Şu
gün Pekinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk
Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Mälim
bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz düýn döwlet sapary bilen HHR-e geldi.
Iki
dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň birek-birege hormat goýmak we netijelilik
esasyndaky duşuşygy giň halkara seslenmä eýe bolup, Hytaýyň abraýly
teleýaýlymlarynyň, metbugat we elektron neşirleriniň täzelikleriniň esasy
mowzuklarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň sapary
günlerinde Hytaýyň “Ženmin Žibao” atly merkezi gazeti hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň “Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady” atly
makalasyny çap etdi. Makalada nygtalyşy ýaly, şeýle abraýly hem-de hormatly
neşiriň millionlarça okyjylaryna ýüzlenmek mümkinçiligi örän möhüm ähmiýete eýe
bolup, munuň özi iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegiň, türkmen-hytaý
dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna
ýardam berer.
1992-nji
ýylyň 6-njy ýanwarynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan senesinden bäri
Aşgabat we Pekin döwletara gatnaşyklaryň has netijeli nusgasyny işläp
taýýarlamagy başardylar. Munuň özi taraplaryň milli bähbitlerini hem-de türkmen
we hytaý halklarynyň özboluşlylygyny nazara almak bilen, öňde durýan
wezipeleriň meňzeşligini utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Biziň halklarymyzy
baryp Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklary
baglanyşdyrýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň ilkinji
resmi gepleşikleri Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň
işjeňleşdirilmegini nazara almak bilen, ägirt uly ähmiýete eýedir. Bu sebitiň
döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat
strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar.
Ýurdumyz geçen ýyllaryň dowamynda ählumumy bähbitlere, netijeli halkara
hyzmatdaşlyk ýoluna üstünlikli eýerip gelýär. Hut şu öňdengörüjilikli “Açyk
gapylar” syýasaty ykdysady ösüşiň ýokary depgininiň üpjün edilmegi hem-de
ýurdumyzyň dünýäniň iň gowy tejribesini, innowasion tehnologiýalaryny çekmäge
çalyşýandygy bilen baglylykda, daşary ýurtly, şol sanda hytaýly hyzmatdaşlaryň
netijeli gatnaşyklara gyzyklanmasynyň barha artmagyny şertlendirýär. Olar bilen
hyzmatdaşlykda giň gerimli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan
— Hytaý transmilli gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Bu gaz geçiriji
Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrýan esasy söwda ýoly bolup hyzmat eden
Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwürde täze galkynyşa eýe bolandygyny
alamatlandyrýar. Bir söz bilen aýdylanda, biziň ýurtlarymyz köpasyrlyk dostluk
däplerine daýanyp, sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýýarlar. Häzirki wagtda şol
gatnaşyklar netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.
...Günüň
birinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag
kerweni Pekiniň merkezi meýdançasy bolan Týananmen meýdançasynda ýerleşýän
Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne tarap ugraýar. Bu ýerde belent mertebeli türkmen
myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyz
awtoulagdan düşende, top atylýar.
Hytaýyň
Halk ýygnaklar öýüniň eýwanynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin mähirli garşylaýar. Iki döwletiň
Baştutanlary dostlarça salamlaşýarlar.
Iki
ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra,
hormatly Prezidentimiz we HHR-iň Başlygy resmi wekiliýetleriň agzalary bilen
tanyşýarlar. Soňra olar haly düşelen ýodajyk bilen ýöräp, münbere geçýärler.
Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Hormat
garawulynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin Hormat garawulynyň
esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler. Soňra iki dostlukly döwletiň
Baştutanlary Hytaýyň Azat ediş goşunynyň tugunyň deňine ýetip durýarlar we baş
egip, tuga hormat goýýarlar. Belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi
garşylamak dabarasy Hormat garawulynyň esgerleriniň dabaraly ýörişi bilen
tamamlanýar.
Soňra
iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde
duşuşyk geçirildi.
HHR-iň
Başlygy Si Szinpin belent mertebeli türkmen myhmanyny hytaý topragynda ýene-de
bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary bilen gelip görmäge
çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Prezident
Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany hökmünde Hytaýa ilkinji sapary şu gün
bellenilýän şanly senä — iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola
goýulmagynyň 31 ýyllygyna gabat geldi.
