Şu
gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň
başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi
geçirildi.
Gahryman
Arkadagymyz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalaryny, mejlise gatnaşyjylary
mübärekläp, şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisine
ýygnandyk diýip nygtady. Şu günki mejlise Halk Maslahatynyň 56 agzasyndan 54-si
gatnaşýar diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan
etdi.
Türkmenistanyň
Döwlet senasy ýaňlandy.
Milli
Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistanyň
Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň şu günki mejlisine Hökümetiň agzalarynyň,
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik
birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hem-de
ýaşlaryň çagyrylandygyny belledi.
Gahryman
Arkadagymyz şu günki mejlisiň gün tertibinde Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan
hödürlenen «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň
bardygyny belläp, mejlise gatnaşyjylara gün tertibi boýunça kimiň nähili
teklibiniň bardygy baradaky sowal bilen ýüzlendi.
Soňra
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisiň gün tertibini tassyklamak
hakynda gelip gowşan teklibi gün tertibine goýdy. Teklip mejlise gatnaşyjylar
tarapyndan biragyzdan goldanyldy.
Hormatly
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalaryna ýüzlenip,
eger şu günki mejlisiň gün tertibine girizilen soraglary ara alyp
maslahatlaşmagyň dowamynda haýsydyr bir teklipler, bellikler ýa-da soraglar
dörese, onda olary ýazmaça görnüşde berip boljakdygyny aýtdy.
Gahryman
Arkadagymyz sözüni dowam edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe biziň öňümizde ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmek, ösüşiň milli, pudaklaýyn we sebit maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa
geçirmek ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi. Munuň üçin ýurdumyz
boýunça makroykdysady görkezijiler yzygiderli seljerilýär. Geljek döwür üçin
anyk maksatnamalar düzülýär. Bu işler Döwlet býujeti bilen aýrylmaz baglydyr
diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi hem-de pikirini beýan edip,
2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky Kanunyň kabul edilmeginden öň,
býujetiň esasy maddalaryny ýene-de bir gezek düýpli seljermegiň we olary döwrüň
talaplaryna laýyk getirmegiň zerur bolup durýandygyny nygtady.
Gahryman
Arkadagymyz sözüni dowam edip, mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň
Karary bilen ýurdumyzda býujet işini kämilleşdirmek boýunça döwlet topary
döredildi diýip aýtdy. Mundan başga-da, Türkmenistanda 2022 — 2028-nji ýyllar
aralygynda býujet ulgamynda özgertmeleri geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy
tassyklandy. Şol resminamalaryň esasynda, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyny —
2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp taýýarlamak boýunça kesgitli çäreleriň
geçirilendigini bellemek gerek. Ýöne Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy
ýaly, ony taýýarlamak boýunça ýeterlik işler geçirildimi? Milli Geňeşiň Mejlisi
tarapyndan teklip edilen bu resminama ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek
boýunça wezipelere laýyk gelýärmi, onda döwletimizi ösdürmek we adamlaryň
abadançylygyny gowulandyrmak boýunça işleri doly we bökdençsiz maliýe taýdan
üpjün etmegiň soraglary göz öňünde tutuldymy, bu işleri kämilleşdirmek boýunça
ýene-de näme etmeli?
Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle möhüm soraglar ýüze çykýar diýip
aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, şu gün bu soraglaryň ara alnyp
maslahatlaşyljakdygy we olara anyk jogap beriljekdigi nygtaldy.
Soňra
Halk Maslahatynyň Başlygy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz
berdi. Ol «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli
ugurlarynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 —
2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna”
laýyklykda iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça maksada okgunly işleriň
alnyp barylýandygyny belledi.
Ykdysady
taýdan kuwwatly döwlete öwrülýän ata Watanymyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi
“Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgäniň ýurdumyzda üstünlikli
durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Nygtalyşy
ýaly, döwlet Baştutanymyz tarapyndan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde
“Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň
Kanunynyň hem-de “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine
ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kararynyň
taslamalary, Esasy Kanunymyza laýyklykda, Mejlisiň garamagyna iberildi. Bu resminamalar
Mejlisde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
welaýatlaryň we Aşgabat şäher häkimlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda
deslapdan ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzyň
Hökümeti tarapyndan işlenip taýýarlanylan we hödürlenen taslamalara Milli
Geňeşiň Mejlisiniň şu ýylyň 12-nji noýabrynda geçirilen nobatdaky ýigrimi
birinji maslahatynda seredildi hem-de olar Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň
garamagyna ugradyldy.
Habar
berlişi ýaly, “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda”
Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasyny hem-de ykdysady
ösüşiň durnukly depginlerini saklamaga, maýa goýum taslamalarynyň, döwlet
çykdajylarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge we halkymyzyň durmuş
derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň
ösüşiň täze tapgyryna gadam basýan döwründe bu wajyp maliýe-hukuk resminamasy
halkymyzyň ertirki güni baradaky aladanyň, abadan hem-de bolelin durmuşda
ýaşamagynyň kepilidir. Döwlet býujetinde zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp
haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberlerini
ýokarlandyrmak üçin serişdeleriň göz öňünde tutulmagy muňa aýdyň şaýatlyk
edýär.
Soňra
çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ähli ulgamlarda
Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna ýardam berýän düýpli
özgertmeleriň amala aşyrylýandygy barada habar berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli
künjeklerinde önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň, ýaşaýyş
jaýlarynyň gurlup ulanmaga berilýändigi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertiniň
gowulanýandygy, raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilýändigi
barada maglumat berildi.
