Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna toý saparyny
amala aşyryp, sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň
durmuşa geçirilişi, galla oragynyň depginleri, senagat-önümçilik toplumyndaky
işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gündogar sebitinde
senagat we oba hojalygy pudaklarynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.
Bu bolsa welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Şunda
oba zähmetkeşleriniň netijeli işini ýola goýmak ugrunda döwlet tarapyndan zerur
tagallalar edilýär.
Döwlet
Baştutanymyzyň ir bilen Mary şäheriniň Halkara howa menzilinden ugran uçary
Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Arkadagly
Serdarymyz mähirli garşylanyldy. Hormatly Prezidentimizi garşylamak dabarasy
ruhubelentlige beslenen aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Welaýatyň körpe
nesilleri joşgunly goşgulary, aýdymlary bilen täze taryhy eýýamda hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işleri wasp etdiler.
Döwlet
Baştutanymyz sungat ussatlaryna öz minnetdarlygyny bildirdi we bu ýerde çykyş
eden çagalaryň haýyşlary boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi. Şeýle hem
çagalara sowgatlar gowşuryldy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň binasyna
girdi. Bu ýerde Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew Arkadagly Serdarymyza
sebitiň Darganata etrabynyň edermen daýhanlarynyň galla taýýarlamak boýunça
şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi.
Döwlet
Baştutanymyz şatlykly habary kanagatlanma bilen diňläp, etrabyň zähmetsöýer
gallaçylaryny ajaýyp zähmet ýeňşi bilen gutlady.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow awtoulagda welaýatyň Çärjew
etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanyna tarap ugrady. Bu
ýerde Arkadagly Serdarymyzy gallaçy kärendeçi Azat Joraýew garşylady.
Hormatly
Prezidentimiz daýhanyň iş şertleri, maşgala ýagdaýy we kärende ýerinde ösdürip
ýetişdirýän ekinleriniň görnüşi hem-de galla meýdanlarynyň hasyllylyk derejesi,
tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyk işleriniň geçirilişi bilen gyzyklandy.
Zähmetsöýer
daýhan topraga yhlas edip öndürijilikli zähmet çekmek, ýerden bol hasyl almak
ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur goldawlaryň berilýändigi üçin Arkadagly
Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol 16 ýyl bäri
kärendeçilik usulynda işleýändigini, 10 gektar meýdana bugdaýyň “Hasylly”
görnüşini ekendigini we onuň her gektaryndan 50 sentner hasyla garaşýandygyny
aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz häzirki döwürde oba hojalyk önümlerini öndürijileriň —
daýhanlaryň netijeli zähmeti, kärendeçileriň zerur dökün, ýokary hilli tohum
bilen üpjün edilmegi ugrunda hemme şertleriň döredilýändigini belledi. Döwlet
tarapyndan daýhanlara hemmetaraplaýyn goldawlaryň berilmegi alnyp barylýan
syýasatyň hemişe ileri tutulýan ugry bolar. Munuň özi milli daýhançylyk
däplerini ösdürmekde, ýaş nesilleri halal zähmete söýgi ruhunda terbiýelemekde aýratyn
ähmiýete eýedir.
Kärendeçi
oba zähmetkeşleriniň netijeli işiniň üpjün edilmegi ugrunda döwlet tarapyndan
döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, öňde goýlan wezipeleriň mundan
beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin yhlasyny gaýgyrman işlejekdigine
ynandyrdy. Gallaçy daýhan kärende ýerinde ekin dolanyşygyna möhüm ähmiýet
berýändigini aýdyp, şu ýyl bugdaýdan boşan ýerlere mäş ekmegi
meýilleşdirýändigini habar berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine
mynasyp goşant goşýan daýhanlaryň iş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy,
pudaga täzeçil tehnologiýalaryň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň
ornaşdyrylmagy, daýhan zähmetiniň höweslendirilmegi bilen baglanyşykly
meseleleriň elmydama gözegçilikde saklanjakdygyny aýtdy.
