Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taslamalaryna
garaldy hem-de döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Döwlet
Baştutanymyz gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa
söz berdi. Ol alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli
Geňeşi bir palataly ulgama öwürmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatyny
döretmek baradaky taryhy başlangyjy halkymyzyň arasynda uly goldawa eýe boldy.
Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar
girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça
Konstitusion toparyň ýanynda iş topary döredildi. Raýatlardan gelip gowşan
teklipler içgin öwrenilýär hem-de ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň jemgyýetçilik
wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek bilelikdäki maslahatynyň gün tertibinde
ara alnyp maslahatlaşyljak degişli kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar.
Konstitusion
özgertmeleriň hem-de öňde boljak bilelikdäki maslahatyň taryhy ähmiýetini
düşündirmek we wagyz etmek maksady bilen, ýerlerde Mejlisiň deputatlarynyň,
syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň
gatnaşmagynda duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem bu meseleler boýunça
köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda teleradiogepleşiklerde
çykyşlar guraldy, syýasy-jemgyýetçilik häsiýetli makalalar çap edildi.
Milli
Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň jemgyýetçilik wekilleriniň
gatnaşmagynda 21-nji ýanwarda geçiriljek bilelikdäki maslahatyna taýýarlyk
görlüşi barada maglumat berdi. Bilelikdäki maslahaty geçirmegiň meýilnamasy we
onuň gün tertibi işlenip taýýarlanyldy. Guramaçylyk toparynyň mejlislerinde
maslahatyň gün tertibi boýunça göz öňünde tutulýan meseleler ara alnyp
maslahatlaşylýar.
Türkmenistanyň
Milli Geňeşi, ýurdumyzyň Hökümeti, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş
hem-de ýerli häkimiýet edaralary, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde
degişli işler alnyp barylýar.
15-nji
ýanwarda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal
welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, alnyp barylýan gurluşyk
işleriniň depgini hem-de bu ýerde guruljak baş metjidiň taslamalary bilen
tanyşdy we iş maslahatyny geçirdi. Häzirki wagtda 20-nji ýanwarda ýurdumyzyň
ýaşuly wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek Ahal welaýatynyň baş metjidiniň
düýbüniň tutulyş dabarasy, şeýle hem onuň çäklerinde meýilleşdirilýän çäreler
bilen bagly guramaçylyk-taýýarlyk işleri alnyp baryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow maliýe-ykdysadyýet toplumynyň
düzümleri tarapyndan bu ulgamyň öňünde goýlan ileri tutulýan wezipeleri ýerine
ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň işleriniň kadalaşdyrylmagyna gönükdirilen
birnäçe hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça degişli düzümler tarapyndan
durmuşa geçirilýän çäreler hasabatda beýan edilen aýratyn mesele boldy. Şunuň
bilen baglylykda, işlenip taýýarlanylan, ugurdaş düzümler bilen bellenilen
tertipde deslapky ylalaşylan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen
tassyklanylýan degişli resminamalar barada hasabat berildi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Watanymyzyň mundan
beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen döwlet we milli
maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň üpjün edilmeginiň möhümdigine
ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam
arkaly wise-premýere iberdi hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň meýilnamalaýyn wezipeleri öz wagtynda, talabalaýyk ýerine
ýetirmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän
ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserninde
alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda konsern
tarapyndan Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan deňiz
toplumlaryny özleşdirmek hem-de tehnologik taýdan çylşyrymly taslamalary amala
aşyrmak boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň senagat we eksport
kuwwatyny pugtalandyrmaga, täze tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp
taýýarlamalary ulanmak arkaly onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen
maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmegiň, pudagy mundan beýläk-de
diwersifikasiýalaşdyrmagyň, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän nebit
önümleriniň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň
önümçiligini artdyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän düzümlerindäki
işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, alnyp barlan
ylmy-barlag işleriniň netijesinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda
ýerleşýän “Çagyl” ýatagynyň demir magdanlaryny baýlaşdyrmak arkaly zawodlaryň
önümçiliginde çig mal hökmünde ulanylýan demir oksidini almak mümkinçiliginiň
bardygy anyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ýatagyň demir magdanlarynyň bar
bolan goruny tassyklamak, taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp
düzmek üçin maslahat beriji kompaniýany saýlap almak boýunça halkara bäsleşigi
geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli meseleleri içgin
öwrenmegiň we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň
