow howpsuzlyk
we hukuk goraýyş ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli
gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Halkara
guramalar bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda ýurdumyz BMG-niň Neşe
we jenaýatçylyk baradaky müdirligi we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada
serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamasy ýaly iri düzümler bilen işjeň
hyzmatdaşlyk edýär.
Şunuň
bilen baglylykda, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek boýunça
teklipler beýan edildi. BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
tarapyndan şu ýylda özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň ençemesi boýunça
çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek teklip edilýär. Şol gatnaşyklar
degişli hukuk we bilim binýadyny kemala getirmegi, hünärmenleriň hünär
derejesini ýokarlandyrmagy, ugurdaş gulluklaryň işini kämilleşdirmegi, tejribe
alyşmagy we sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar.
Şeýle
hem bu müdirlik “Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2023 — 2025-nji
ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny” işläp düzmek babatda
Türkmenistana tehniki we maslahat beriş goldawyny bermäge taýýardygyny
tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli iş toparyny döretmek teklip
edilýär.
Hasabatyň
dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça
maksatnamasynyň şu ýylyň birinji ýarymy üçin hyzmatdaşlyk boýunça çäreleriniň
meýilnamasyny amala aşyrmak babatdaky teklip beýan edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň BMG, Ýewropa
Bileleşigi we beýleki abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklara,
şol sanda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, häzirki döwrüň
howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmek, adamlaryň abadan durmuşyny üpjün
etmek ýaly möhüm ulgamlarda hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Döwlet
Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de dünýä bileleşiginiň sebit
we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamak
baradaky tagallalaryna işjeň gatnaşjakdygyny belläp, wise-premýere, daşary
işler ministrine daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ugurda netijeli
gatnaşyklary ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri döwlet
Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistan
Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň wekiliýeti Duşenbede bolmagynyň
çäklerinde Prezident Emomali Rahmon tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda
köp ugurlary öz içine alýan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan
beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly
Prezidentimiziň şu ýylda Täjigistana meýilleşdirilen döwlet saparyna hem-de
onuň çäklerinde göz öňünde tutulan çärelere aýratyn üns berildi. Şeýle-de şu
ýylyň sentýabrynda Duşenbede geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň
bäşinji konsultatiw duşuşygy hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny
esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti bilen bagly meselä deglip
geçildi. Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen geňeşmeleriň
barşynda strategik häsiýete eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygyň giň meselelerine
garaldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebit
boýunça goňşy ýurtlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we
giňeltmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup
durýandygyny nygtady. Türkmen halkyny şol ýurtlaryň halklary bilen taryhyň
dowamynda emele gelen dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.
Täjigistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk
barada aýdylanda, ol ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, sebit we
halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Biziň döwletlerimiz
syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyk
edýärler. Häzirki wagtda türkmen-täjik hyzmatdaşlygy toplanan köpýyllyk tejribä
daýanyp, giň mümkinçiliklere we uly kuwwata eýedir. Şol kuwwatyň netijeli
peýdalanylmagy däp bolan döwletara gatnaşyklary täze derejä çykarmaga ýardam
eder. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen,
wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy
guramasynyň komiteti tarapyndan Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky
Ylalaşygyň taraplarynyň wekilleriniň duşuşygyny geçirmek meselesi barada
hasabat berdi.
Demir
ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirmegi
meýilleşdirýän bu çäresiniň gün tertibine laýyklykda, halkara gatnatmalarda
üstaşyr daşamalary ösdürmek, Halkara demir ýol ýük gatnatmalary baradaky
Ylalaşygy kämilleşdirmek, demir ýol ulagy arkaly üstaşyr ýük daşamalarynyň
bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly we beýleki meselelere
garamak göz öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ösen demir ýol
düzümli iri halkara üstaşyr geçelgeleriň möhüm merkezleriniň biri bolup
durýandygyny hem-de ulag ulgamynda daşary ýurtlar we halkara düzümler, şol
sanda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň
ýola goýlandygyny belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna meýilleşdirilýän bu
duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Şeýle-de
agentligiň ýolbaşçysy halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ulag geçelgeleriniň
çatrygy hökmünde derejesiniň ýokarlanýandygyny belledi hem-de bu ugurdaky alnyp
barylýan işleriň gözegçilikde saklanylmagy babatda agentligiň ýolbaşçysyna
birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly
Prezidentimiz mejlisi jemläp, birnäçe möhüm meselelere seredilendigini, milli
ykdysadyýetiň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen käbir
resminamalaryň kabul edilendigini belledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler
Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.