Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin
oba hojalyk işleri, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine
ýetirilişi bilen bagly meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki wagtda
welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat
berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý meýdanlarynda mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, şu ýylyň pagta hasyly üçin
gowaça ekiljek ýerlerde tekizlemek, geriş çekmek işlerini agrotehniki
möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler guramaçylykly alnyp barylýar.
Şu
ýylyň gowaça ekişini bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen,
ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary möwsüme doly taýýar edildi. Welaýatyň
ekin meýdanlarynda sogan ekmek işleri tamamlandy, ekiş geçirilen ýerlerde ideg
işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň ekişi agrotehniki talaplara laýyklykda
alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup
durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatyň
gowaça ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak, bugdaýa ideg etmek hem-de
gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
geçirilmeginiň, bu ugurdaky alnyp barylýan guramaçylyk işleriniň berk
gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin
oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda
bellenilişi ýaly, sebitiň gowaça ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak,
bugdaý meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny
tutmak işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär.
Gowaça
ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary ekiş möwsümine doly taýýar edildi.
Ýazlyk ýeralmanyň ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär, sogan ekilen ýerlerde
ideg işleri alnyp barylýar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini
aýtdy we häkime welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg
işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda geçirilmeginiň gözegçilikde saklanylmagyny
tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça
ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleri, ýazlyk ekinleriniň ekişiniň
agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegi babatda häkime
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Sanly
ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda
möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda
geçirilýär, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak
üçin tekizlemek, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär.
Ekişde
ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary möwsüme doly taýýar edildi.
Şunuň bilen bir hatarda, ýeralmanyň, soganyň ekişi bellenen agrotehniki
möhletlerde geçirilýär, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini
taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzda azyk
howpsuzlygyny üpjün etmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiz gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamagyň, bugdaý
ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja
ekinleriniň ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi babatda birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew häzirki wagtda welaýatda möwsümleýin
oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýa ösüş suwuny tutmak, goşmaça mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatyň
gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizlemek, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri
alnyp barylýar.
Öňümizdäki
ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary doly gözden geçirildi.
Häzirki wagtda welaýatda ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişi agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň geljekki bereketli
we bol hasylyň girewidigini belledi hem-de welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerini
ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň
möhümdigini aýdyp, häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly
Prezidentimiz bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň öz wagtynda we
ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň, gök-bakja ekinleriniň ekişini talabalaýyk
geçirmegiň zerurdygyny belläp, häkime degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp
barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak
işleri, hususan-da, tekizleýiş işleri dowam edýär, ýazky oba hojalyk möwsüminde
ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň gözden geçirilişi tamamlandy.
Mundan
başga-da, häkim welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň
talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýändigi, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň
ekişiniň dowam edýändigi barada habar berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň
talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we şu ýylyň hasyly
üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak işleriniň depginini
güýçlendirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly
Prezidentimiz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň
talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, gök-bakja ekinleriniň ekişini
guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belläp, häkime degişli görkezmeleri berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň
welaýatlarynda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda 2023-nji ýylda bugdaýyň bol
hasylyny öndürmek hakynda Kararyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen,
häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar, hususan-da, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak, haşal otlaryň we zyýan
berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça degişli işler ýerine
ýetirilýär.
Ýurdumyzda
gowaça hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, şu günler welaýatlarda gowaça
ekiljek ýerlerde sürüm işleri tamamlanyp, tekizleýiş işleri dowam edýär.
Häzirki wagtda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilen meýdanlarda geriş hem-de
çil çekmek işleri alnyp barylýar. Pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy
bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk
çigitleri taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň
hem-de soganyň ekişi gyzgalaňly dowam edýär. Bu ekinleriň ekişini bellenilen
möhletlerde tamamlamak boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär.
Şeýle-de
wise-premýer ýurdumyzda suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak
maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny talabalaýyk geçirmek, bu
ugurda suwaryş suwunyň üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça degişli işleriň
geçirilýändigi barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygy üçin örän
jogapkärli möwsümiň ýetip gelýändigine ünsi çekdi hem-de bugdaý ekilen
meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen bir hatarda,
hormatly Prezidentimiz gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak, gök-bakja
ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini gözegçilikde
saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik
edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzda ýazky
bag ekmek möwsüminde saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň
ekiljek ýerlerini taýýarlamak, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri
ekişe taýýarlamak, bugdaý meýdanlarynda geçirilýän ideg işlerini, ýazlyk
ekinleriň ekişini gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly
Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny dowam edip,
welaýatlaryň häkimleriniň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatlarda
gurulmagy göz öňünde tutulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, saglyk
öýleriniň we merkezleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim
edaralarynyň, medeniýet öýleriniň, suw geçirijileriň, suw arassalaýjy
desgalaryň, dik guýularyň, lagym geçirijileriň, lagym arassalaýjy desgalaryň,
awtomobil ýollarynyň, gaz geçirijileriň, aragatnaşyk ulgamynyň, elektrik
geçirijileriň gurluşyk işleriniň ýagdaýy baradaky hasabatlaryny diňledi.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow “Türkmenistanyň Prezidentiniň
obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin
Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalaryň
we binalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleriniň ýokary hilli,
bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime
tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew Oba milli maksatnamasyna laýyklykda,
welaýatyň çäklerinde gurulmagy we durky täzelenilmegi göz öňünde tutulýan
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilen medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, inženerçilik
ulgamlarynyň gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň üpjün
edilmegini gözegçilikde saklamagy häkimden talap etdi.
Soňra
Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow Oba milli maksatnamasynda göz öňünde
tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça welaýatda alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň amala
aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, welaýatda şu ýyl
gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk
işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegine berk
gözegçiligi üpjün etmegi häkime tabşyrdy.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew
Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulýan hem-de durky täzelenilmegi
göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp
barlyşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Milli
maksatnamanyň maksadynyň ýurdumyzyň obalarynyň we kiçi şäherleriniň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmakdan, durmuş taýdan ösüşini üpjün
etmekden we inženerçilik-üpjünçilik ulgamyny özgertmekden ybaratdygyny belledi
we oňa laýyklykda welaýatda şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen
dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk, ýokary hilli ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň
we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça
2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatda
gurulmagy göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalaryň we inženerçilik
ulgamlarynyň gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň Türkmenistanyň
döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi we welaýatda
Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen
desgalardaky gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan
durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.