Şu gün Mary welaýatynda
iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde
Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwlet
syýasatynyň möhüm meseleleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary
girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň
Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça
parlamentiň alyp barýan işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. Mejlisiň iş
toparlarynda ýakynda kabul edilen Konstitusion kanunlardan gelip çykýan,
hereket edýän kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary
girizmek, “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny taýýarlamak
boýunça işler alnyp barylýar.
Milli parlamentiň
wekilleri halkara işiň çäklerinde dürli çärelere, şol sanda daşary ýurtlarda
geçirilýän çärelere gatnaşýarlar hem-de kanun çykaryjylygyň öňdebaryjy
tejribesini öwrenýärler. Mejlisiň deputatlary syýasy partiýalaryň we
jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri bilen bilelikde ilatyň, hususan-da,
ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar, Milli Geňeşiň we ýurdumyzyň
jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde kabul edilen resminamalaryň
many-mazmunyny we taryhy ähmiýetini düşündirýärler.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň martynda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň
saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly,
öňümizdäki jemgyýetçilik-syýasy çäre ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirilmelidir hem-de halkara kadalara laýyk gelmelidir. Mejlisiň türkmen
jemgyýetiniň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ministrlikleriň
we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda milli
ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň işini kadalaşdyrmaga gönükdirilen möhüm
kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça alyp barýan işleriniň
wajypdygyna aýratyn üns çekildi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp
barylýan işler, şol sanda halkara standartlara laýyklykda milli
standartlaşdyrmak ulgamyny ösdürmek hem-de ugurdaş düzümleriň işiniň
netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat
berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, häzirki döwürde standartlaşdyrmak ulgamynyň okgunly
ösýändigini belledi. Esasy pudaklary döwrebaplaşdyrmakda, öndürilýän önümleriň
hilini ýokarlandyrmakda, sarp edijileriň bähbitlerini goramakda bu ulgama möhüm
ähmiýet berilýär. Gullugyň hünärmenleri tarapyndan ulanylýan ölçegleriň we
synaglaryň usullaryny kämilleşdirmek bu ugurdaky esasy wezipeleriň biridir
diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýere bu ulgamda amala aşyrylýan
işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Türkmennebit” döwlet
konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan
nebithimiýa senagatyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa
ýoly bilen ösdürmegiň wajypdygyny nygtady hem-de bäsdeşlige ukyply, ýokary
hilli önümleri öndürmegiň öňdebaryjy usullaryny işjeň ulanmagyň, şol önümleriň
görnüşlerini giňeltmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz resminama
gol çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek
hem-de mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk pudagyny mundan
beýläk-de ösdürmek barada ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň
çäklerinde görlen çäreler, suwdan rejeli peýdalanmak boýunça amala aşyrylýan
işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow maldarçylyk pudagynyň kuwwatyny artdyrmagyň, onuň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň we mallaryň baş sanyny artdyrmagyň
ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny düýpli özgertmek strategiýasynyň esasy
ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady we wise-premýere bu babatda degişli
tabşyryklary berdi. Suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň we olary aýawly
saklamagyň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanymyz sowuk howa
akymynyň gelmegi bilen baglylykda, welaýatyň çäklerinden akyp geçýän derýalarda
kadaly suw akymyny almak, kenarlary berkitmek, suw akabalaryny arassalamak
boýunça geçirilýän işleriň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere
degişli tabşyryklary berdi.
Wise-premýer sebitlerde
ýazky ekişe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna “Türkmenistanda 2023-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek
hakynda”, şeýle-de “Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin
ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak hakynda” Kararlaryň taslamalary hödürlenildi.
Şol resminamalara laýyklykda, şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 580 müň gektar
meýdanda gowaça ekilip, şondan 1 million 250 müň tonna hasyl öndürmek meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen birlikde, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
tarapyndan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk
şaýlaryny satyn almak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, öňümizdäki möwsüm üçin geçirilýän oba hojalyk işleriniň,
hususan-da, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizlemek işleriniň, oba
hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny öz wagtynda taýýarlamagyň ähmiýetini
belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, wise-premýere bu
babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly
bilen ösdürmek we senagatlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlerde möhüm orun
eýeleýän himiýa pudagyny ösdürmek babatda görülýän çäreler barada hasabat
berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet derejesinde
berilýän goldawyň netijesinde ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary ulanmak
arkaly täze kärhanalar yzygiderli ulanmaga berilýär, täze iş orunlary
döredilýär. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda,
garyşyk mineral dökünleri öndürýän desgany gurmak meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň himiýa senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça
geçirilýän çäreleriň möhümdigini nygtady hem-de wise-premýere pudagyň hereket
edýän kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyny, daşary
ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we uly islegden peýdalanýan
önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen täze kärhanalaryň gurluşygyny göz öňünde
tutýan bu ugurdaky toplumlaýyn işlere gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanda we Özbegistanda bilelikdäki
söwda öýlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Iki
ýurduň çäginde söwda öýleriniň işini düzgünleşdirmek hakynda hökümetara
Ylalaşyga laýyklykda, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan
beýläk-de giňeltmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Özbegistan
Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň iki ýurduň söwda-ykdysady we
medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynda aýdyň görkeziji bolup durýandygyny nygtady.
