Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin
oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda alnyp
barylýan oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň durmuşa geçirilişi
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek işleri
agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, şu ýylyň pagta hasyly üçin
gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işi dowam edýär, pagtaçy daýhanlary
ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazky
ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary abatlanylýar, ýeralmany we
beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işine taýýarlyk görülýär.
Ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda göz öňünde tutulan gurluşyk işleri
meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýar.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dowam edýän oba hojalyk
işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp
barylmagynyň zerurdygyny aýtdy hem-de welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlaryndaky
sürüm, tekizleýiş işleriniň depginini artdyrmak babatda häkime birnäçe anyk
tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz bugdaýa ideg etmegiň
agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň hemişe gözegçilikde saklanylmagy
babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.
Bulardan
başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň
ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi hem-de etraplaryň, şäherleriň,
şäherçeleriň elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün
edilmegi boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini häkime tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda,
welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime degişli tabşyryklary
berdi.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekin
meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, bugdaýa
edilýän ideg işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
bugdaýa ideg etmek işleri agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly ýerine
ýetirilýär, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri dowam edýär,
ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary, gurallary abatlamak boýunça zerur
çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine
taýýarlyk görülýär, welaýatyň pagtaçy kärendeçilerini ýokary hilli gowaça
tohumlary bilen üpjün etmek üçin degişli işler geçirilýär.
Mundan
başga-da, häkim obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli
maksatnama, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna
laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky
işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
talabalaýyk guralmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Hususan-da,
bugdaýa ideg etmegiň hem-de şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde
sürüm we tekizleýiş işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy, öňümizdäki ýazky ekiş möwsümine
guramaçylykly taýýarlyk görülmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary
berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň,
çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, elektrik
energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ähli zerur
tagallalaryň görülmelidigini tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda göz
öňünde tutulan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary
berdi.
Sanly
ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
N.Nazarmyradowyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ekin meýdanlarynda alnyp
barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi.
Bellenilişi ýaly, oba hojalyk işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda
geçirilýär. Hususan-da, welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş
işleri alnyp barylýar, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen
üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, ýazky ekiş
möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlanylýar, ýazlyk
ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça
zerur bolan işler ýerine ýetirilýär.
Häkim
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda,
welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň
ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de dowam edýän oba
hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň, pagta öndürijileriň ýokary hilli
tohumlar bilen üpjün edilmeginiň wajypdygyny belledi we bu babatda häkime
degişli tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz welaýatda
ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş
ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen
bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ähli zerur işleriň ýerine ýetirilmelidigini
belläp, häkime bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Bulardan
başga-da, hormatly Prezidentimiz häkime ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de obalaryň, şäherçeleriň,
etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
özgertmek boýunça Milli maksatnama laýyklykda, welaýatda meýilleşdirilen
işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew häzirki wagtda welaýatda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzyň sebitlerini
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda meýilleşdirilen
işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler
welaýatyň ekin meýdanlarynda bugdaýa ideg etmek işleri agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Şu ýyl gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we
tekizleýiş işleri talabalaýyk alnyp barylýar, pagta öndürijileri ekiş möwsümine
çenli ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek ugrunda zerur tagallalar
edilýär.
Gowaça
ekişinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, ýazlyk ýeralmanyň,
beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler
geçirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen medeni-durmuş
we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk
işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de gowaça ekiljek ýerleri talabalaýyk
taýýarlamagyň, pagtaçy daýhanlary ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça
tohumlary bilen üpjün etmegiň, ekişde ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar
etmegiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime tabşyryklary berdi. Şeýle hem
döwlet Baştutanymyz bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk
berjaý etmek bilen alnyp barylmagynyň, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja
ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe
görkezmeleri berdi.
Bulardan
başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň,
çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilişini, elektrik
energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilişini hem-de welaýatyň
çäginden akyp geçýän derýalardaky suwuň kadaly akymyny almak boýunça geçirilýän
işleri hemişe gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda
meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli
ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu işleriň
gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Mary welaýatynyň
häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen
maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerinde
sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, öňümizdäki oba hojalyk möwsüminde
ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylýar, pagta öndürijileri ekiş
möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça zerur
çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilýär,
ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk
görmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Şeýle hem häkim ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda welaýatda meýilleşdirilen işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň talabalaýyk
ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we şu ýyl gowaça ekiljek ýerlerde
sürüm, tekizleýiş işleriniň depginini ýokarlandyrmak, gowaça ekişinde ulanyljak
tehnikalary we gurallary möwsüme doly taýýar etmek, pagtaçy daýhanlary ekişe
çenli ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek babatda häkime birnäçe
görkezmeleri berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekin
meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň,
ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine ykjam taýýarlyk
görmegiň möhüm talap bolup durýandygyny nygtap, häkime anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz
welaýatda medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny
kadaly işletmek, etraplarda, şäherlerde, şäherçelerde ilaty elektrik
energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine
ýetirilýän işleri hem-de sebitiň çäklerinden akyp geçýän derýalarda kadaly suw
akymyny almak boýunça görülýän zerur çäreleri berk gözegçilikde saklamagy
häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli
maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň
möhümdigini belledi we bu işleriň hemişe üns merkezinde saklanylmagy babatda
häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp
barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
şu günler welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň
talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şeýle hem 2023-nji ýylyň hasyly üçin
gowaça ekiljek ýerleri ýazky ekiş möwsümine doly taýýar etmek boýunça degişli
işler geçirilýär, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün
etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan
işlemek we tohumlyk çigitleri taýýarlamak işi utgaşykly alnyp barylýar.
Ekişde ulanyljak
tehnikalary we gurallary abatlap, olary möwsüme doly taýýar edip goýmak, şu
ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň, beýleki
gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler
görülýär.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün
etmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de şu günler dowam edýän oba hojalyk
işleriniň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerurdygyny
belledi. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary
hem-de ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň
ekiljek ýerlerini taýýarlamak ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini
belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän
orunbasaryna we welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň, bugdaýa ideg etmegiň, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamagyň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini talabalaýyk guramak babatda
degişli tabşyryklary berdi.
Sanly ulgam arkaly
geçirilýän iş maslahatynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka
— ýurdumyzyň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly
il ýaşulusy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň
Başlygy wezipesine bellenilmegi we türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip, kanuny
taýdan ykrar edilmegi mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa
gatnaşanlara berk jan saglygyny, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban
halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.