Şeýle
hem ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň we
Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary hem-de degişli hünärmenleri
bilen bilelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 25-nji maýyndaky
ýörite Kararyna laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Maýa goýum
maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilendigi
barada habar berildi.
Soňra
esasy pudaklaryň her biri boýunça aýratynlykda geljek ýyl üçin baş maliýe
meýilnamasynyň girdejiler we çykdajylar maddalary boýunça maglumatlar
giňişleýin beýan edildi. “Mawy ýangyjy”, nebiti we nebit önümlerini eksport
etmek, gurluşyk serişdelerini, senagat we himiýa önümlerini öndürmek,
elektroenergiýa, ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly ýük daşamak boýunça
garaşylýan görkezijiler getirildi. Şeýle hem obasenagat toplumynda, söwda we
hyzmatlarda, döwlete degişli bolmadyk ulgamda göz öňünde tutulan görkezijiler
barada habar berildi.
Ykdysady,
maliýe we bank ulgamlarynda alnyp baryljak işlere aýratyn üns berildi.
Döwlet
býujetinde durmuş ulgamyna gönükdirilýän serişdeleriň paýy 74,9 göterime
deňdir. Şunuň bilen baglylykda, bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge,
durmuş üpjünçiligine, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna, umumy häsiýetli döwlet
hyzmatlaryna, halk hojalygyna meýilleşdirilen pul serişdeleri barada giňişleýin
habar aýdyldy.
Çykyşda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, zähmet haklarynyň,
pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleriniň
ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berildi.
Çykyşyň
dowamynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna düýpli maýa goýumlary
özleşdirmek baradaky madda boýunça meýilleşdirilen maglumatlar getirildi. Şunuň
bilen baglylykda, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy üçin
göz öňünde tutulan serişdeler barada maglumat berildi.
Şonuň
bilen birlikde, döwletiň merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlary boýunça
2023-nji ýyl üçin meýilleşdirilen görkezijiler barada habar berildi, şol maýa
goýumlar Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan desgalaryň we binalaryň
gurluşyklaryna, mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryna,
ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurulýan täze şäherçelere we obalara
gönükdiriler.
Soňra
maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyz
tarapyndan başy başlanan, täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýanyň
üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň dowam edýändigini aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamalary, ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalary
işlenilip taýýarlanylanda, ilkinji nobatdaky wezipelerden, “Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasynyň” esasynda goýlan anyk mümkinçiliklerden hem-de
garaşylýan görkezijilerden ugur alyndy. Meýilleşdirilýän hemme görkezijilere
döredilen ýörite iş toparlarynyň maslahatlarynda degişli hünärmenler hem-de
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan seredildi we
seljerme berildi.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, geljek ýylda ykdysady syýasatda zähmet
serişdelerini netijeli dolandyrmak we zähmet bazarynyň meselelerini
düzgünleşdirmek, täze iş ýerlerini döretmek boýunça çärelere möhüm ornuň
beriljekdigini hem-de geljek ýylyň Döwlet býujetinde Türkmenistanda zähmet
haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň
möçberleriniň 10 göterim ýokarlandyrylan maliýe serişdeleriniň göz öňünde
tutulandygy habar berildi.
Geljek
ýylda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi ykdysadyýetiň durnuklylygynyň, jemi
içerki önümiň möçberlerini artdyrmagyň we zähmet öndürijiligini
ýokarlandyrmagyň hasabyna üpjün ediler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň baş
maliýe meýilnamasynyň girdeji we çykdajy böleginiň maddalary boýunça garaşylýan
görkezijiler barada aýdyldy. Mundan başga-da, welaýatlar we Aşgabat şäheri
boýunça ýerli býujetiň maglumatlary barada habar berildi.
Şeýle
hem 2023-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna
önümçilik-tehniki we durmuş-medeni maksatly desgalary, Oba milli
maksatnamasynyň çäklerinde binalary gurmaga gönükdirilýän serişdeleri
özleşdirmek boýunça garaşylýan meýilleşdirilen görkezijiler beýan edildi.
Soňra
çykyş eden Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Aşgabat şäherinden agzasy G.Agaýew
Döwlet býujetinde bar bolan serişdeleri we mümkinçilikleri has doly ulanmagyň
esasynda milli ykdysadyýetiň yzygiderli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen zerur
çäreleriň göz öňünde tutulandygyny belledi.
Bellenilişi
ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiziň dowam
edýän öňdengörüjilikli durmuş-ykdysady strategiýasy, Durnukly ösüş maksatlaryna
laýyklykda, ykdysady, durmuş we ekologiýa jähtden ösüş ýörelgelerine esaslanyp
alnyp barylýar.
Durmuş-ykdysady
taýdan ösüşiň esasy ugurlaryna laýyklykda, 2023-nji ýylda önümçilik ulgamynyň
netijeliligini saklamak, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak,
ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, Türkmenistanyň ösüş
depginlerini saklamak, maýa goýum işjeňligini yzygiderli ösdürmek, iş
orunlaryny döretmek, durmuş taýdan goraglylygy pugtalandyrmak hem-de ilatyň
durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döretmek göz öňünde
tutulýar.
Çykyşynyň
ahyrynda G.Agaýew halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky uly aladalary
üçin Arkadagly Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallygyny
beýan etdi.