Biziň ýurtlarymyz uly senagat kuwwatyna eýedirler. Biz entek möhüm ähmiýetli
taslamalaryň ençemesini durmuşa geçirmelidiris. Şol taslamalaryň amala
aşyrylmagy bolsa halklarymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir
diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere Aşgabatda hem-de Daşkentde
söwda öýlerini açmak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň fewral aýynda meýilleşdirilen esasy
çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda
gazanylýan üstünliklere, şu ýylyň şygaryna, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllygyna we Diplomatik işgärleriň gününe bagyşlanan maslahatlary,
söhbetdeşlikleri, döredijilik duşuşyklaryny, mediaforumlary, aýdym-sazly
dabaralary we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň diplomatik
işgärleriniň güni mynasybetli dürli çäreler geçiriler. 10-njy fewralda Döwlet
çeperçilik akademiýasynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni miras boýunça
Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli okuw maslahaty
geçiriler. Şol gün Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň we ABŞ-nyň medeniýet we
sungat ussatlarynyň gatnaşmaklaryndaky konserti guramak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem 12 — 14-nji
fewralda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günlerini, 15 — 17-nji
fewralda bolsa EYR-nyň ýöriteleşdirilen sergisini geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryna laýyklykda medeniýet ulgamynyň we
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny
nygtady. Ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini bütin dünýäde wagyz
etmäge, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen öňümizdäki
çärelere we dabaralara taýýarlyk görmek meselesi barada durup geçip, döwlet
Baştutanymyz wise-premýere olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek
boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar
ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň
meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi. Ministrlikleriň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň teklipleri esasynda taýýarlanylan meýilnama Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriniň hem-de ýurdumyzyň ähli
ulgamlarynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleriň, jemgyýetiň abadançylygyny,
ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli
maksatnamalaryň we iri taslamalaryň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen
işlenilip düzüldi.
Türkmen halkynyň Milli
Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynda ýaş nesli watançylyk ruhunda
terbiýelemek barada beýan edilen sargytlary durmuşa geçirmek boýunça
wagyz-nesihat çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Türkmen halkynyň beýik
şahsyýetleriniň ömri we alyp baran işleri bilen tanyşdyrmak çärelerine aýratyn
orun berilýär. Ýaş alymlaryň arasynda türkmen halkynyň we Gündogaryň akyldar
şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan ylmy maslahaty geçirmek göz öňünde
tutulýar. Mundan başga-da, ýazyjy-şahyrlaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň
gatnaşmagynda dürli duşuşyklary, telegepleşikleri, döredijilik bäsleşiklerini,
festiwallary, olimpiadalary, köpçülikleýin sport çärelerini, halkara innowasion
forumlary, gezelençleri guramak teklip edilýär. Aýry-aýry çäreler milli
däpleri, şol sanda maşgala mukaddesligini aýawly saklamaga hem-de wagyz etmäge
bagyşlanar.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşlary halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri
esasynda terbiýelemegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolandygyny we
şeýle bolmagynda-da galýandygyny aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyz
türkmenistanlylaryň ýaş neslini ýurdumyzyň jemgyýetçilik we syýasy durmuşyna
giňden çekmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu ugurdaky işleri işjeň
dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda
ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda
kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. 2021 —
2025-nji ýyllar üçin niýetlenen Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy.
Ýaşlar bilen bagly
wezipeler Birleşen Milletler Guramasynyň gün tertibiniň esasy ugurlarynyň
hatarynda kesgitlenildi. 1985-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň howandarlygynda
ýaşlaryň meseleleri boýunça Bütindünýä kongresi hereket edýär. BMG-niň beýleki
ýöriteleşdirilen düzümleri hem bu meseleler bilen meşgullanýar. Bu ugurda
hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk
Strategiýasyny taýýarlamak baradaky meselä seretmek teklip edilýär. Onuň esasy
maksady ýaşlarymyzyň medeni, ykdysady, ylym-bilim, sport ulgamlarynda we
beýleki ugurlarda halkara gatnaşyklara has işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden
ybaratdyr. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynyň binýadynda Halkara ýaş diplomatlar merkezini
döretmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtlaryň ýokary okuw
mekdepleriniň şahamçalaryny açmak baradaky meseläni öwrenmek teklip edilýär. Şeýle
hem öňdebaryjy tejribäni alyşmak maksady bilen, abraýly halkara guramalar, şol
sanda BMG, ÝHHG, Ýewropa Bileleşigi, GDA bilen bu ulgamda hyzmatdaşlygy
işjeňleşdirmek teklip edilýär.
