Arkadag Serdarly bagtyýar
ýaşlar ýylynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň
«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!»
ýörelgesine esaslanýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi
netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Kabul
edilen maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyz öňde goýlan maksatlara tarap ynamly
öňe barýar.
16-njy
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin
oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz
oba hojalyk pudagynyň ykdysadyýetdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de ýazky
ekişde ulanyljak tehnikalary we gurallary taýýarlamak, pagta öndürijileri
ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary
berdi. Şeýle-de bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň we ýetişdirilen gant şugundyrynyň
hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja
ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň zerurdygy nygtaldy.
Hormatly
Prezidentimiz ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş
ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen
bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň gözegçilikde
saklanylmagyny tabşyrdy. Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda göz öňünde
tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup
durýandygyna üns çekildi.
17-nji
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa
Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly
söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler iki ýurduň däp bolan dostluk, hoşniýetli
goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýurdumyza
meýilleşdirilen saparyna aýratyn üns berdiler. Bu saparyň barşynda ýokary
derejedäki gepleşikleri geçirmegiň, resminamalaryň birnäçesine gol çekmegiň,
iri işewürlik maslahatyny hem-de köp sanly ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegiň
meýilleşdirilýändigi bellenildi.
19-njy
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň
taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri ara
alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we
goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak boýunça
konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparynyň ýerine ýetirýän işleri,
ýangyç-energetika toplumynyň senagat we eksport kuwwatyny pugtalandyrmak, dokma
senagaty pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň ykdysady we eksport
kuwwatyny pugtalandyrmak, “Çagyl” ýatagynyň demir magdanlarynyň bar bolan
goruny kesgitlemek üçin maslahat beriji kompaniýany saýlap almak boýunça
halkara bäsleşigi geçirmek, döwlet hyzmatlary elektron ulgamyny kämilleşdirmek
mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.
Şu
ýylyň fewral aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet
günlerini geçirmek hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam
arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek boýunça alnyp barylýan
taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň
Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistana meýilleşdirilen resmi saparyna, umuman,
RF-niň wekiliýetiniň ýurdumyzda saparda bolmagynyň çäklerinde meýilleşdirilen
ähli çärelere görülýän taýýarlyk işleri mejlisde garalan aýratyn mesele boldy.
Mejlisde
döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan
ösdürilmegine gönükdirilen döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine
ýetirilmegini üpjün etmäge, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň işini
düzgünleşdirmäge degişli Kararlara gol çekdi. Şeýle hem hormatly
Prezidentimiziň geçen hepdede gol çeken Kararyna laýyklykda, howply önümçilik
desgalaryny Howply önümçilik desgalarynyň döwlet sanawynda bellige almagyň
tertibi; howply önümçilik desgasynda heläkçilikleri çäklendirmek we olaryň
netijelerini ýok etmek boýunça çäreleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamagyň
tertibi, bu meýilnamalaryň mazmunyna bildirilýän talaplar tassyklanyldy.
19-njy
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş
saparyny amala aşyryp, tebigy gazyň ägirt uly goruna eýe bolan “Galkynyş” gaz
känine bardy we bu ýerde alnyp barylýan işler, gaýtadan işleýän senagatyň
düzümlerine döwrebap innowasion usullaryň ornaşdyrylyşy bilen gyzyklandy.
Döwlet Baştutanymyz pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň,
ýurdumyzda täze känleri açyp, olary senagat taýdan özleşdirmegiň möhümdigine
ünsi çekip, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly
Prezidentimiz içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen doly üpjün etmegiň,
ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmagyň möhümdigini belledi.
Hormatly
Prezidentimiz dikuçarda sowuk gyş günleri buz gatlagy bilen örtülen Garagum
derýasyny synlady we onuň kenarlaryny berkitmek işine jogapkärçilikli
çemeleşmegi tabşyrdy.
19-njy
ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň
Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren
duşuşygynyň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklaryny dürli ugurlar boýunça
ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
19-20-nji
ýanwarda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Russiýa
Federasiýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky
möhüm ädim boldy. Işewürlik duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýanyň Hökümetiniň
Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar türkmen
paýtagtyna geldi.
