Ministrler
Kabinetiniň şu ýylyň iki aýynda halk hojalygynyň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň
jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe
möhüm meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýäde
emele gelen häzirki ýagdaýy seljerip, maliýe-ykdysadyýet toplumynda durmuşa
geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek babatda görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň önümçilik
meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişini yzygiderli esasda seljermegi we berk
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunda ýurdumyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly
ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini üpjün etmäge aýratyn üns
çekildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisde iki aýyň jemleriniň Garaşsyz
döwletimiziň sazlaşykly ösýändigini görkezýändigini, şunda jemi içerki önümiň
ösüş depgininiň 6,2 göterim derejesinde saklanýandygyny belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz gazanylan netijeleri saklap galmak bilen
çäklenmän, eýsem, olary artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şoňa görä-de,
ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny,
beýleki kabul edilen maksatnamalarydyr meýilnamalary durmuşa geçirmegiň üstünde
netijeli işlemek, amala aşyrylýan ähli taslamalaryň we toplumlaýyn
özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilişini üns merkezinde saklamak möhümdir.
Döwlet
Baştutanymyz durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamalarynyň we
meýilnamalarynyň amala aşyrylmagy bilen bir hatarda, olaryň durmuş ugurly
bolmagyna ünsi çekýär. Halkymyzyň abadançylygynyň, amatly ýaşaýşynyň yzygiderli
ösdürilmeginiň üpjün edilmegi häzirki döwürde Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan
düýpli özgertmeleriň möhüm bölegidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, durmuş ulgamy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň
döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Ýurdumyzyň bar bolan ägirt uly
mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ykdysady we durmuş ugurlarynyň durnukly
ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Milli ykdysadyýetimizde özgertmeleri amala
aşyrmak, onuň tapgyrlaýyn esasda bazar gatnaşyklaryna geçirilmegini üpjün
etmek, sanlylaşdyrmak we ýokary tehnologiýaly binýady berkitmek, senagat
pudagyna ägirt uly maýa goýum serişdelerini gönükdirmek halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine
ýetirilmegi bilen utgaşyklylykda alnyp barylýar. Şu maksada ýetmek üçin
Türkmenistanda ägirt uly köpugurly işler amala aşyrylýar. Şol işler anyk
netijesini hem berýär. Häzir dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara
garamazdan, ýurdumyz sazlaşykly ösüşini dowam etdirýär. Geçen iki aýyň jemleri
boýunça jemi içerki önümiň görkezijileri ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň
aýdyň netijesidir. Bu bolsa kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa
geçirmäge, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we
jemagat hojalygy ulgamlaryna gönükdirilýän maýa goýumlary yzygiderli artdyrmaga
mümkinçilik berýär.
Şäherleriň
we beýleki ilatly ýerleriň düzümini toplumlaýyn kämilleşdirmäge, raýatlarymyzy
ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen täzeçil
şähergurluşyk konsepsiýasy döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen durmuşa
geçirilýän strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Paýtagtymyzda hem-de tutuş
ýurdumyzda bar bolan ýaşaýyş jaý gaznasyny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda,
dürli belentlikdäki, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän kottej görnüşli
jaýlar guruldy we olaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Bu bolsa raýatlaryň ýokary
hil talaplaryna bolşy ýaly, ýaşaýjylaryň şahsy isleglerine laýyk gelýän jaýlary
saýlamaga bolan şertleriň has-da artmagyna mümkinçilik berýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow golaýda ýurdumyzy 2023-nji ýylda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny we Türkmenistanyň şu ýyl üçin
maýa goýum Maksatnamasyny tassyklady. Olarda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022
— 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”,
şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky
şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek
boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wajyp
wezipeler öz beýanyny tapdy.
Ykdysadyýet
ulgamyndaky döwlet syýasaty we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyz
tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ulgamy ylmy
çemeleşmelere, hojalygy sowatly dolandyrmak we meýilnamalaşdyrmak ýörelgelerine
esaslanýar. Kabul edilen özgertmeler maksatnamalarynyň, şol sanda Oba milli
maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, şäherleriň we obalaryň
abadanlaşdyrylmagy, her ýylda köp sanly täze binalaryň, hususan-da, ýaşaýyş
jaýlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatyň oňyn
netijesidir.