Ýaşlar ylmy ulgamynda
daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň degişli tabşyryklaryny ýerine ýetirmek
maksady bilen, ýokarda agzalan Strategiýada Türkmenistanda ýokary
tehnologiýalaryň Milli merkezini, şeýle-de degişli ulgamy döretmek boýunça
toplumlaýyn çäreleri göz öňünde tutmak teklip edilýär. Mundan başga-da, bu
Strategiýanyň taslamasyna medeniýet ulgamynda netijeli gatnaşyklary
işjeňleşdirmek boýunça anyk çäreleri girizmek maksat edinilýär. Hususan-da,
“Ýaş zehinler” atly maksatnamany taýýarlamak we ony beýleki ýurtlaryň ýaşlar
syýasatyny durmuşa geçirmäge jogapkär döwlet hem-de jemgyýetçilik edaralary
bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmak maksadalaýyk hasaplanýar. Sport barada
aýdylanda, Türkmenistanda yzygiderli esasda Halkara ýaşlar oýunlaryny guramak
teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşlar syýasatynyň döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini belledi. Ýurdumyzyň
daşary syýasy işinde-de bu meselä uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz
milli ýaşlar konsepsiýanyň doly goldanylmalydygyny aýdyp, bu ulgamdaky
syýasatyň esasy maksadynyň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, watansöýüji ýaşlary
ösdürip ýetişdirmekden ybaratdygyny belledi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim
ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi, ylym-bilim ulgamyna täzeçil
tehnologiýalar, öňdebaryjy tejribeler işjeň ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz
sport baradaky meselä degip geçip, “Aziada — 2017-ä” taýýarlyk görmegiň
çäklerinde türgenlerimiziň dünýäniň esasy sport merkezlerinde tejribeli we
meşhur tälimçileriň ýolbaşçylygynda tälim alandyklaryny belledi. Şonuň
netijesinde olar bu oýunlarda ajaýyp üstünlikleri gazandylar. Şeýle tejribe
bilim ulgamynda-da ulanylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň hem-de tejribe alyşmagyň,
ýurdumyzda okuw sapaklaryny geçmek üçin meşhur alymlary çagyrmagyň maksadalaýyk
boljakdygyny belledi.
Mundan başga-da, ýokary
sanly tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleriniň üstünde
içgin işlemek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara bu
babatda anyk çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly,
bularyň ählisi ýaşlarymyzyň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmaga, olary dünýä ylmy we
täzeçil tehnologiýalar bilen tanyşdyrmaga ýardam eder.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna
laýyklykda, häzirki wagtda bu ulgamda toplumlaýyn işleriň depginini
ýokarlandyrmak, şol sanda dünýäniň oňyn tejribesini öwrenmek we ulanmak,
halkara ýük daşamalary ösdürmek boýunça mümkinçiliklerden peýdalanmak babatda
işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, agentligiň
ýolbaşçysyna halkara standartlara laýyklykda, deňiz we derýa ulagy pudagynyň
dolandyrylmagyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, bu ulgama dünýäniň
öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmagyň, halkara ýük daşamagy amala aşyrýan daşary
ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş
zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzyň gämigurluşyk ulgamyny
ösdürmek üçin esas bolup durýandygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna milli
deňiz flotunyň giňeldilmegini, dürli görnüşli gämileriň gurluşygynyň
özleşdirilmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe söz
berildi. Ol sebitdäki işleriň ýagdaýy, şol sanda oba hojalyk pudagynda alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, güýzlük bugdaýa
ideg etmek, ekin meýdanlaryny, oba hojalyk tehnikalaryny we beýleki enjamlary,
gowaça tohumlaryny ýazky ekişe taýýarlamak babatda görülýän çäreler barada
aýdyldy. Hasabatyň dowamynda sebitiň suw serişdelerini rejeli ulanmak maksady
bilen görülýän çäreler barada-da aýdyldy.
Şeýle hem ýurdumyzda kabul edilen, ägirt uly ykdysady
kuwwatdan netijeli peýdalanmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da
gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny sebitde
durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň
obasenagat toplumyndaky işleriň barşyny we depginini, olaryň agrotehniki
kadalara laýyk gelmegini hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Berdimuhamedow ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli
maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli çözmegiň, howa şertleri bilen
baglylykda, welaýatyň çäklerinden akyp geçýän derýalarda kadaly suw akymyny
almak, kenarlary berkitmek, suw akabalaryny arassalamak boýunça zerur çäreleri
görmegiň möhümdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz sebitde amala aşyrylýan
işleriň ählisiniň ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmelidigini we döwrüň
talaplaryna laýyk gelmelidigini nygtap, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Mejlisde beýleki
meselelere-de garaldy we pudaklaryň ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe
resminamalar kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
Mejlis tamamlanandan
soňra, döwlet Baştutanymyz Mary şäheriniň Halkara howa menziline bardy we bu
ýerden Aşgabada ugrady.