Soňra
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Ahal welaýatyndan agzasy E.Ataýewa söz berildi.
Ol bu sebitiň býujetiniň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli
maksatnamasyndan» we beýleki kabul edilen maksatnamalardan ugur alnyp
taýýarlanylandygyny habar berdi. Ahal welaýaty senagat we oba hojalygy babatda
ýurdumyzyň ösen sebitleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýyl üçin
Döwlet býujetinde welaýat boýunça önümçilik we durmuş maksatly täze desgalaryň
gurluşyklaryna goýlan maýa goýumlar hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň
gerimlerini giňeltmäge mümkinçilik berer.
Geljek
ýylda birnäçe durmuş maksatly binalaryň, hususan-da, hassahanalaryň, saglyk
öýleriniň, çagalar baglarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, şeýle hem
mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryny amala aşyrmak
meýilleşdirilýär.
Oba
hojalyk pudagy welaýatyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýär. 2023-nji ýylda bu
ulgamyň ösüşi oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmagyň, hasyl berýän
ýerleri toplumlaýyn dikeltmegiň we netijeli peýdalanmagyň hasabyna amala
aşyrylar. Welaýatda gök-bakja, miwe önümleriniň öndürilişi artdyrylar.
Milli
Geňeşiň Halk Maslahatynyň Ahal welaýatyndan agzasy E.Ataýewa çykyşynyň ahyrynda
hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ugrunda
alyp barýan asylly işleri üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Soňra
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Balkan welaýatyndan agzasy M.Atagylyjowa
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda Gahryman
Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilýän häzirki mejlisiň uly ähmiýetini belledi.
Nygtalyşy
ýaly, şu gün dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiziň, şol sanda ýaşlaryň
gatnaşmagynda ýurdumyzyň geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň ara alnyp
maslahatlaşylmagy Watanymyzda halk demokratiýasynyň dabaralanýandygynyň
subutnamasydyr.
Welaýaty
ykdysady we durmuş taýdan ösdürmäge gönükdirilen Maýa goýum maksatnamasyna
laýyklykda, 2023-nji ýylda ýurdumyzyň günbatar sebitiniň nebitli känlerinde
täze enjamlar gurnalar, hereket edýänleri döwrebaplaşdyrylar. Bu bolsa olaryň
önümçilik kuwwatyny ep-esli artdyrar.
Balkan
welaýatynda himiýa senagaty ösendir. Bu toplumyň kärhanalary hemme zerur çig
mallar bilen üpjün ediler.
2023-nji
ýyl üçin Balkan welaýatynyň býujeti ykdysady ösüşi we ilatyň durmuş taýdan
goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilip, munuň üçin zerur bolan serişdeler göz
öňünde tutulandyr.
Çykyşynyň
ahyrynda M.Atagylyjowa türkmen halkynyň hal-ýagdaýy baradaky aladalary üçin
Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Öz
nobatynda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Daşoguz welaýatyndan agzasy
S.Gaýypow kabul edilen maksatnamalar esasynda taýýarlanan «Türkmenistanyň
2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň ýurdumyzyň halk hojalygynyň
ähli ugurlaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilendigini belledi. Daşoguz
welaýatynyň ykdysady-önümçilik mümkinçilikleriniň esasyny senagat we oba
hojalyk pudaklary düzýär.
Welaýatyň
ykdysadyýetinde azyk senagatynyň kärhanalary hem möhüm orny eýeleýär. Geljek
ýylda bu pudagyň ösdürilmegi daşary döwletlerden getirilýän önümleriň ornuny
tutýan önümçiligiň pugtalandyrylmagyna, olaryň eksport edilişini artdyrmaga
mümkinçilik berer.
Geljek
ýylda birnäçe durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary üçin Döwlet býujetinde
maliýe serişdeleri göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda saglyk öýleri, çagalar
baglary, umumybilim berýän orta mekdepler bar.
S.Gaýypow
sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman
Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de Watanymyzy mundan beýläk-de
gülledip ösdürmäge, türkmenistanlylaryň bähbidine gönükdirilen asylly işlerinde
üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Lebap welaýatyndan agzasy B.Halow 2023-nji ýyl
üçin Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň esasy böleginiň durmuş ulgamyny
maliýeleşdirmäge, hususan-da, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryny,
ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny ösdürmäge gönükdiriljekdigini nygtady. Bu bolsa
adam baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.
Lebap
welaýatynyň ägirt uly serişde we ykdysady mümkinçilikleri sebitde senagatyň,
oba hojalyk ulgamynyň, önümçilik pudaklarynyň ösdürilmegine, täze iş ýerleriniň
döredilmegine ýardam edýär. Ýangyç-energetika pudagy sebitiň senagatynyň möhüm
ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylda tebigy we
suwuklandyrylan gazyň, nebitiň çykarylyşy ýokarlandyrylar.
Şeýle
hem geljek ýylda Lebap welaýatynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna
düýpli maýa goýumlary özleşdirmek göz öňünde tutulyp, olaryň bir bölegi ilatyň
durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet we sport
edaralaryny ösdürmäge gönükdiriler.
2023-nji
ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň kabul edilmegi Milli maksatnamalarda
göz öňünde tutulan sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berer.
B.Halow
çykyşyny tamamlap, Arkadagly Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzyň
hem-de halkymyzyň bähbidine amala aşyrýan giň gerimli işleri üçin tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdi.