önümçiliginde ulanylýan ýerli çig mal serişdelerini mundan beýläk-de
özleşdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew dokma senagaty pudagyny mundan beýläk-de
ösdürmek, pudagyň kärhanalarynyň doly kuwwatynda bökdençsiz işini üpjün etmek
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Dokma
senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalary önümçilik serişdeleri bilen
üpjün etmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýokary tehnologiýalary we iň
gowy dünýä tejribesini ulanmak esasynda ugurdaş senagatyň çalt depginler bilen
ösdürilmegi netijesinde türkmen dokma önümleriniň diňe bir içerki bazarda däl,
eýsem, daşary ýurtlarda-da bäsdeşlige ukyplylygynyň yzygiderli
ýokarlanýandygyny belledi hem-de ýokary hilli çig mal bilen üpjün edilmeginiň
hasabyna dokma kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň möhümdigine ünsi
çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle
hem wise-premýer Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň häzirki
zamanyň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň önüm öndürijilerine halkara
sergilere we işewürlik maslahatlaryna gatnaşmaklaryna goldaw bermekde döwrebap
usullaryň hem-de oýlanyşykly strategiýanyň ulanylmagyna gönükdirilen işleriniň
netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe ýurdumyzyň ykdysady we eksport kuwwatyny pugtalandyrmak, daşary
döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ägirt uly
işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň
işewürlik düzümleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmegiň ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň
biridigini aýdyp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Eýran Yslam Respublikasynyň
Türkmenistandaky Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada
hasabat berdi.
Şu
ýylyň 12 — 14-nji fewraly aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän döredijilik
çäresine gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň medeniýet işgärleriniň we sungat
ussatlarynyň wekiliýeti Aşgabada geler. Medeniýet günleriniň çäklerinde
konsert, doganlyk halkyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, iki ýurduň
suratkeşleriniň ussatlyk sapaklary we duşuşyklary, eýran kinofilmleriniň
görkezilişi bolar. Myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýlerine we gözel
künjeklerine gezelençler guralar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek bilen bir
hatarda, medeni gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň döwletara hyzmatdaşlygyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Eýran Yslam
Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dostluk we hoşniýetli
goňşuçylyk däplerine esaslanýan hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine laýyk
gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam
bildirip, bu döredijilik çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün
edilmegini wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek
boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Şu
ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli
15-16-njy fewralda ýurdumyzyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar
uniwersitetinde maslahat, 24-nji fewralda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara
nebit we gaz uniwersitetinde, 26-njy aprelde Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynda ylmy-amaly maslahatlary, 15-nji martda bolsa
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda halkara forumy
geçirmek meýilleşdirildi. Olara ýurdumyzyň ýaş alymlary, professor mugallymlary
we talyplary bilen bir hatarda, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň,
Rumyniýanyň, Germaniýanyň, Wýetnamyň, Singapuryň, Hytaýyň, Hindistanyň,
Bolgariýanyň, Polşanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň,
Özbegistanyň we başga-da birnäçe döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň
professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, ýaş alymlar gatnaşarlar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylym, bilim we täzeçil
tehnologiýalar ulgamynda tejribe alyşmak, dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzda
möhüm ugurlar boýunça alnyp barylýan ylmy işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyrmak
üçin, daşary ýurtlaryň iri ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag merkezleri
bilen gatnaşyklary ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän işleriň möhümdigine
ünsi çekdi. Şeýle wekilçilikli halkara forumlaryň ýurdumyzyň ylmynyň ýeten
derejesini dünýä ýaýmakda, Watanymyzyň abraýyny mundan beýläk-de
ýokarlandyrmakda uly mümkinçilikleri açýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz
ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek
babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Russiýa
Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň 19-20-nji ýanwarda
Türkmenistana meýilleşdirilen resmi saparyna görlen taýýarlyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik
hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde,
halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Häzirki wagta çenli dürli
derejede gol çekilen 320 resminama türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk
binýadyny emele getirýär.