Wekiliýetiň
düzümindäki ýokary wezipeli myhmanlaryň hatarynda ýurdumyzda iş sapary bilen
bolýan RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we
Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary, Hökümet
düzümleriniň, ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň, täjirçilik däl guramalaryň,
ýokary okuw mekdepleriniň, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda işleýän iri kompaniýalaryň
we kärhanalaryň ýolbaşçylary, esasy hünärmenleri bar. Türkmen tarapyndan
wise-premýerleriň birnäçesi, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, döwlet konsernleriniň, birleşikleriniň, komitetleriň, banklaryň,
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ýokary okuw mekdepleriniň
ýolbaşçylary foruma gatnaşdylar.
“Tegelek
stoluň” başynda geçirilen duşuşyklaryň barşynda we plenar mejlisde senagat
kooperasiýasy we gurluşyk önümçiligi, innowasiýa-maglumat tehnologiýalary
ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri, ulag-logistika ulgamynda
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meýilleri, ýollary barada pikir alyşmalar boldy.
Bilim edaralarynyň ugry boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlyk meseleleri içgin ara
alnyp maslahatlaşyldy. Işewürlik maslahatynyň çäklerinde dürli ulgamlarda iki
ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary giňeltmek
meselelerine garaldy.
“Ýyldyz”
myhmanhanasynda dürli görnüşde geçirilen duşuşyklar, şeýle hem Türkmen-rus we
Rus-türkmen işewürler geňeşleriniň bilelikdäki mejlisinde ikitaraplaýyn
işewürlik hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy, hyzmatdaşlyk
meýilnamalary anyklaşdyryldy. Duşuşyklarda senagat kooperasiýasy, gurluşyk
önümçiligi, innowasiýa hem-de maglumat tehnologiýalary, ulag-logistika, oba hojalyk
pudagy, azyk önümleriniň eksporty we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň täze
mümkinçilikleri barada pikir alşylyp, anyk teklipler beýan edildi. Senagat, şol
sanda elektron senagat, lukmançylyk, ulag we aragatnaşyk, telekeçilik ýaly
möhüm ulgamlarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak
boýunça anyk çäreler hakynda düýpli pikir alyşmalar boldy. Işewürler
geňeşlerine gatnaşyjylar telekeçilik işi üçin amatly şertleriň döredilmeginiň,
işewürligiň ähli görnüşleriniň, iki ýurduň işewür toparlarynyň söwda-ykdysady
we ylmy-tehniki gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň zerurdygyna ünsi
çekdiler.
Dürli
görnüşlerde, şol sanda sanly ulgam arkaly geçirilen işewürler geňeşleriniň
mejlisiniň jemleri boýunça 20-den gowrak resminama — eksport-import amallary,
hyzmatlar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça şertnamalara, özara düşünişmek hakynda
ylalaşyklara we ähtnamalara gol çekildi. Bu resminamalar toplumy anyk
netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan
uly mümkinçilikleriniň doly derejede durmuşa geçirilmegine ýardam berer.
20-nji
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine
ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň
Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen gepleşikleri geçirdi. Gepleşikleriň
dowamynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça
mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, özara haryt dolanyşygyny artdyrmagyň, maşyngurluşyk,
energetika, nebitgaz senagaty, gurluşyk, oba hojalyk, sanly tehnologiýalar,
ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns
berdiler.