Hytaý
Lideri soňky onýyllykda strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň netijeli
häsiýete eýedigini belläp, şu duşuşygyň çäklerinde gol çekmäge taýýarlanylan
resminamalarda berkidilen ylalaşyklaryň özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyň
mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
HHR-iň
Başlygy döwlet Baştutanymyza hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň yzygiderli
ösdürilmegine berýän goldawy üçin hoşallyk bildirip, ajaýyp ýolbaşçy Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe Türkmenistanyň ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe gitmek bilen,
ähli ulgamlarda uly üstünlikleri gazanýandygyny belledi. Şeýle-de HHR-iň
Başlygy Si Szinpin döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant goşan
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we pursatdan peýdalanyp,
Gahryman Arkadagymyza özi üçin islendik amatly wagtda Hytaýa gelip görmek
baradaky çakylygy ýetirmegi haýyş etdi.
Soňra
Hytaýyň Lideri Türkmenistanyň Prezidentine söz berdi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow türkmen wekiliýetiniň adyndan HHR-iň Başlygy
Si Szinpine myhmansöýerlik hem-de Pekinde mähirli kabul edilendigi, döredilen
ajaýyp mümkinçilikler üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň
mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistan bilen Hytaýyň gatnaşyklary köpasyrlyk taryha eýedir. Şol
döwrüň tutuş dowamynda iki halkyň arasynda özara düşünişmek, medeniýetleriň,
däp-dessurlaryň, dünýägaraýyşlaryň ýakynlaşmagy bolup geçdi. Biziň ýurtlarymyzy
birleşdirýän Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda üçin köpri bolmak
bilen çäklenmän, eýsem, medeni gatnaşyklar üçin hem ýol açdy. Biziň
gatnaşyklarymyzyň taryhyna häzirki döwrüň nukdaýnazaryndan baha bermek bilen,
bu ýol türkmenleriň hem-de hytaýlylaryň ykbalynda ägirt uly orun eýeledi, bu
täsin tejribäniň mirasdüşerleri hem-de dowam etdirijileri bolan biziň häzirki
şertlerde hyzmatdaşlygy ösdürmegimiz, gatnaşyklarymyzy çuňlaşdyrmagymyz şol
döwürleriň dowamatlylygyny üpjün etmek üçin berk binýat boldy diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
Häzirki
wagtda Türkmenistan we Hytaý özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň ýetilen belent
derejesine buýsanyp bilerler. Dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň netijeli
gurallary ýola goýuldy, ygtybarly hukuk binýady döredildi, Hökümet derejesinde
netijeli gatnaşyklar ösdürilýär, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet we ylym
işgärleriniň arasynda, partiýa we parlament ugurlary boýunça gatnaşyklar
giňeldilýär. Iki döwletiň we halkyň özara ýakynlaşmagynyň, onýyllyklary
nazarlaýan dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň binýadyny pugtalandyrmagyň
özboluşly nusgasy kemala gelýär.
2013-nji
ýylyň sentýabrynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada
bilelikdäki Jarnama Türkmenistan bilen Hytaýyň gatnaşyklarynyň daýanç sütünini
emele getirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklara baý many-mazmun berýär. Şu ýyl biz bu
taryhy resminama gol çekilmeginiň 10 ýyllygyny belleýäris diýip, döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly
Prezidentimiz biziň ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan
gününe gabat gelen şu döwlet saparynyň barşynda Türkmenistan bilen Hytaýyň, iki
döwletiň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de
pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyna garaljakdygyna ynam
bildirip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna ajaýyp ýurda — Hytaýa gelmek
baradaky çakylygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik we hoşniýetlilik üçin ýene
bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyny Türkmenistanyň
“Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy” strategiýasy bilen has içgin
utgaşdyrmak ugrunda çäreler işjeň alnyp barylýar. Häzirki zaman şertlerinde
özara bähbitleriň bolmagy Türkmenistan bilen Hytaýa bu başlangyçlary durmuşa
geçirmek ugrunda hyzmatdaşlygy üstünlikli giňeltmäge mümkinçilik berýär. Munuň
özi Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi bermek bilen, häzirki zaman
meýillerine laýyklykda, Ýuwaş ummanyndan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly
giňişlikleri ýakynlaşdyrmaga ýardam eder, özara baglanyşykly önümçilik we
tehnologik tapgyrlary hem-de senagat guşaklyklaryny kemala getirer, köp sanly
durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň durmuş derejesini, abadançylygyny
ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder.
