Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň
adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Saide we
ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Tunis Respublikasynyň arasynda
diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden
gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Biziň
döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga,
deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz öz
hatynda belledi we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine
gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň
halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Şu
ýakymly pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Prezident Kais Saide tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk,
Tunis Respublikasynyň halkyna bolsa öňegidişlik we gülläp ösüş arzuw etdi.