Kärendeçi
A.Joraýew ekerançylyk meýdanlaryndan netijeli peýdalanmak, oba hojalyk
önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, öndürijilikli zähmet çekmek ugrunda
döredilýän şertleriň daýhanlary täze zähmet ýeňişlerine, üstünliklere
ruhlandyrýandygyny guwanç bilen belledi. Daýhan Arkadagly Serdarymyzdan kärende
ýerinde ösdürip ýetişdiren bugdaýyny ormaga ak pata bermegi haýyş etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Bismilla” diýip, daýhan yhlasy bilen
birkemsiz hasyl toplan bugdaýyň bir dessesini ordy.
Şu
pursatda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda netijeli işledilýän kuwwatly
“CLAAS” hem-de “John Deere” kysymly tehnikalary ussatlyk bilen dolandyrýan
mehanizatorlar bereketli hasylyň oragyna girişdiler. Dünýäniň öňdebaryjy önüm
öndürijileriniň bu kuwwatly tehnikalary bugdaýy ýitgisiz hem-de arassa
ýygnamakda amatly hasaplanylýar. Şolaryň netijeli işledilmegi daýhanlaryň
durmuşynda möhüm tapgyr bolan galla oragy möwsüminiň guramaçylykly we gysga
wagtda geçirilmegini üpjün edýär.
Arkadagly
Serdarymyz galla oragyna girişen kombaýnlaryň sazlaşykly hereketini synlady.
Döwlet
Baştutanymyz kärendeçi daýhana çekýän yhlasly we öndürijilikli zähmetine
minnetdarlygyň nyşany hökmünde sowgatlaryny gowşurdy. Şeýle hem hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kärendeçi daýhanyň haýyşy boýunça onuň
bilen ýadygärlik surata düşdi.
Bu
ýerde türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän gök, bakja we miwe
önümleriniň, dänelik ekinleriň tohumlarynyň, çörek we çörek önümleriniň sergisi
guraldy. Olar döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde
toprakdan bereketli hasyl önýändiginiň aýdyň beýany bolup durýar. Bu ýerde
gelin-gyzlar milli tagamlary taýýarlaýarlar. Türkmen ilinde mukaddeslik
derejesine göterilen tamdyrlarda şu ýylky hasylyň täze unundan çörek bişirilýär.
Hormatly
Prezidentimize täze bişirilen çörek hödür edilýär. Arkadagly Serdarymyzyň
adyndan milli tagamlary taýýarlan gelin-gyzlara sowgatlaryň gowşurylmagy
dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz gallaçy kärendeçiniň hasylynyň bereketli bolmagyny, onuň ajaýyp
zähmet üstünliklerini gazanmagyny arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Lebap welaýatynyň Farap
etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasynyň
geçiriljek ýerine tarap ugrady.
Biraz
wagtdan döwlet Baştutanymyzyň dikuçary bekediň golaýynda ýörite taýýarlanan
meýdançada gondy. Welaýatyň sungat ussatlarynyň çykyşlary baýramçylyk
dabarasynyň öwüşginini artdyrýar.
Döwlet
Baştutanymyz giň zalda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdy. Onda ýurdumyzyň
ýangyç-energetika toplumynyň gazanan üstünlikleri, meýilnamalary hem-de
geljekki ösüşleri we onuň käbir düzümleriniň işi beýan edilýär. Bu ýerde
ulanmaga berilýän desgalarda oturdylan döwrebap enjamlar we önümçilige
ornaşdyrylýan iň täze innowasion tehnologiýalar görkezildi.
Hytaýyň
milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) Türkmenistandaky şahamçasynyň Baş
direktory Çen Huaýlun hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa
fotosuratlary we çyzgylary görkezdi, şolarda nebitgaz pudagynda üstünlikli
ösdürilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy barada gürrüň berilýär. Hytaýly işewür
döwlet Baştutanymyza Farap etrabynyň çäginde gurlup ulanmaga berilýän gaz
ýygnaýjy bekediň ugurdaş düzümleri, onuň gaz geçiriji ulgamy we bu toplumyň
ortaça ýyllyk kuwwatlylygy barada maglumat berdi.
Häzirki
döwürde Hytaý Halk Respublikasy ýangyç-energetika pudagynda Türkmenistanyň
işjeň hyzmatdaşlarynyň biridir. Soňky ýyllarda hytaýly hünärmenler Amyderýanyň
sag kenarynda, “Galkynyş” gaz käninde we “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde
giň möçberli işleri amala aşyrdylar.
