Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna
degişli möhüm meseleler girizildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna
garaldy.
Ilki
bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol
döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan
işler barada maglumat berdi.
Häzirki
wagtda ykdysady işiň hukuk esaslaryny, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik
durmuşynyň beýleki ugurlaryny berkitmäge ýardam edýän kanunlar işlenip
taýýarlanylýar we hereket edýän hukuk namalary kämilleşdirilýär. Şu ýylyň
11-nji ýanwarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň döwlet
gurluşyny, hukuk ulgamyny, şonuň esasynda kanun çykaryjy edarasynyň işini
yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynda türkmen
döwletiniň hem-de jemgyýetiniň durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga
gönükdirilen çözgütler kabul edildi. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş
edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, şeýle hem syýasy
partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek
üçin degişli çäreleri görýärler.
Şeýle
hem şu ýyl Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk
maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmäge taýýarlyk
görülýär.
Mejlisiň
deputatlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edip, kabul edilen
kanunlaryň many-mazmunyny halkymyza düşündirýärler, öz saýlaw okruglarynda
ýerleşýän edara-kärhanalarda, zähmet toparlarynda, okuw mekdeplerinde 2023-nji
ýylyň şygaryny, ýurdumyzda amala aşyrylýan ösüş-özgertmeleriň, gazanylýan
üstünlikleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmäge bagyşlanan duşuşyklary
geçirýärler.
Milli
Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň
kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, 11-nji ýanwarda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda
oňa gatnaşanlar halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny —
Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, şeýle hem Milli Geňeşiň Halk
Maslahatynyň işini bes etmek we ony bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň
Mejlisine öwürmek baradaky teklibi biragyzdan goldadylar.
Hormatly
Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, şu ýylyň 21-nji ýanwarynda
paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty geçiriler.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň Hökümeti, ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş
edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde bu çäräni ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda
durmuşa geçirilýän oňyn daşary syýasat babatda aýdylyp, döwlet Baştutanymyzyň
şu ýylyň 5-6-njy ýanwarynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet
saparynyň, Milli Geňeşiň wekilleriniň Hökümet wekiliýetiniň düzüminde HHR-de
döwletara çärelere, dostlukly ýurduň parlamentarileri bilen duşuşyklara
gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.
Halk
Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary parlamentara gatnaşyklary we parlament
diplomatiýasyny işjeňleşdirmek meselesi barada durup geçip, şu ýylyň 8 — 10-njy
ýanwary aralygynda Milli Geňeşiň wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasynyň Antalýa
şäherinde geçirilen Aziýa Parlament Assambleýasynyň 13-nji plenar mejlisine,
şeýle hem onuň çäklerinde guralan çärelere gatnaşandygyny habar berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuşynda möhüm waka öwrüljek
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki
maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli tagallalary
etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän
ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” we 2023-nji ýyl üçin Döwlet
býujetinden ugur alnyp, ýurdumyzyň makroykdysady durnuklylygyny, ykdysady
kuwwatyny berkitmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, milli
ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we sebitleri kadaly hem-de toplumlaýyn ösdürmek
boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň
ähli ulgamlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm meselelere ünsi
çekdi hem-de maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini gowulandyrmak boýunça bellenen çäreleri öz wagtynda amala aşyrmagyň
wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow harytlyk gazyň
ätiýaçlyk gorlaryny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda gaz saklamak üçin
niýetlenen ýerasty desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi. Türkmenistanda şeýle taslamany ilkinji gezek durmuşa geçirmegiň
meýilleşdirilýändigini nazara alyp, bu işi halkara tejribä laýyklykda ýola
goýmak we alyp barmak, onuň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak,
taslamalaşdyrmak, enjamlaşdyrmak hem-de gurmak babatda halkara maslahatçy
kompaniýalary işe çekmek meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gaz serişdelerini rejeli
we netijeli ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda ygtybarly hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmek boýunça çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.
Mejlisiň
dowamynda wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öndürýän nebit önümleriniň görnüşlerini
artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi. Şunuň bilen
baglylykda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümiň — B-92
kysymly awiabenziniň öndürilip başlanandygy baradaky hoş habar aýdyldy. Bellenilişi
ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem-de Ylymlar
akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan bilelikde önümiň bu görnüşini
öndürmek boýunça tehniki şertler işlenip taýýarlanyldy we degişli işler ýerine
ýetirildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu möhüm ugurda geçirilýän
işleriň wajypdygyny belledi hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň
biri hökmünde ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň
zerurdygyny nygtady.