Russiýa
Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Türkmenistana resmi saparynyň dowamynda
ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Migrasiýa babatda
hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen
Russiýa Federasiýasynyň Içeri işler ministrliginiň arasynda Ylalaşyk;
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa
Federasiýasy) arasynda işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek
hakynda Ähtnama; 2023 — 2025-nji ýyllar üçin gümrük hukuk bozulmalaryna garşy
göreşmekde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň
(Russiýa Federasiýasy) arasynda özara hereket etmek hakynda Teswirnama;
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Balyk tutmak boýunça
federal agentliginiň (Russiýa Federasiýasy) arasynda özara düşünişmek hakynda
Ähtnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň
Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugy bilen Weterinariýa we fitosanitariýa
gözegçiligi boýunça federal gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda
ösümlikleriň karantini boýunça maglumat ulgamlarynyň integrasiýasyna geçmek
baradaky Teswirnama; Suw serişdelerinden peýdalanmak we ekologiýa meselelerinde
türkmen-rus hyzmatdaşlygy boýunça çäreleriň meýilnamasy (Ýol kartasy);
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen
«Lotos» aýratyn ykdysady zolagy» paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa Federasiýasy)
arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; Astrahan oblastynyň portunyň aýratyn
ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek boýunça maýa
goýum taslamasyny durmuşa geçirmek babatda «Türkmenistanyň Ulag-logistika
merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Lotos» aýratyn ykdysady
zolagy» paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda meýiller hakynda
Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaşlaryň işleri boýunça federal
agentliginiň (Russiýa Federasiýasy) arasynda ýaşlar syýasaty babatda özara
düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalaryň
toplumynyň üsti Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen
M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň (Russiýa Federasiýasy)
arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bilen ýetirildi.
Şol
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen
gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam
Minnihanow bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň çäklerinde türkmen-tatar
hyzmatdaşlygynyň, hususan-da, ýangyç-energetika toplumy, ulag, dokma senagaty,
oba hojalygy, maşyn we gämigurluşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki
ýagdaýy, ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Döwlet Baştutanymyz we
myhman söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokary ösüş depginlerine kanagatlanma
bildirip, medeni-ynsanperwer, bilim, ylym we sport ulgamlarynda gatnaşyklaryň
giňeldilmeginiň zerurdygyny bellediler.
Türkmenistanyň
Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa
Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen geçiren duşuşygynyň
dowamynda türkmen-rus döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ileri tutulýan
ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk
Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
netijeli häsiýete eýedigini belledi. Şeýle hem söwda-ykdysady we
medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň parlamentara
gatnaşyklar bilen üstüniň ýetirilýändigi bellenildi.
20-nji
ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet
geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Hormatly Arkadagymyz Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisini doglan güni
bilen gutlady we oňa berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, maşgala
abadançylygyny arzuw etdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky häzirki netijeli gatnaşyklar
söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwer ulgamlarda uzak möhletleýin
oňyn hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr. Häzirki wagtda türkmen-tatar hyzmatdaşlygy
barha okgunly häsiýete we ýokary ösüş depginine eýe bolýar. Muňa yzygiderli
geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklardyr özara saparlar ýardam berýär.
20-nji
ýanwarda sähetli anna gününde Arkadag şäherinde hormatly Arkadagymyzyň ak pata
bermegi bilen Ahal welaýatyň baş metjidiniň düýbi tutuldy. Çärä il sylagly
ýaşulular, ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, Aşgabatda iş
sapary bilen bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň
Prezidenti Rustam Minnihanow we musulman döwletleriniň Aşgabatdaky ilçileri,
medeniýet ulgamynyň wekilleri — döredijilik işgärleri, sungat ussatlary we
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ahal
welaýatynyň baş metjidiniň umumy meýdany 34,5 gektara deň bolup, ol birbada 15
müňden gowrak adama namaza durmaga mümkinçilik berer. Onuň sadaka jaýy bolsa
1500 adama niýetlenendir. Metjidiň gurluşyk işlerini ozal bu ugurda geçirilen
halkara bäsleşikde ýeňiji bolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň agzasy “Altyn” hojalyk jemgyýeti alyp barar. Gurluşyga zerur
bolan çykdajylar üçin halkymyzyň milli ýörelgeleri esasynda raýatlaryň
haýyr-sahawat hökmünde niýetleýän serişdeleri ulanylar. Şunda baş metjidiň
gurluşygyna haýyr-sahawat ýardamyny etmäge isleg bildirýän taraplar üçin ýörite
bank hasabynyň açylandygyny aýtmak gerek.
