Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary we Lebap welaýatlaryna
toý saparlaryny tamamlap, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň
maslahatlar zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.
Mejlisiň
gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly, ilkinji
nobatdaky wezipeler girizildi.
Döwlet
Baştutanymyz mejlisi açyp, Mary we Lebap welaýatlarynda toý saparlarynyň
çäklerinde galla oragynyň barşy bilen tanşylandygyny aýtdy. Hormatly
Prezidentimiz daýhanlar bilen duşuşyklarda hem-de söhbetdeşliklerde olara
bugdaý hasylyny tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine
ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Bu
sebitlerde ulanylmaga berlen durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalar ata
Watanymyzyň ykdysady ösüşine we halkymyzyň rowaçlygynyň mundan beýläk-de
ýokarlanmagyna ýardam bermelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow öňde durýan meýilnamalara ünsi çekip,
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy taýýarlanylanda, sebitleri durmuş-ykdysady
taýdan depginli ösdürmek, olaryň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, sanly
tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da
ýokarlandyrmak arkaly mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça
çäreleriň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedowa
ýüzlenip, welaýatlaryň durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandyrmak,
türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak we täze iş
orunlaryny döretmek boýunça işleriň sazlaşykly utgaşdyrylmalydygyny nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlaryna pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde gurulýan desgalaryň
bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa birnäçe anyk
tabşyryklar berildi. Hususan-da, tebigy baýlyklary we gorlary netijeli ulanmak
üçin ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň alyp barýan işleriniň,
önümçilik ugurlarynyň döwrebaplaşdyrylmalydygy, pudagyň edara-kärhanalaryna
häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmalydygy, täze iş orunlaryny
döretmek boýunça işleriň dowam etdirilmelidigi nygtaldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary Ç.Purçekowa ýüzlenip, elektrik energiýasynyň, magdan däl gurluşyk
serişdeleriniň we gurluşyk önümçiligine degişli beýleki harytlaryň, mineral
dökünleriň öndürilişini durnukly ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz tebigy baýlyklardan, gurluşyk önümçiliginiň çig mal gorlaryndan
rejeli hem-de netijeli peýdalanmak üçin, senagat we gurluşyk pudagynyň
önümçilik kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmeginiň gazanylmalydygyny, täze
önümçilikleriň ýola goýulmalydygyny, iş orunlaryny döretmek boýunça alnyp
barylýan çäreleriň dowam etdirilmelidigini nygtap, bu babatda anyk tabşyryklary
berdi.
Döwlet
Baştutanymyz oba hojalygyny we azyk önümlerini gaýtadan işleýän pudagy
welaýatlaryň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň hatarynda kesgitläp, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa birnäçe tabşyryklary berdi.
Sebitlerde
gök-bakja, miwe önümleri, ýeralma, mal we guş eti, ýumurtga, ösümlik ýagy
hem-de beýleki azyk önümleri bilen üpjünçiligi has-da gowulandyrmak, ot-iým
binýadyny döretmek üçin zerur işler tapgyrlaýyn hem-de maksatnamalaýyn durmuşa
geçirilmelidir. Şunda bu ugurda daýhan hojalyklarynyň, hususy pudagyň
mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň wajypdygy nygtaldy.
Döwlet
Baştutanymyz oba hojalyk maksatly ekin we öri meýdanlarynyň netijeli
ulanylmagynyň gazanylmalydygyny belläp, halkara tejribeden ugur alyp, oba
hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tohumçylygy ösdürmek boýunça
zerur işleri geçirmegi, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmagy tabşyrdy. Şunuň bilen
birlikde, halkara tejribeden ugur alyp, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň
gowulandyrylmalydygy, iri suw geçirijileri, howdanlary we kölleri ulanmagyň iň
täze tilsimatlarynyň ornaşdyrylmalydygy hem-de suw tygşytlaýjy usullaryň giňden
ulanylmagynyň üpjün edilmelidigi nygtaldy.