Hytaýly
işewür Lebap welaýatyndaky gaz käninde täze gaz ýygnaýjy bekediň tehniki taýdan
enjamlaşdyrylyşy barada aýdyp, sanly ulgam ornaşdyrylan desganyň
enjamlaşdyrylyşynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýändigini habar
berdi.
Iň
täze tehniki işläp taýýarlamalaryň ulanylmagy ata Watanymyzyň ýangyç-energetika
toplumynyň ähli ugurlarynyň işini hem-de “mawy ýangyjyň” känleriniň senagat
taýdan özleşdirilişini işjeňleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz
öňdebaryjy tehnologiýalar babatda halkara hyzmatdaşlygy hem-de milli derejede
durmuşa geçirilýän anyk çäreleri güýçlendirýär. Bu bolsa Watanymyzyň dünýäniň
energetika döwleti hökmünde eýeleýän ornunyň berkidilmegine we daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam edýär.
Döwlet
Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň
ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine hytaýly hünärmenleriň işjeň
gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen nygtady hem-de Hytaýyň iri korporasiýasynyň
wekiline işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz maslahatlar zalyna barýar, şol ýerde täze gaz ýygnaýjy
bekediň açylyşy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, «Halkyň
Arkadagly zamanasy» ýylynda Lebap welaýatyndaky «Gadyn» käninde täze gaz
ýygnaýjy bekediň işe girizilmegi bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady.
Biziň
alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatymyz Bitarap döwletimiziň halkara
gatnaşyklaryň möhüm binýady bolup durýar. Şundan ugur alýan Türkmenistan
dünýäde ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hökmünde özüni tanadýar. Bu
ýagdaý döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga şert döredýär. Halkymyzyň
hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berip, köp sanly dünýä
meselelerini çözmäge hem ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow nygtady.
Uglewodorod
serişdelerimizi daşarky bazarlara ibermek tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde
dördünji orny eýeleýän ýurdumyzyň strategik maksady bolup durýar. Bu ugurda
amala aşyrylýan taslamalar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de beýleki döwletleriň
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga, sebitara gatnaşyklary ösdürmäge
ýardam edýär.
Döwlet
Baştutanymyz dostlukly Hytaý Halk Respublikasy bilen bilelikde amala aşyrylýan
taslamalaryň örän möhüm ähmiýete eýedigi barada aýdyp, Hytaýyň
Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden biziň bilen diplomatik gatnaşyklary ýola
goýandygyny hem-de şu ýyl bu şanly waka 30 ýyl dolýandygyny ýatlatdy. Şu
döwürde hytaýly hyzmatdaşlar bilen nebitgaz pudagynda ägirt uly işler durmuşa
geçirildi. Bu bolsa iki döwletiň hem ykdysady kuwwatynyň artmagyna oňaýly
täsirini ýetirdi. Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi
munuň aýdyň mysalydyr. Her biriniň uzynlygy 1830 kilometr bolan üç şahaly gaz
geçiriji ýylda 55 milliard kub metr «mawy ýangyjy» geçirmäge mümkinçilik
berýär. Onuň 2009-njy ýylyň ahyrynda işe girizileninden bäri, Türkmenistandan
Hytaýa 334 milliard kub metrden hem köp tebigy gaz iberildi. Geljekde bu zerur
ýangyjyň iberilýän möçberini ýylda 65 milliard kub metre ýetirmek üçin onuň
4-nji şahasyny gurmak göz öňünde tutulýar.
Indi
13 ýyl bäri türkmen «mawy ýangyjy» dostlukly hytaý halkynyň ojaklaryny ýyladyp,
senagat kärhanalaryny herekete getirýär. Iri energetika taslamasy iki ýurduň
halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp, özara bähbitli
hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow buýsanç bilen nygtady.
Döwlet
Baştutanymyz şu günki ajaýyp waka baradaky gürrüňe geçip, Lebap welaýatynyň
ýurdumyzyň senagat taýdan depginli ösýän sebitleriniň biridigini belledi.
