Hormatly sergä we maslahata
gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi
«Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara serginiň
we onuň bilen ugurdaşlykda geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat,
energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs
ýürekden gutlaýaryn.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda beýleki ulgamlar
bilen bir hatarda, gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynda hem düýpli
özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň
düzümine girýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp
barylýar. Pudaga häzirki zaman innowasion tehnologiýalary, dünýä tejribesi
giňden ornaşdyrylýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara tejribe alyşmakda,
iki tarapa-da bähbitli taslamalary durmuşa geçirmekde şeýle halkara sergiler we
ylmy maslahatlar örän uly ähmiýete eýedir.
Bu
halkara sergide we ylmy maslahatda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik
ministrliginiň işgärleriniň dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň
taslama-çenlik resminamalaryny düzmekde, olaryň gurluşygynyň gidişine
gözegçilik etmekde tejribesi has-da artdyrylar. Gurulýan desgalaryň, binalaryň
milli binagärligiň aýratynlyklaryna laýyk gelmegine we ýurdumyzda alnyp
barylýan gurluşyklarda ekologik taýdan arassa ýerli gurluşyk materiallarynyň
ulanylmagyna, pudagyň işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna yzygiderli
gözegçilik edilýär. Pudagyň alyp barýan işleriniň netijesi paýtagtymyz Aşgabat
şäherinde we ähli welaýatlarda gurulýan binalaryň, desgalaryň hilinde aýdyň
beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öndürýän senagat hem-de gurluşyk
önümleriniň hiliniň ýokarlanmagyna, bäsdeşlige ukyply bolmagyna halkara
sergileriň, ylmy maslahatlaryň barşynda toplanan oňyn tejribeler, daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen bilelikde döredilýän täze önümçilikler uly ýardam edýär.
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy
döretmegiň taslamasyna üstünlikli başlamagy, ýakynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin
etrabynda iň döwrebap tehnologiýalara esaslanýan Energetika enjamlaryny
abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi halkara
hyzmatdaşlygyň berýän miweleriniň aýdyň subutnamasydyr.
«Türkmenhimiýa»
döwlet konserni ýurdumyzyň sarp edijilerini oba hojalyk dökünleri we gazhimiýa
önümleri bilen üpjün etmekde netijeli işleri alyp barýar. Pudagyň garamagyndaky
täze gurlan himiýa kärhanalarynyň ählisi ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek
boýunça alnyp barylýan işler esasynda döredildi. Olarda öndürilýän oba hojalyk
dökünleriniň, gazhimiýa önümleriniň görnüşleriniň artmagy we hiliniň
ýokarlanmagy, himiýa pudagyna döwrebap sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy,
işleriň netijeli guralmagy Diýarymyzyň himiýa senagatynyň kuwwatynyň barha
artýandygyna şaýatlyk edýär.
Awtomobil
ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi ýurdumyzyň
çäklerinde ýerli we döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň dünýä ölçeglerine
laýyklykda, öňdebaryjy ýolgurluşyk tehnologiýalaryny ulanmak arkaly gurulmagyny
üpjün edýär.
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
«Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty,
energetikasy — 2022» atly halkara sergi ýokary derejede tejribe alyşmaga we
netijeli duşuşyklary geçirmäge mümkinçilik berýän ähmiýetli çäredir. Sergide
Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň ýeten sepgitlerini
hemmetaraplaýyn açyp görkezmäge doly mümkinçilik dörediler. Bu
bolsa geljekki anyk şertnamalarda hem-de taslamalarda öz beýanyny tapar.
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly
maslahatda bolsa Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegi
hasaplanýan bu pudaklaryň ösüşi we maýa goýum ýagdaýy barada maglumatlary
almaga mümkinçilik dörediler. Şonuň ýaly-da, gurluşyk we senagat pudaklary
boýunça iň täze işläp taýýarlamalaryň, taslamalaryň innowasion çözgütleri
giňden açylyp görkeziler.
Türkmenistanyň gurluşyk
we senagat toplumynyň agzybir işgärleri!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty,
energetikasy — 2022» atly halkara serginiň we «Türkmenistanyň gurluşyk,
senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyň öz işine başlamagy
bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür,
alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.