Hormatly
Prezidentimiz bilim ulgamyndaky ileri tutulýan wezipelere Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň ünsüni çekip, bilim edaralarynyň
okuw kitaplary we gollanmalar, ähli dersler boýunça mugallymlar bilen ýeterlik
üpjün edilmegini, bilim edaralarynyň abatlaýyş, abadanlaşdyryş işleriniň öz
wagtynda geçirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şeýle
hem wise-premýere tomusky dynç alyş döwründe çagalaryň boş wagtlaryny
ýurdumyzyň çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde gyzykly hem-de peýdaly
geçirmeklerini guramak bilen bagly meseleleri üns merkezinde saklamak
tabşyryldy.
Şunuň
bilen baglylykda, täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde okatmagyň täze
usullaryny, häzirki zamanyň ösen tejribesini özleşdirmek, sanly ulgam bilen
baglanyşykly okuw-usulyýet işlerini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek
aýratyn zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de bu babatda
wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet
Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna
ýüzlenip, häzirki döwürde ýurdumyzda obasenagat toplumyna dünýäniň ösen
tejribesini ornaşdyrmak, bu ugurda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak,
ýer we suw serişdelerini tygşytlamakda täzeçil tehnologiýalary öwrenmek boýunça
daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy
tabşyrdy. Munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleri bilen hyzmatdaşlygy
işjeňleşdirmekde hem-de özara tejribe alyşmak wezipeleriniň netijeli ýerine
ýetirilmeginde ähmiýetlidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Bu ugurda
alnyp barylýan işleri ösdürmek hem-de Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny
işjeňleşdirmek boýunça anyk görkezmeler berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewe ýüzlenip,
ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek, bazarlaryň hem-de beýleki söwda
nokatlarynyň dürli önümler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, şunda bar bolan
önümçilikleri netijeli ulanmak, öndürilýän önümleriň, edilýän hyzmatlaryň
möçberini we görnüşlerini artdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Önüm
öndürijileriň netijeli işini ýola goýmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak,
amatly işewürlik gurşawyny döretmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda
durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri
döwrüň talabyna laýyk derejede dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebite toý saparyny gurap, ähmiýetli
desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşandygy, gallaçy kärendeçileriň armasyny
ýetirendigi üçin Arkadagly Serdarymyza welaýatyň ähli ilatynyň adyndan tüýs
ýürekden hoşallyk bildirdi.
Şeýle
hem häkim bugdaýly meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap alyp,
meýilnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirmek we sebitiň ähli
düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek ugrunda zerur tagallalaryň
ediljekdigine ynandyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegini
hemişe ünsde saklaýandygy, ýangyç-energetika toplumyna degişli desgalaryň
ulanmaga girizilmegine ak pata berendigi, şeýle hem gallaçy kärendeçiler bilen
duşuşyp, olaryň armasyny ýetirendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden
hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda
ähli zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk
pudagynyň işiniň döwrebap derejede guralmagynyň wajypdygy barada aýdyp, haryt
bolçulygyny döretmek, maldarçylyk we guşçulyk pudaklaryny ösdürmek bilen
baglanyşykly wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda häkimlere birnäçe
görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, işi ýöretmegiň täzeçil usullaryna,
ýerlerde tohumçylyk işiniň ösdürilmegine, ylmyň häzirki zaman gazananlarynyň
önümçilige ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Hormatly Prezidentimiziň Mary we Lebap
welaýatlaryna guran toý saparlarynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler
Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri
R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna we Eýran Yslam
Respublikasyna guran resmi saparlarynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary
ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmek, bu ugurda halkara
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri
barada hasabat berdi hem-de döwlet Baştutanymyzy saparlaryň üstünlikli
jemlenmegi bilen gutlady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen başy başlanan
tutumly işleriň, şol sanda binýady berkden tutulan türkmen-hytaý
gatnaşyklarynyň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam
etdirilýändigini guwanç bilen belledi hem-de bu ugurda ýola goýlan halkara
gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygy üçin hormatly Prezidentimize
hoşallyk sözlerini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň
göçme mejlisiniň ahyrynda onda garalan meseleleriň, kesgitlenen wezipeleriň
doly ýerine ýetirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün
edilmelidigini belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary
berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk
jan saglyk, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw
etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenabat
şäheriniň halkara howa menzilinden Aşgabada ugrady.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uçary biraz wagtdan paýtagtymyzyň Halkara
howa menziline gondy. Bu ýerde Arkadagly Serdarymyzy resmi adamlar mähirli
garşyladylar.