Welaýatda gurulýan döwrebap kärhanalaryň, önümçilik-medeni maksatly desgalaryň
sany barha artýar. «Gadyn» käninde täze gurlan gaz ýygnaýjy beket hem şeýle
desgalaryň biridir. «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginiň “Kiştiwan”, “Günbatar
Kiştiwan”, “Gadyn”, “Eljik”, “Gündogar Eljik” känlerinden tebigy gazyň gije-gündizde
5,5 million kub metrini ýygnap, Hytaý döwletine ibermekde bu bekede uly orun
degişlidir.
Döwrebap
desganyň işe girizilmegi täze iş orunlarynyň 200-sini döretmäge mümkinçilik
berýär. Munuň özi halkymyzy iş bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan döwlet
syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem aýdyň mysalydyr diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet
Baştutanymyz Lebap welaýatynyň Farap etrabynda nebitgaz pudagynyň täze
desgasynyň işe girizilmegi bilen bu ýere ýygnananlary ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, täze
bekediň işgärlerine bolsa alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisi Sýan Naýçene söz berildi.
Diplomat
“Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediň açylyş dabarasyna gatnaşýandygy üçin hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip,
“CNPC-niň” Türkmenistanda işläp başlanyna şu ýyl 15 ýyl dolýandygyny kanagatlanma
bilen belledi.
Geçen
ýyllaryň dowamynda gaz pudagynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň berk binýady
kemala getirildi. Şol gatnaşyklar netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň ajaýyp
nusgasydyr. Bu pudakda gazanylan üstünlikler ýola goýlan strategik hyzmatdaşlyga
uly depgin berdi.
Bu
gün iki döwletiň Baştutanlarynyň arasynda soňky döwürde gazanylan möhüm
ylalaşyklary hem-de şertnamalary bilelikde durmuşa geçirmek üçin maksatlaýyn
çäreler görülýär.
Ýangyç-energetika
pudagynda hyzmatdaşlygyň tapawutly aýratynlygy taraplaryň däp bolan
hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge bolan özara erkine we hemmetaraplaýyn
taýýarlygyna daýanýanlygydyr diýip, dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili
belledi hem-de hut şu sebäpli bu hyzmatdaşlyga halkara we sebitdäki ýagdaýlaryň
üýtgemeginiň, beýleki ýagdaýlaryň täsirini ýetirmeýändigini nygtady.
Türkmenistan
dünýäniň iň iri energetika döwletleriniň biridir. Hytaý bolsa türkmen “mawy
ýangyjyna” islegi ýokary döwletdir diýip, diplomat sözüni dowam etdi hem-de
döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny
belledi.
Şu
ýyl hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwrüne gadam basdy. Şeýle hem şu ýyl täze döwlet maksatnamasyny durmuşa
geçirmäge girişen Hytaý üçin ähmiýetlidir diýip, Sýan Naýçen nygtady. Şunuň
bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin geljegini ara
alyp maslahatlaşmak üçin zerur işleri geçirmäge hytaý tarapynyň taýýardygy
beýan edildi.
Sözüniň
ahyrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk
arzuw edip, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze, has
ýokary derejä çykjakdygyna ynam bildirdi.
Soňra
dabara gatnaşyjylaryň öňünde Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň
prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýun çykyş etdi.
Iri
hytaý korporasiýasynyň ýolbaşçysy bu günki wakanyň — Türkmenistanyň döwlet
Baştutanynyň gatnaşmagynda açylyş dabarasy geçirilýän “Bagtyýarlyk”
şertnamalaýyn çäginde täze desganyň ulanmaga berilmeginiň möhümdigini belläp,
munuň her bir hytaý we türkmen hünärmenleriniň her biri üçin ýatdan çykmajak
wakadygyny nygtady.
Myhman
Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa energetika pudagynda döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine
hem-de Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň düzüminde kompaniýanyň alyp
barýan işlerine berýän ägirt uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
2007-nji
ýylyň iýul aýynda iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda “Bagtyýarlyk”
şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakynda şertnama, “Türkmengaz”
döwlet konserniniň hem-de “CNPC” korporasiýasynyň arasynda tebigy gazy satyn
almak we satmak boýunça şertnama gol çekilendigi bellenildi. Şeýlelikde,
ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli, uzak möhletleýin türkmen-hytaý
hyzmatdaşlygynyň binýady goýuldy.