Däp
bolşy ýaly, türkmen-hytaý gatnaşyklarynda Merkezi Aziýa sebitine möhüm orun
degişlidir. Bu babatda hem biziň ýurtlarymyzyň binýatlaýyn meýilleri ýakyndyr.
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasy Ýer ýüzüniň şu böleginde bähbitleriň
köptaraplaýyn deňeçerligine hem-de ýüze çykýan meseleleri çözmekde
syýasy-diplomatik usullara ygrarlylyga esaslanýan howpsuzlygyň mäkäm ulgamyny
döretmek ugrunda çykyş edýärler. Şunuň bilen baglylykda, syýasy hyzmatdaşlygyň
täze “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşiniň bu işlere oňyn goşant goşýandygyny
bellemek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Biz
türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny giňeltmekde parlamentara gatnaşyklara möhüm
ähmiýet berýäris. Bu gatnaşyklara biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň
ýakynlaşmagynyň, özara düşünişmeginiň örän gymmatly guraly hökmünde garaýarys.
Türkmen we hytaý parlamentarileriniň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi,
yzygiderli özara alyşmak iş tejribesini ýola goýmak ugrunda çykyş etmek bilen,
biz şu ýyl Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň amala aşyrylmagynyň
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň
pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berjekdigine ynanýarys diýip, hormatly
Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Gepleşikleriň
barşynda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýyl-ýyldan barha
ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Bu hyzmatdaşlyk durnukly, okgunly
häsiýete eýedir hem-de deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine daýanýar.
Ýangyç-energetika ulgamy Türkmenistan bilen HHR-iň hyzmatdaşlygynyň ileri
tutulýan ugrudyr. Biziň döwletlerimiz bu ugurda ägirt uly kuwwata eýedir diýip,
döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow belledi.
Häzirki
wagtda biz dostlukly ýurduň ykdysadyýetiniň barha artýan isleglerini hem-de
Türkmenistanyň serişdeler binýadynyň mümkinçiliklerini hasaba almak bilen,
Türkmenistandan Hytaýa iberilýän gazyň möçberini artdyrmak meseleleriniň
üstünde işleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Hytaý gaz
geçirijisiniň dördünji ugrunyň gurluşygynyň taslamasy içgin ara alnyp
maslahatlaşylýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Häzirki wagtda
Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk —
Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşli üstaşyr ulag hem-de logistika
infrastrukturasynyň köpşahaly ulgamyny döredýär. Geljekde ol Hazar deňzi, Gara
deňiz, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özünde jemlär.
Munuň özi Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň
bazarlaryna Merkezi Aziýanyň çäginden geçýän amatly guryýer ugruny açýar.
Netijeli
syýasy dialog, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, türkmen-hytaý
gatnaşyklarynda bilim, medeniýet, ylym, sport, saglygy goraýyş meseleleri hem
möhüm orun eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we hytaýly
hyzmatdaşlarymyzyň biziň ýaşlarymyzy okuwa kabul etmäge taýýardyklaryna ýokary
baha berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda hytaý
diliniň öwrenilmegine uly üns berilýändigi nygtaldy. Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä
dilleri institutynda we beýleki ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dili okadylýar.
Hytaýyň
Kommunistik partiýasynyň geçen ýyl geçirilen ХХ
gurultaýy Hytaý Halk Respublikasynyň ähli ulgamlarda mundan beýläk-de okgunly
ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlän taryhy waka boldy. Döwlet Baştutanymyz
pursatdan peýdalanyp, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň ýolbaşçylaryny
gurultaýyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, onuň döredijilikli
netijeleriniň diňe bir Hytaýyň öz ösüşine däl, eýsem, tutuş dünýädäki
ýagdaýlara hem ägirt uly oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi.
Sözüniň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Liderine
Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan ägirt uly
şahsy goşandy, ýurdumyz bilen gatnaşyklara berýän hemişelik ünsi üçin tüýs
ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Hytaý
Halk Respublikasynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, şu
gezekki ýokary derejedäki gepleşiklere uly ähmiýet berilýändigini belledi we
HHR-iň uzak möhletli, strategik hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen özara
bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugruna berk ygrarlydygyny
aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda,
Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde iki ýurduň işjeň hyzmatdaşlyk
edýändigi, şeýle hem Türkmenistan tarapyndan Hytaýyň öňe sürýän
başlangyçlarynyň we teklipleriniň goldanylýandygy üçin hoşallyk bildirildi.
