Hukuklary bellige aldyrmaklyk üçin gerekli resminamalar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

  30.01.2023ý.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatyň ekin meýdanlarynda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär, 2023-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleri guramaçylykly dowam edýär hem-de pagta öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Ýazky ekiş möwsümi üçin oba hojalyk tehnikalary abatlanylýar we gözden geçirilýär, ýeralmany, beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işine taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna hem-de bereketli, bol hasylyň özenidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerini sürmek we tekizlemek işleriniň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamagyň depgininiň ýokarlandyrylmagy, bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagynyň gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, etraplaryň, şäherleriň we şäherçeleriň elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegi boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulmagy göz öňünde tutulan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi boýunça häkime degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitinde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň gidişi, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda geçirilýän ideg işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri dowam edýär, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak, welaýatyň pagtaçy daýhanlaryny ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasynda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly geçirilmegi, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini möwsüme taýýarlamagyň depginleriniň güýçlendirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilatly ýerleri elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ähli zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini häkime tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda gurulmagy göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň barşyny gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär, hususan-da, welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş işleri guramaçylykly alnyp barylýar, pagtaçy kärendeçileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazky ekiş möwsümi üçin oba hojalyk tehnikalary we gurallary gözden geçirilýär, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridigini belledi we häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekiljek ýerleri sürmek we tekizlemek işleriniň, pagtaçy kärendeçileriň ýeterlik derejede ýokary hilli tohum bilen üpjün edilmeginiň talabalaýyk guralmagy babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilatly ýerleri elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmegi babatda häkime tabşyryklary berdi. Bulardan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş işleri geçirilýär. Pagtaçy daýhanlary ýeterlik mukdarda ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Öňümizdäki oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalary abatlamak, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler guramaçylykly alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň geljekde bol we bereketli hasyl almagyň binýadydygyny belledi hem-de gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak babatda häkime tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, häkime degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, etraplarda, şäherlerde, şäherçelerde ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we suw bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu işleriň gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu günler welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş işleri geçirilýär, ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalar we gurallar taýýarlanylýar, pagtaçy daýhanlary ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça ähli zerur tagallalar edilýär. Şeýle hem häkim welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen ýerine ýetirilýändigi, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine ykjam taýýarlyk görülýändigi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň möhümdigini belledi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleriniň depginini güýçlendirmek, ýazky ekişde ulanyljak tehnikalary taýýarlamak, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen ýerine ýetirilmeginiň, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine doly taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady we häkime degişli görkezmeleri berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilatly ýerleri elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynyň ak ekin meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylýar. Şeýle hem şu ýyl gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak, hususan-da, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda gowaça tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Öňümizdäki oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, olary doly taýýar edip goýmak, şu ýyl welaýatlarda ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl gowaça ekiljek meýdanlary möwsüme doly taýýarlamak we bu işleriň depginini güýçlendirmek, ekişde ulanyljak tehnikalary abatlamak, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça ähli zerur işleriň geçirilmelidigini belledi we bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine hem-de welaýatlaryň häkimlerine häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmegiň, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmegini guramak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

                                                

Habaryň resmi çeşmesi:(“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) - Türkmenistan Bu günweb-saýty).