Iki
ýurduň Liderleriniň uly aladasy hem-de ýokary ünsi netijesinde “CNPC”
korporasiýasy we “Türkmengaz” döwlet konserni şertnamalaýyn çäkde netijeli
gatnaşyk edýärler. Bu ulgamda gazanylan üstünlikler dünýäniň ünsüni özüne
çekdi, halkara jemgyýetçiligiň uly hormatyna eýe boldy. Geljekde “Bagtyýarlyk”
şertnamalaýyn çäkde gazyň alnyşynyň mukdaryny artdyryp, energetika pudagynda
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak maksat edinilýär.
Türkmenistan
tebigy gaz gorlaryna örän baýdyr. Hytaýyň bazarynyň bolsa geljegi uludyr.
Şeýlelikde, ikitaraplaýyn özara bähbitli gaz hyzmatdaşlygyny biri-biriniň
üstüni ýetirýän hyzmatdaşlyk diýip häsiýetlendirip bolar diýip, Hou Siszýun
aýtdy.
Türkmenistan
Hytaýy gaz bilen üpjün edýän ygtybarly, iri döwletdir. Hytaý bolsa
Türkmenistanyň tebigy gazyň söwdasy boýunça örän uly hyzmatdaşydyr diýip,
hytaýly myhman ýene-de bir gezek nygtady.
Şu
ýylyň başynda bilelikdäki işleriň täze ugurlaryny kesgitlän täze ylalaşyklaryň
gazanylandygy bellenildi.
Şunuň
bilen baglylykda, “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyrynyň özleşdirilmegi
bilen, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygyny
çaltlandyrmak üçin çäreler durmuşa geçirilýär.
Biz
mundan beýläk-de gaz pudagynda durnukly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek
hem-de ähli beýleki pudaklarda özara hereketler üçin zerur tagallalary ederis
diýip, “CNPC-niň” ýolbaşçysy ynandyrdy.
Hytaýyň
milli nebitgaz korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy çykyşynyň
ahyrynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde täze desganyň açylyş dabarasyna
gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan
saglyk, döwlet bähbitli işlerinde üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa
abadançylyk arzuw etdi.
Maslahatyň
dowamynda wideofilm görkezilip, onda ýangyç-energetika toplumynda
Türkmenistanyň we HHR-iň netijeli gatnaşyklary, “Gadyn” täze gaz ýygnaýjy
bekediniň ähmiýeti beýan edildi.
Soňra
alypbaryjy täze gaz ýygnaýjy bekedi ulanylyşa girizmegi haýyş edip, döwlet
Baştutanymyza ýüzlenýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda düwmäni basyp, “Gadyn”
bekediniň işläp başlamagyna ak pata berdi.
Wideoşekiller
arkaly onuň işi görkezilýär.
Alypbaryjy
“Türkmengaz” döwlet konserniniň hünärmeni A.Akmämmedowyň awtomatlaşdyrylan gaz
paýlaýjy beketden teleköpri arkaly ýüzlenmegine rugsat bermegini haýyş edip,
döwlet Baştutanymyza ýüzlenýär.
Ýaş
hünärmen Çärjew etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy 432 MWt bolan gazturbinaly
elektrik bekedini hem-de Lebap welaýatynyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün
etmäge niýetlenen Üçajy — Zerger gaz geçirijisini ulanmaga bermek üçin ak pata
bermegi haýyş edýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ak pata berýär. Hünärmen degişli nurbaty
towlaýar we Üçajy — Zerger turba geçirijisine gaz berlip başlanýar.
Soňra
döwlet Baştutanymyz toplumyň dolandyryş binasyna bardy. Bu ýerde gaz ýygnaýjy
bekediň hünärmeni merkeziň enjamlaşdyrylyşy hem-de önümçilik-tehnologik
tapgyrlary barada maglumat berdi. Hormatly Prezidentimiziň goldawy netijesinde
täze beket kuwwatly enjamlar bilen üpjün edildi.
Hünärmen
bu ýerde işleýän işgärleriň adyndan zähmet çekmäge, hususan-da, önümçiligiň
ähli tapgyrlaryna degişli gözegçiligi amala aşyrmaga döredilen şertler üçin
döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi hem-de şol mümkinçiliklerden netijeli
peýdalanyp, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur
tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz hünärmene işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp,
bu ýerden ugrady.