Iki
ýurduň “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde işjeň hyzmatdaşlyk etmegi hem biziň
özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga ýardam edýär
diýip, HHR-iň Başlygy oňa gatnaşyjy ýurtlaryň nobatdaky mejlisini ýakyn wagtda
geçirmegi teklip etdi.
Hytaý
Lideri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri barada durup geçip, däp bolan
ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa toplumlaryny, saglygy goraýyş,
aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar ulgamlaryny we beýleki köp sanly ugurlary
özara bähbitleriň gabat gelýän möhüm ulgamlarynyň hatarynda görkezdi. Bu
babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň
üstüne uly wezipeler ýüklenilýär.
Nygtalyşy
ýaly, ynsanperwer ulgam, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ulgamlary
türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Hytaý Halk
Respublikasynyň Başlygy hytaý we türkmen halklarynyň köpasyrlyk dostluk
däplerine, özara ynanyşmagyna esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan
beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Gepleşikleriň
barşynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň, uzak
möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan giň gerimli döwletara
hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri boýunça içgin pikir alyşdylar, şeýle-de
halkara we sebit gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini
ara alyp maslahatlaşdylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si
Szinpini islendik amatly wagtda döwlet sapary bilen Türkmenistana gelmäge
çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik
ýollar arkaly ylalaşylar.
Soňra
duşuşyk çäkli düzümde dowam etdi. Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň
dowamynda ählumumy ykdysadyýetiň häzirki ýagdaýyny hem-de iki ýurduň
durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen,
türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp
maslahatlaşyldy. Döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de guramaga esasy
çemeleşmeler beýan edildi. Özara ynanyşmak, deňhukuklylyk, birek-birege hormat
goýmak şol gatnaşyklaryň esasy ýörelgeleri bolup durýar. Dürli derejelerde
işjeň gatnaşyklary dowam etdirmegiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň,
beýleki abraýly halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň çäklerinde özara goldaw
bermegiň wajypdygy nygtaldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si
Szinpin geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, taraplaryň
iki dostlukly döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbitlerine giň gerimli
strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny
tassykladylar hem-de şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleriniň şol
maksatlara ýetmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Soňra
ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Bu
ýere ýygnananlaryň dowamly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň we Hytaý Halk
Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekýärler.
Iki
dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda däp bolan türkmen-hytaý
hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen birnäçe beýleki
möhüm resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler
ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň
arasynda 2023-2024-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetini döretmek hakynda 2008-nji ýylyň
29-njy awgustyndaky Ylalaşyga goşmaçalar girizmek barada Teswirnama;
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda
sanly ykdysadyýet babatda maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek
hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň
Hökümetiniň arasynda “ýaşyl” ösüş babatda maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça
özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk
Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda «Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy» we
«Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyçlarynyň arabaglanyşygy babatda özara
düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Hytaý
Halk Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda 2023 —
2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasy; Türkmenistanyň Döwlet habarlar
agentligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Sinhua» habarlar agentliginiň
arasynda habarlary alyşmak we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen «Ženmin Žibao» gazetiniň (Hytaý
Halk Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda
Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky
döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Media korporasiýasynyň
arasynda habar maglumatlaryny alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda
Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen
Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş boýunça döwlet komissiýasynyň
arasynda saglygy goraýyş pudagynda 2023 — 2027-nji ýyllar üçin hereketleriň
meýilnamasy; Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen Hytaý Olimpiýa
komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Sport babatda hyzmatdaşlyk
etmek hakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti
bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş döwlet
müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmengaz» döwlet
konserni bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda gaz pudagynda
hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit
we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Hytaýyň Milli nebitgaz
korporasiýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda
Ähtnama bar. Şeýle hem saparyň barşynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň
(Hytaý Halk Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.
Duşuşygyň
resmi bölegi tamamlanandan soňra, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin
Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna resmi günortanlyk naharyny berdi.
