Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistanda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir
güni uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan
syýasy, ykdysady we medeni özgertmeleriň ählisi, şol sanda Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň hem-de milli hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegi raýat
jemgyýetiniň, hukuk döwletiniň binýadynyň pugtalandyrylmagyna, Diýarymyzyň
mundan beýläk-de ösdürilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli
ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
9-njy
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin
oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz
häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işlerine ünsi çekdi hem-de gowaça
ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň guramaçylykly geçirilmeginiň,
pagtaçy kärendeçileriň ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün edilmeginiň,
ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk
görülmeginiň möhümdigini nygtady.
Bellenilişi
ýaly, bugdaýa ideg işlerinde agrotehnikanyň kadalary berk berjaý edilmelidir,
Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyryny ýygnap almak işleriniň depgini
güýçlendirilmelidir, ýazky ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine
talabalaýyk taýýarlyk görülmelidir. Bulardan başga-da, obalaryň, şäherçeleriň,
etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama laýyklykda, welaýatlarda
gurulmagy göz öňünde tutulan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkimlere
tabşyryklar berildi.
11-nji
ýanwarda döwlet Baştutanymyz käbir ýurtlaryň diplomatik wezipä bellenilen doly
ygtyýarly wekillerini kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrarini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç
hatyny gowşurdy. Duşuşygyň barşynda Italiýanyň indi köp ýyllaryň dowamynda
Ýewropa giňişliginde Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşy bolup durýandygy
bellenildi. Netijeliligi bilen tapawutlanýan bu gatnaşyklaryň giňeldilmegine
ykdysadyýetiň hususy bölegi uly goşant goşýar. Şunuň bilen birlikde, taraplaryň
mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanyp boljakdygy, Türkmenistanyň
ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, ýokary tehnologiýaly
önümçilikleriň giňden ornaşdyrylmagyny, ýangyç-energetika, ulag, oba hojalyk we
dokma senagaty ulgamlarynda iri milli hem-de halkara taslamalaryň durmuşa
geçirilmegini hasaba almak bilen, bu mümkinçilikleriň işjeň herekete
girizilmelidigi nygtaldy. Şeýle hem ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer
gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze
bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al
Azbini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Şeýle hem
diplomat Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň mähirli
salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky hoşniýetli
arzuwlaryny ýetirdi. Şunda katar tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan
dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma
bildirýändigi bellenildi.
Duşuşykda
ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlar, ulag we aragatnaşyk, himiýa,
dokma senagaty, oba hojalyk pudagy, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar
ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi,
medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze
bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarowy kabul
etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Hyzmatdaşlygyň
köpugurly mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň
geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda,
üstaşyr ulag düzümlerinde, energetika, oba hojalygy ýaly pudaklarda, maýa goýum
taslamalaryny durmuşa geçirmekde, ylym we bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk
ugurlarynda iki dostlukly halklaryň abadançylygyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň
netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Iki döwletiň Daşary işler
ministrlikleriniň derejesindäki yzygiderli gatnaşyklar syýasy-diplomatik
hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýär.
Özara
bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda ösdürmek üçin bar
bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde dürli pudaklarda, şol sanda işewürlik
düzümleriniň ugry boýunça netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam
berýän Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça
bilelikdäki hökümetara topara uly orun degişlidir.
13-nji
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet
durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi hem-de käbir resminamalaryň
taslamalaryna garaldy. Döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de
kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek,
gurluşyk-senagat we energetika pudaklarynyň, aragatnaşyk ulgamynyň
kuwwatlyklaryny artdyrmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, Türkmenbaşy
Halkara deňiz portunyň infrastrukturalaryny döwrebaplaşdyrmak mejlisde garalan
meseleleriň hatarynda boldy.