Milli
Geňeşiň Halk Maslahatynyň Mary welaýatyndan agzasy H.Hajyýew Döwlet býujetine
laýyklykda geljek ýylda sebitde tebigy gazy we elektrik energiýasyny öndürmegiň
mukdarynyň ýokarlandyryljakdygyny belledi. Bu bolsa ýurdumyzyň eksportyny
artdyrmaga we içerki sarp edijileriň isleglerini bökdençsiz kanagatlandyrmaga
mümkinçilik berer.
Welaýatyň
ykdysadyýetinde himiýa senagaty möhüm orny eýeleýär. Geljek ýylda azot
dökünleriniň öndürilişi artdyrylar. Bu bolsa birnäçe pudaklaryň isleglerini
kanagatlandyrmaga ýardam berer hem-de ýurduň eksport kuwwatyny ep-esli
artdyrar. Önümçilik maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklarynyň
köpelmegi, gurluşyk serişdeleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmagy talap
edýär. Şu maksat bilen ýerli çig mallardan köp sanly gurluşyk, hojalyk we
beýleki önümleri öndürjek kärhanalary gurmak meýilleşdirilýär.
Bellenilişi
ýaly, Mary welaýatynyň 2023-nji ýyl üçin býujeti durmuş ulgamynyň
maliýeleşdirilmegini göz öňünde tutýar. 2023-nji ýylyň Maýa goýum
maksatnamasynda sebiti ösdürmek üçin maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň
hasabyna maýa goýumlary meýilleşdirildi.
Geljek
ýylda sebitde köp sanly durmuş maksatly desgalary, şol sanda aýratyn mätäçlik
çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak göz öňünde tutuldy. Mundan
başga-da, kärhanalaryň we çekilen serişdeleriň hasabyna welaýatyň çäklerinde
önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak meýilleşdirildi. Maýa goýum maksatnamasynyň
durmuşa geçirilmegi sebitiň ilatynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga we täze iş
orunlarynyň döredilmegine uly mümkinçilikleri döreder.
Çykyşynyň
ahyrynda H.Hajyýew Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadagymyza
halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýän asylly we ynsanperwer işleri üçin
tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, häzirki
zaman şertlerinde ykdysadyýeti dogry we talabalaýyk dolandyrmagyň ählumumy
derejede örän möhüm sorag bolup durýandygyny belledi. Döwlet býujeti ähli ýerde
ykdysady meýilnamalaşdyrmagyň möhüm guraly hasaplanýar. Biziň Döwlet býujetimiz
ýurduň maliýe serişdelerini emele getirmegiň usullaryny we görnüşlerini
kesgitleýär. Şeýle hem bu serişdeleriň talabalaýyk we maksatlaýyn ulanylmagyny
üpjün edýär.
Şeýlelikde,
eziz Watanymyzyň geljekki ösüşiniň üpjün edilmegi häzir bu soraga biziň nähili
derejede düýpli seredýändigimize baglydyr. Şoňa görä-de, bu işe aýratyn
jogapkärli çemeleşmek zerurdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Ykdysady
özgertmelerimizi we umumydöwlet çärelerini ýokary hilli we öz wagtynda geçirmek
üçin maliýe serişdeleri bilen üpjün etmekde Döwlet býujeti uly ähmiýete eýedir.
Munuň özi pul akymlaryny dolandyrmagyň güýçli, durnukly ulgamynyň döwletiň
esaslarynyň durnukly bolmagyna, eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegine, raýatlaryň
hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam edýändigi bilen baglydyr.
Has
anyk aýdylanda bolsa, umuman, netijeli býujet ulgamynyň döredilmegi
ykdysadyýetiň ösüşine oňyn täsir edýär. Emma bu iş degişli derejede
geçirilmese, biz oňat netijelere garaşyp bilmeris diýip, Milli Geňeşiň Halk
Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
Görnüşi
ýaly, her ýyl tassyklanýan Döwlet býujetimiz özgerýär, ýagny ýylyň-ýylyna
artýar. Sebäbi ýurduň ykdysady, medeni, durmuş we beýleki şertleri býujetiň
emele getirilmegine täsir edýär. Ýurdumyzyň ösüşi nazara alnanda, býujetimiziň
her ýyl artmagy doly derejede tebigy ýagdaýdyr.
Biz
ýetilen derejelere, öz öňümizde goýan maksatlarymyza we wezipelerimize
laýyklykda, býujetiň möçberini, girdejileriň we çykdajylaryň paýyny, düzüminiň
aýratynlyklaryny üýtgedýäris diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy
sözüni dowam etdi.
Ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň ösmegi netijesinde, biziň býujetimiz hem täze many-mazmuna eýe
bolýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň býujeti ýokary hilli bolmalydyr, döwrüň
talaplaryna laýyk gelmelidir. Bu biziň zähmetsöýer halkymyza durmuş-ykdysady
wezipeleri çözmäge mümkinçilik berýär. Uzak geljege gönükdirilen we gysga
möhletli maksatnamalary işläp taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge şert
döredýär.
Elbetde,
Döwlet býujeti işlenip taýýarlananda, ýurduň ykdysady ösüşiniň geljegi, daşary
ýurt pul gorlary, milli puluň hümmeti, maýa goýum syýasaty, maliýe bazarynyň
ýagdaýy ýaly soraglaryň göz öňünde tutulmalydygyny bellemek isleýärin. Bu
soraglaryň esasy bölegi maliýe-bank ulgamynyň wezipesi bilen baglydyr diýip,
Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de: «Bu soraglar teklip edilýän 2023-nji ýyl
üçin Döwlet býujetinde göz öňünde tutuldymy?!» diýip, bu ýere ýygnananlara
ýüzlendi.