Mejlisiň
dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipe borçlaryny
talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa berk käýinç yglan etdi hem-de
ýol berlen kemçilikler gysga wagtyň içinde düzedilmese, eýeleýän wezipesinden
boşadyljakdygyny duýdurdy. Şeýle hem wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine
ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Döwlet ministri —
“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa berk käýinç yglan edildi
hem-de ýol berlen kemçilikler gysga wagtyň içinde düzedilmese, eýeleýän
wezipesinden boşadyljakdygy duýduryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän düzümlerindäki
işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gurluşyk, energetika,
senagat toplumynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de täze tehnologiýalary
ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi
hemmetaraplaýyn ösdürmekde ýurdumyzyň senagat we gurluşyk toplumynyň ähmiýetine
ünsi çekdi hem-de pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň,
mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere bu
ugurda alnyp barylýan işleriň barşyna gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Mejlisiň
dowamynda döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän,
işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary Ç.Purçekowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikler
gysga wagtyň içinde düzedilmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny
duýdurdy. Şeýle hem wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde
goýberen düýpli kemçilikleri üçin “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy
N.Nyýazlyýewe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikler gysga
wagtyň içinde düzedilmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy duýduryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň Ýaponiýada geçiriljek “EKSPO —
2025” Bütindünýä sergisine ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça
geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bütindünýä
sergilerine gatnaşmagynyň ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri halkara bileleşige
giňden görkezmäge we şunuň bilen birlikde, dürli ulgamlarda dünýäniň öňdebaryjy
tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli
gatnaşyklaryň çägini giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady. “EKSPO —
2025” Bütindünýä sergisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleriň
üstünde içgin işlemegiň zerurdygyna üns çekilip, bu babatda wise-premýere anyk
görkezmeler berildi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa “Türkmenistanda syýahatçylygy
ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahaty geçirmäge
görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Milli
taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň
hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet
maksatnamasyny durmuşa geçirmek, baý taryhy-medeni mirasymyzy giňden wagyz
etmek maksady bilen, şu ýylyň 20-nji martynda “Türkmenistanda syýahatçylygy
ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahaty geçirmek
meýilleşdirilýär. Halkara forumyň barşynda daşary ýurtly myhmanlary “Awaza”
milli syýahatçylyk zolagy, ýurdumyzyň özboluşly taryhy-medeni, tebigy
ýadygärlikleri, muzeýleri we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak,
ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek
çärelere gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Maslahata gatnaşyjylara täze
syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamak boýunça özara pikir alyşmak
mümkinçiligi dörediler, şeýle hem syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda
hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara hyzmatdaşlygy
ösdürmegiň esasy şertleri bolup durýan hem-de Türkmenistanyň dost-doganlyk,
ynsanperwerlik we hoşmeýillilik ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezýän
döwrebap syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň ähmiýetini belledi.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň gazanýan üstünliklerine we
kuwwatyna bagyşlanan iri çäreleriň geçirilmeginiň ýurdumyzyň dünýä
giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyna hem-de bu ugurda halkara
hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmelidigini nygtap, wise-premýere bu forumy
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň ýokary
okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary geçirmäge görülýän taýýarlyk barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara
degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” kesgitlenen
wezipeleri durmuşa geçirmek, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da
ösdürmek maksady bilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 23 — 28-nji
apreli aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde
talyplaryň arasynda III Açyk halkara matematika olimpiadasyny ilkinji gezek
Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar.
Türkmen
döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 2023-nji ýylyň 12-nji aprelinde
makroykdysadyýet, 16-njy maýynda dünýä ykdysadyýeti dersleri boýunça Açyk
halkara internet olimpiadasyny sanly ulgam arkaly geçirmek meýilleşdirilýär.
Halkara
olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan başga-da,
Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk
Respublikasynyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Belarusuň,
Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki onlarça döwletiň ýokary okuw
mekdeplerinden talyplaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, amala aşyrylýan ýaşlar
syýasatynyň esasy maksadynyň ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik we
ruhy mümkinçiliklerini döwletiň we jemgyýetiň bähbitleriniň durmuşa
geçirilmegine gönükdirmekden ybaratdygyny aýtdy. Bu babatda ýurdumyzda dünýä
ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli bilim almak üçin has oňaýly şertler
döredilýär.
