Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň
energetika ministri Ali Akbar Mehrabiany kabul etdi.
Myhman
wagt tapyp kabul edendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm
meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden
hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti
Seýed Ebrahim Raisiniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna
abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Eýranda
Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda
ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine uly
ähmiýet berilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurtlar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy
ösdürmegiň Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri
bolup durýandygyny belläp, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine we ýurduň
ähli halkyna özüniň hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy hem-de iki döwletiň arasynda
ýola goýlan gatnaşyklaryň dost-doganlyk häsiýetine esaslanýandygyny
kanagatlanma bilen belledi. Şu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz iki
ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri netijeli
türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilýändigini nygtady.
Duşuşygyň
dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp
maslahatlaşyldy. Şunda Hökümet wekiliýetleriniň özara saparlarynyň möhüm
ähmiýetiniň bardygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi
ýaly, Eýran Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup
durýar we daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.
Şunuň
bilen baglylykda, EYR-nyň energetika ministriniň Aşgabada saparynyň çäklerinde
meýilleşdirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň ählumumy bähbitlere laýyk gelýän
netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi
berjekdigine ynam bildirildi.
Bellenilişi
ýaly, hyzmatdaşlyk birnäçe pudaklar boýunça işjeň ösdürilýär. Türkmenistan we
Eýran Yslam Respublikasy tebigy serişdelere baý bolmak hem-de çäk taýdan amatly
ýerleşmek bilen, daşary ykdysady, energetika we üstaşyr ulag ugurlarynda özara
gatnaşyklar üçin oňyn mümkinçilikleri üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda,
hyzmatdaşlygyň ägirt uly serişde we ykdysady mümkinçiliklerini doly durmuşa
geçirmek babatda gatnaşyklaryň has işjeň guralyny işläp taýýarlamagyň zerurdygy
bellenildi. Şunda anyk netijelere gönükdirilen türkmen-eýran gatnaşyklarynyň
mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginde bilelikdäki hökümetara toparyň işine
möhüm orun degişlidir.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam
Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabian dostluk we hoşniýetli
goňşuçylyk, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik ýörelgelerine
esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ählumumy abadançylygyň
bähbidine ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.