Şeýle
hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda»,
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji
ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» her ýyl we bellenen möhletlerde,
öz wagtynda durmuşa geçirilmeli wezipeleriň anyk görkezilendigine üns çekildi.
Milli
Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy: “2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti bu
resminamalarda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýärmi?”
diýen sowal bilen ýüzlendi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyny seljerip görmegi
teklip etdi.
Döwlet
býujetiniň kadaly işlemegi üçin, ilkinji nobatda, onuň girdeji bölegini üpjün
etmek möhümdir. Elbetde, onuň girdeji bölegi Türkmenistanyň kanunçylygyna
laýyklykda, bellenen fiziki we ýuridik şahslardan alynýan salgytlardan we
ýygymlardan, şeýle hem hökmany töleglerden we çeşmelerden emele gelýär diýip,
Gahryman Arkadagymyz belledi.
Sanly
ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak, döwlet emlägini hususylaşdyrmak,
kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, gymmatly kagyzlaryň gazna
bazaryny ösdürmek, eksporta niýetlenen önümçilik kärhanalaryny goldamak ýaly
işler Döwlet býujetiniň girdeji bölegini artdyrmagyň goşmaça çeşmesi bolup
hyzmat edýär. Bellenilişi ýaly, goşmaça serişdeleri netijeli ulanmagyň hasabyna
girdejileriň möçberini iň ýokary derejä çykarmak üçin degişli çäreler görülýär.
Şeýle
hem häzirki döwürde serişdeleriň býujete gelip gowuşmagyna edilýän gözegçiligiň
kanagatlanarsyz ýagdaýdadygy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, muňa islendik ulgamdan
mysal getirip bolar. Ine, ýönekeý bir mysal: ilatyň agyz suwundan, elektrik
energiýasyndan, tebigy gazdan peýdalanyşyna, edilýän hyzmatlaryň tölegine
gözegçilik etmek wezipesi öňde goýuldy. Bu işe başlandy, ýöne ol ahyryna çenli
ýerine ýetirilmedi we köp ýerlerde şeýle ýagdaý häzire çenli hem dowam edýär.
Agyz suwunyň, elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň sarp edilişini hasaplaýan
enjamlaryň oturdylmadyk ýerleri bar.
—
Biz şeýle ýagdaý bilen hiç wagt ylalaşyp bilmejekdigimizi we bu ugurlarda
tertip-düzgüni ýola goýjakdygymyzy berk duýdurýarys! — diýip, hormatly Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Birinjiden, biz bu soragy
çözmelidiris diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Ykdysadyýetde biri-birinden üzňe bolan sorag ýokdur. Ähli zat özara
baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, býujete gelip gowuşýan girdejilere gözegçilik
etmek bilen bagly soraga aýratyn üns bermeli. Diňe öz bähbitlerini öňe sürýän
işgärleri ýüze çykaryp, olara berk çäre görmeli. Korrupsiýa bilen meşgullanýan
işgärlere biziň aramyzda hiç wagt orun bolmaz diýip, Gahryman Arkadagymyz
aýtdy.
Maliýe
we ykdysadyýet ministrligi dürli ugurlar boýunça býujet serişdeleriniň
bölünmegini, bu serişdeleriň maksatlaýyn we tygşytly ulanylmagyny üpjün
etmelidir diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de häzirki
döwürde bu talabyň ýeterlik derejede ýerine ýetirilmeýändigini belledi. Bu iş
takyk hasaplamalaryň esasynda alnyp barylmaýar. Şonuň netijesinde birnäçe
ugurlar boýunça bölünip berilýän serişdeler ýeterlik bolmaýar. Şol bir
wagtda-da, käbir ulgamlar boýunça bölünip berlen serişdeler ulanylman galýar.
Şeýle ýagdaýyň döremegine jogap berýän adam hem ýok diýip, hormatly Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de ýylyň ahyrynda, bu ýagdaýyň
düzgünleşdirilmeli döwründe ministrligiň işgärleriniň haýal-ýagallygy we
perwaýsyzlygy sebäpli, köp soraglaryň çözülmän galýandygyny belledi.
Netijede,
köp serişdeler geljek ýyla geçirilýär. Şeýle ýagdaý edara-kärhanalaryň işine
ýaramaz täsir edýär. Şonuň bilen birlikde, bu ýagdaýlaryň ählisiniň býujete
gelip gowuşýan serişdeleriň azalmagyna getirýändigi bellenildi. Bu maliýe we
bank ulgamlarynyň talabalaýyk we kadaly işlemeginiň üpjün edilip bilinmeýändigi
sebäpli bolup geçýär diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni
dowam etdi hem-de bu ulgamlaryň işi seljerilende, şeýle soraglara aýratyn üns
berilmeginiň zerurdygy barada aýtdy.
Gahryman
Arkadagymyz 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň çykdajy bölegi barada aýdyp,
ilkinji nobatda, onuň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň,
talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini artdyrmak üçin göz öňünde
tutulandygyny belledi. Biz döwlet derejesinde adamlaryň durmuş taýdan
goraglylygyny we olaryň zähmetine hak tölemegi üpjün etmek bilen bagly
soraglara hemişe üns berýäris diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy
nygtady hem-de eýýäm birnäçe ýyl bäri ýurdumyzda zähmet haklarynyň,
pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň
möçberleriniň her ýyl 10 göterim artdyrylýandygyny belledi.
