Hormatly dialoga
gatnaşyjylar!
Mähriban zenanlar!
Sizi
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we
durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly mowzuk boýunça dialogynyň öz işine
başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we onuň işine üstünlik arzuw edýärin.
Bu
wekilçilikli forumyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň
döredilmeginiň 30 ýyllyk şanly senesiniň öň ýanynda geçirilmegi çuňňur
many-mazmuna eýedir. Çünki dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk
türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen milli gymmatlyklarydyr.
Gözbaşyny gadymdan gelýän taryhy köklerden, ruhy-medeni gymmatlyklaryň,
däp-dessurlaryň umumylygyndan alyp gaýdýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk doganlyk
halklar bilen gatnaşyklaryň binýady bolup durýar. Biziň halklarymyzy köpasyrlyk
taryhy kökler, hoşniýetli dostluk, doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.
Häzirki
döwürde gender deňligi jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy üpjün etmek işinde,
durnukly ösüşiň esasynda adam şahsyýetiniň uly mümkinçiligini amala aşyrmakda
möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, zenanlar üçin deň hukuklary hem-de
mümkinçilikleri üpjün etmek meseleleri dünýäde, şol sanda Merkezi Aziýa
ýurtlarynda we Russiýada alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň hatarynda durýar.
Mähriban zenanlar!
Sebitiň
döwletleri Birleşen Milletler Guramasynyň esas goýujy resminamalarynyň
ýörelgelerine eýerýärler, zenanlar üçin has amatly şertleri döretmäge
jogapkärçilikli çemeleşýärler. Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn
hyzmatdaşlykda geçirilýän dialogyň gün tertibinde BMG-niň 2030-njy ýyla çenli
döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde zenanlaryň döwlet we
jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagynyň derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda
gender deňligini üpjün etmek, bu babatda alnyp barylýan syýasatyň netijesinde
gazanylan üstünlikleri, zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, syýasy,
ykdysady we durmuş çygyrlarda wajyp meseleler boýunça çözgütleriň kabul
edilmeginde olaryň ornuny ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak
göz öňünde tutulýar.
Hormatly dialoga
gatnaşyjylar!
Biz
maşgala ojagynyň goragçysy hökmünde milli däp-dessurlary, halklaryň ruhy we
medeni mirasyny wagyz etmekde we ýaş nesilleriň kalbyna ornaşdyrmakda,
jemgyýetiň durmuşynyň esaslaryny ösdürmekde hem-de pugtalandyrmakda zenanlaryň
bitirýän işlerine ýokary baha berýäris. Zenanlar öz ýurtlarynda amala aşyrylýan
maksatnamalaýyn durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmäge işjeň
gatnaşýarlar. Olar döwlet häkimiýetiniň düzümlerinde — döwletleriň kanun
çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralarynda zähmet çekýärler, daşary syýasy işlere
gatnaşýarlar, telekeçilik bilen üstünlikli meşgullanýarlar. Şunuň bilen
baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň halklarynyň arasyndaky
däp bolan dostluk we ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak
işinde tapgyrlaýyn waka öwrüljek bu dialog parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi
üpjün etmekde zenanlaryň mümkinçilikleriniň has artdyrylmagyna ýardam berer.
Dialoga
gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň her bir döwletiniň we Russiýanyň milli tejribesi
bilen tanşyp, gün tertibine girizilen meseleler barada pikir alşarlar. Bu
ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça täze pikirleri,
teklipleri öňe sürmäge mümkinçilik alarlar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we
Russiýanyň zenanlarynyň dialogynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň dostlukly hem-de doganlyk halklaryň
arasynda syýasy, ykdysady, medeni, ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilmegine
ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.
Şu
ýyl Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna başlyklyk
edýändigini, bu dialogyň ilkinji gezek «Merkezi Aziýa — Russiýa» görnüşinde
geçirilýändigini aýratyn bellemek isleýärin. Şeýle hem dialoga Birleşen
Milletler Guramasynyň sebit guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy bu çäräniň
ýokary derejede geçirilmegini üpjün eder. Merkezi Aziýa döwletleriniň we
Russiýanyň zenanlarynyň dialogy diňe bir oňa gatnaşýan ýurtlaryň arasynda
gatnaşyklary ösdürmäge däl, eýsem, tutuşlygyna bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga täzeden itergi berer.
Hormatly dialoga
gatnaşyjylar!
Sizi
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň öz işine
başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size öňüňizde goýan
belent hem-de asylly maksatlaryňyza ýetmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly
üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.