Şu gün Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine
ýetiren işleriniň jemlerine garaldy. Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz
döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, bu düzümleriň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan meseleler hem girizildi.
Ilki bilen, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew degişli döwürde
alnyp barlan işler hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň
Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Döwlet
Baştutanymyzyň degişli düzümlere häzirki zaman tehnologiýalaryny hem-de harby
ulgamda toplanan öňdebaryjy tejribäni, şol sanda sanly ulgamy ornaşdyrmak,
Ýaragly Güýçler üçin işgärleri taýýarlamak we durmuş ugurly meseleleri çözmek
babatda ozal beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek boýunça görlen çäreler
hasabatyň aýratyn meselesi boldy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ministrligiň garamagyndaky düzüm
bölekleriniň işiniň döwrebap derejede guralmagynyň, goşunlaryň ähli
kysymlarynyň iň täze tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylmagynyň bu ugurda
amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny
nygtady. Şunuň bilen baglylykda, serkerdeleriň hünär derejesiniň
ýokarlandyrylmagyna, ýaş esgerleriň watançylyk ruhunda terbiýelenilmegine,
harby gullukçylaryň söweşjeň hem-de nazaryýet taýýarlygyna ilkinji derejeli
ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine diňe goranyş häsiýetine
eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň barşyna
gözegçiligi üpjün etmek babatda degişli görkezmeler berildi.
Baş prokuror
S.Mälikgulyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda
ýerine ýetirilen işleriň jemleri, milli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň
düzgünleriniň ýerine ýetirilişinde geçirilen barlaglar boýunça hasabat berdi.
Şeýle hem ähli ulgamlarda kanunylygyň berk berjaý edilmegine gözegçilik etmek
maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabat berildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň prokuratura
edaralarynyň üsti bilen kanunlaryň rüstemligini, hukuk tertibiniň üpjün
edilmegini amala aşyrýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz işde sanly
ulgamyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak hem-de düzümiň işgärler
üpjünçiligini pugtalandyrmak babatda Baş prokurora degişli tabşyryklary berdi.
Soňra içeri işler
ministri M.Hydyrow 2023-nji ýylyň başyndan bäri bu düzümiň işini ösdürmek
boýunça Maksatnamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde geçirilen işleriň jemleri,
garamagyndaky edaralarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylyşy barada hasabat
berdi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk
bozulmalarynyň, paýtagtymyzyň we sebitleriň awtomobil ýollarynda ýol-ulag
hadysalarynyň öňüni almak, ýangyndan goranmagyň kadalaryny berjaý etmek boýunça
geçirilen çäreler barada hasabat berildi.
Şeýle-de hasabatda
içeri işler edaralarynyň gullukçylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini
üpjün etmek boýunça hem-de bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan işler beýan edildi. Hususan-da,
IIM-ne degişli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, awtoulag serişdeleriniň tehniki
ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş merkezleriniň açylyp ulanmaga berlendigi
aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, bu düzümiň ýolbaşçysynyň kanunylygy we hukuk tertibini üpjün
etmek boýunça geçirilýän işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagynyň
möhümdigine ünsi çekdi. Ähli düzüm bölekleriniň işinde häzirki zaman
usullarynyň peýdalanylmagy zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy yzygiderli esasda ilatyň arasynda ýol hereketiniň we
ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada düşündiriş işlerini geçirmegi tabşyrdy.
Şeýle hem IIM-niň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertlerini has-da
gowulandyrmak boýunça çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmek barada
görkezme berildi.
Ýokary kazyýetiň
başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň iki aýynda
geçirilen işleriň jemleri, garamagyndaky edaralarda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň
barşy, milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek hem-de işgärleriň hünär
derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, kazyýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, bu düzümiň işini
döwrüň talaplaryny we öňdebaryjy iş tejribäni hasaba almak esasynda guramak
meselelerine ünsi çekdi. Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna degişli maksatnamanyň
durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklar berildi.