Bu
iş mundan beýläk hem dowam etdiriler diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow aýtdy hem-de munuň adamlar barada edilýän aladanyň örän möhüm
ugrudygyny belledi. Şoňa görä-de, ähli derejedäki ýolbaşçylaryň bu ugra aýratyn
üns bermelidikleri nygtaldy. Emma, ozal hem aýdyşym ýaly, biziň maliýe-bank
ulgamymyzyň ýolbaşçylary heniz ýaramaz işleýärler diýip, Gahryman Arkadagymyz
sözüni dowam etdi.
Şunuň
bilen baglylykda: “Zähmet haklaryny we beýleki kömek pullaryny 10 göterim
ýokarlandyrmak ýeterlikmi, bu halkymyzyň talabalaýyk ýaşamagy üçin ýetýärmi?”
diýen sowallar ýüze çykýar.
Milli
Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy adamlar hakynda alada etmek üçin bizde ähli
mümkinçilikleriň bardygyny, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň netijesinde munuň
üçin serişdeleriň hem ýeterlikdigini belledi.
Şoňa
görä-de, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin
Döwlet býujetinde zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp
we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak baradaky soraga ýene-de bir
gezek seretmeli diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
«Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasynda» 2023-nji ýylda ortaça aýlyk zähmet hakyny 2506,3
manada çenli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulandyr. Biz, ilkinji nobatda, hut şundan
ugur almalydyrys diýlip nygtaldy.
Ýurdumyzda
düýpli maýa goýumlarynyň möçberleri her ýyl artdyrylýar. Ýokarda agzalan
Maksatnama laýyklykda, 2023-nji ýylda 1 milliard 354,59 million manat möçberde
düýpli maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutuldy. Elbetde, bu serişdeler
2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende has artykdyr. Şunuň bilen bir hatarda, ilatyň
ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberleri hem
artdyrylýar. Düýpli maýa goýumlaryň kesgitli möçberi önümçilik we durmuş-medeni
maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygyna gönükdirilmelidir.
Döwlet
ösüp gelýän ýaş nesliň aň-düşünjeli, bilimli bolmagy ugrunda hem ýeterlik
derejede alada edýär. Bellenilişi ýaly, ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň teklibi boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalary
— Halk Maslahaty we Mejlis «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda»
Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini kabul etdi. Bu Kanunda ýaşlarymyz
baradaky alada beýan edilendir.
Ýaşlar
biziň geljegimizdir! Geljekde eziz Watanymyzyň ösüşi, gazanjak üstünlikleri we
bütin dünýäde halkara abraýy ýaşlara baglydyr diýip, Milli Geňeşiň Halk
Maslahatynyň Başlygy aýtdy we şoňa görä-de, ýaşlarymyzyň bilim-terbiýe almagy
bilen bagly soragyň hiç wagt ünsden düşürilmeli däldigine ünsi çekdi. Bu ugurda
ikinji derejeli hiç zat ýokdur. Ähli zat örän möhümdir diýip, Gahryman
Arkadagymyz aýtdy hem-de ýaşlarymyza kanuny esaslarda berilýän ýeňillikleriň
hökman durmuşa geçirilmelidigini nygtady. Ýöne bu ýeňillikler hem
maliýeleşdirmek we serişdeler bilen üpjünçilik ýaly soraglara baglydyr. Şoňa
görä-de, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde bu ýagdaýy göz öňünde tutmagyň,
şeýle hem ýaşlara ýörite maksatlar üçin bölünip berilýän serişdeleri
artdyrmagyň zerurdygy barada aýdyldy. Şonuň bilen birlikde, aýdylanlar nazara
alnyp, býujetiň degişli maddalaryny gaýtadan hasaplamak tabşyryldy.
Raýatlarymyzyň
bilimli bolmagy, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamyny we milli medeniýetimizi
ösdürmek üçin, biz mekdebe çenli terbiýeçilik edaralarynyň, mekdepleriň,
hassahanalaryň, sagaldyş merkezleriniň, sport desgalarynyň, kitaphanalaryň,
medeniýet öýleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny dowam etmeli.
«Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, 2023-nji ýylda 5 hassahana, 11 sany
mekdebe çenli çagalar edarasy, 8 sany umumybilim berýän edara, 1 sany ýokary
okuw mekdebi we 1 teatr gurlar. Ýöne, gynansak-da, bu işler biziň üçin az
diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de:
«Şol işleri amala aşyrmak üçin ýeterlik serişde bölünip berildimi?!» diýen
sowal bilen bu ýere ýygnananlara ýüzlendi. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly,
eger býujetiň girdeji bölegi ýerine ýetirilmese, bu desgalaryň gurluşygy bilen
bagly soraglaryň ýüze çykjakdygy düşnükli dälmi?!
Biz
kabul eden maksatnamalarymyzy ýerine ýetirmegi hökman üpjün etmelidiris. Bu
döwlet derejesinde möhüm soragdyr. Eger onuň berjaý edilmegi haýsy-da bolsa bir
ýolbaşçynyň geleňsizligine ýa-da ukyp-başarnyksyzlygyna bagly bolsa, biz bu
talaby ýerine ýetirmedik ýolbaşçyny wezipesinden boşatmaly bolarys diýip, Milli
Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Ylym
ulgamyny ösdürmäge hem köp möçberde býujet serişdeleri gönükdirilýär. Ýöne
Ylymlar akademiýasynyň işi seljerilende, entek garaşylýan netijeler görünmeýär
diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de özüniň ylmy barlaglara, ylma goýlan
serişdeleriň tiz wagtda netije bermeýändigine örän oňat düşünýändigini belledi.