Günortanlyk naharyndan soň, iki döwletiň
Baştutanlary mähirli hoşlaşyp, şu gün gazanylan möhüm ylalaşyklaryň türkmen we
hytaý halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň özara bähbitli
hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine ýardam etjekdigine
berk ynam bildirdiler.
Şeýlelikde, uly üstünlige eýe bolan şu gezekki
ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyk deňhukuklylyga, özara artykmaçlyklara
hem-de açylýan uly mümkinçiliklere göz ýetirmäge esaslanýan strategik
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Ileri tutulýan ugurlaryň
ählisinde türkmen-hytaý gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen
ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi munuň aýdyň
subutnamasydyr.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow ýene-de Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne bardy we şol ýerde Hytaý
Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan hem-de HHR-iň Halk
wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen
duşuşyklary geçirdi.
Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet
wekiliýetiniň agzalary Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara komitetiň
hytaý böleginiň agzalary bilen gepleşikleri geçirdiler. Olarda özara bähbitli
hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak, ony iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk
gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça anyk çäreler ara alnyp
maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Taraplar iki ýurduň, olaryň Liderleriniň
arasynda ýola goýlan özara düşünişmek, hormat goýmak gatnaşyklarynyň hökümetara
we edaralar derejesindäki yzygiderli gatnaşyklar bilen bilelikde, birnäçe ileri
tutulýan ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmäge amatly binýady
döredýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Söwda-ykdysady,
ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlar şol
ugurlaryň hataryndadyr. Bu ulgamlardaky hyzmatdaşlyk iki dostlukly döwletiň
ösüş ugurlaryna doly laýyk gelýär.
Şunuň bilen baglylykda, Hyzmatdaşlyk boýunça
hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň çäklerindäki sazlaşykly işiň möhümdigi
bellenildi. Komitetiň işi hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly ugurlaryny ýüze
çykarmaga we gazanylan ähli ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmäge
gönükdirilendir.
Şeýle-de şu gün ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň
agzalary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen
duşuşdylar.
Ýaş ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadagymyza ýaşlar barada edilýän alada,
olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döredilýän şertler üçin
hoşallyklaryny beýan edip, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary
astynda geçýän 2023-nji ýylda ata Watanymyzyň abraýynyň has-da belende
galdyrylmagyna, türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň
pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Bu wakadan
ýadygärlik hökmünde talyplara hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
“Ömrümiň manysy” atly kitaby gowşuryldy.
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Hytaýyň Milli muzeýine tarap ugrady.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Hytaý halkynyň baý sungatyny we geçmiş taryhyny
aýawly saklamak, wagyz etmek maksady bilen döredilen dünýädäki iri muzeýiň
täsin gymmatlyklaryny synlady.
Häzirki wagtda bu dünýä belli muzeýiň
gaznalarynda gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli Hytaýyň ösüşiniň esasy
taryhy döwürleri barada gürrüň berýän gymmatlyklaryň bir milliondan gowragy
saklanylýar. Bu ýerdäki baý miras ýüzýyllyklaryň dowamynda biziň
medeniýetlerimiziň özara aralaşmagynyň hem-de özara baýlaşmagynyň aýdyň
subutnamasydyr. Beýik Ýüpek ýoly medeniýetleriň kemala gelmegine uly täsirini
ýetirdi. Bilelikdäki tagallalar bilen täze görnüşde dikeldilýän bu meşhur ýol
häzirki wagtda diňe bir Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky iri söwda ýoluna
öwrülmek bilen çäklenmän, eýsem, özleriniň däplerine we taryhyna aýawly garaýan
türkmen hem-de hytaý halklarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň aýgytlaýjy
şerti bolup durýar.
Muzeý gymmatlyklary bilen tanyşlykdan soňra,
döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň wekilleri bilen mähirli hoşlaşyp, Pekiniň
“Şoudu” Halkara howa menziline geldi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyny
tamamlap, Watanymyza ugrady.
Birnäçe
sagat dowam eden uçuşy amala aşyryp, döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň
Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar
garşyladylar.
Bu
ýerde HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan
Naýçen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy saparyň üstünlikli
tamamlanmagy hem-de onuň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň örän netijeli
bolmagy bilen gutlap, gazanylan ylalaşyklaryň däp bolan türkmen-hytaý
hyzmatdaşlygyny ösüşiň täze derejesine çykarmaga ýardam etjekdigine ynam
bildirdi.