Soňra milli howpsuzlyk
ministri N.Atagaraýew garalýan döwürde ýurdumyzda amatly jemgyýetçilik
ýagdaýynyň üpjün edilişi, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada
hasabat berdi. Gözegçilik edýän düzüm böleklerinde häzirki zaman tehniki
serişdelerinden peýdalanmak hem-de işgärleri taýýarlamak meseleleri hasabatda
beýan edilen aýratyn ugurlar boldy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ministrligiň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we
ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak
meseleleriniň zerurdygyna ünsi çekip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet serhet
gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda geçirilen işleriň
jemleri, Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek,
garamagyndaky düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça
amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ýurdumyzyň serhet
goşunlarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň
ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ähli goňşy ýurtlar bilen
dost-doganlygyň serhedi bolup durýan berkarar döwletimiziň çäklerini goramak
boýunça bu düzümiň harby gullukçylarynyň öňünde durýan jogapkärli wezipelere
ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz geljekki meýilnamalar barada aýtmak bilen,
gullugyň ýolbaşçysyna serhet galalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak, merdana Watan goragçylarynyň netijeli gulluk etmekleri üçin
hem-de olaryň maşgala agzalaryna amatly ýaşaýyş şertlerini döretmek boýunça
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra çykyş eden
adalat ministri M.Taganow şu ýylyň iki aýynda amala aşyrylan işleriň
netijeleri, milli kanunçylyk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek
maksady bilen, teklipleri taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat
berdi. Şeýle-de bu düzümi ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň hem-de
düzüm böleklerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň barşy barada maglumat berildi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, hukuk ulgamynda geljekde-de öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň
hem-de ony iş ýüzünde peýdalanmagyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz
düzümiň ýolbaşçysyna ilata ýokary derejeli hukuk kömeginiň berilmegini
talabalaýyk guramak we bu meseläni hemişe gözegçilikde saklamak barada tabşyryk
berdi.
Soňra Döwlet gümrük
gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýylyň başyndan bäri geçirilen işler hem-de
Türkmenistanyň çäklerinden geçýän, barha artýan ýük akymlaryny, şol sanda
üstaşyr geçirilýän ýük gatnawlarynyň bökdençsiz hereketini üpjün etmek boýunça
geçirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada
hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, örän möhüm üstaşyr ulag geçelgeleriniň
çatrygynda ýerleşýän Watanymyzyň soňky ýyllarda barha ýokarlanýan geostrategik
orny bilen baglylykda, bu gullugyň işleriniň möçberiniň artýandygyna ünsi
çekdi. Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň işjeň peýdalanylmagy serhet üstünden
geçýän ähli harytlaryň we ýükleriň dessin we talabalaýyk gözden geçirilmegini
üpjün etmäge mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz gümrük
amallarynyň halkara ülňüleriň talaplaryna laýyklykda geçirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Döwlet migrasiýa
gullugynyň başlygy B.Wоlsahatow bu düzümi ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa
geçirmegiň çäklerinde ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler
barada hasabat berdi. Şeýle hem sanly ulgamy we bu ugurdaky öňdebaryjy
tejribäni ornaşdyrmagyň hasabyna düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmagyň barşy barada habar berildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, migrasiýa syýasatynyň
ilkinji nobatdaky wezipeleriniň anyk ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi.
Bu ulgamda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, innowasion
usullar, häzirki zaman tehnologiýalary has işjeň ulanylmalydyr diýip, döwlet
Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk
derejesine üýtgewsiz eýerip, dünýä ýurtlary we halklary bilen dost-doganlyk,
hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandygyny aýtdy. Şu ýörelgelere esaslanyp,
Harby doktrinamyz diňe goranyş häsiýetine eýedir hem-de şoňa laýyklykda,
geljekde-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň gurluşy yzygiderli
kämilleşdiriler, Watanymyzyň goranyş ukyby berkidiler.
Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň mejlisinde beýleki meselelere-de garaldy we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk,
abadançylyk, halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan
jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.