Geçen
hepdede Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi
toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ol Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň
deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji
çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň
saýlawlaryna taýýarlyk görmek baradaky meselelere bagyşlandy.
21-nji
ýanwarda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň
jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda
döwlet we jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň möhüm meselelerine, şol sanda
Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, iki palataly Milli Geňeşi bir
palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek bilen bagly meselelere
garaldy.
Maslahatda
çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň
Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatynda ýurdumyzyň
Konstitusiýasyny kämilleşdirmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek
boýunça öňe süren taryhy ähmiýetli başlangyçlaryny dolulygyna goldadylar.
Bellenilişi ýaly, giň ygtyýarlyklary boljak bu ýokary wekilçilikli edaranyň
işine jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň, ýaşuly nesliň, aýratyn-da,
ýaşlaryň gatnaşmaklary döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meseleleri
boýunça çözgütleri kabul etmekde uly ähmiýete eýe bolar.
Şeýle
hem halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny, Watanymyzyň abadançylygyny üpjün
etmekde, onuň halkara abraýyny belende galdyrmakda bitiren ägirt uly işlerini
nazara almak bilen, täze döredilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlyklygyna hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlamak baradaky
teklip öňe sürüldi.
Gahryman Arkadagymyzy
kanun esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri diýip ykrar etmek baradaky
teklipler hem dolulygyna goldanyldy. Milli Geňeşiň palatalarynyň arakesme
wagtynda geçirilen bilelikdäki mejlisinde “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna
üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Halk Maslahaty
hakynda”, şeýle hem halkymyzyň islegleri we teklipleri nazara alnyp
taýýarlanylan “Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda” Türkmenistanyň
Konstitusion kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Kanunlar
biragyzdan kabul edildi, makullanyldy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň
garamagyna iberildi. Döwlet Baştutanymyz Kanunlara gol çekdi.
Gahryman
Arkadagymyz türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilendigi hem-de
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilendigi üçin
hemmelere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ildeşlerimiziň bu ägirt uly
ynamynyň özüni ata Watanymyzy gülledip ösdürmegiň, halkymyzy abadan hem-de
bagtyýar durmuşda ýaşatmagyň hatyrasyna mundan beýläk-de yhlasly işlemäge
borçly edýändigini nygtady.
Men
öz halkymyň güýjüne daýanýaryn diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we Garaşsyz,
Bitarap Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine her bir ildeşimiziň mynasyp goşant
goşjakdygyna ynam bildirdi. Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, biz öňde
goýlan maksatlara tarap ynamly öňe barýarys diýip, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Türkmenistanyň
Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynyň
üstünlikli geçirilmegi mynasybetli paýtagtymyzda sungat ussatlarynyň
gatnaşmagynda dabaraly konsert geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Serdar
Berdimuhamedow konserte hormatly tomaşaçy hökmünde gatnaşdy.
“Öňe
barýas Arkadagly Serdar bilen!” atly şygara beslenen konsert Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny wasp
edýän sena öwrüldi. Belent ruha beslenen, joşgunly owazly “Dowam bolsun!” atly
aýdym bu ýerde guralan konsertiň jemini jemledi we täze ýeňişlere, halkymyzyň
abadançylygynyň, ähli arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy bolan Watanymyzyň gülläp
ösmeginiň bähbidine beýik üstünliklere çagyryş bolup ýaňlandy.
Teswiri
jemlemek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa
geçirilýän özgertmeleriň geriminiň barha giňeýändigini, bu özgertmelerde döwlet
we jemgyýetçilik durmuşynyň hemmetaraplaýyn demokratiýalaşdyrylmagyna, syýasy
ulgamyň kämilleşdirilmegine aýratyn orun berilýändigini bellemek gerek.
Geçen
hepde möhüm wakalara baý bolup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini
mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirýän netijeli
başlangyçlarynyň we maksatnamalarynyň üstünliklere beslenýändigini nobatdaky
gezek subut etdi. Häzirki hem-de geljek nesilleriň durmuşynyň abadançylygy bu
giň möçberli işleriň baş maksadydyr.