Ýurdumyzyň
Ýaponiýada geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmagyna
taýýarlyk görmek, 20-nji martda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy
ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahaty, şeýle hem aprel we maý
aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek halkara olimpiadalary
guramak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Mejlisde harytlyk
gazyň ätiýaçlyk gorlaryny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda gaz saklamak
üçin niýetlenen ýerasty desgalary gurmak boýunça geçirilýän işler barada hem
hasabat berildi. Türkmenistanda şeýle taslamany ilkinji gezek durmuşa
geçirmegiň meýilleşdirilýändigini nazara alyp, bu işleri halkara tejribä
laýyklykda ýola goýmak, onuň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak,
taslamalaşdyrmak, enjamlaşdyrmak hem-de gurmak babatda halkara maslahatçy
kompaniýalary işe çekmek meýilleşdirilýär.
“Türkmennebit”
döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda
bolsa B-92 kysymly awiabenzin öndürilip başlandy. Türkmenbaşydaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar
merkezi bilen bilelikde önümiň bu görnüşini öndürmek boýunça tehniki şertler
işlenip taýýarlanyldy hem-de degişli işler ýerine ýetirildi.
Mejlisde
Daşary işler ministrliginiň 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy
barada hasabat berildi. Ol «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli
maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan», “Türkmenistanyň
daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan”,
“Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin
Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeler esasynda işlenip düzüldi. Resminama
ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde amala aşyrmak, daşary ykdysady
gatnaşyklary giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara
gatnaşyklaryň has ynsanperwer bolmagyna goşant goşmak ýaly esasy wezipeleriň
ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir. Hususan-da, resminamada Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy, 2023-nji ýylyň
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» we “Parahatçylygyň kepili hökmünde
dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle-de döwlet
Baştutanymyzyň Kararlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň diplomatik gullugy
tarapyndan ähli zerur işleriň guralmagy we durmuşa geçirilmegi babatdaky
çäreler göz öňünde tutulýar.
Şeýle
hem iş meýilnamasynda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen
hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi babatdaky işler beýan edilýär. Resminamada halkara
ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär. Hususan-da, ol Türkmenistan bilen
daşary ýurt döwletleriniň arasynda döredilen ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň
işjeňligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary we daşary
ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde Türkmenistanyň ykdysady,
eksport mümkinçiliklerine, maýa goýum taýdan özüne çekijiligine bolan
gyzyklanmany artdyrmak boýunça daşary ýurtlaryň döwlet edaralary,
kompaniýalary, banklary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ýaly çäreleri
özünde jemleýär. Onda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara
guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn
resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak hem göz öňünde tutulýar.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji
ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ýerine ýetirmekde alnyp
barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti
Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag
we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine welaýatlarda
we Aşgabat şäherinde fiksirlenen telefon toruny giňeltmek bilen baglanyşykly
enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek,
gurnamak, işe girizmek, tehniki goldawy bermek barada Hytaý Halk
Respublikasynyň “Huawei Teсhnologies Сo.,
Ltd” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
11-nji
ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkeziniň binasynda geçiren Milli
Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty ýurdumyzyň döwlet
we jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny kämilleşdirmegiň ýolunda täze ädim boldy.
Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipelere garaldy hem-de Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň
nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek
bilen baglanyşykly wajyp wezipeler kesgitlenildi.
Milli
Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda
ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň häzirki döwrüň talaplaryna
laýyklykda kämilleşdirilmegine ünsi çekdi. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz
halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan tejribesini
hemmetaraplaýyn nazara alyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik
wekilleri bilen ählihalk maslahatlaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady,
harby meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp, halk
häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny, ýagny Türkmenistanyň Halk
Maslahatyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümini we
ygtyýarlyklaryny beýan etdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Türkmenistanyň Milli
Geňeşi (parlament) bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülse,
maksadalaýyk bolar. Täzeden dörediljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
düzümine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy; Türkmenistanyň Prezidenti;
Mejlisiň Başlygy; Ýokary kazyýetiň başlygy; Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary; Mejlisiň deputatlary; Ministrler Kabinetiniň agzalary; Adam
hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy; Baş prokuror; adalat ministri;
welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri; welaýatlaryň, etraplaryň,
şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklary; etraplaryň edara ediş merkezleri
bolup durýan şäherleriň hem-de şäherçeleriň arçynlary; syýasy partiýalaryň,
kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň
ýolbaşçylary; welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip
edilýän jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşulularyň wekilleri girizilse, dogry
bolar.
Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň ygtyýarlyklaryna ýurdumyzyň Konstitusiýasyny we konstitusion
kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri
boýunça tekliplere garamak hem-de makullamak; döwletimiziň içeri we daşary
syýasatynyň esasy ugurlaryna, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni
taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna seretmek hem-de makullamak; Türkmenistanyň
Prezidentiniň her ýylky Ýüzlenmesini diňlemek; parahatçylyk we howpsuzlyk
meselelerine seretmek; Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry
ygtyýarlyklary amala aşyrmak degişli edilip bilner. Halk Maslahatynyň
mejlisleri zerurlyga görä, ýöne ýylda azyndan bir gezek onuň Başlygy tarapyndan
ýa-da Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň üçden bir böleginiň teklibi
boýunça çagyrylýar.
Maslahata gatnaşyjylar
öňe sürlen teklipleri dolulygyna goldadylar. Bellenilişi ýaly, Halk
Maslahatynyň döredilmegi jemgyýetiň syýasy ulgamyny kämilleşdirmäge, halkymyzyň
gadymdan gelýän demokratik däplerine eýerip, möhüm çözgütleri kabul etmäge,
aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, çözgütleriň erkin ara alnyp
maslahatlaşylmagy we kabul edilmegi üçin mümkinçilikleri üpjün eder. Milli
parlamentiň bir palataly ulgama öwrülmegi döwletimiziň dünýäniň durmuş-ykdysady
we sanly tehnologiýalar giňişligine goşulyşýan şertlerinde halkara ülňülere
laýyk gelýän kanunçylyk binýadyny has-da pugtalandyrmaga, döwlet dolandyryşynyň
çeýe ulgamyny döretmäge ýardam eder.
Maslahatyň netijeleri
boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň
işiniň bes edilmegi we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli
edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi bilen
bagly meseleler hakynda bilelikdäki Karary kabul edildi. Resminama laýyklykda,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini bes etmek we kanun
çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edarany bir palatadan ybarat
bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek baradaky teklip bilen Türkmenistanyň
Prezidentine ýüzlenmek bellenildi.
Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň
Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri
işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we
onuň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Konstitusion topara
«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»
Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň hem-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty
hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak hem-de
olara garamak we kabul etmek üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň
jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek bilelikdäki maslahatyna
bellenen tertipde hödürlemek tabşyryldy.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
palatalarynyň bilelikdäki maslahaty jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda
2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde
geçiriler.
Garaşsyz, hemişelik
Bitarap ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerime eýe bolan
özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde döwlet häkimiýetiniň
wekilçilikli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini döwrüň
talaplaryna laýyklykda guramak, saýlaw kanunçylygynyň kadalaryny berjaý etmek
maksady bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kararyna laýyklykda,
Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk
maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy
çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek 2023-nji ýylyň 26-njy martyna,
ýekşenbe gününe bellenildi.
14-nji ýanwarda Milli
Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki Karary bilen,
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri girizmek hakynda gelip gowşan
teklipleri öwrenmek we umumylaşdyrmak boýunça döredilen iş toparynyň mejlisi
geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, Milli
Geňeşiň Halk Maslahatynyň işini bes etmek hem-de kanun çykaryjy häkimiýeti
amala aşyrýan wekilçilikli edarany bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň
Mejlisine öwürmek bilen bagly özgertmäni goldap, gelip gowuşýan köp sanly
teklipler seljerildi.
15-nji ýanwarda Milli
Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça
döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi
Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu
ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem welaýatyň edara ediş merkezinde
gurulmagy meýilleşdirilýän baş metjidiň taslamalary bilen tanyşdy.
Şeýlelikde, geçen
hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň
durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny
nobatdaky gezek subut etdi. Munuň özi döwürleriň we nesilleriň arasyndaky
baglanyşygyň dowamatlylygynyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşiniň täze
belentliklerini ugur edinýändiginiň aýdyň beýanydyr.