Şunuň
bilen baglylykda, ýurdumyzda bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň amala
aşyrylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesilleriň
ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmegi, häzirki zaman ylmyna we saýlap alan
hünärine ýetmegi, ýaşlaryň dünýägaraýşynyň giňelmegi, ylym hem-de döredijilik
bilen meşgullanmagy üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýaşlara bilim-terbiýe
bermek ynsanyň ahlak ýörelgeleriniň iň gowy ugurlary bolup durýar. Hut şonuň
üçin hem Türkmenistanda bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmaga,
okuw-usulyýet ugruny kämilleşdirmäge, ugurdaş düzümi, döwrüň talaplaryna laýyk
gelýän ylmy-usulyýet we hukuk binýadyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreler
durmuşa geçirilýär. Durmuşa geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde sanly bilim
ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy, daşary ýurt dillerini okatmagy
kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça anyk işler yzygiderli amala
aşyrylýar.
Umumy
orta bilimi kämilleşdirmek bilen bir hatarda, ony hil taýdan täze derejä
çykarmaga möhüm ähmiýet berilýär. Halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin hünär
taýdan taýýarlykly işgärleriň ýetişdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu
meseleler döwletimiziň ýörite we haýsydyr bir ugur boýunça bar bolan
talaplaryny nazara almak esasynda çözülýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky
ýyllarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe täze ugurlar açyldy we bu
ugurdaky işler yzygiderli dowam etdirilýär.
Mekdepleriň
we ýokary okuw mekdepleriniň häzirki zaman enjamlary, maglumat-kommunikasiýa
tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi berilýän bilimiň döwrüň talabyna laýyk
gelmegine kömek edýär. Bilim ulgamynyň interaktiw usulda ösdürilmegi ýaşlaryň
intellektual kuwwatynyň ösmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik,
milletiň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelenilmegine hem-de
jemgyýetimiziň durmuşyna işjeň gatnaşmagyna möhüm ähmiýet berýär.
Şeýle
hem döwletimizde çagalaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşine, mekdebe çenli
çagalar edaralarynda terbiýäniň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär. 2020 —
2025-nji ýyllar üçin niýetlenen, çaganyň irki ösüşi boýunça Milli strategiýada
hem-de çaganyň irki ösüşi we onuň mekdebe taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak
babatda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň
Maksatnamasynda degişli wezipeler kesgitlenildi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda täze
çagalar baglarynyň onlarçasy ulanmaga berildi. Häzirki wagtda iň körpe
raýatlaryň bilim-terbiýeçilik işlerinde döwrebap multimedia tehnologiýalary
işjeň ulanylýar.
Ýurdumyzda
ylym ulgamynyň ösüşine hem hil taýdan täze itergi berildi. Bu ulgama döwlet
tarapyndan berilýän goldaw yzygiderli artdyrylýar. Bu bolsa geljegi uly ylmy
barlaglary, synag işlerini we tehnologik işläp taýýarlamalary alyp barmakda
möhümdir. Alymlaryň hünärini, işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy
barlaglaryň gerimini giňeltmek hem-de netijelerini önümçilige ornaşdyrmak üçin
ähli zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň
maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, olaryň işine täzeçil usullar
ornaşdyrylýar. Şol sanda internetiň we elektron kitaphanalaryň üsti bilen
dünýäniň maglumat binýadyna bolan elýeterlilik üpjün edilýär.
Dünýäniň
iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar we gaznalar bilen ýola goýulýan
hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirildi, täze mazmun bilen baýlaşdyryldy. Bu ugurda
amala aşyrylýan işler milletiň aň-bilim kuwwatynyň doly durmuşa geçirilmegine
gönükdirilendir. Bu bolsa Watanymyzy ösüşiň täze derejelerine çykarmakda möhüm
şert bolup durýar.
