Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy
goramak ministriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan
möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin
meýdanlaryndaky oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilişi
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda
ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar, 2023-nji ýylyň
pagta hasyly üçin pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün
etmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Ýazky
ekiş möwsümi üçin oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlanylýar, ýeralmany
we beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işine taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda welaýatda meýilleşdirilen işler talabalaýyk alnyp
barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň
agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň bol hasylyň kepili bolup durýandygyny aýtdy
hem-de bu işleriň talabalaýyk guralmagy babatda häkime birnäçe anyk
tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda geçirilýän ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý
etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň hemişe gözegçilikde saklanylmagy babatda
häkime birnäçe görkezmeleri berdi.
Bulardan
başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň
ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi hem-de elektrik energiýasy, suw we
tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegi boýunça zerur çäreleriň
geçirilmelidigini häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sebitlerini
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda
gurulmagy meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny
aýtdy we häkime degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekin
meýdanlaryndaky oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, bugdaýa edilýän ideg
işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg
etmek işleri agrotehniki möhletlerde geçirilýär, öňümizdäki ýazky ekiş
möwsüminde ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylýar.
Ýazlyk
ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär, welaýatyň
pagtaçy daýhanlaryny ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin zerur
işler geçirilýär. Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça
kabul edilen maksatnamalara laýyklykda welaýatda alnyp barylýan işler barada
hasabat berildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
talabalaýyk guralmagynyň möhümdigini belledi hem-de bugdaýa ideg etmek
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň, ýaz ekişe
guramaçylykly taýýarlyk görülmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda
häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatda
ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny
talabalaýyk işletmek, elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz
üpjün etmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini häkime tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda
meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary
berdi.
Sanly
ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
N.Nazarmyradowyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda welaýatda oba hojalyk işleri agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek
arkaly geçirilýär, öňümizdäki ýazky ekiş möwsüminde pagtaçy daýhanlary ýokary
hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek ugrunda degişli çäreler görülýär.
Şunuň
bilen bir hatarda, gowaça ekilişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary abatlanylýar,
ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek
boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzyň sebitlerini
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda ýerine
ýetirilýän işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň
ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de dowam edýän oba
hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň, pagta öndürijileriň ýokary hilli
tohumlar bilen üpjün edilmeginiň wajypdygyny belledi we bu babatda häkime
degişli tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz welaýatda
ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş
ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen
bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ähli zerur işleriň ýerine ýetirilmelidigini
belläp, häkime bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Bulardan
başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli
ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylyşy barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg
işleri agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen geçirilýär, pagtaçy
daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek ugrunda zerur
çäreler görülýär.
Öňümizdäki
ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylýar,
ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk
görülýär. Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen
maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda göz öňünde tutulan gurluşyk işleriniň
depginleri barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işlerine ünsi çekdi we pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumlary bilen
üpjün edilmeginiň, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine
ykjam taýýarlyk görülmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime
görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine
ýetirilmeginiň wajypdygyny belläp, birnäçe tabşyryklary berdi.
Şunuň
bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz welaýatda medeni-durmuş maksatly
desgalaryň we binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik
energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň
durmuşa geçirilmelidigini häkime tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli
maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň
möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda häkime anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän oba hojalyk
işleriniň barşy, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
maksatnamalaryna laýyklykda meýilleşdirilen işleriň ýagdaýy barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalar
abatlanylýar, pagtaçy kärendeçiler üçin gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça
degişli işler ýerine ýetirilýär.
Şeýle
hem bugdaý meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp
barylýar, ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, ýazlyk
ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça
zerur tagallalar edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, alnyp barylýan oba hojalyk
işleriniň möhümdigini belledi hem-de ýaz ekişinde ulanyljak tehnikalary we
gurallary taýýarlamak, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen
üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet
Baştutanymyz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň, ýetişdirilen gant
şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki
gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň zerurdygyny
nygtady we häkime birnäçe görkezmeleri berdi.
Hormatly
Prezidentimiz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň
ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen
bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri gözegçilikde saklamagy
häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli ýerine
ýetirilmegi üçin zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda häkime
birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra
oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew ýurdumyzyň
welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri
agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar, hususan-da, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär.
Şeýle hem 2023-nji ýylyň
hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak, ýerleri
mineral dökünler bilen gurplandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär, pagtaçy
daýhanlarymyzy ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksady bilen,
şu günler ministrligiň garamagyndaky pagta arassalaýjy kärhanalarda gowaça
tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ekişde
ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, olary möwsüme doly taýýar edip
goýmak, şu ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilmegi meýilleşdirilýän
ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça
zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de häzirki
wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý ekilen
meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek bilen
geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şu
ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary taýýarlamak, ýazky ekiş möwsüminde
ulanyljak tehnikalary abatlamak boýunça ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini
belledi we bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz
oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine hem-de welaýatlaryň häkimlerine
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, bugdaýa ideg etmegiň, gowaça
ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
geçirilmegini talabalaýyk guramak babatda degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban
halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.