Eziz eneler!
Mähriban gelin-gyzlar!
Sizi gözelligi,
ýakymlylygy we ajaýyplygy bilen göwünlere egsilmez ylham-joşgun paýlaýan, bahar
paslynyň ilkinji günlerinde giňden hem-de dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar
güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara baýramyň şanyna bagyşlanan
aýdym-sazly dabaralaryň milli ýörelgelerimizi we maşgala mukaddesliklerimizi
mynasyp dowam etdirýän eziz enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň
göwünlerini galkyndyryp, Garaşsyz Watanymyza bolan söýgini has-da
pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Halkara zenanlar güni
jemgyýetimizi belent maksatlara jebisleşdirýän hem-de döredijilikli işlere
ruhlandyrýan baýramçylyk hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şoňa
görä-de, dünýä bileleşigi bilen birlikde, bu halkara baýram mynasybetli
paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde baýramçylyk
dabaralaryna badalga berip, aýdym-sazly dabaralary, döredijilik bäsleşiklerini,
sergidir maslahatlary geçirýäris. Zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan
uly üstünliklerini, eziz Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri
terbiýeläp ýetişdirmäge asylly goşantlaryny nazara alyp, enelerimize «Ene
mähri» diýen hormatly ady dakýarys, gelin-gyzlarymyzy «Zenan kalby» ordeni
bilen sylaglaýarys. Bu dabaralar zenanlarymyzyň bagtyýarlygynyň hem-de olara
goýulýan hormatyň nyşanydyr.
Mähriban eneler!
Hormatly gelin-gyzlar!
Maşgalanyň sütüni we
abraýy, ýokary ahlaklylygyň nusgasy hökmünde eziz enelerimiziň mertebesini
belent tutmak türkmen halkynyň iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan
milli ýörelgesidir. Watana, il-güne, peder ojagyna wepaly, lebzi halal,
zähmetsöýer gelin-gyzlarymyz biziň abraý-mertebämizdir.
Ak gyňaçly
enelerimiziň, öýme ýaglykly gelinlerimiziň, gültahýaly gyzlarymyzyň süýji
arzuwlary siňen we nesillerde ýokary ahlak häsiýetleriniň, watansöýüjiligiň
kemala gelmegine ýardam berýän hüwdüleri, monjugatdylarydyr läleleri,
gaýtalanmajak kämillige, milli öwüşgine eýlenen nepis halydyr keşdeleri biziň
hümmeti egsilmejek milli hazynamyzdyr. Olaryň yhlasly zähmeti, egsilmez zehini
bilen dörän we amaly-haşam sungatynyň görnükli nusgalary hasaplanýan türkmen
milli halyçylyk hem-de keşdeçilik sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň
Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň
Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi müňýyllyklardan
gözbaş alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň dünýädäki şöhratyny has-da
artdyrýar.
Biz mähriban
enelerimiziň ösüp gelýän nesillerimizde milli buýsanjy, ynsanperwerligiň belent
nusgalaryny terbiýelemekde bitirýän hyzmatyna ýokary baha berýäris. Maddy we
ruhy gymmatlyklarymyzy, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwer
däplerimizi dowam etdirmek bilen, zenanlarymyzyň döwlet, häkimiýet we
dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym, bilim,
medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrýan
özgertmelerimiziň durmuşa geçirilmegi ugrunda çekýän yhlasly we netijeli
zähmetlerine çäksiz buýsanýarys.
Mähriban zenanlar!
Jemgyýetimiziň
durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde bu gün döwletimiz tarapyndan zenanlara
ýeňillikler berilýär, olaryň mynasyp durmuşy we döredijilikli zähmet çekmekleri
üçin zerur şertler döredilýär, gender deňligi kanun arkaly üpjün edilýär.
Olaryň hukuklaryny we bähbitlerini, maşgalany goldamak, eneligi we çagalygy
goramak babatda hem ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bularyň
ählisi zenanlarymyzyň bagtyýarlygyny has-da artdyryp, «Watan diňe halky bilen
Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämiziň üstünlikli
durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülýär.
Eziz eneler!
Mähriban gelin-gyzlar!
Sizi ajaýyp baýram —
Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňiziň durmuşyňyzyň mylaýym bahar pasly ýaly
elmydama owadan we nurana bolmagyny, berk jan saglygyny, maşgala ojaklaryňyza
abadançylygy we bagtyýarlygy arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.