Ýurdumyzyň
saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek bilen baglanyşykly
meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. “Il saglygy
— ýurt baýlygy” diýen paýhasly jümle Türkmenistanyň döwlet syýasatynda giň
möçberli we maksatnamalaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagynda öz beýanyny
tapýar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ýurdumyzyň
Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan hem-de
Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet
maksatnamasy saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarmaga
mümkinçilik berdi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda
döwrebap hassahanalar, dürli lukmançylyk, sagaldyş-dynç alyş ugurly edaralar
guruldy we olaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Bu düzümleriň hemmesi öňdebaryjy
enjamlar we täzeçil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Şunda ýokary hünärli
işgärleriň taýýarlanylmagyna, pudaklaýyn ylmyň höweslendirilmegine möhüm
ähmiýet berilýär. Şunuň netijesinde, Türkmenistanyň ähli ilatyna ýokary
derejeli we halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny almaga
mümkinçilik döredildi.
Ýurdumyzda
enäni we çagany goramagyň netijeli ulgamy döredildi. Ýokary tehnologiýaly
lukmançylyk ulgamy işjeň ösdürilýär. Dünýäniň öňdebaryjy hassahanalary we
ylmy-barlag merkezleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ýerli
çig mallardan ýokary hilli dermanlyk serişdeleri, ýörite maksatly beýleki
önümler öndürilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda sagdyn durmuş
ýörelgeleriniň berkidilmegine, ilatyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bedenterbiýe
we sport bilen meşgullanmagyna uly ähmiýet berilýär.
Döwletimiz
sport-sagaldyş düzüminiň ösdürilmegine, halkara ölçeglere gabat gelýän ugurdaş
desgalaryň gurluşygyna ägirt uly maýa serişdelerini gönükdirýär. Şeýle hem
döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen sport desgalary, meýdançalar we ýüzüş
howuzlary mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we
çagalar baglarynda terbiýelenilýän çagalaryň hyzmatyndadyr. Häzirki wagtda
köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketi giň gerime we uzak
möhletleýin umumymilli häsiýete eýe boldy. Ýokary netijeli sportuň
ösdürilmegine hil taýdan täze itergi berildi. Munuň özi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda
jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde kesgitlenen
adamlaryň saglygy, abadançylygy hakyndaky aladanyň aýdyň subutnamasydyr.
Milli medeniýetimizi ösdürmek hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň esasy
ugurlarynyň hataryndadyr. Milletiň özboluşly medeni-taryhy mirasyna hem-de
gadymy ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan täze taryhy döwrüň meýilleri hem-de
wezipeleri bu ugurda bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Ynsanperwer ulgamdaky
netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary ýurtlar we
abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm
orny eýeleýär.
Aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek
pullarynyň we talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň hem-de hususy
başlangyçlara goldaw bermegiň, beýleki oňyn çäreleriň hasabyna ilatyň
girdejileriniň artmagy döwlet Baştutanymyzyň durmuş ulgamyny nazarlaýan
strategiýasynyň oňyn netije berýändiginiň subutnamasydyr. Türkmenistanda
telekeçiligi we onuň önümçilik ulgamyny ösdürmek üçin amatly şertler döredildi.
Häzirki zaman bazar mehanizmlerini giňden ornaşdyrmagyň hasabyna milli
ykdysadyýetimizde hususyýetçiligiň paýyny artdyrmak döwlet Baştutanymyzyň
kesgitlän möhüm wezipeleriniň hataryndadyr.
Kiçi we orta telekeçiligiň hem-de onuň halk
hojalygynyň dürli pudaklarynda ýerine ýetirýän işleriniň höweslendirilmegi täze
iş orunlarynyň döredilmegini maksat edinýär. Bu bolsa ilatyň iş bilen üpjün
edilmegi, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy ýaly wajyp wezipeleriň
oňyn çözülmegine ýardam berýär.
Mahlasy, ýurdumyzy ösüşiň täze derejelerine
çykarmak maksady bilen durmuşa geçirilýän ähli işler döwlet Baştutanymyzyň alyp
barýan syýasatynyň durmuş ugrunyň ösdürilmegine giň ýol açýar. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletimiz bu ugra mundan
beýläk-de ägirt uly serişdeleri gönükdirer. Şeýlelikde, Watanymyzyň mundan
beýläk-de sazlaşykly ösüşini, uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen,
halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi üçin ygtybarly binýat döredilýär.