Munuň üçin ýyllar gerek. Elbetde, nazary-ylmy işler hem zerur bolup durýar.
Ýöne bu ýerde esasy sorag senagat maksatly ylmyň we tehnikanyň iň täze
gazananlaryny ornaşdyrmak bilen bagly anyk ykdysady netijeleri bolan açyşlaryň
ýoklugyndadyr.
—
Bu näme üçin beýle bolýar? Türkmen alymlarynyň we ýaşlarynyň düşünjeleriniň
ýeten derejesi haýsy ýurduňkydan pes? — diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň
Başlygy sözüni dowam etdi we bizde ýokary bilimli, ukyply ýaşlaryň bardygyny
hem-de köpdügini nygtady.
Bellenilişi
ýaly, esasy maksat olary goldamak we degişli ugra gönükdirmek bolup durýar.
Ylymlar akademiýasynyň esasy wezipesi hut şu bolmalydyr.
Dünýädäki
ýagdaýlar bilen baglylykda, ýurdumyzyň maliýe ulgamynyň we banklarynyň
önümçilik kärhanalaryna goldaw bermegi baradaky sorag ilkinji nobatdaky möhüm
wezipe bolup durýar. Tölegleri geçirmekdäki kynçylyklar, milli pulumyzy erkin
ýörgünli daşary ýurt puluna öwürmekde emeli usulda kynçylyklaryň döredilmegi,
zerur çig malyň möhletinde üpjün edilmändigi üçin önümçilik kuwwatlyklarynyň
doly güýjünde işledilmezligi bilen ylalaşyp bolmaz.
Biz
şeýle önümçilik kärhanalarynyň bardygyny bilýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de ýurduň önümçilik kärhanalary
kadaly işlände, dürli önümleriň has köp öndüriljekdiginiň, tölenýän salgytlaryň
möçberiniň artjakdygynyň, şonuň netijesinde bolsa býujete gelip gowuşýan
serişdeleriň hem köpeljekdiginiň düşnüklidigini belledi. Bu babatda maliýe-bank
ulgamyna şu soraglary seljermegiň we çalt netijeleri berýän çözgüdi tapmagyň
zerurdygy barada aýdyldy.
Soňra
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy oba hojalygyny, aýratyn hem,
ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, işiň bu görnüşleriniň Döwlet
býujetindäki orny bilen bagly soraglar barada durup geçdi. Nygtalyşy ýaly,
Garaşsyzlyk ýyllary içinde biziň zähmetsöýer daýhanlarymyz pagtanyň, bugdaýyň,
şalynyň, beýleki azyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmegiň baý tejribesini
topladylar. Biziň maldarlarymyz dowarlaryň, gara mallaryň we düýeleriň baş
sanyny yzygiderli artdyrýarlar. Guşçulyk hem ýokary depginde ösdürilýär.
Gahryman
Arkadagymyz geçen mejlisde bu işleriň 2022-nji ýylda pes derejä düşendigi we bu
ugurda bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegiň zerurdygy barada
jikme-jik aýdandygyny belledi. Oba hojalyk işleriniň häzirki ýagdaýynyň
2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetine täsir etjekdigini aýdyp bolar.
Gürrüň
oba hojalyk önümleri barada gidende, mähriban halkymyzyň azyk önümleri we
egin-eşikler bilen üpjünçiligi ilkinji nobatda göz öňüne gelýär diýip, hormatly
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Galla biziň abadançylygymyz, pagta
bolsa baýlygymyzdyr! Bu önümleri has köp öndürmek üçin gerekli möçberde tohum,
dökün we tehnika satyn almak zerur bolup durýar. Bellenilişi ýaly, bol hasyl
ýetişdirmek üçin daýhandan başlap, ýolbaşça çenli ählimiz tagallalarymyzy birleşdirmelidiris.
Önüm öndürijileri höweslendirmegiň netijeli usullary ornaşdyrylmalydyr.
Şoňa
görä-de, ýer hakyky eýesine berilmelidir. Suwy netijeli we tygşytly ulanmak
üçin ähli tagallalar edilmelidir. Oba hojalyk tehnikalaryna we enjamlaryna
bolsa eýeçilik gözi bilen garalmalydyr diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň
Başlygy belledi hem-de eger şeýle zerur çäreler görülmese, tohum, dökün we
tehnika näçe köp satyn alynsa-da, munuň garaşylýan netijeleri bermejekdigini
aýtdy. Biz Döwlet býujeti taýýarlananda şu soraglary göz öňünde tutmalydyrys
diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
—
Meniň öň hem aýdyşym ýaly, geçen ýyllarda bolşy ýaly, biz Döwlet býujetini halk
hojalygynyň durnukly ösüş depginini saklamaga, ýurdumyzy senagat taýdan ösen
döwlete öwürmäge, iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga, innowasion
tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny ähli pudaklara
giňden ornaşdyrmaga gönükdirýäris — diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň
Başlygy sözüni dowam etdi.
