Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat
toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň
häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda
ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim şu günler
welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy,
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde
tutulan işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
bugdaýa edilýän ideg işleri agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilýär,
ýerleri sürmek we tekizlemek işleri talabalaýyk guralýar, pagta öndürijileri
ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin degişli çäreler görülýär.
Ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylýar,
ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär.
Mundan
başga-da, häkim welaýatda ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy,
suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça geçirilýän zerur
çäreler, welaýatda gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky işleriň depgini barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, dowam edýän oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň
talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň bol hasylyň kepili bolup
durýandygyny belledi hem-de gowaça ekiljek meýdanlardaky sürüm we tekizleýiş
işleriniň talabalaýyk guralmagy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatyň bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan
ideg işlerine ünsi çekip, olaryň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine
ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime degişli tabşyryklary
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda gurulmagy
meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň depgininiň berk
gözegçilikde saklanylmagy babatda hem birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekin
meýdanlaryndaky oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, bugdaýa edilýän ideg
işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek
işleri agrotehniki talaplara laýyklykda alnyp barylýar, gowaça ekiljek ýerlerde
sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, oba hojalyk möwsüminde ulanyljak
tehnikalardyr gurallar abatlanylýar.
Welaýatda
ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işi dowam edýär, ýeralmanyň we
beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär, welaýatyň pagtaçy
daýhanlaryny ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksady bilen,
degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň
we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly
işletmek, elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek,
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda meýilleşdirilen
işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm
ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň
agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň berk gözegçilikde
saklanylmagyny häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz gowaça ekiljek
meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň öz wagtynda geçirilmelidigini,
ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz, öz wagtynda ýygnap almak
boýunça degişli çäreleriň görülmelidigini aýdyp, bu babatda häkime birnäçe anyk
görkezmeleri berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky
şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek
boýunça Milli maksatnama laýyklykda, welaýatda gurulmagy göz öňünde tutulan
medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary
hilli ýerine ýetirilmegi hem-de depginleriniň artdyrylmagy babatda häkime
birnäçe tabşyryklary berdi.
Sanly
ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
N.Nazarmyradowyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, şu günler
welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
geçirilýär, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri meýilnama
laýyklykda alnyp barylýar, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça
tohumlaryny taýýarlamak maksady bilen, degişli çäreler görülýär. Şeýle hem
ýazky möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak,
ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek
boýunça zerur işler geçirilýär.
Şunuň
bilen birlikde, häkim welaýatda medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş
ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen
bökdençsiz üpjün etmek, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalaryna laýyklykda meýilleşdirilen işleri öz
wagtynda we üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli işleriň alnyp
barylýandygyny habar berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň oba hojalyk pudagyny
döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini belledi
hem-de gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň talabalaýyk
geçirilmeginiň, pagtaçy daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar bilen üpjün
edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary
berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky
ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek bilen
geçirilmeginiň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine
taýýarlyk görülmeginiň gözegçilikde saklanylmagyny häkime tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz häkime ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul
edilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda meýilleşdirilen medeni-durmuş we
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine
ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda dowam edýän oba
hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylyşy
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý
meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, şu
ýyl gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri talabalaýyk alnyp
barylýar, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek
boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim ýazky oba hojalyk möwsüminde
ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki
gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi.
Bulardan
başga-da, welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň
ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz
bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, şu ýyl açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy
barada hasabat berildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk
işlerine ünsi çekdi hem-de welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynda sürüm we
tekizleýiş işleriniň guramaçylykly geçirilmeginiň, pagtaçy kärendeçileriň
ýokary hilli gowaça tohumlary bilen ýeterlik derejede üpjün edilmeginiň, ýazlyk
ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň
möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem
hormatly Prezidentimiz bugdaýa ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda
geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýratyn nygtady.
Bulardan
başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatda gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş
we önümçilik maksatly desgalardaky işleriň barşyna ünsi çekdi hem-de gurluşyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy
babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki wagtda welaýatda dowam edýän oba
hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň
alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň gowaça ekiljek
meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri alnyp barylýar, ýazky oba hojalyk
möwsüminde ulanyljak tehnikalar, gurallar abatlanylýar, pagta öndürijiler üçin
ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine
ýetirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg
işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär, ýetişdirilen
gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja
ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça zerur tagallalar edilýär.
Şeýle
hem häkim welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny
kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün
etmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu
günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň ähmiýetini belledi hem-de gowaça
ekiljek meýdanlary, ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalary we
gurallary taýýarlamak, pagtaçy kärendeçileri ýokar hilli gowaça tohumlary bilen
üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz
welaýatda bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek
bilen ýerine ýetirilmeginiň, welaýatda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny
ýygnamak işleriniň depginini ýokarlandyrmagyň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki
gök-bakja ekinleriniň ekişine degişli derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny
aýdyp, häkime birnäçe görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz obalaryň, şäherçeleriň,
etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama laýyklykda, welaýatda gurulmagy
göz öňünde tutulan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň
depginine ünsi çekdi hem-de bu işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda
häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şu günler welaýatlaryň bugdaý ekilen
meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar,
hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle hem
şu ýylda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, ýerleri ýazky ekiş
möwsümine taýýarlamak ugrunda degişli işler geçirilýär.
Ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak
işleri bilen bir hatarda, gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalary we gurallary
abatlap, möwsüme doly taýýarlyk görmek, pagtaçy daýhanlarymyzy ýokary hilli
gowaça tohumlary bilen üpjün etmek, şu ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilmegi
meýilleşdirilýän ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini
kesgitlemek boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizde oba hojalygynyň möhüm orun
eýeleýändigini hem-de alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň,
hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň
talaplaryny berk berjaý etmek esasynda geçirilmeginiň aýratyn talap bolup
durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek
meýdanlary taýýarlamak, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we
gurallary abatlamak boýunça ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini belläp, bu
babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de
welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň,
aýratyn-da, bugdaýa ideg etmegiň, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamagyň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň üpjün edilmegine
jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy we degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan
durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.