Ýetip
gelen täze, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji hepdesi syýasy
ähmiýetli wakalara beslenip, olarda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň
artdyrylmagy, Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi bilen
bagly täze taryhy eýýamyň maksatlary öz beýanyny tapdy.
3-nji
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin
oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly
Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki ähmiýetli ornuny
belläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da bugdaý meýdanlaryndaky
ideg işleriniň, gowaça ekiljek ýerleri sürmegiň we tekizlemegiň, ýazlyk
ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmegiň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen bir hatarda, häkimlere ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş
ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, welaýatlarda meýilleşdirilen işleri gözegçilikde saklamak
tabşyryldy.
4-nji
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm
meselelere hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Täze
kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamagyň, hereket edýän kanunçylyk
namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň çäklerinde häzirki wagtda
“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan
kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda
terbiýelemek, olaryň döwrebap bilim almaklary, döredijilik, bedenterbiýe we
sport bilen meşgullanmaklary, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak
bilen bagly Kanunda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça
degişli işler geçirilýär. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde
Milli Geňeşiň agzalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň we
ýaşlaryň gatnaşmaklarynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň
“Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri” diýlip atlandyrylmagy hem-de 2023-nji ýylyň
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli
dabaraly maslahat geçirildi. Şeýle-de ýylyň şygarynyň syýasy we durmuş
babatdaky ähmiýetini wagyz etmek boýunça çäreler meýilnamalaýyn esasda
geçirilýär.
Ykdysadyýet,
maliýe we bank ulgamlary boýunça 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň
taslamalaryny taýýarlamak, ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatlyklaryny
artdyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, atçylyk pudagyny ösdürmek we
onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, Senagat we gurluşyk önümçiligi
ministrliginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, dokma
senagatynyň bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşlerini giňeltmek, ulag ulgamynyň
işini hukuk taýdan düzgünleşdirmek mejlisde garalan meseleleriň hatarynda
boldy. Ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatyny pugtalandyrmak, TÜRKSOÝ bilen bilelikde
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan
edilmegi bilen baglylykda geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, Halkara
okuw-ylmy merkezinde teleköpri arkaly X türkmen-german forumyny geçirmek
boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Hormatly
Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy
goramak ministrligine pagta süýüminiň dürli görnüşlerini senagat taýdan
gaýtadan işlemek üçin Dokma senagaty ministrligine pagta süýüminiň dürli
görnüşleriniň bellenilen möçberini degişli bahalardan ýerlemäge ygtyýar
berildi. Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň
arasyndaky medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem Änew
şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi
mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli
guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi, geçiriljek dabaralardyr çäreleriň
Meýilnamasy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2023-nji ýylda welaýatlar we
etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberi tassyklanyldy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2023-nji ýylda
ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň,
doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak
dalaşgärleriň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany
tassyklanyldy.
5-6-njy
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna
döwlet saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň täze ýylda daşary ýurda
ilkinji saparynyň 6-njy ýanwarda bellenilen şanly sene — Türkmenistan bilen
Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy bilen
gabat gelmegi buýsançly ýagdaýdyr.
Türkmenistanyň
Hökümet wekiliýetiniň sapary günlerinde Hytaýyň “Ženmin Žibao” atly merkezi
gazeti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Strategik hyzmatdaşlygyň
ygtybarly binýady” atly makalasyny çap etdi. Makalada nygtalyşy ýaly, şeýle
abraýly hem-de hormatly neşiriň millionlarça okyjylaryna ýüzlenmek mümkinçiligi
örän möhüm ähmiýete eýe bolup, munuň özi iki ýurduň arasyndaky özara
düşünişmegiň, türkmen-hytaý dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň
has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Häzirki
günde Hytaý Türkmenistanyň iň iri ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşydyr.
Ýurtlarymyz energetika, ulag, aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, oba
hojalygy, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda netijeli
hyzmatdaşlyk edýärler. Häzirki wagtda taraplar aragatnaşyk pudagynda,
ýurdumyzyň telekommunikasiýalar ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, Türkmenistanyň
aragatnaşyk hemralarynyň hyzmaty ulgamynda taslamalary amala aşyrmagyň üstünde
işleýärler. Ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim ulgamynda ikitaraplaýyn
gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Döwlet Baştutanymyz Hytaý Halk Respublikasy bilen
strategik hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin giň gözýetimleri
açýandygyny aýratyn nygtady.