2023-nji
ýylda uly netijeleri gazanmak üçin maýa goýumlaryny, esasan,
diwersifikasiýanyň, innowasion esasda önümçilikleri döretmegiň hasabyna
ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirmek maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin.
Türkmenistan
— tebigy serişdelere örän baý ýurt. Biz köp sanly zawod-fabrikleri, beýleki
senagat desgalaryny, köprüleri, howa menzillerini, demir we awtomobil ýollaryny
gurduk. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň barha ösýän ulag kuwwatyny, himiýa
senagatynyň mümkinçiliklerini giňden ulanýarys. Himiýa senagaty ýurdumyzyň çalt
depginler bilen ösýän pudaklarynyň biridir.
Biz
bu mümkinçiliklerimizi mähriban halkymyzyň bähbitlerine gönükdirýäris. Bu işler
hem Döwlet býujetinde hökmany beýan edilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn belledi.
Çykyşyň
dowamynda telekeçiligi we hususy pudagy ösdürmegiň milli ykdysadyýetimiziň
ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Bu ugurda hem uly netijeler
gazanyldy diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy kanagatlanma bilen
nygtady hem-de häzir olary bir-birden sanap durmajakdygyny belledi.
Ýöne,
bellenilişi ýaly, Döwlet býujetinde telekeçileri goldamak, ýurdumyzda
öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak üçin serişdeler ýeterlik mukdarda göz
öňünde tutulmandyr.
Içerki
bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek, döwlet desgalaryny we kärhanalaryny
hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň
düzüminde hususy pudagyň paýyny artdyrmak boýunça bellenen serişdeler ýeterlik
däl diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Şonuň bilen birlikde, täze
önümçilikleri we iş orunlaryny döretmegi dowam etmegiň zerurdygyna üns çekildi.
Ahyrky
netijede bolsa, bu işleriň ählisi býujetde jemlenýän girdejileriň möçberleriniň
artdyrylmagyna getirmelidir diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Çykdajylary artdyrmagyň beýleki ugry bolsa
daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän
kärhanalaryň sanyny köpeltmek we eksporta niýetlenen harytlaryň möçberini
artdyrmak boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge, azyk
üpjünçiligini gowulandyrmaga, elektron senagatyny döretmäge gönükdirilmelidir
diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de bu işler üçin maliýe serişdeleriniň
ýeterlik möçberde göz öňünde tutulmagyny örän möhüm hasaplaýandygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň ägirt uly
mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak üçin ykdysadyýeti toplumlaýyn ösdürmek
we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň
örän möhüm ugurlary bolmagynda galýar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy,
eger ýokarda sanalyp geçilen talaplar berjaý edilse, bu ugurlaryň öz
netijelerini berjekdigine ynam bildirdi.
Mähriban halkymyzy ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün
etmek esasy wezipeleriň biridir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda,
2023-nji ýylda 2687 sany täze iş ornuny döretmek, döwlet serişdeleriniň
hasabyna 14,44 müň inedördül metr we hususy pudagyň hasabyna 436,38 müň
inedördül metr ýaşaýyş jaýyny gurmak göz öňünde tutulýar. Şonuň netijesinde her
bir adama ýaşaýyş meýdanyny 23,4 inedördül metre çenli artdyrmak
meýilleşdirilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Şoňa görä-de, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we
halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly
soraglary çözmek boýunça çäreler Döwlet býujetinde ýeterlik göz öňünde
tutulmandyr. Geçen ýyllardaky ýaly, Döwlet býujetinden durmuş ulgamyna
gönükdirilýän serişdeleriň möçberi onuň 70 göteriminden ýokary geçmelidir
diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Şu aýdylanlar 2023-nji ýyl üçin Döwlet
býujetiniň taslamasyna bildirilýän esasy talaplardyr. Şoňa görä-de, Gahryman
Arkadagymyz ähli ugurlar boýunça edilen bellikleri göz öňünde tutup, ýene-de bir
gezek anyk we takyk hasaplamalary geçirip, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti
hakyndaky Kanunyň taslamasyny üstünde işlemek üçin Milli Geňeşiň Mejlisine
gaýtarmagy, şondan soňra ony Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna gaýtadan seretmäge
bermegi teklip etdi.
Biziň alyp barýan ähli işlerimiz eziz
Watanymyzy ösdürmäge, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün
etmäge gönükdirilendir. Bellenen maksatlary durmuşa geçirmek üçin biziň her
birimiz öz ýerimizde ak ýürekli, yhlasly, netijeli we döredijilikli
işlemelidiris diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de
hemmeleriň bu işlere öz mynasyp goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz öňde goýlan wezipeleri
üstünlikli ýerine ýetirmek üçin agzybirlik bilen ýadawsyz zähmet çekmegiň dowam
etdiriljekdigine, şeýle hem döwletimiziň we Prezidentimiziň ynamyny hemişe
ödemäge hem-de döwrüň talaplaryna görä kanunlary kämilleşdirmäge we
döwrebaplaşdyrmaga goşant goşjakdyklaryna hemmeleriň adyndan hormatly
Prezidentimizi — Arkadagly Serdarymyzy ynandyrdy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy
Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edip: “Goý, onuň alyp
barýan beýik we taryhy işleri hemişe üstünliklere beslensin!” diýen sözler
bilen çykyşyny tamamlady.
Şunuň bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
şu günki mejlisini geçirip gutarýarys diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy hem-de
ony ýapyk diýip yglan etdi.
Mejlisiň
ahyrynda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.