Hormatly
Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna geçen ýyl amala aşyran resmi saparynyň
barşynda geçirilen gepleşikler netijeli döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine
täze itergi berdi. Moskwada ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri
boýunça gazanylan ylalaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
pugtalandyrmagyň, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň ygtybarly binýadyny
emele getirdi. Ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de bar
bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde hökümetara türkmen-rus toparyna
aýratyn orun degişlidir. Geçen ýylyň dekabrynda Moskwada toparyň 12-nji mejlisi
geçirildi, onuň jemleri boýunça 15 sany resminama gol çekildi.
Medeni-ynsanperwer
ulgam döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugrudyr. Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky
umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebi we türkmen tarapynyň
başlangyjy esasynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda gurlan
Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdep bilim ulgamyndaky netijeli
hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarydyr. Häzirki wagtda Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky
Döwlet rus drama teatrynyň täze binasyny gurmak hem-de Türkmen-rus
uniwersitetini döretmek boýunça işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, strategik hyzmatdaşlyk,
däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara
gatnaşyklaryň ýokary derejesini belledi. Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygyň bu ugurdaky gatnaşyklaryň köp ulgamlaryny öz içine alýandygyny
hem-de oňyn ösüş meýillerine eýedigini nygtady. Muňa özara haryt dolanyşygynyň
okgunly ösüşi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Russiýanyň iri sebitleri we subýektleri
bilen hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýedir. Olar bilen göni işewürlik
gatnaşyklary ýola goýuldy. Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-rus gatnaşyklarynyň
aýrylmaz bölegi bolup, bu ugurda bilelikdäki netijeli işiň baý tejribesi
toplandy.
Döwlet
Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Russiýa
Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň saparynyň hem-de RF-niň wekiliýetiniň
ýurdumyzda saparda bolmagynyň çäklerinde meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary
taýýarlyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, meýilleşdirilen ähli duşuşyklar we gepleşikler,
gol çekilmegi göz öňünde tutulýan resminamalar anyk netijeleriň gazanylmagyna
gönükdirilmelidir hem-de hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçilikleriniň doly
durmuşa geçirilmegine ýardam bermelidir. Munuň özi umumy bähbitlere laýyk
gelýär.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde milli ulag-kommunikasiýa
toplumynyň işini düzgünleşdirýän hukuk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda
kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy
hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň ulag ulgamyny
ösdürmekde awiasiýa pudagyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz degişli resminama gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly iberip,
agentligiň ýolbaşçysyna resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün
etmegi tabşyrdy.
Hasabatyň
dowamynda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan ýurdumyzda sanly
ykdysadyýeti we innowasion tehnologiýalary mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda
döwlet hyzmatlary elektron ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler
barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, milli portallaryň işe girizilmegi
bilen, ornaşdyrylýan taslamalaryň netijeliligini üpjün etmekde, olary doly
mümkinçiliginde ulanmakda tehniki we guramaçylyk taýdan birnäçe ugurdaş
maksatnamalaýyn çäreleri kabul etmegiň zerurdygy öwrenildi.
Döwlet Baştutanymyz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi
tarapyndan internet hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek, elektron ulgamlaryň
işini üpjün etmek we düzgünleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işleriň ähmiýetini
belledi. Hormatly Prezidentimiz sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda ähli işleri
hil taýdan täze derejede utgaşdyrmagyň, bar bolan kuwwaty doly derejede
peýdalanmagyň möhümdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri
dowam etdirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz
mejlisi jemläp, şu gün möhüm meselelere garalandygyny, milli ykdysadyýetimiziň
pudaklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň kabul
edilendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisine gatnaşyjylara
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň mundan
beýläk-de ösdürilmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.