Döwlet
Baştutanymyz şeýle aň-paýhas bäsleşikleriniň geçirilmeginiň diňe bir zehinli
ýaşlary ýüze çykarmaga däl, eýsem, dürli halklar bilen dostlukly gatnaşyklary
hem-de dünýäniň esasy ýokary okuw mekdepleri we ylmy merkezleri bilen
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigini nygtap, wise-premýere
meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün
etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler
ministrliginiň 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, iş meýilnamasynyň taslamasy «Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 —
2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan», «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat
ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleriň
esasynda işlenip düzüldi.
Resminama
ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde amala aşyrmak, daşary ykdysady
gatnaşyklary giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara
gatnaşyklaryň has ynsanperwer bolmagyna goşant goşmak ýaly esasy wezipeleriň
ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir. Hususan-da, resminamada Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy, 2023-nji ýylyň
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» we «Parahatçylygyň kepili hökmünde
dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem döwlet
Baştutanymyzyň Kararlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň diplomatik gullugy
tarapyndan ähli zerur bolan işleriň guralmagy we durmuşa geçirilmegi babatdaky
çäreler göz öňünde tutulýar.
Şeýle
hem iş meýilnamasynda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen
hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi babatdaky işler beýan edilýär.
Resminamada
halkara ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär. Hususan-da, Türkmenistan
bilen daşary ýurt döwletleriniň arasynda döredilen ikitaraplaýyn hökümetara
toparlaryň işjeňligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary we
daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde Türkmenistanyň
ykdysady we eksport mümkinçiliklerine, maýa goýum taýdan özüne çekijiligine
bolan gyzyklanmany artdyrmak boýunça daşary ýurtlaryň döwlet edaralary,
kompaniýalary, banklary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ýaly çäreleri
özünde jemleýär. Şeýle hem iş meýilnamasynda Türkmenistanyň daşary ýurt
döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde
tutulýar.
Wise-premýer,
daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan daşary syýasatyny
mundan beýläk-de netijeli amala aşyrmak babatda diplomatik gullugyň öňünde
goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmek üçin ähli zerur tagallalaryň
ediljekdigine ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik,
oňyn bitaraplyk we “Açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty
durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirilýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi
bilen netijeli gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol
sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdüriljekdigini
nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary
işler ministrine bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyryp, ählumumy
möçberde parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmaga ýardam
etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary ilerletmegiň we durmuşa geçirmegiň,
şeýle hem şu ýyl üçin meýilleşdirilen halkara ähmiýetli ähli çärelere ýokary
derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz
hödürlenen iş meýilnamasyny makullap, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň
işgärleriniň Türkmenistanyň bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramak boýunça öňde
goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý edip, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar
ulgamyndaky abraýyny has-da belende galdyrmak işine mynasyp goşant
goşjakdyklaryna ynam bildirdi.
Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew sanly
ulgama geçmekde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, aragatnaşyk ulgamlaryny
giňeltmek we elýeterliligi üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde sanly
telefon beketleri gurnalyp, bir ulgamyň üsti bilen dolandyrylýan telefon,
ýokary tizlikli internet we IP telewideniýe ulgamlarynyň hyzmatlaryndan
peýdalanmaga mümkinçilik berýän fiksirlenen telefon toruny döwrebap GPON
ulgamyna çenli kämilleşdirmek, olaryň göwrümlerini giňeltmek boýunça işler
alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, aragatnaşyk ulgamyndaky ähli işleri hil
taýdan täze derejede utgaşdyrmagyň, bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň
zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz
degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi
we resminamada göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk
çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hasabatyň dowamynda
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan
beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Şunuň
bilen baglylykda, port hojalygynyň tehniki üpjünçiligi, döwrebap serişdeleri
almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz
Serdar Berdimuhamedow port düzüminiň pugtalandyrylmagynyň we
döwrebaplaşdyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda işleriň depginini
ýokarlandyrmagyň möhümdigini bellemek bilen, bu babatda birnäçe anyk
görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisiniň jemini jemläp, şu gün birnäçe meselelere garalandygyny hem-de milli
ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gönükdirilen
resminamalaryň kabul edilendigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň
mejlisiniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp
ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.