6-njy
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk
Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň,
uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan giň gerimli döwletara
hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri boýunça içgin pikir alyşdylar, halkara we
sebit gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp
maslahatlaşdylar.
Däp
bolan ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa toplumlary, saglygy goraýyş,
aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar ulgamlary we beýleki köp sanly ugurlar özara
bähbitleriň gabat gelýän möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bellenilişi
baly, bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara
komitetiniň üstüne uly wezipeler ýüklenilýär.
Nygtalyşy
ýaly, ynsanperwer ugur, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ulgamlary
türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si
Szinpini islendik amatly wagtda döwlet sapary bilen Türkmenistana gelmäge
çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ýollar
arkaly ylalaşylar.
Gepleşikleriň
netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin
Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyna gol
çekdiler.
Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň
gatnaşmagynda däp bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä
çykarmaga gönükdirilen birnäçe beýleki möhüm resminamalara gol çekildi. Şolaryň
hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Hytaý Halk
Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllarda
hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk
Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý
komitetini döretmek hakynda 2008-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Ylalaşyga
goşmaçalar girizmek barada Teswirnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk
Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda sanly ykdysadyýet babatda maýa goýum
hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti
bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda “ýaşyl” ösüş babatda maýa
goýum hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda «Beýik Ýüpek
ýolunyň täzeden galkynyşy» we «Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyçlarynyň
arabaglanyşygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Medeniýet ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet we
syýahatçylyk ministrliginiň arasynda 2023 — 2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk
meýilnamasy; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Hytaý Halk
Respublikasynyň «Sinhua» habarlar agentliginiň arasynda habarlary alyşmak we
hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
bilen «Ženmin Žibao» gazetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk
babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe,
radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk
Respublikasynyň Media korporasiýasynyň arasynda habar maglumatlaryny alyşmak
ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş
boýunça döwlet komissiýasynyň arasynda saglygy goraýyş pudagynda 2023 —
2027-nji ýyllar üçin hereketleriň meýilnamasy; Türkmenistanyň Milli Olimpiýa
komiteti bilen Hytaý Olimpiýa komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda
Ähtnama; Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe
we sport baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Bedenterbiýe
we sport baradaky baş döwlet müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda
Ähtnama; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli nebitgaz
korporasiýasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan)
bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy)
arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Şeýle hem saparyň barşynda
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Pekiniň
daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda
hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekildi.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we mümkinçiliklerini nazara
almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ýangyç-energetika,
ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda we beýleki birnäçe ugurlarda ägirt uly kuwwaty
bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alşyldy. Hytaý
kompaniýalarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazaryna uly
gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. Ýurdumyzda bilelikde amala aşyrylan iri
infrastruktura taslamalary ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygynyň
netijesidir. Öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamy hem hyzmatdaşlygyň
geljegi uly ugry hökmünde görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li
Çžanşu bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki
ýagdaýyna ýokary baha berildi. Li Çžanşu parlamentara hyzmatdaşlygy iki ýurduň
dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm bölegi hökmünde belläp,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň özi üçin islendik amatly wagtda Hytaý Halk Respublikasyna
gelmegi baradaky çakylygyny beýan etdi. Türkmen-hytaý parlamentara
gatnaşyklarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda “Merkezi Aziýa —
Hytaý” parlamentara geňeşini döretmegiň hem-de “Türkmenistan — Hytaý: zenanlar
we ýaşlar” bilelikdäki forumyny geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet
wekiliýetiniň agzalary Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara komitetiň
hytaý böleginiň agzalary bilen gepleşikleri geçirdiler. Onda özara bähbitli
hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak, ony iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk
gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça anyk çäreler ara alnyp
maslahatlaşylan esasy mesele boldy.
Şeýle-de ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň
agzalary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen
duşuşdylar. Ýaş ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa
hem-de Gahryman Arkadagymyza ýaşlar barada edilýän alada, olaryň
hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döredilýän şertler üçin
hoşallyklaryny beýan edip, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary
astynda geçýän 2023-nji ýylda ata Watanymyzyň abraýynyň has-da belende
galdyrylmagyna, türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň
pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Ýadygärlik
hökmünde talyplara hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň
manysy” atly kitaby gowşuryldy.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalarynda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygyň,
howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen
bagly daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary öz beýanyny tapdy. Munuň özi
Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmeginiň we özara
düşünişmek, hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan netijeli
hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmeginiň esasy şertidir.