Gadyrly Medeniýet
hepdeligine gatnaşyjylar!
Hormatly watandaşlar!
Sizi
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet
hepdeliginiň dabaraly açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan
saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri arzuw
edýärin.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynamly öňe barýan Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistan ähli ugurlarda uly sepgitleri eýeleýär, eziz
Watanymyzyň halkara abraýy hem barha ýokarlanýar.
Häzirki
döwürde döwletli Diýarymyzyň ähli ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmek, ýurdumyzda
senagat-önümçilik toplumlaryny, medeni-durmuş maksatly binalary gurmak, täze iş
orunlaryny döretmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak, agzybir
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak ugrunda giň gerimli
maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy
başlanan bu döwletli işler halkyň bagtyýar durmuşyna, ýurduň gülläp ösmegine
gönükdirilendir. Bu tutumly işler «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe
halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyzdan gelip çykýan belent maksatlarymyzyň
barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Mary
welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň öňüsyrasynda welaýatyň çäginde
medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň dabaraly açylyp ulanmaga
berilmegi hem halkymyzyň toýlarynyň toýlara ulaşýandygyny alamatlandyrýar. Bu
açylyş dabaralary iri medeni çäräniň şatlyk-şowhunyny has-da artdyryp,
watandaşlarymyzy beýik işlere ruhlandyrýar.
Gadyrly medeniýet we sungat
işgärleri!
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik işgärlerimiziň çekýän
asylly zähmetine biz uly hormat goýýarys. Olaryň kämil, döwrebap eserleri
döretmekleri, mynasyp durmuşda ýaşamaklary we döredijilikli işlemekleri üçin
ähli şertleri döredýäris.
Şu
ýyl onunjy gezek geçirilýän Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny
täze ösüşlere besleýän, eziz Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny has-da artdyrýan
özboluşly sungat baýramydyr.
Gahryman
Arkadagymyzyň halkymyza serpaý beren bu sungat baýramy medeniýet we sungat,
döredijilik işgärlerini ylham dünýäsine ganatlandyrýar, täze, kämil eserleri
döretmäge ruhlandyrýar. Medeniýet hepdeliginiň dowamynda guraljak
medeni-köpçülikleýin çäreleriň her biri ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň alyp
barýan işlerini kämilleşdirmekde, sungat ussatlarynyň özara tejribe
alyşmaklarynda, ilatyň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda, bu
ulgamdaky ösüşlerimizi giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
ÝUNESKO-nyň
sanawyna girizilen gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, muzeýleriň iş tejribesini
öwrenmek, özleşdirmek, öý muzeýleriniň işini kämilleşdirmek, milli
taryhy-medeni mirasymyzy aýap saklamak, oba medeniýet öýleriniň işini
döwrebaplaşdyrmak, tans we folklor sungatynyň gadymy nusgalaryny dikeltmek,
teatr sungatynyň täze eserlerini döretmek boýunça geçiriljek maslahatlar,
sergiler, täze filmleriň görkezilişleri, döredijilik toparlarynyň konsertleri
Medeniýet hepdeligini ýatdan çykmajak wakalara beslär.
Ýurdumyzyň
şahyrlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek şygryýet agşamlary, çeper goşgy okaýyşlar
bolsa türkmen edebiýatyny döwrebap eserler bilen has-da baýlaşdyrar.
Türkmen
halkynyň şöhratly taryhynda aýratyn orny eýeleýän gadymy Mary topragynda
taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň, milli gymmatlyklarymyzyň, tebigy
täsinliklerimiziň ençemesi ýerleşýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň
sanawyna girizilen «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki,
şeýle hem Goňurdepe, Daňdanakan we beýleki birnäçe taryhy ýadygärlikler medeni
gymmatlyklarymyzyň, milli mirasymyzyň genji-hazynalarydyr.
Barbat
Merwezi, Abdylla ibn Mübärek Merwezi, Şemseddin Merwezi ýaly alymlaryň we
akyldarlaryň, şeýle hem Mahesti, Muezzi, Mollanepes ýaly şahyrlaryň, sazyň piri
Baba Gammaryň ýaşap geçen Mary topragy gadymy döwürlerden bäri ylmyň,
edebiýatyň, sungatyň ösen ýeri hökmünde giňden meşhurdyr. Olaryň baý edebi
mirasy ýaş nesilleriň kalbynda ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten gadymy
gymmatlyklarymyza söýgi döretmekde, buýsançly taryhymyzy giňden wagyz etmekde
aýratyn ähmiýetlidir.
Hormatly medeniýet we
sungat işgärleri!
Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!
Sizi
Mary welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy bilen ýene-de bir
gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu sungat baýramyna gatnaşyjylara berk jan
saglyk, uzak ömür we döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.